09:57 Güýz barada | |
GÜÝZ BARADA
Edebi makalalar
Gadymy Rimde ýyl 10 aýa bölünipdir we şol döwürde oktýabr sekizinji aý bolupdyr. Soňlugy bilen ýanwar hem fewral aýlarynyň goşulmagy bilen 12 aý emele gelen-de bolsa, onuň ozalky ady saklanyp galypdyr. Güýzde Günüň şöhlesiniň peselýändigi sebäpli, ýapraklara gerekli ýagtylyk ýetmeýär. Ýapraklarda bolsa karotinoidler höküm sürüp başlaýar. Ol ýapraklarda gyzyl, sary, mämişi tegmilleri emele getirýär. Şeýlelikde, ýapraklar güýz paslyny özleriniň täsin reňkleri bilen bezeýärler. Gyş paslynda ýyly ýerlere göç edýän guşlar güýzde ýola düşýärler. Olardan iň uzak ara uçýan guşlar Demirgazyk symruglar bolup, olar 17 müň 700 kilometrlik ýoly geçýärler Güýzde ýapraklaryň tänmegi, ýagşyň köp ýagmagy ýaly tebigy üýtgeşmeler adamlaryň ruhy dünýäsine oňaýly täsir edýär. Alymlaryň geçiren barlaglaryna görä, güýz paslynda adamlaryň ýürek kesellerine duçar bolmak howpy ep-esli azalýar. Ýer şarynda ekwatoryň töwereginde hiç haçan güýz pasly bolmaýar Täze Zelandiýa we Awstraliýada güýz resmi taýdan 1-nji martda başlanyp, 31-nji maýda tamamlanýar. Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Gurbanjemal EGIRJÄÝEWA, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. #"Edebiýat we sungat" gazetinden alyndy | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |