21:53 Günbatar Afrikanyñ öñbaşçy musulman zenany: Nana Asmau | |
GÜNBATAR AFRIKANYÑ ÖÑBAŞÇY MUSULMAN ZENANY: NANA ASMAU
Zenan şahsyýetler
Aýal-gyzlar jemgyýetde mynasyp ýer edinmek we eý görülmek üçin taryhyñ dürli döwürlerinde jan edip gelipdir. XIX asyryñ Demirgazyk Nigeriýasynda-da aýal-gyzlaryñ ýagdaýy başga ýerdäkilerden enaýy däldi. Berk düzgünli däp-dessurlar bilen zoñtar yslam garaýşynyñ utgaşmagy netijesinde yslamyñ beren hak-hukuklaryndan mahrum edilip, dört diwaryñ arasyna gabalan aýal bir adamlyk eýesi bolmakdan ötri maldan tapawutly görülmedi. Şular ýaly döwürde zenan alym, şahyr, mugallym bolan Nana Asmau obama-oba aýlanyp, ýaşan ýurdundaky uly-kiçi, ýaş-garry ýa musulman-gaýry dinli diýmän ähli aýal-gyzlary okatmagy, olara yslamy we gumanizmi wagyz etmegi, olara aýalyñ gadrynyñ bilinýän jemgyýetini gurmagy maksat edindi. • Sokoto halyfy Osman dan Fodionyñ gyzy Şeýlekin progressiw zenan şahsyýeti tanatmazdan öñ ony ýetişdiren atany - Osman dan Fodiony gysgaça tanatmak gerek. Günbatar Afrikanyñ yslam taryhynyñ görnükli alymlaryndan hasaplanýan Fodio Sokoto oblastynda öz döwrüniñ iñ güýçli syýasy-ykdysady sistemasyny gurup, XIX asyryñ taryhyna adyny ýazdyrdy. 1804-nji ýylda "Hausa" jihat hereketi arkaly guran Sokoto halyflygynyñ başyna geçip, 1817-nji ýylda aradan çykýança halyf bolup oturdy. Sokoto halyfy Osman dan Fodionyñ tagallasy bilen döredilen dindar Degel jemgyýetinde ýetişen gyzy Nana Asmau kiçijik çagalygyndan başlap alan bilimi we terbiýesi netijesinde ir wagtlardan ýurduna hyzmat etmäge başlady. Gyzlaryñ entek kämillik ýaşyna ýetmänkä ýumruk ýaly çaga wagtynda äre berilýän, bilimden mahrum edilýän we eginlerine göterip biljek ýükünden has artyk ýüklenýän jemgyýetinde Asmau nusgalyk häsiýetlere eýe zenan bolup ýetişdi. Yslam hukugy, Kuran we Hadys ylymlaryny çuññur özleşdirmek bilen bir hatarda grek we latyn edebiýatyny-da gowy bilipdir. Asmau arap dili bilen birlikde hausa, fulani, tamaçek dillerinde suwara okap-ýazyp, gepläpdir. Bilim almak nigeriýa jemgyýetinde örän az sanly zenanyñ ýetip bilen mümkinçilikleriniñ biridi. Yslam dininde ylym-bilimiñ bilim aýal-gyzlara atalary we ärleri tarapyndan hökmany elýeterli edilmelidigini öñe süren Osman dan Fodio gyzy Asmauny ýaşaýan jemgyýetine nusgalyk şahs bolar ýaly derejede ýetişdirdi. Asmau pedagoglyk ukyplary bilen bir hatarda syýasatda-da aktiwdi. Kakasynyñ ölüminden soñ ol halyf bolan dogany Muhammet Bellonyñ geñeşdary bolubam işledi. • Nusgalyk bilim ulgamy: Ýan Taru Nana Asmauny häzir Nigeria bilen birlikde bütin Afrikada ýatlanyp durar ýaly eden iñ esasy faktor - ýurt möçberinde ýola goýan bilim sistemasy boldy. Hausa dilinde "bir ýere üýşmek" manysynda ulanylan"Ýan Taru" atly ajaýyp bilim sistemasynda işleýän ähli pedagoglar Asmaunyñ elinden çykan aýal-gyzlardy. Bu pedagoglar diñe ýerleşýän ýerindäki aýal-gyzlary okaymak bilen çäklenenokdy, posýoloklara we obalara barýan aýal mugallymlaryñ birinji maksady jemgyýetiñ iñ gowşak we ejiz aýal-gyzlarynyñ arasynda iş geçirmek bolupdyr. "Jaji" diýip atlandyrylan aýal mugallymoar hernäçe ilkinji nobatda jemgyýetiñ sosial-ykdysady taýdan mümkinçiligi çäkli ýagdaýdaky aýal-gyzlary göz öñüne tutanam bolsalar, mundan erkeklerem peýdalanyp bilipdir. Nana Asmau sowat derejesiniñ örän pes jemgyýetinde bilimi añsat we öz höwesiñe alar ýaly ýagdaýa getirmek üçin şygyrlardan peýdalanypdyr. Bu şygyrlar yslamyñ düýp prinsiplerini, imanyñ esaslaryny we ýene ençeme janagyryly meseläni has düşnükli dilde beýan etmegiñ we öwretmegiñ ýoly boldy. Asmaunyñ üpjün eden dini bilimiñ özeninden we düzümindenem hökman söz açmak gerek. Fykh meseleleriniñ ýany bilen, hatda belki-de, ondanam añyrda adamy adam edýän ahlak gymmatlyklary onuñ bilim sistemasynda elmydama uly orun eýeledi. Onuñ goşgularynda we beýleki eserlerinde şol ahlak gymmatlyklaryny we häsiýetleýin kemala gelşi görmek mümkindi. Ýat tutmasy añsat şygyrlar bilen yslamyñ esasy prinsiplerini we musulmanyñ şahsyýetini suratlandyrýan beýtler dilden-dile geçip geldi. Asmau teni we eşigi arassa saklamakdan başlap ylym ugrunda bolmaga, töhmetiñ, gep-gybatyñ we ýalan-ýaşrygyñ getirjek günälerijden özi üçin dilänini musulman dogany üçinem dilemäge çenli köp temalary şygyrlarynda akgynly görnüşde işledi. Hz. Äşe, Patma, Zeýnep ýaly beýleki musulman zenan şahsyýetlerden söz açýan şygyrlary arkaly nigeriýaly aýal-gyzlar özlerine görüm-göreldelik terbiýe we durmuş ýoluny edindi. Yslam dini ylym-bilimi erkek üçinem, aýal üçinem deñ derejede parz kylypdyr. Muña garamazdan jemgyýetleriñ köpüsinde aýal-gyzlar medeni kıstaslar kadar sözde dini tutaryklaryñam öñe sürülmegi bilen ylym-bilimden mahrum edilipdir. Ine, şeýlekin mahrumlygyñ astynda ezilýän aýal-gyzlary (we erkekleri) okadyp, jemgyýeti özgerden we ösdüren Nana Asmau ýaly ony bu ýadawsyz göreşinde golden agasyny, adamsyny we iñ esasysy-da kakasy Osman dan Fodiony ýene bir gezek ýatlamak gerek. Halyf Osman dan Fudýonyñ şindizlerem aýal-gyzlara meçew bermekde aýyplanmahy megerem şu sözleriniñ şol döwürde nähili garşylanandygyny göz öñüne getirmek kyn däl: "Eý musulman zenanlar, size Hudaýa we Onuñ resulyna ytagat etmegi aýtmagyñ ýerine ärleriñize ytagat etmegi buýrup, sizi ýoldan çykarmaga çalyşýan ýol ýitirenleriñ sözlerine gulak asmañ. Olar aýalyñ bagtynyñ ärine ytagat etmekden geçýändigini aýdýarlar. Munuñ özi olaryñ zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga ýarajak başga zat däldir. Olar size Allanyñam, Resulynyñam boýnuñyza ýüklän borçlaryny ýüklänoklar. Gaýtam, Allanyñ we Resulynyñ siziñ üçin ýazanyny size öwretmegiñ ýerine, nahar bişirmegiñizi, kir ýuwmagyñyzy we isleýän başga zatlaryñyzy etmegi buýurýarlar. Alla-da, Onuñ ilçisi hem bular ýaly siziñ boýnuñyza bular ýaly borjy ýüklemedi". Şu günki gün "Boko Haram" ýaly dini-ekstremistik terrorçy guramasy hakdaky habarlaryñ habar beriş serişdeleriniñ agramly böleginiñ tutýan Nigeriýasynyñ ýakyn taryhda ylym-bilim we aýal-gyzlar ýaly inçe meselelerde nähili oñyn nusga bolandygyny ýatlamak we ýatlatmak gerek. Nana Asmau şu günüñ Nigeriýasynda amala aşan ylym-bilim ugrundaky nijeme işinde häzirem hormat bilen ýatlanyşy ýaly, düýbüni tutan "Ýan Taru" bilim sistemasy-da materigiñ çäklerini aşyp, Amerikada ýüzlerçe aýal-gyzyñ bilim almagyna goşant goşmagyny dowam etdirýär. • Çeşmeler: https://www.almadina.org/studio/articles/muslim-women-in-leadership-nana-asmau-daughter-of-the-shehu https://muslimheritage.com/ode-to-nana-asmau-voice-and-spirit/ Sare ŞANLY. sareyildiz@gmail.com Anna, 17.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |