11:42 Jübimizdäki gan: Kongo halky koltan üçin öldürilýär | |
JÜBIMIZDÄKI GAN: KONGO HALKY KOLTAN ÜÇIN ÖLDÜRILÝÄR
Publisistika
Akylly telefon we şoña meñzeş enjamlaryñ öndürijileriniñ aýtmakdan gaça durýan we syr deýin saklaýan juda möhüm bir zady bar. Durmuşymyzdaky ýeri gün geçdigisaýy çuñlaşýan tehnologiki enjamlaryñ işlemegini üpjün edýän kiçijik komponentler ganly çaknyşyklar, agyr jenaýatlar, gynamalar, zorluk-zulumlar, adam ogurlamalar ýaly san-sajaksyz hadysalaryñ bolup geçmegi netijesinde gazanylýar. Bütin şular ýaly gorkunç hadysalaryñ otuz ýyla golaý wagt bäri bolup geçýän ýeri bolsa baý magdan ýataklaryna eýe bolan Kongo Demokratik Respublikasydyr. Jemi gymmaty 24 trillion dollara barabardygy çak edilýän koltan (kolumbit-tantalit), kobalt, sink, galaýy, altyn, almaz ýaly gymmatly metallaryñ bolan Kongo Demokratik Respublikasy (KDR) garaşylyşynyñ tersine, bu baýlykdan peýdalanmagyñ deregne agyr jebri-jepalara sezewar bolýar. San-sajaksyz adam hukuklarynyñ bozulmalaryna garşy göreşmeli bolýan Kongo dünýäniñ habar beriş serişdelerinde-de seýrek agzalýar. Bikanun ýaragly toparlar zor bilen işledilýän şahtýorlara agyr salgytlar salýar, aýal-gyzlara rutina bolan jynsy zorluklar edilýär, magdan känlerinde kämillik ýaşyna ýetmedik işçiler işledilýär. Zähmet şertlerine nägilelik bildirýänler we ýakyn hossarlary duran ýerinde öldürilýär. • Dünýä belli markalar tehnologiýalaryna gan bulaşdyrýar Ýakynda KDR-nyñ prezidenti Feliks Çisekedi "Apple" kompaniýasynyñ önümleriniñ önümçiliginde Kongodan bikanun ýollar bilen alynýan minerallaryñ ulanylýandygyny aýdyp, tehnologiýa läheñi "Apple"-ni köpçüligiñ öñünde tankyt etdi. Çisekedi ýurtdaky haosda paýy uly bolan Ruandany-da bu magdanlaryñ bikanun eksportyny añsatlaşdyrmakda aýyplady. Aslynda mesele täze däl. Mundan on ýyl öñem şu tema orta atylypdy. ABŞ-nyñ Gymmatbahaly kagyzlar we birža komissiýasy ABŞ-daky 1200 kompaniýanyñ mikroçiplerindäki haýsydyr bir metalyñ Kongodaky militaristler tarapyndan gözegçilik edilýän magdan känlerinden gelip-gelmeýändigini mälim etmegi talap edipdi. Arasynda "Vodafone", "Ford", "Google" ýaly kompaniýalaryñam bolan birnäçe kompaniýa mesele boýunça jogapkärçiligi taşeronlaryñ boýnuna oklady. 2019-njy ýylda-da ABŞ-da ýerleşýän Halkara Hak-hukuk talap edijiler guramasy magdan känlerinde işledilýän we ýaramaz zähmet şertleri sebäpli aradan çykan, ýaralanan çagalar üçin we jebir çekenleriñ maşgalalarynyñ adyndan bäş kompaniýanyñ garşysyna arza berdi, emma geçen mart aýynda sud arza seretmekden ýüz öwürdi. Häzir bolsa KDR "Apple" kompaniýasynyñ kanuny wekillerine ýollan hatynda aýratynam "3T minerallary" diýilýän galaýy, koltan, wolfram ýaly mineral komponentleriñ alnyşy boýunça hiç zat gizlemezligi talap etdi. Aýdylyşyna görä bu minerallar KDR-dan ogurlanyp, Ruandada kanuny dolanşyga salynýar, soñam "Apple" ýaly halkara kompaniýalara satylýar. Millionlarça adamyñ öý-öwzaryndan, ýer-ýurdundan jyda düşürilip, Kongodaky çaknyşyklary gorjalaýan, bigünä adamlaryñ gany bilen hapalanan bu minerallara "gan minerallary" hem diýilýär. Uly kompaniýalaryñ has arzan bahadan we has köp öndürmegi maksat edinýän elektron enjamlary üçin ömründe bu enjamlary ulanybam görmedik we ulanybam bilmejek adamlar örän agyr şertlerde işlemäge we ýaşamaga mejbur edilýär, göçe zorlanýar, ahtrynda-da ýurtdaky ýaragly çaknyşyklarda wepat bolýar. Tehnologiýa enjamlaryny satmak üçin afrika halklarynyñ gany bilen hapalanan magdanlaryñ gözegçiligi ugrundaky uruş has köp gan talap edýär. Şonsuzam topalañçy toparlar bu talaby kanagatlandyrmak üçin magdan känleriniñ üstündäki gözegçiliklerini artdyrýar, netijede kongo halky has köp süteme sezewar bolýar we has köp adam ölümiñ gujagyna iterilýär. ÝUNISEF-iñ berýän maglumatlaryna görä, azyndan kyrk müñ sany kämillik ýaşyna ýetmedik oglan-gyz şol ýerlerde bikanun ýagdaýda gul kimin işledilýär. Eliñe degreñde saglyga juda zyýanly metallar nowça bedenleri kiçijik ýaşda amansyz kesellere duçar edýär. Kongo Demokratik Respublikasynyñ prezidenti Feliks Çisekedi • Magdançylykdan başga işläre iş ýok Koltan magdany Kongoda 200-den gowrak magdan ýatagynda çykarylýar. Emma ýer gabygyna ýakyn ýerde ýerleşýän magdan bolandygy sebäpli, koltanyñ agramly bölegi ownuk we hiç bir kompaniýa degişli bolmadyk magdan kärhanalarynda el zähmeti bilenem çykarylýar. Gün-güzeranyny dolamakda kynçylyk çekýän ýerli halk tarapyndan elden çykarylýan magdançylyk heläkçiliklere ýa-da kesellere garşy öñüni alyş çäreleri geçirilmezden, jan howpuzlygy üpjün edilmezden alnyp barylýar. Döwlet edaralarynyñ deregne ýaragly toparlaryñ gözegçiligi astyndaky magdançylar günden 1-5 dollar aralygynda pul gazanýar. Bujagaz pul koltanyñ ýerindäki bahasynyñ 10%-ne hem ýetmeýär. Esasy girdejini gazanýan ýaragly toparlar koltany käwagt göni, käwagtam Ruandanyñ üstünden kanunylaşdyryp, global kompaniýalara satýar. • Ruandada kanunylaşdyrylýan koltan Kongo bilen deñeşdirende koltan zapaslary has az bolan Ruanda koltan eksportynda Kongo bilen deñe-deñ bäsleşýär. Çünki Kongodaky ýaragly toparlary goldaýandygy aýdylýan Ruanda hökümeti ýurtdaky koltanyñ agramly bölegini bikanyn ýollar bilen çykaryp Ýewropa ýurtlaryna satýar. Ruandanyñ köp sanly ýewropa ýurdy tarapyndan goralýandygyny hemmeler bilýär. Hususanam soñky aýlarda Birleşen Korollyk tarapyndan migrantlar üçin "howpsuz ýurt" yglan edilen we ýollanjak migrantlar üçin ep-esli pul sylagyny alan Ruanda beýleki ýewropa ýurtlaryndanam goldaw tapýar. Ýagny global güýçler we uly kompaniýakar islän magdanlaryny almak üçin Ruandany ulanyp, öz garşylaryna açyljak derñew işleriniñ öñüni baglaýar. Kompaniýalaryñ sözde adamzadyñ bähbidine öndürýän tehnologiýasyndan böreñ-böreñ akýan gany gizlemek üçin ellerinden geleni gaýgyrmajaklary belli. Ine, şonuñ üçinem sarp edijiniñ oýlanyşykly hereketi, jemgyýetçiligiñ bu zatlardan habarly edilmegi we protest demonstrasiýalary muña garşy göreşiñ hilini ýokarlandyryp biler. Gazada bolup geçýän gandöküşligiñ jogapkäri basybalyjy Ysraýyla goldaw berýän firmalaryñ we markalaryñ dünýä derejesinde boýkot edilmeginiñ näderejede adamlaryñ gözüni açandygyna şaýatlyk eden häzirki günlerimizde ýene şol oýlanyşyklylykds afrikalylaryñ gany bilen hapalanan önümlere garşy gönükdirilen boýkot hem şu bozuk düzgüne "duruñ!" diýmek üçin ädiljek uly ädimleriñ biri bolar. • Çeşmeler: https://www.newscientist.com/article/mg22229734-800-blood-minerals-are-electronics-industrys-dirty-secret/ https://www.jstor.org/stable/20787494?read-now=1&seq=2#page_scan_tab_contents Sare ŞANLY. Çarşenbe, 22.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |