22:53 Gilgameş | |
GILGAMEŞ
Halk döredijiligi we rowaýatlar
"Gilgameş” dessany gadymy şumer dessanydyr. Oguljennet Bäşimowa gadymy şumerler bilen Türkmenleriň ata-babalarynyň baglanyşygy hakdaky ylymlar bilen gyzyklanýar. Dünýäniň ýüzündäki ähli halklaryň taryhy ýadygärlikleriniň bir nyşanlarda jemlenýändigi awtory hemişe özüne çekip gelýär. “Gilgameş” dessanyndaky sýujetleriň “Görogly” eposyndaky beýanlar bilen gabat gelmegi we meňzeşliginiň bolmagy awtory hemişe jurnalist hökmünde özüne çekdi. Awtor dürli makalalardyr, filmler esasynda taryhy galyndylaradyr, galalaryň syrly ahwallaryna ýüzlendi. Awtoryň dünýägaraýşy bilen taýýarlanan birnäçe makalalr ýerli metbugatda çap edildi. Oguljennet Bäşimowa häzirki döwürde “Merwden Mesopotamiýa çenli” atly taryhy-publisitik nukdaýnazar bilen taýýarlanan kitabyň üstünde işleýär. Kitabyň içindäki makalalardan birnäçesini saýtda ýerleşdirdik. Olaryň içinde “Taryhyň yzlary”, “Dil degirmeni”, “Güneş dili”ýaly makalalar ýerleşdirlindir. Şeýle-de şumerleriň ilkinji palçyga ýazan eposy bolan “Gilgameş” dessanynyny Awtor türkmen edebiýatynda ilkinji gezek tasa getirip, terjime etdi. Şumer dilinde ýazylan dessanyň palçyga ýazylandygy sebäpli köp ýeriniň gopmagy we dessanyň mazmunyna şikes ýetirmegi bolsa, awtoryň terjimesinde käbir näsazlyklary döretdi, çünki içki mazmunyň setirleriň kem bolup, ýitmegi terjimäniň gözel görnüşine biraz şikes ýetirenligi üçin awtor öz okyjylayrndan öňünden ötünç soraýar. Şeýlelikde awtor dessany türk dilinden terjime etdi we ol ýerli metbugatda çapdan çykdy. Häzirki döwürde Oguljennet Bäşimowa dessanyň esasynda teatr dramaturgiýasy bilen gyzyklanyp, dessan esasynda pýesa taýýarlady. Ol pýesa türkmen teatrlary üçin awtoryň taýýarlan ilkinji eseridir. “Gilgamyş” dessany 12 iki sany tablisadan ybarat bolup,ol çyg palçygyň ýüzüne gamyş bilen ýazylan eserdir. Bu dessan b.e.öň 2000 ýyllara degişlidir we onuň ilkinji tapyndysy Şumerçe ýazgydyr. Ol Urug begi Gilgamyşyň hatyrasyna ýazylandyr. Ýöne soňky göçürmelerde tablisalar biraz üýtgedilipdir. Dessanyň ikinji nusgasy b.e.öň 1800 ýyllara degişli Waawilion nusgasydyr. Dessan formasynda, ”bahry-rejez” formada ýazylandyr we onuň äheňi berilendir. (Deňiz tolkunlary) formasynda. Üçünji nusgasy bolsa, b.e.öň 1250 ýyllarda Kassytlar zamanynda ýaşan Sin-Lekke Unini atly şahyryň tasa getirmegi bilen kagyz ýüzüne geçirilendir. Dessan dünýädäki ähli zady bilen baradaky hekaýanyň beýanydyr hem-de onuň iki bölüminde Nuhuň Tupany baradaky hekaýat öz beýanyny tapýandyr. Men dessany rus hem-de türk dilllerinden terjime etdim,eger-de başga dilleri suwara bilýän bolsam,ähli dillerdäki wersiýalary okardym, emma meniň üçin mümkinçiligiň açary şu iki dilde boldy. Şol sebäpli-de men: “Ýalňyşlary zähmetimiziň bahasy hasaplaweriň” diýmek isleýärin. Dessany palçyga gamyş bilen ýazanlaryň ruhuna dileg-dogalar edip, olaryň meň terjimäme ýol açmaklaryny dileýärin we palçyga ýazanlaryň we nusgany dünýä okatmaga mümkinçilik döreden alymlaryň ruhy şat bolsun diýip,işe başlaýaryn. Alla mäňä kuwwat bersin, bismilla! Kitabyň asyl nusgasyndan göçürilip alynan nusgalardan edilen terjimeler, elbetde, setir sanawunda diňe bir harp düşmeleri ýa-da setir egsikligi däl-de eýsem, birnäçe parçalaryň tablisadan gopup gaçan bolmagy mümkin diýen yşaraty döredýär. Çünki eserde parçalaryň ýetmezçilik etmegi bu zatlaryň sebäbindendir. Dessan rus ýazyjysy Gumilýowyň hem-de Türk alymy Mustafa Ramazanoglunyň terjimelerinden paýdalanylyp, terjime edildi. * * * Ýeriň düýbündäki çeşmäniň gözbaşyny göreniň hekaýasyny diňläýin diýseň, gel, gardaşym. Dünýäde hemme zady bilen adamyň ady bilen men seni tanyş edeýin: Görmedik zady ýok, bolubam bilmez, Dünýäň bar syrynyň dürlerin dilen. Soň beýik dessany nesline goýan, Perdeleri ýyrtan, perleri söken, Bir gadym zamanlar ynsan bar eken. Nuhuň gämisinden habardar eken. Boýnun burman, biraz ýorgun oturdy, Soňra agras demin dartyp asmandan, Bir beýik ynamy aldy Alladan, Bir binýat gurdurdy, asmana uzan. Diwarlar seslendi: “Eý beýik Annan” O diwar,o binýat ýorgana ogşar. Törleri tolkunlan bir beýik diwar. Deňi-taýy ýokmuş ýeriň ýüzünde, Merdiwany ýokmuş depe-düzünde. “Eý- how,eý how”- diýip sesler ýagýardy, Diwaryň içinde bir güýç dogýardy. Ussalary bardy, kämil syr içde, Kerpiçler lowlaşyp durýardy,peçde. Taňry bu diwardan içdäki syry, Şondan soň başlady göge göterip. Her ýerden güýç geldi, gökler açyldy, Taňry meýdançasy güýçden“biçildi”. Gilgamyş diýilen ýetginjek ärden, Ynsan kowmun yzarlan är döredi. Ummanlaň çuňlugnyň, zemin tümlügin, Asmanlaň giňligniň, ruhuň kimligniň, Açarny eline berip, ýaradan, Gilgamyşy-şol merdany döreden. Boýy asman açaryny alýarmyş, Ini zemin seçegine dildarmyş, Deňiz bolýar, ädimlerniň arasy, Mah külümiş, saçlarynyň garasy. Iki asman, üçden biri ynsany, Güýji barmyş, gaty giňmiş gursagy. Derýalary-deňizleri aýlanyp, Hanalardan, namalardan habarly, Urak sebitlerne gerçek bir direg, Belent başy bilen ýollardan ýöräp, Hälki ýigit barýarmyş, ýekesiräp. “Deňsiz-taýsyz bolmak, bagtdan nyşanmy?” Öküz ýaly gygyrardy, köçede. Hiç bir terzden diýenin Etdirip bilmezdi oňa, ata, baba, eje-de. Halk ez-bez bolupdy, onuň derdinden, Ol daşaryk çykaýsa eger, Adam görmersiň köçede, Adam tapmarsyň köçede. Patyşa oglun “pelek urdy” hasaplap, Başlaryny tutup,eňräbererdi. Köşgüň gelin-gyzlary aglap-aglap Daň saz berende, öýe girerdi. Dileg edip, ýaradana, barlyga, Ahyr nalyş ýetirdiler aglaýa. Birden asman böwri sarsyp ýere çen, Duruberdi sese, her kim, her geçen. Asmandan zemine yşarat düşdi, Anaua arza-şikaýat düşdi: “Heý bu ýaban öküze tapylman çäre, Nala baryp durla, ol biribara” Bu nä boluş, sen tap, onuň çäresin, Oň atasy ynsanlara diregdi. Indi ogul boldy, onuň ýarasy, Bu zadyň aňyrsy nirä diredi? Ogul ataň derdin almazmy,eýsem, Ile arka bolup bilmezmi,eýse? Gilgamyşyň nökeriniň öýünde, Agy-efgan göge galdy,bulut deý. “Anau,Anau hallarmyza bak, Uruk kendi,ulukjun aldy,o gökden” Gökden owaz geldi,Taňry owazy, Arurini çagyrdylar jogaba: “Sen eýe bol,diýdiler o sogaba. Sen beýik Anau ýaradan bolsaň, Indi ýarat oňa garşy birini, Çünki Anaunyň ol Gilgamyşy, Sylanokmyş ölüni hem dirini. Oňa garşy goý- da uly demlini. Goý güýçler synasyn biri-birini. Birden turdy bu dergähde şagalaň, Asmandan buludam çökdi-de şonda, Palçyga öwrülip,çabalanypdy, Aruri taňrysy ellerin çermäp, Gözlerini germäp,palçyk üstüne Ýaratdy Engiduy dessine. Palçykdan ýaradyp,”duşman” ýigidi, Onuň taýsyz bedenine seretdi. Demir ýaly endamynda ýok yşnak, Endamy tüý bilen baglanan duşman. Saçynyň bogdagy bugdaý baş kibi, Hiç kim görmändi entek onuň keşbini. Haýwan derisinden eşigi bardy, Ol ah bilen hut güzere iýnýärdi. Goh-galmagallardan alyp,lezzeti, Bir günem ýap gyrasynda gapana“mündi” Ah çekdi,ahmyryn adam duýmady, Haýwan ähli bilen soň kän oýnady. Ýaşaberdi şol güzeriň başynda, Gorkylar “döküldi”gözde ýaşyndan. Ýolagçyň meňzi deý ýüzi solukdy, Soňky günler ol bir zada ýolukdy. Bir gün awçyň ogly gözi gorkyda, Atasyna beýan etdi wakany: “Dagda biri barmyş,berdaşly egni, Gökden iýnen göwher kysmy sypaty. Ýabanylar bilen ot-çöp iýýärmiş, Güzeriň boýunda sykylyk atyp, Güýjüne taý gözläp,kösenip ýörmüş. Gorkdum,waka şaýat bolup,bir günem, Duzaklarym sogrup-sogrup taşlapdyr. Tüýli meňzin sowuk “gowrup”başlapdyr. Men-ä näme etjegimi bilemok, Onuň meger güýçde deňi-taýy ýok” Babasy diýenmiş ogluna garap: Uzadyp barmagyn şol köşge tarap: “Gilgamyşy hiç kim ýeňip bilenok, Ýet,şanyň huzurna,beýan et muny. Bir zenany al-da aç sen bet pygly. O zenany birden gören badyna, Ýabanylar birsydyrgyn gaçybir. Ondan derrew arasyny açybir. Ol adam güzere iýniberende, Zenan kereşmeden näz etsin,şonda. Ol ýabany baglanar-da jemala,, Gidirer ol gözellige erkin-de. Gider dyzlarynyň kuwwat-haýbaty, Şonda onuň ykbalyna gyýmasy Aňsat düşer,haýwan bary daşlaşar. Şeýtseň, özi güýji bilen hoşlaşar” ... Awçynyň oglundan eşiden bada, Gilgamyş çykdy-da bir otly ýoda. Waspnama diňşirgäp,dymdy birsellem. Içindäki gamy zyňdy birsellem. Ýabana düşäýse onuň nazary, Gider belki içde galan gahary. Deňsiz-taýsyz kyn-a ýaşap ýörmeklik, Özüňden güýçlini, ölüm görmezlik. Gilgamyş birdenkä galyp,aýaga Diýdi: “Hany al ýanyň-a aýal-da Git güzer başyna,oýun gutardy. Goý seň kakaň aýdyşy deý, otur-da Garaş ýabany hem gelsin güzere. Zenan hem gözellik keşbine girsin, Onuň jemalyna gitsin hyýaly” ... Birsellem ol kalbyny eläp, şo ýerde, Ýerne ýetirlende,bu amal,bu päl. Ýabanynyň päli azdy,urdy ol Özün zowky-sapalaryň içine. Gaçdy ondan dag goçydyr, geçiler. Engidu döwrany sürdi, güzerde. Zenan aýdylşy deý, müň hyýallara, Saldy ýabanyny, düýrläp salgyma. Mähir içre kalby özelenipdir, Bir jansyz deý uka gitdi, ýabany. Baş gün, altynjy gün, ýedinji gije, Duýgular, kereşme, şeýlebir süýji. Zenan hiç gorkmady, ýabana bakyp, Bildi olam zenany mähre ýakyp. Emma...haýwanlarnyň gaçanyn görüp, Engidu aglady, soňra möňňürip. Ýene yza bardy, zenanyň ýanna. Şonda oňa şeýle diýdi, zenan-da: “Seni äkideýin,batyryň ýanna, Bu ýerlerden sowulandyr,ykbal-da. Uraka gideli,Anaunyn,Iştaryň ýanna. Gideli,gideli,o ýer garaşýar, Saňa ol köşklerde bolmak ýaraşýar” Zenanyň Fahişe diýen ady bar, Kamaty bar,perýady bar,ahy bar. Aýdylan sözlerden çykaryp bije, Zenanyň diýeni gitmedi hije. Diýdi Engidu-da ýüzüne bakyp, Gel menem gideýin,ýollary söküp. Seniň bilen ol Anunin ýanyna, Gilgamyşam göreýin men ýanyndan. Onuň bilen edeýin men söhbeti, Nähili bor güýjüm-oň güýji bilen, Belki-de ýeňerin,ýeňilerin men. Düzde doglanlardan asgyndygyny, Bilsin, menem güýjüm synanyşaýyn, Hem onuň pikirniň düýbün deşeýin. “Ýör janym,o ýerde tirme-guşakly Ýigitler bar,gözel biziň illerde, Gözeller bar ýigitleri nazarda. Nepesde, solukda öldürip bilýän Menem,menem şol ýerden. Indi men seň yşgyňdan ölýän... “Engidu,seret ezizim, Gilgamyş senden güýçli bilginiň. Özüňem taşlagyn,gabanjaňlygy, Saňa zeper ýetir gaharjaňlygyň. Gilgamyşa Şamaş söýgi gönderdi, Anu,Enlil oňa muhabbet berdi. Sen dagdan gelmänkäň bu ýat illere, Gilgamyş düýşünde seni görenmiş. Enesine gürrüň berip başlanda, Onuň gözlerini hasrat baglanmyş. Düýşünde ýyldyzlar dökülip,gökden, Gilgamyşa arz edýärmiş uzakdan. “Galdyr,bizi”-diýýärmişler asmana, “Meniň güýjüm ýetmeýär galdyrmaga” Gymyldadyp bilmeýärmiş düýşümde, Ýyldyzyňkydan asgynmyş güýjüm-de. Bütün Uruk ýygnananmyş ol ýere. Aýaklarny öpýärmişler ýyldyzyň. O ýyldyz bir zenan bolup gelenmiş, Menem eşretine, aýşa salanmyş. Ony seniň huzuryňa getirip, Gelipmişim,alys ýerden göterip. Onda Gilgamyşyň naçar enesi, Aňladanmyş wakaň başdan-aýagyn, “Bu ülkede saňa meňzeş biri bar. Ol erkek,ol gyz däl,bir boýnyýogyn. Senden asla aýrylmaz ol gelse-de, Oňa hormat görkeziljek,ölse-de. Ony meň ýanyma gelersiň,alyp, Ady Engidudyr,şöhrady Alp. Ülkäňde güýçliniň güýçlisi bolar, Boýlary asmanyň göwherin ýolar. Ýene bir gijäniň çirimin “çitmän” Gilgamyş düýş gördi,ýormaly hökman. Enesine ýüzlenende zowally: Sesleri sandyrap,kalby owazly, Şeýlebir beýanyn eýleýär düýşüň, Ýolda bir ullakan palta barmyşyn. Zenanmyşyn diýýärmişin düýşünde, Baryp bitirenmiş gerek işin-de. Ninsun ene baglady-da goluny, Gözi bilen iýjek bolup,ogluny, Seretdi iki ýan,o ýan,bu ýana. Görse,ogly aşykmyşyn haýwana. Ol “ikiňiz deň güýç bilen söweşe, Giräýseňiz,bilersiňiz döwüşip” -diýdi-de aglady,ýüregi ýara, Başga hiç kes jogap bermez jogaba. Gilgamyş arlady: “Bolsun ol taýym, Bilmän duşurmaýar ahyr,hudaýam” Fahişe şeýdip,Engidua sözledi, Ikisi hem haýwanlardan dalda gözledi. Engidu Faheşe gulak asanda, Göýä oňa bir ses geldi,asmandan. Bir gatyn çykaryp,öz eşiginiň, Geýdirdi ýaryna Engidu ogla, Ellerinden tutup,aldy-da gitdi, Çopan goşunyna,düşmänjik dowla. Çopanlar öňüne süýşürip saçak, Aşagyna düşek,ýassyklar goçak, Ellerine çörek berip,enaýy, “Iý”diýdiler,Engidua sypaýy. Ah garyp köňlünde jerenler bilen, Ot iýip,suw içip,ýören ekemen, Saçak başyn taşlap,turaýjak bolýar, Ýüregi utanja duraýjak bolýar, Nirde gördi,iýmek bilen içmegi, Serhoş bolup,bu dünýeden geçmegi. Fahişe ýaryna:“Al iý”diýdi-de, Posa bilen şerap berdi,öňüne, “Soňam adat budur”-diýdi-de ýene Saçlaryn sypalap,iýdirdi,iýmiş, Ah şol pursat dünýä başgaça dogmuş. Göwresi berdaşly,kalby ýagtyldy, Ynsanyň bu boluş,hoşuna geldi. Keýpi çag,garny dok,gözler humarly, Elleri gylyçly,meýdana bagly. Arslanlara tarap awa ýöredi, Kalbynda ýyrtyjy hyýal döredi. Çopanlar ukusyn haram etmedi, Köne garawullar,ýassyk epledi. Her kim rahatlyga berdi serini, Bu boluş haýranlar eder göreni. Garaňky gijäniň perdelerinden, Ýyldyzlaň asmanda gül deňizinden, Iki aşyk çopan goşunna baryp, Paýyny alypdy,yşgyň özünden. Birden gijäň perdeleri ýyrtylyp, Aýaklary sandyranda agaçlaň, Biri,ine bir gijäniň içinde, Çopanyň sadaja işigin kakýar. Topuldy,Engidu gapyň kildine, Emma Fahişäniň sözün eşitdi, Ine,öňünde dur bir uzyn salgym, Fahişe paýhasly seredip,göze, Nätanyşa sowal berip başlady, “Sen kim,näme üçin geldiň bu ýere, Jogap ber sen maňa hetden aşma-da” Men geldim,köşkden buýruk getirdim, Ine,indem ony ýerne ýetirdim.” “Ýör köşge gideli,nikaňyz üçin, Gilgamyşyň buýrugy bi,uýamjan Ol ilki Fahişä gel diýenmişin, Soň berjekmiş,size öýlenmekligi, Bizde kada şeýle,şeýle däp-dessur, Ine,senem muňa boýun egmeli” Şeý diýdi-de gelen kişi ýumlukdy, Daşaram tümlükdi,içem tümlükdi. “Bu buýruk Taňrydan” diýdi,ol adam, Saralan meňzini sowdy,ol adam. Olar ýola düşen wagtlarynda, Tirkeşdi duýgular ganatlarynda. Urugyň ilaty garşyladylar, Gün dogar-dogmazda gar syrady-da Hamana aşyklar betbagtmy,bagtly, Biler ýaly däldi,jogaby tagtda. Engidu gelýärdi,gysgarak boýly, Berdaşlydy emma,ýogyndy boýny. Gilgamyşa meňzeş,azajyk hordy, Emma süňklerinde ägirt güýç bardy. Onuň güýji ýere-göge sygmazdy, Tokaýlaryň synasy deý synasy. Ony görüp,rahat tapdy adamlar, Ýakymlydan asyl-asyl ýadalmaz. Başda adyn eşdip,gorkardy her kes, Emma ol hoşboýdy,däldi ol näkes. Ine,Işharany taýyn etdiler, Gilgamyşyň baryp,girmegi üçin. Emma Engidunyň öýe girmesi, Kadany,kanuny bozupdy,neçüýn? Ony Fehişä tarap geçirmedi-de Ýoluny baglady,gözler petredi, Görse,elleriniň güýjünde duran Gyzgynlygna Gilgamşymyz“pytrady”. Darkaş gurup,iki bolup,söweşip, Diwary sarsdyran öküzler kibi, Biri tokaý ogly,beýlekisi han, Ikisi hem merdemligiň mekdebi. Ýykyldy Gilgamyş,basyldy ondan, Düýrügipdir,galyp bilmän ýerinden. Ine,şonda Engidunyň agzyndan Saçyldy ak köpük daňdana çenli, Ol Gilgamşa diýdi,beýik bir paýhas, Gel ikimiz ýat edeli,geçeni. “Sen täksiň,täkligňe hiç sözüm ýokdur, Ynsana baş bolmak,ýazgydyň seniň, Ýöne men namysym berip bilmerin, Basgylaman ganyň beýik messebin”. Ine,şeýdip gardaş boldy,duşmanlar, Bir enäniň iki ogly boldular, Gögüň ýakasyna gollar uzadyp, Oň boýnundan göwherini aldylar. Ol lezzeti ulus-iller gördüler. Şonda Gilgamyşyň mährem enesi, Diýdi,iki ýigdi,bagryna basyp, Ýabana didämiň başysyň diýdi, Saçlaryňa bereýin men timary, Seniň eneň-ataň ýokdugyn bilýän, Men şoňa ölýän... Engidu aglady,gözler ýaşardy, Ýetimligne ahmyr etdi,neýlesin, Şonda Gilgamyş hem ýüregni berip, Dost agysyn öz içinde “çeýnedi”. Diýdi,soňra göni bakyp dostuna, “Dostum,gözleriňde gözýaş görmäýin, Sen men,men sen,başga sözi neýläýin” Humbaba ajdary tokaýda bardyr, Şol bolmaly bu zatlaryň sebäbi, Iýendir ol nije-nije atany, Iýendir şonça-da naçar enäni. Emma ýoly uzak,pälleri apat, Ol ajdarhaň juda göwresi äpet. On müň sagat iki gezek ýöräňde, Baryp boljak onuň ýatan gowagna, Eger birden bir goç ogul döräýse, Ony öldürmäge güýç geler ýene” Diýen duýgy bilen gidip adamlar, Yza gelmän azalýarlar,ölýärler. Hiç kim o ýollara gitse,dolanmaz, Humbabanyň ýoly,tüýs barsagelmez. Gilgamyş bir görkli dilleri bilen, Tokaýy görkezdi,elleri bilen. Özüne bir palta berilse,indi, Ajdarhaň kastyna durulsa,indi. Aýtjagyny aýdyp,ýola düşer-de Ili,gelni-gyzy aglar,daşarda. Engidu sypalyň jeňňelligine Gitmek üçin palta aldy,eline. Emma ajdarhanyň uklamaýanyn Aýdanynda gorky geldi,bedenine. Gilgamyş baş egip,dostuna diýdi: Taňrylar ýaşarlar,ahyra çenli, Ynsan başy barybir diňe ölümli. Maňlaýymdan görjek näme bolsa-da, Şeýle pikir gelip,gondy gursaga. Öläýsem elinden äpat jandaryň, Şol gandarym meniň,bir şol gandarym, Iller rahat tapar,meniň ölmümden, Hiç kim ölmez ajdarhanyň deminden. Ölsem “Ilgamyşym,öldi”diýiler, Mazaryma gyzyl güller goýular. Ýok,Engidu heý-de taşlap bilermi, Dogany Gilgamyş oň üçin taýsyz, Iki bolup,ýarag ussa gitdiler, Iki köňül duralgasyz,hem jaýsyz, Jan elenýär “ajdarhany ýeňmeli”, Ile dolanyp gelmeli,ýa-da ölmeli! Ikisiniň şygarynda bir dem bar, Iki ruhda bir maksat hem ýaşaýar. Bile gidip ussa,bildiler syryn, Paltalaryň,pyçaklaryň berkligin. Her kimde müň ýüz okly,ýüz hili ýarag, Ol oklaň öňünde kim nädip durar. Şeýdip Urak ilatynyň toplumy, Ýedi kiltli gapa süýşüp geldiler. Halkyndan ak pata aldy ýigitler, Goçlaryň söweşi elmydam şertli. “Halkym,eziz halkym,yzda hoş galgaý, Men seniň müdimi diregiň bolgaý, “Uragyň oglydy,ajdar öldüren”- Diýip,ulus-iller etsin gürrüňim, Şonda men täzeden direlip ýene, Seniň üçin abraý bolup gelerin. Ajdarhadan dynmak bagty ýetirsin, Sypal tokaýlary güýç–kuwwat bersin. Onda Urak halky ogluna bakdy, Ak sakal birinden şeýle söz çykdy: “Oglum,sen entek ýaşa,Humbaba ölmez, Seni halkyň ol belaga goýbermez. Uzaklar ýat ýerler kyndyr,köteldir, Hyýal bilen uçma,el çek kötelden. Humbabanyň demi tupandyr,bilgin, Onuň sesi seniň ereder,köňlüň. Gilgamyş diňledi,ili-güni hem, Uly-uly aldy,datly demi hem, “gorasyn-da seni taňry”- diýdiler, “Ýeke gitme,ýowuz aňry”-diýdiler. Gilgamyş saldy-da beýik gyljyny, Iki dildi,dagy,daşy,palçygy, “Gidýän,pata beriň,halyma meniň, Goşuň doganymy ýanyma meniň, Gelinçäm dilegňiz kölege bersin, Ýa ölerin,ýa alaryn gidäýsem” Gözleri ýaşlandy,köňül ahlandy, Soňam doganynyň ýanyna geldi. “Kim biler,gidermi,gelermi,ýollar, Kim biler üzerler umydym,päller, Seniň bilen at üstünde gezjekdim, “saňa dözmän,hut özüme dözjekdim” Gilgamyş bu sözi diýip,aglady, Uruk halky oňa köňül baglady. “Haçan gersiň gerçek ,iliňe ýeňip, Biz munda aglarys halyňa dönüp” Gylyjy kemere dakyp ýöredi, Oň ruhunda şonda söweş döredi. Ýaşuly-ýaş kiçi diýmän her kimse, Öwüt baryn berýärdiler bir kemsiz. “Gilgamyş güýjüne ynansyn”diýse, Beýleki özüni gorasyn,eýse”- Diýip,diýip,gulak kamata geldi, Gilgamyş öwütden hut galmaz boldy. “Tokaý ogly Engi öňden ýöresin, Bilýär ahyr,geçilmeli ýollary, Goý seniň kalbyňda ynam döresin, Goý ajdarhaň erbet bolsun,hallary. Ol tokaýy geçdi ahyr owaldan, Humbabaň syryna beletdir,öňden. Öňden ýörän,hökman gorar,yzyny, Goý, seň bilen güýçli duýsun,özüni. Dag ýollary çarkandakdyr,syrlydyr, Bilýäň-ä Engidu hut şol ýerlidir. Agşamlarna bir guýy gaz,hökmany Sowuk suw içenler bilmez gorkmany. Lugalbanda saňa bersin güýç-kuwwat, Ýene-de Samaşa,Samaşa şöhrat” Soň ýene-de dostlar turup,daň bilen, Il-halkyna hoşal bolup,aýtdylar: “Biz köňül birligne gulak asarys, Diýenňizi hökman,hökman ederis” Soň ikisi şa zenany görmäge Köşge baryp,sözlediler dürdäne: “Nunsun ene,men gideýin,pata ber” -diýip,Gilgamyş hem söze başlanda, Şa zenanyna bir güýç geldi,asmandan. Iki oglun ugradanda söweşe, Diňe dileg saldy,hudaý Samaşa. Birdenem möňňürip,girdi,otagna Saraýlarda hasrat galdy,gamaşyp. “Getirsem,ol ölümsizlik otuny, Galmaz ýüregimiň arman-epini”. Gilgamyş ýüzünden syldy,derini, Bu görnüşler haýran etdi,göreni. Şa zenany geýip egne,lybasy, Göwher dakyp,döşün bezäp çykanda, Bir ot ýakdy,ol ot tutdy,dünýäni Şeýdibem Şanyň gözel tagtyna çykdy. Nalyş etdi,efgan etdi,hudaýa: Diýdi: “neçüýn oglum saldyň bu jeňe, Humbabanyň güýji sygmaz ölçege, Emma iliň goragyna çykma-da Her kes başartmaýar ahyr,akmaga. Howa,oglum,il derdine ýanmaly, Aýa oglum üçin ýalňyz galmagy. Erbet ruhlar gitsin,diýip,dileýän, Engidu,men seni ogullyk alýan. Ikiňizi tabşyrýaryn hudaýa, Ine,oglum doga,derdiňe çäre, -diýip,oňa dakdy,täsin bir doga, Saňa şa ogluny tabşyrdym,bilgin, Iki ogla bile,biledir ölüm. Wagt gidip barýar,gündogardanam, Wagt gidip barýar,günbatardanam, Iki oglan iýip-içip güýçlenip, Çykdylar galanyň giň hataryndan. Çykdylar ýollara,ýöreşip uzak, Üç aý maksatlarna gurupdy duzak. Çydap-çydap iki oglan baranda, Bir ýere,ol ýerde guýy gazyndy. Soň Gilgamyş girip,apat düýşüne, Gelenin bildirdi,galaň işigne. Gilgamyş birnäçe eşik geýindi, Olaryň birini doganna berdi. Ajdarhaň agzyna barmaklyk üçin, Oňa gaçmaz ýaly,sapalak atyp, Iki dogan girjek boldy,haýatdan, Birden sakçy çykdy ilerki gatdan. Ol çagyrmak üçin ajdarha şasyn, Gygyrmakçy boldy,duýup,günäsin. Birden Engidu-da ah çekdi,diýdi, Doganym,Gilgamyş,“öljekmi?”-diýdi. Gilgamyşa birden-birden güýç gelip, Diýdi şonda doganyna öwrülip: “Meniň eşiklermi geýen badyňa, Bir hal geler seniň gökden adyňa, Göwräň hallar içre elenip durmaz, Doganyň hem sensiz çukura girmez. Sallan gollaryma bagla goluňy, Ýarty ýolda kesmerin men ýolumy. Unut,ölüm ýokdur,men muny bilýän, At goýmakdyr ynsan islegi dünýä! Bardylar ikisi göm-gök tokaýa, Ikisi hem sessiz,ynsandan gaýa. Tokaý gözelligi,sypal synasy, Hem täsin ýodalar ol ýere barýar, Humbaba geçipdir bu giň ýollardan, Şeýle-de taňrylar geçip gidipdir, Ýollara alowlar seçip gidipdir, Tokaý egninden gum sowurýar. Irnananyň beýik haýaty bilen, Bir beýik dag görünüp dur uzakda, Iki ýigit garaşdy-da uzak gün, Engidu şeýlebir ysgyndan gaçdy: Diýdi,içi onuň ataş,ot,tütün, Bir erbet guş onuň üstünden uçdy. Beýdip tapyp bormy ol eýmenjini, Gowsy gel,biz göreli muň düýşüni. Onsoň ikisi-de dynç almak üçin, Bir daşa-da başlaryny goýdular, Uka ömür berdiler. Gilgamyş düýş gördi,şirinden-şirin, Ine,sizem düýşüň beýanyn görüň. Dag astynda duranmyşyn iki dost, Birden ala dagdan perman gelenmiş: Ýykylmyş gaýalar,olaň üstüne, Çybyna öwrülmiş olar dessine. Birden ýagtyldy-da daş-töweregmiz, Başga dünýä,başga ýana düşdük biz. Bir adam göründi,gaty owadan, Ol bir ýana süýşüp gaýtdy,gaýadan. Ýüregim ynjaldy,aýak ýer tutdy, Birden dünýä başga bir ganat bitdi. Engidu düýşüni ýordy,dostunyň, “Humbabanyň ölüm ysly,rasty bu, Biz ony ýeňeris,ýok muňa şübhe, Ertir irden dolanarys öýmize. Ikisi ertirlik edinen soňra, Samaşyň öňünde gurdular döwre, Gazdylar guýynyň gowudan gowsun, Daglar lagla döndi,ownady daşlar. Bir ýel öwüsende,tupan turanda, Diňe bir daglar däl,dünýä yrandy. Iki ýigdi uky basdy dessine, Bu niçiksi ahwal,sorag üstüne, Bir-birine sorag ýagdyryberdi. Iki-üç düýşi görüp,yzly-yzyna, Düýşmi,oýa,düşünmedi özüne, Bu iki ahwal hem,bu iki ynsan, Ýürekde bir gorky döredi ahmal, Birden titräp,daş-töwerek,hem dünýä, Başga älemlerden biri görünýär. Ýyldyrymlar çökdi,ataşlar ýagdy, Asmanyň arkasyn ak duman bogdy. Ine,şeýdip iki goçuň öňünde Dyza çökdi apat,äpet ajdarha. Gökden kömek bolup gelen Samaş-da Olara gidere ýoda görkezdi. Gilgamyş seslendi Samaşa bakyp, “Saňa baş egmäge ber maňa rugsat, Eý gögüň gardaşy,güýjüň perisi” Meniň üçin ýol görkezdiň,ýöredim, Seň öňüňde ýigit bolup ýöredim. Samaş Humbabany ýel kibi üfläp, Göterildi ýerden ullakan efgan. Hambuba söweşden çekdi ellerin, Ýigitleň öňünde goýup kellesin, Gilgamyşa ýalbarmaga başlady, Oňa özün gul bolmaga taşlady. Ebgidu dogannyň çekip ýeňinden, “Oňa haýpyň gelmesin,seň”-diýende, Gilgamyş kellesin aldy apatyň, Hut dogannyň ,hut Samaşyň öňünde. Soňra ýaragyny tutup belende, Apatyň kellesin geýdirdi şoňa, Şeýdip ýola düşdi ýigitlerimiz, Gaýdyp gelmek üçin köşge,öýlerne. Gilgamyş bir gyldan bezenip şonda, Taýýarlandy,gaýtmak üçin öýlerne. Söweş eşiklerni zyňyp taşlady, Kemerlerniň tirlerini gaşlady. Täjin geýip,tagta çykdy,gahryman, Iştar elewredi,nätjegin bilmän. “Gel maňa giýew bol”-diýen badyna, Gilgamyşam şek ýeten dek adyna, “Seň bilen galmaklyk derkar nämäme, Maňa taý bolmaga,sen mynasyp däl-ä” Onda Iştar howalaly seslendi: “Men saňa göwherden kemer kesmenmi? Seni lagl-göwher bilen ýaşadyp, Bu dünýäde ýetirerin islegňi” Iştar gahar bilen garady oňa, Sowuk garaýyşy sarady oňa: “Sen ýel,ýagmyr bilmez,sowuk howasyň, Ýigitleň üstüne çöken belasyň, Daş-diwarlar kibi,mähirsiz bir hal, Maňa seň ýanyňda bolmak hökman däl. Aýak gysýan aýakgap deý haramsyň, Duşman däldigiňe ýokdur seň,kepil. Biwepa ýar bilen geçirmen ömri, Seň bilen ýazmasyn,meni bir taňry. Tammuza-da ýandy,ýykyldy maňlaý, Meni bir Allahym gorasyn-da goý. Güýçli arslan yşgyn saňa bermesin, Git bu ýerden,seni gözüm görmesin! Silili-de düşdü,seniň yşgyňa, Kalbymyň ahmyryn,ahyn içdi-de. Işullanyň yşgyn sogurdyň göge, Meni enem dogurmady seň üçin, Senem indi meni söýseň ýanaryn, Gowsy bu ýerlerden saýla garaňy”. Iştar bu sözleri eşiden bada, Anunyň huzurna gidenmiş şonda, Diýenmiş:“Atamjan,Gilgamyş sögýär, Maňa agza gelen sözleri diýýär”. Anu:“Gyzym,senmi başladyň söze, Belki özüň erbet gylykly seniň?” Onda Iştar:“Babam maňa öküz ber, Onuň bilen gyraýyn men milleti, Goý,ýanyma ýeke kişi gelmesin” -diýenmiş-de gyrjakmyş oň niýeti. Anu: “Gyzym heý sen peýdaly işi, Edipmidiň şu ömrüňde il üçin, Heý bugdaý ýygdyňmy ynsanlar üçin, Heý ot ekipmidiň,haýwanlar üçin?” -diýip,onuň sözlerini diňledi. Gyzy bu sözleri az-kem geňledi. Şonda egip owadanja gaşlaryn, Sypalady kemsiz bugdaý başlaryn. Birden giň asmandan agynyp düşen Öküz olaň arasynda ýerleşen, Ol Öküzi alyp,Uraga bardy, Öküz ynsanlaryň boýnun omurdy, Müň kişi,ýüz kişi,iki ýüz kişi, Bolmajysy boldy,öküziň işi. Guýrugyn bulaýlap,gelende bäri, Engidu tapmady derdine däri. Gilgamyşa bakyp,zeýrenjek boldy, Edil şo bada-da çemine aldy, Şahlarnyň arasyn alyp eline, Iki dogan gylyç urdy biline. Ýüregin çykaryp,alyp geldiler, “Sawaş görsün” diýip,edenni ýene. Görkezip Sawaşa öküz ýüregin, Çekildiler yza,aýdyp geregin. Onda Iştar çykyp,başga bir ýerden, Nalyş etdi,Gilgamyşdan,öküzden. “Asman öküzini öldürip,ine, Meni ahmyr bilen goýdy,dünýäde.” Engidu Iştaryň sözüni diňläp, Öküziň buduny gopardy bada. “Seni-de şeýtsedim”-diýip,seslendi, Iştar bolsa,agy atyna mündi. Ähli ussalary çagyryp şonda, Öküz boýnuzlarny görkezdi,ynha. Onuň ýogynlygna el ýeterli däl, Durşuna et,durşuna ýag,durşy ham. Soňra Firat ellerini ýuwdy-da Engiduny alyp çykdy ýollara, Gilgamyş gygyrýar:“Beýik oglan kim? Ol siziň öňüňizde” Urak halky çykdy köçä bir bolup, Iň güýçliler saýlandylar,syr bolup. Soňra rahat uklap gije ýarymda, Bir düýş gördi Engi özi barada. “Anu,Enlil,Ea hem Samaş ähli, Ýygnandylar şonda,açyklap ähti, Anu:Asman bugasyny ýykdylar, Humbaba ýykyldy,sypal döwüldi, Goý bu edenleriň birisi ölsün. Emma Gilgamyş galsyn, Engudi ölsün”-diýdiler, Diýdiler,kän zat diýdiler. Şamaş şeýle diýdi olara bakyp, Ehlil,sen dälmidiň,daglary söküp, Sebäp bolan ölümleriň ähline, Indi unutdyňmy,ýa sen ähdiňem. Günäsiz Engudi ölse,niçik bor? Birden Ehlil Şamaşa içikdi: “Sen olaryň deňi-duşy mysaly, Her gün olaň ýanlaryna gidýärsiň, Olar bilen mydam oýun edýärsiň”. Ine,şonda Engi hassalyk tapdy, Gilgamyş aglady,dyzyna çökdi, Neçüýn meniň üçin galdyň azara, Sen bir günäsizje,mertje bir bala. Boýur-boýur ýaşlar dökdi,gözünden. Men indi nirede,ruh bilen bile Çykdymmy ýa häzir ýeriň ýüzüne? Şonda Engidu-da ýüzlenip,oňa: Jogap tapdy:“sen meň ruhy dünýämsiň” Onda Gilgamyşam galyp belende: Diýdi doganjygna,buýsançly sözi: “Men seni bir uly tokaýdan tapdym, Eger şeýle boljagyny bilsedim, Gämi edip,parçalardym bir wagt, Fyratyň üstünde ýüzüp ýörjekdim” Nalyş edipdir-de şonda Gilgamyş, Kalbynda eleşan duýgy syzlanmyş. Ähli adamlardan açanmyş ara, Düşünenmiş şonda dogan diýen “ýara” Lagnat daşy ýagýarmyşyn ýokardan, Kir suwlary akýarmyşyn şäherden, Onsaň Şamaş gökden seslenmiş ylla: “Engidunyň kesipdir-de seslerin, Hany seniň messebiň?” “Saňa iýdirdiler iýmiş baryny, Saňa geýdirdiler,adam donuny, Gilgamyşa ýoldaş edip goýdular, Gyýa bakanlaryň gözün oýdular. Indem seni tabşyryplar mazara, Özem galyp,ýaşaýyşda azara, Uragyň halkyny aglatjakmyşyn, Seni başyndaky täç etjekmişin. Senden soňra perişan bir keşp bilen Çöllere,düzlere aýlanjakmyşyn, Arslan maslygyny alyp egnine, Ülke-ülke,diýar-diýar eglene, Dünýäge maslygy göz etjekmişin. Engidu Şamaşyň sesin eşidip, Biraz dowla düşüp,biraz köşeşip, Diýdi: “Saňa näme dileg edeýin, Aýagňy ogşasyn,beýikler seniň, Başyňa dökülsin,lagl-göwherler, Menden soňam bagtly bolsun bu ýerler. Hazyna açylsyn,syrlar azalsyn, Saňa döwlet gelsin,maşgala gelsin!” Şeý diýdi-de için tutdy bir zaman, Soňam düýşün beýan etdi,eý aman, Düýşünde boşlukda ýeke galanmyş, Bir aşyk ýüzlije adam gelenmiş, Dogrusy ajalyň keşbine deňäp, Ýigit bir ah çekdi,dertden öýkeläp. Soňra birden maňa bitýärmiş ganat, Gollarym ganatly uçýarmyş ruhum, Gitse,gelmez ýola göteripdirler, O ýerde palçyklar naharmyş bize. O ýerde ynsanlar guşlar kibimiş, O ýerde köşk ýykyk,täçler ýatyrmyş. Anu hem-de Enli barmyş bir ýerde, Olar indi täç däl et göterýärler, Başlarynda,agyr bolsa-da,agyr. Otyrmyş Taňrynyň söýenleri hem, Soralmaýarmyşyn olardan derhem. Etana,Şumukan,Ereşkigal bar, Bir zatlar okalýar,bir syr açylýar. Birden meni görüp seretdi bäri, “Gilgamyş” sesinde diýdi howaýy, Güýçlendim,güýjünden,çuslandym,çusdan, Men gitdim,diýdi-de gitdi,durmuşdan. Jan berdi Engidu,aglady iller, Soldy sary güller,soldy ak güller. Edil gidäýmänkä şonda panydan, Iki agyz sözi goýupdy ýigit: “Ine,men gidýärin,siz razy boluň, Söweşde ölmegiň ýegdigin bildim, Emma men düşündim,şoň üçin öldüm. Sakiýe Siduri deňziň törüne geçip, Otyr ynha,bir enaýy ýerleşip. Tagtynyň üstünde altyn yşyklar, Perde bilen örtülipdir ýüzleri, Göründi Gilgamşyň gamgyn gözleri, Bedeninde taňry eti bar onuň, Köňli belli,birazajyk dar onuň. Ony uzaklardan gören Sakiýe, Oýlandy birsellem oglan barada, “Nirelerden düşdi,geldi näme üçin, Niýeti nämekä,wagşy adamyň? Olar haýwan görse,öldüriberer, Sypyrýarlar olar ejiziň hamyn” Gapyny ýapmaga çemeleşende, Durar ýaly bolmady-da sesinden, Gilgamyş zowladyp,gygyryberdi: “Heý Sakiýe näme,aryň barmydy? Neçüýn gapylary ýapdyň,meň üçin? Men seň içiňdäki gapylaň baryn, Döwerin,olary tanaýan içgin” “Oňa haýwan etin iýýär”-diýdiler, “Olaryň derisin geýýär”-diýdiler. Şamaş düşüp ara çirkin gygyrdy: “Nirä barýaň,gözläniň tapman ýerden, Ylgama yzynda boş hyýallaryň” -diýdi-de uzatdy öz aýalaryn. Gilgamyş Şamaşa ýüzlenip şonda, “Näme bar,gözläýin ýeriň üstünde, Gandyraýyn ol güneşden gözümi, Güýç bilen gaýtaryp,näkes ölümi” Soňra-da Sakiýa bakyp,ýüzlendi: “Gökden inen bugaň berdim merkini, Sypal tokaýynda bekçini bogdum, Humbaba ajdarha öňümden çyksa, Ony bilýäň,erkde dyza çökerdim” Şonda sarsgyn döredi oň kalbynda. Sakiýe Gilgamşyň ýüzüne bakyp: Diýdi şeýle sözi,kalbyndan söküp: “Eger-de sen ýykan bolsaň,öküzi, Eger paralasaň,şaýat gökýüzi, Humbabanyň soňuna-da çyksaň-da, Şol öküzi ýeke özüň ýyksaň-da, Onda neçüýn seniň ýüzüň naýynjar, Kalbyň neçüýn hoş däl,neçüýn ökünç bar. Seret ýüzüň eti döküldi,günden, Sowukdan üşeýäň,gorkýaň sen ýelden. Horlanypsyň kemsiz,dökülip etiň, Näme etmek indi seniň niýetiň?” Gilgamyş aýaga galdy-da şonda: “Meň bilen panynyň çekişen derdin, Aýryldym men bir wepaly nökerden, Ol ynsanlyk ýazgydynda galdy-da Gitdi panyň aldawyndan daşlaşyp, Ýedi-gije-gündiz gan eňresem-de, Gömdiler dostumy elimden alyp, Didämiň ýaşyny bilmedim,saklap, Men bilmedim oňa bergimi haklap. Häzir saňa bakyp,oýlanýan diňe, Ölüm ýüzün görmäýediň sen birem.” Sakiýe-de dözmän birden oglana: Tüýs dert üçin,ykbal üçin doglana, Diýdi halys ýüregini gowşadyp: “Täjiňi geý,ýuwun,gözel geýin sen, Garnyňy hemişe iý-de doýur sen, Aýalyň gujagna gysyl,dynjyň al, Sen bir pana gelen beýik gerçeg-ä, Näme tapmaýarmyň,toý et,her günem, Aw-şikara gidip,her gün sergilen. Gilgamyşam kem galýan dek birbada, Sakiýaň öňünde düşdi-de oda, Diýdi:“Utnapiştim ýoly haýsydyr, Meni o ýollara gönder başarsaň, Ýüregime agram berdi hasratym, Ölüm neçüýn açarsyz?” Sakiýe-de turup durdy ýerinden, Dürler saçdy,kinniwanja lebinden: “Entek beýle geçit ýokdy,dünýede, Entek geçen ýokdur bahry-deňzi-de. Şamaş geçdi diňe,başgaň ýok güýji, Jan süýji,jahan süýji,döwran süýji, Hijisiniň bolsa,ýok ahyr ölümçe güýji. Deňiz ýoly çetin,şonda-da gidäýseň,birden, Deňziň suwun aşyp,ötäýseň,birden, Ölüm suwuna-da gowuşaýsaň,sen, Urşanabi bardyr,sen görüp bilseň. Ol Utnapiştimiň gämiçisidir, Taştankiler bardyr,onuň ýanynda. Urşanabi tokaýlarda gezýändir, Sypal tokaýynda ot-çöp ýygýandyr. Ony tapsaň,bile gitgin ol ýere, Eger-de tapmasaň,gelginiň,yza. Gilgamyş sözleri eşdip-eşitmän, Gylyjyn gynyndan çykaran bada, Bir ok kimin gaýyp,tokaýa düşdi, Tapdy gözleglerin şo dem,şo bada. Her kim gaçsa kaýyl,arslanyň bar-da, Urşanabi tapyldy-da şo bada: Gilgamyşa bakyp,ýüzlenen bada, Ýüzleri gyzaryp,doňdy howada. Diýdi:”Sen kim,men-ä Utnapiştimiň Bir ýönekeý guly diýeli,ynha” Gilgamyşam onuň ýüzüne bakyp, Yzarlady depe-daban,dişini, Diňledi oň etjek bolýan işini. Gilgamyş adyny aýtdy-da birden, Urukdan gelenin söhbete saldy, “Güneş çykan ýerden geldim”-diýdi-de, Biraz gapdalyndan seresap boldy. “Maňa Utnapiştimi görkez,bilýäň,sen” Urşanabi Gilgamyşa bakdy-da: “Ýüzüň näme diýdi,saralyp-solan, Horlugyň gorkunçdyr,göräýse,biri. Sen näme üçin gamgyn,neçüýn hor-homsy, Kim seniň halyňa aglaýar diri. Neçüýn şalyk täjiň taşlap uzaga, Düşdüň indi sergezdanlyk duzaga” Gilgamyş Urşanaba şeýle garady: “Men neçüýn aglaman, düzüm solmasyn, Nädip, ýürek kah-kah urup,oýnasyn? Şa tagtyny ýapaýynmy başyma, Meniň dostum Engidu,hem ýoldaşym, Çölüň barsydy,zemin hyrsydy. Ikimiz bir bolup,daga dyrmyşdyk, Asmanyň öküzin hem alyp düşdük, Çenden aşa söýen mährem dostum ol, Ýüzüme diýenim hakym,rastym ol. Gitdi,gözüm ýaşlar bilen dolmuşdy, Şondan soň köňlüme gussa gelmişdi. Menem şonda agladym bir hala, heý, Ýüregime geldi gorkunç nala, heý. Neneň, niçik ylgasa-da adamzat, Barybir ýer süsüp ýatybermeli, Etmişi nä görgüliň? Ýok,gözlerim güneş görmek isleýär, Ölüm ýassygyna goýman başymy, Guşlar-gurtlar iýmesin meň läşimi” Soňra Urşanaba ýüzlenip bakdy: “Utnapiştim ýoly haýsydyr, bulaň? Maňa ýüpüňi ber, deňizi aşyr, Ýa meni deňiziň düýbüne düşür” Urşanabi birden gelip,özüne, Diýdi:Gulak goý sen,meniň sözüme, Sen düw-dagyn etdiň,kürekçileri, Indi geçit ýokdur,mundan ileri, Derrew palta alyp güýçli ellerňe, Tokaý sypallaryn çapyber, ine. Ýüz ýigrim,küregi taýýarla, onsoň...” Gilgamyş şo bada dünýäni undup, Gitdi tokaý sary, aklynda saly, Kesdi kürek üçin kesibilenin, Derrew bitirdiler gäminiň “tenin”. Bir aý,on bäş günlük ýol geçip,bile, Bardylar ahyry,ölüm suwuna. Urşanabi Gılgamışa bakdy-da “Kürek algyn ýene eliňe “diýdi, Ölüm suwy elleriňe degmesin, Dem berilsin seniň,demiňe –diýdi. Kürekleri birin-birin aldy-da Gilgamyş gämini aýlap saldy-da, Kemerini çözüp suwa uruldy, Gämini durşuna asmana saldy. Onda gämiçi-de ýogyn ses bilen Gilgamyşdan göwni geçip, çagyrdy: “Gilgamyş düşündim halyňa seniň, Seniň ruhuň aňyrdan,hem taňrydan. Eý Gilgamyş,neçüýn döndüň akmaga, Bilýän ölüm ýanyndadyr ynsanyň, Öz nesline miras goýar, pynhandan. Gowga eder,doganlaryň panyda, Birden deňiz joşar,ähli ýanyňdan, Hiç bir zatda karar bolmaz,düşnükli, Ölen kim,diri kim bilmez dikdüşdi. “Päheý ynsan ogly, eheý adamlar!” Anunnaki birden seslendi munda Men bir beýge galdym, emma uçmadym, Ýazgyny And taňrysy ýazandyr, Maňlaý ýazgymyzam bile ýazandyr. Ölümi hem ýaşaýyşy kesgitläp, Bilmediler emma ölümi çözläp. Rus hem-de türk dilindäki wariantlardan terjime eden: Oguljennet BÄŞIMOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||