15:03 "Gursagy arslanly-şirli türkmensiñ!" | |
"GURSAGY ARSLANLY-ŞIRLI TÜRKMENSIŇ!"
Taryhy makalalar
Rowaýata öwrülen Seljuk türkmenleriniň tugunda ýaý bilen peykamyň şekili bar we ol diñe ýaragy aňladanok. Ony synlan adam türkmeniň peýkam ok ýaly gönumeldiginiñ, dogruçyldygynyň we gayduwsyzdygynyň, şeyle hem türkmen döwletinin okgunly we çeýe syýasatynyň alamatlaryny görüp biler. Türkmen yigidi hem edil peýkam ýaly dik we ýaý yaly çeýedir. Adamzat ömründäki uruşlaryň taryhynda öz döwrüniñ görlüp-eşidilmedik täze ýaraglarynyň oylanylyp tapylmagy we olaryň ulanylmagy aýratyn sahypalar bilen ýazylan. Ol ýaraglar şol zamanlarda belli bolan söweş tärleriniñ düýpgöter üýtgemegine hem-de möwriti öten imperiýalaryñ kül-peýkun bolmagyna getiripdi. Bu babatda gadymy grek falangalary, Rim legionlary, sowut bilen örtülen haçparazlar, däri, tanklar we uçarlar, ýadro raketalary we beýlekiler hakydaňa gelýär. Emma Aziýa düzlüklerinden böwsüp çykan atly ýaýçylaryň taryhdaky orny we ähmiýeti bularyň ählisin- den belentde durýar. Bu yerde men türkmenler we olaryň söweş ussatlygy hakynda ýatlamakçy bolýaryn. Hormatly okyjy, ýokarda getirilen oýlanmalar britan general-leytenanty, ser Jon Bagot Glabba degişli. Has dogrusy, ol Glabb paşa ady bilen belli we ömrünin 36 ýylyny Yakyn hem-de Orta Gündogarda geçiren britan harbysydy. Glabb paşa aýratyn maksatly söweşijileri taýarlamagyń ussady we halypasydy. Ol 1920-nji ýylda Yraga gulluga bellenýär we beduinlerin arasynda alty ýyllap ýaşaýar hem-de olaryň dilini, medeniyetini we däp-dessurlaryny çintgäp öwrenýär. Glabb 1926-30-njy ýyllar aralygynda Yrak hökümetinde häkimligiň gözegçisi bolup işleýär we sonra lordaniyada arap legionyny döretmäge girişýär. Ol 1956-njy ýyla çenli arap dünýäsinde "ýeňilmezek" adyna eye bolan bu şõhratly legiona serkerdlík edýär we lordan patyşasy Abdyllanyň iň ýakyn dostuna we geneşçisine öwrülýär. Jon Glabb gartaşan ýyllaryna çenli özüniň harby-tälim tejribesi barada kän bir dil ýarmaýar. Emma onuň ýatlamagyna görä, geljekki barby pessiller üçin örän ähmiyetli bir çeşme barada hökman yatlamak gerekdigini belleýär. Ol hem Seljuk imperiyasyny döreden türkmenleriň söweş ussatlygydygyny Glabb ýatlaýar. Arap legionyny we ýörite maksatly ykjam harby toparlaryny döretmekde, şeýle hem çöl- beýewan, daglyk yerlerde gaçyp uruşma, yagny, partizan hereketlerini ýaýbanlandyrmakda türkmenlerin söweş usullary Glabb üçin bahasyna ýetip bolmajak ussatlyk sapaklary bolýar. XX asyryň ikinji ýarymynda giň meýdanda darkaş gurap iki duşman tarapynyň garpyşmasy seýrek ulanylyp ugraldy. Häzirki zaman ýaraglary bilen üpjün edilen agyr leşgerler duýdansyz "güpbasdy" çozuşyny edip, soň çalasynlyk bilen sumat bolýan ýeňil yaragly kiçeňräk toparlaryň urýan zarbalaryndan asgyn gelip ugradylar. Muny Wýetnamyñ we Owganystanyň tejribesi has aýdyň görkezdi. Su ýagdaýda harby hünärmenler üçin Jon Glabbyň türkmenleriň taryhy hakynda söz açýan kitaplary Günbatarda uly gyzyklanma döredip ugrady we olar gaytadan çap edildi. Aýdyşlaryna görä, türkmenler bedewiň üstünden düşmän ýaşan, at eyerinde hem uklap, hem naharlanan, dünýäde in şöhratly söweşijiler bolupdyrlar. Glabbyň pikir ýöredişine görä, söweş bedewiniň üsti türkmen üçin edil ýel ýaly bat alýan we tüweleý kimin köwlenip hüjüm edýän harby uçaryň kabinasyny ýada salýar. Türkmen ogullarynyň aýak biteni bedewe atlanyp, ýay atyp başlaýarlar we mergenlikde türgrenleşýär. Atyň ähli bady bilen başyny goýberip ýapyrylyp barşyna, ýaý atmak ussatlygy türkmenlerin söweş artykmaçlygynyň tapawutly tarapydyr. Elbetde, ýaýçy söweşijiler gadymy we Orta asyrlardaky uruşlarda giň ulanylan harby bölümler bolup durýar. Meselem, inlisler adam boyy jay bilen yaraglanan urşujylaryna diýseň buysanyarlar. Sebabi olar Kressi, Aginkort we beyleki söweşlerde fransuzlardan üstün gelmage sebäp boldular. Yöne türkmen ýaýçylarynyň ussatlygy iňlis jaýçylary bilen asla deneşdirip bolmajak derejede yokarydyr. Günbatar goşunlaryndaky ýaýçylar pyýada durup söweşipdirler we çalasyn hüjüm ediji we duşmana duýdansyz zarba urujy häsiýete eýe bolmandyrlar. At üstünde ulanylýan ykjam we berk ýaýlary oylap tapan we olary ussatlyk bilen ulanan türkmenler we olaryň ata-babalarydyr. Bu ýaýlary tayyarlamakda berk agaç tutawaçlary, haywanlaryň maýyşgak syhlary we üzüp bolmayan saçuzynlar ulanylypdyr. Şeýle ykjam yaý kiçi bolsa-da, kuwwaty we uzaga atyjyłygy bilen uly ýaýlardan guyçli bolupdyr. Duşmany uzakdan urmaga bu ýaýlar türkmen mergenleri üçin çalşyp bolmajak yarag bolup hyzmat edipdir. "Atly türkmen söweşijisiniñ harby geýiminde hem artykmaç zat ýok" diýip, general Glabb belleýär we hatda sadap bilen iligiñ hem öz maksadynyň bardygyny görkezýär. Bedewe atlanyp hüjüm edyän batyryň elini uzadan ýerinde gylyç, nayza, palta, gürzi, hanjar, jowher pyçak, tanap we beýleki ýarag-esbaplar ýerleşipdir. Atlynyň kükregini we arkasyny örtjän sowudyñ düşegi ye bil, teýi berk teletinden bolupdyr we herekete päsgel bermändir. Bu ýerde türkmenleriň jan alyjy esasy ýaragy ok-ýaýdyr. Urşujynyň bilinde ýayy berkitmek üçin ýörite guşak bagy bolupdyr, beýleki tarapynda Sagdak asylypdyr. General Glabb sagdakdaky oklaryň sanynyň adaty bolşy ýaly, 24 sanydygyna üns beripdir we seýrek halatlarda 60 okly sagdaklaryň hern göterilendigini belleyar. Söweşiñ başyny ýaý başlapdyr we gylyç, nayza we gürzi "peykam tupanyndan" çalam-çaş bolan duşman hatarlaryny gutamykly derbi-dagyn etmek üçin ulanylypdyr. Ýaýly atlylar duşman goşunyna gyýtaklaýyn gyratlap hüjüm edipdirler we atuw çägine yeten wagtlary bedewiň jylawyny doly goyberipdirler. Aty çalaja debsiläp, çüw-çüwlemek bilen dolandyryp baryşlaryna türkmenler aýaklaryny üzennä diräp we eýer üstünde çalarak öňe eglip dikligine galypdyrlar. Olar duşmana gönükdirilen ýaýyň kirşine peýkamy salyp, ýene-de iki-üç oky hem ýaýy gysýan penjesinde saklapdyrlar. Şeýle ýokary çaltlykda barýan urşujynyň üç-dört sany peýkamy atmagy üçin sanlyja sekunt gerek bolupdyr we yzly-yzyna atmak bilen ilen ol sagdagy boşadyp gözden sumat bolupdyr. Ýaýly söweşde 65-70 metr aralykdan hüjüm edilipdir. Glabbyň yazyşyna görä, türkmenleriň ýaý oklary birnäçe görnüşli bolupdyr. Ýeňil we uzynrak oklar duşmana ýokardan "peýkamly ölüm ýagşyny" yagdyrmak üçin ulanylypdyr. Agyr we ayratyn taplanan oklar 90-100 metrden sowudy we de- mir ýapynjalary parran deşmek üçin atylypdyr. Mundan başga-da inçeden gelen inini jümşüldediji we şuwlap ses edýän oklary, gije atlylýan sessiz oklary, ot-ýalynly oklary, söweşi uzakdan dolandyrmak üçin mälim ediş oklary türkmen atlylary ussatlyk bilen ulanypdyrlar. General Glabbyň belleýşi ýaly, henize çenli türkmen ýaýçylarynyň söweş usullarynyň köp syrlary ýüzýyllyklaryň taryhynda gizlenip ýatyr. Aýratyn hem 10-20 müň atlynyň söweşde edil asmanda aýlanýan guş sürüsi ýaly birdeň hereketlerini üpjün etmek, özara haýkyryşyp we nagra tartyp, buyruklary bermek hem-de «häsini» ýetirip, birek-biregi goldamak ýaly inçe tärlerine düşünmek kyn we ony dine türkmenlerden bilip bolar. Türkmenleriň söweşe hem edil uly toý ýaly dabara bilen we şüweleňli gatnaşýandyklary günbatarly synçynyň ünsüni özüne çekipdir. Glabb paşanyň üns beren zady ol hem türkmenleriň hüjüm edýän goşunyny ýeterlik peýkam oklary bilen duýdansyz üpjün etmekligi guramak we bu işi birkemsiz dolandyrmakdyr. Eger 10 müñ atly hüjüme geçende azyndan 240 müň ok gerek bolýar. Ol oklar edil "Kalaşnikow" ýaragynyň ok bukjasy ýaly häzirlenip ýörite arabalar bilen söweş meýdanynyň golaýyna eltiler ekeni. Söweş meýdanyndan zarply çykan batyrlar okdan doldurylan taýýar sagdaklary at üstünden garbap alyp ýene-de duşmany urmaga tarap öwrüler ekenler. Bu dynuwsyz ok üpjünçiliginiň amala aşyrylyşy Glabbyň belleyşi yaly, türkmen söweşini öwrenýän şu döwrüň harby taryhçylary üçin doly aýan bolanok. Türkmenleriň ýeňşini üpjün edýän şertleriň biri hem duýdansyzlyk bilen hüjüm ediş taktikasydyr. Duşman yoluny gizlinlikde baglap ýatan türkmenler birnäçe günüň dowamynda şöwür çekip, ańtaw we yzarlaýyş, towerek-daşy öwreniş işlerini hem amala asyrypdyrlar. Her söweşijinin ýanynda özüne we atyna bolarlyk gowurga, gurt, suw, çay, çilim bolupdyr. Olar geljekki söweş meydanynyň her tümme gine, kesegine çenii anyk beiläp, hereket ediş usullaryny önünden kesgitläpdirler. Şeylelik bilen soweş meydanynda türkmenler özlenni hojayyn ýaly ynamly we okguniy alyp barypdyrlar. Duşman leşgeriniň serdary ýörişe baş bolup gelşine onuň eýýäm daşynyň çyzygynyň çekilenligi barada pikir hem etmandir. Garaşylmadyk yerden edil ýeri yaryp çykan ýaly münlerçe türkmen söweşijilen deprek nagaranyň sesine ses goşup, guyçi haykyryşyp şuwlayan oklary atypdyrlar. Bu garaşylmadyk ýagdaýa ilki bilen duşman serdarynyň we serkerdeleriniň bedewleri ürküpdirler we teşgeriň hatarynda birbada aljyraññylyk başlapdyr. Edil şol wagt hem onun üs tünden «peýkamly ölüm yagşy» enterilipdir. Seljuk türkmenleriniň şu hili söweş tärine duş gelen günbatar goşuniary, ilki bilen haçparazlar üçin, bu asla garaşylmadyk söwes bolupdyr we olar yzly-yzyna uly yeňlişiere sezewar bolupdyrlar. Sebabi haçparazlar sap-sap bolup, ýüzbe-ýüz garpyşmak söweşine endik edinen ekenler. 1097-nji ýylyn Gorkut aýynda Doryälem (häzirki Eskişehr) şäheriniñ golaýynda söweşe gatnaşan Fransiyadan "Kartres" buthanasynyň wekili haçparaz Falker öz gündeliginde şeýle ýatlama yazgysyny galdyrypdyr: «Bu hili söweş biziň ählimiz üçın doly nätanyş». Haçparazlar özleriniň uruş endigine göra. söweş hatarlaryny düzüp nyzam boyunça öne sümüpdirler. Emma olar özleriniň önleinde sonuň ýaly sap-sap bolup garşy duran türkmenleri görmändirler. Ona derek hacparazlaryň agyr ýaraglanan leşgerinin daşyndan türkmen atlylary gykuwlap, tüweleý ýaly bolup aýlanyp ugrapdyrlar we olaryň atýan peýkam-oklaryndan ýaňa asman gapylyp Gün görünmändir. Şol wagt atlylaryň birtopary it urşuny edip, duşmandan gaçan ýaly bolup aldaw hereketini edipdir we olara duzak gurup, bukuda garaşýan ýoldaşlarynyň üstünden eltipdirler. Sarç bedewlerde ykjamlanyp duran atly goşun gylyçdyr naýza, kawagt paltadyr gürzini ussatlyk bilen ulanyp, duzaga duşen duşmany pürreläpdir. Bu bolsa türkmenleriň at üstünde ýekeme-ýeke we toparlaýyn uruşmakda hem uly ussatlyga ýetendiklerine şaýatlyk edýär. Glabby haýran galdyran zatlaryň ýene biri söweş meydanlarynda ýeňilmezek türkmenleriñ duşman galalaryny, şäherleri zabt edip almakdan saklanandyklaryna ünsi çekýär. Türkmenler howlukman, arkaýynlyk bilen galanyň daşyny töwerekläp oba gurup garaşyberipdirler. Şol aralykda olar özara ýaryşlar gurap, türgenleşikle bilen hem meşgullanypdyrlar, lar, yakyndaky ilatyń durmuşyny, hal-ýagdaýyny, çagalaryny hem öwrenipdirler. Garrylary, ayal-ebtady galadan howpsuz yere çykarmaga yol beripdirler. Bu hili gabaw birnäçe aýlap dowam edip bilipdir we türkmenler diñe duşman goşunyny nazar astyna alyp, galany gabawda saklapdyr. General Glabb 1050-nji ýylda Togrul begiň Yspyhany alşyny mysal getirýär we ol gabawyň bir yyldan hem gowrak dowam edendigini belleýär. Galanyň harbylary we goşuny halys çydaman, amana gelensonlar ginden açylan derwezeden dabara bilen giren Togrul beg gala diwarlaryny içinden urup, daşyna ýykmagy buýrupdyr. «Bu belent diwarlar diñe ejizler üçindir. Meniň galam gylyç-galkanym we özümdirin» diýip, şöhratly türkmen serdary märekä ýüzlenipdir. Türkmenleriň söweş tärlerini jikme-jik öwrenmäge ymtylan britan generaly ser Jon Glabb häzirki zamanda parahatçylygy saklamakda hem Seljuk hökümdarlarynyň parasatly syýasatynyň gymmatly çeşme bolup biljekdigini belleýär. Bu babatda ol ayratyn hem Alp Arslanyň şöweş we döwleti dolandyryş syýasatyndan mysallary getirmek bilen onuň belent adamkärçilik sypatlaryna ünsi cekýär. Malim bolşy ýaly, taryhy Malazgirt söweşinde Alp Arslan uly yeniş gazanýar Wizantiýa imperatory Roman IV Diogeni yesir alýar. Saparmyrat Türkmenbaşynyň belleýşi ýaly, Alp Arslanyň Malazgirt söweşindäki gazanan ýeňşi türkmenlere Rum yurdunyň derwezesini açdy we Anadolydaky seljuk türkmenleriniň döwletiniň esasyny goydy. Malazgirt söweşi türkmenleriň ýokarda ýatlanylyp geçilen ajaýyp söweş tärleriniň we yay ulanmak ussatlygynyň ajayyp nusgasy boldy. Türkmenler soweşde özlerine göwni yetyan Wizantija goşunlaryny duzaga duşürip amana getirýärler. 1071-nji ýylyñ 19-njy awgustynda daşy gabalan imperator Diogen yesir alynýar. Alp Arslan mysapyra öwrülen bu imperatora şalara mahsus dereje bilen hormat edýär. Ony myhman hökmünde baş serkerdäniň çadyrynda kabul edýär. Soňundan hem birgiden altyn-kümşi sowgat berip, ony ýurduna ugradýar. General Glabbyň belleýşi ýaly, Diogene şeýle hormat bilen garan rehimsiz we gazaply hasaplanýan türkmenler bilen deňeşdirende, onuñ Wizantiýa köşgündäki rayatlary beýle bolup bilmediler. Olar Diogeniñ yesir düşdi habary gelen badyna onuñ in kiçi ogly Mikail Dukasy imperatorlyga saylamak bilen boldular. Watanyna uly sylag-serpaýlar bilen gaýdyp baran öñki imperatoryñ garaşmadyk zadyny edip. zyndanda onuň gözüni oýdular. Kakasyna şeýle ýokary derejede gatnaşyk eden Alp Arslan soltana ýaş imperator Mikail tizara minnetdarlyk habaryny iberipdir we Diogeni öldürenleriñ dönüklerdigini gizlin çaparyň üsti bilen ýetiripdir. Indi Mikail Dukas Alp Arslandan Wizantiýa köşgüni dönüklerden arassalamakda we haçparaz normandlardan goramakda kömek soraýardy. Emma Alp Arslan Diogeni ýurduna yollanson, watanyna ýola düşüpdi. Onuň ýerine galan Süleymanyň ogly Gutulmyş Mikail Dukasa kömege barýar we bilelikdäki Seljuk-Wizantiýa goşuny bilen dönükleri we normanlary yurtdan kowýarlar. Normanlylaryň öňbaşçysy we Diogenin öldürilmegini guran Roussel de Bailleul ele salynýar. Normanlara garşy uruşda Wizantiýa goşunynyň baş serkerdesi Kerdesi Aleksu Aleksus Komneus (ol son Wizantiýa imperatory derejesine çenli yetýär) türkmenler bilen egin-egine berip söweşýär. Aleksus Komneusyň imperator saylanmagynda hem türkmenleriň uly täsiri bolupdyr. Alp Arslan 1072-nji ýylda Amyderýanyň kenarynda ýesir alnan kiçeňräk gala hökümdarynyň elinden garaşylmadyk ýagdaýda wepat bolýar. Soltanyň alnyna getirilen ýesire duýdansyz we çaltlyk bilen sakçynyň hanjaryny silkip alyp, ony Alp Arslana urmak başardýar. Beýleki tarapdan Alp Arslanyň özi hem beýle beýle dönüklige garaşmandyr. Hatda ol ýaýy atmaga häzirlenen janpenanyň goluny sowup ýetişipdir we soltana darap, diri galan ýesir göz-açyp ýumasy salymda öz gara maksadyna ýetipdir. Emma bu yerde taryhçylar Alp Arslana kast edilmeginde dildüwşügiň hem bolandygyny güman edýärler. Onuň Diogeni hormatlaýşyndan we Wizantiýa babatda basybalyjylyk däl-de, hyzmatdaşlyk syýasatyna geçmeginden birnäçe köşk emeldarlarynyň närazy bolandyklary şol wagtlar hem aýandy. Bu pajygaly waka 1072-nji ýylyň 1-nji dekabrynda bolup geçipdi. Glabbyň belleýşi ýaly, şöhratly türkmen hökümdary Alp Arslanyň mertligini onuň merdana ömür ýolunyň täji hökmünde adamzat nesillerine beýan etmeli. Bu dünya bilen hoşlaşýan çagy Alp Arslan öz yakynlaryna men-menlik etmezligi sargaýar we: «Men elmydama-da duşman üstüne Allany çagyryp yöriş ederdim. Yone düýn welin, kiçiräk depä çykyp töweregime ser salan wagtym zemini sarsdyrýan goşunymy gördüm. Şonda meniň kelläm göçüp birsellem Alladan daş düşüpdirin we: «Men bütin jahanyň soltany we maňa taý geljek yokdur» diýip gygyranymy duýmandyryn. Şonuň üçin hem Alla bir mysapyr ýesiriñ eli bilen meniň janymy alyar. Ey, Alla, meniň men-menligimi geçireweri» diýip, soňky demini alýär. Şohratly we merdana türkmen soltany Alp Arslan bary-ýogy 40 yaşly yigit çagynda dünýäden ötdi we Merwe getirilip jaylandy. Onuň mazarynyň üstünde zyýaratçylar üçin şeýle yazgy galdyrylypdyr: Alp Arslanyň al asmana galkynan, Buýsançly başyny owal gördügin. Sen menin yurduma - Merwe gel-de Synla menin sessiz yatan gördügim - Topraga duwlandy mysapyr kelle. Glabb öz kitabynda bu setirleriň iňlis dilindäki terjimesini getirýär. Bu setirleri okanyňda, tolgunman saklanyp bolanok. Bu makala Jon Bagot Glabbyň "Imperiýanyň taryhy ugry" atly kitabynyň esasynda inlisçeden türkmençä terjime edilip taýýarlandy (The Course of Empire. John Bagot Glubb (Glubb Pasha), Prentice-Hall, Inc. Englewood Cliffs, New Jersey, USA, 1966). Begenç GARAÝEW, filosofiýa ylymlarynyň doktory. "Edebiýat we sungat" gazeti, 28.04.2006 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |