08:40 Gyrgyz hekaýatlary | |
GYRGYZ HEKAÝATLARY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
• BAGTYŇ GÖZLEGINDE Iki sany ýetginjek akyldaryň ýanyna gelip, bagtyň nämededigini bilmek isläpdirler. — Siz köpügören adam. Bize bagtyň nämedigini, nädip bagtly bolmalydygyny düşündiräýseňiz! — diýip, olar akyldara ýüzlenipdirler. — Eger siz bagtyň ysyny almak isleseňiz, aňzakly gyşyň yzysüre bütin tebigaty janlandyrýan baharyň ilkinji günlerinde sonarly sähradaky gülleriň ysyndan melul bolup görüň! Eger-de siz bagtyň sesini eşitmek isleseňiz, ony söýgi hakynda saýraýan bilbiliň owazyndan tapyp bilersiňiz. Häzir siziň bagtyňyz durmuşyň ajysyny-süýjüsini başyndan geçiren gojalaryň gowulygy ündeýän öwüt-ündewlerine eýermek we bilimden goruňyzy ýetirmekdir. Ine, ýigit çykarsyňyz, şonda bolsa öz Watanyňyzyň goragynda durmakdan we il-günüňize haýyrly işleri amal etmekden uly bagt bolmaz — diýip, akyldar düşündiripdir. • SYR — Ähli çagalaryňyzy öýli-işikli etdiňiz, agtykly bolduňyz, onda-da şol owadanlygyňyzy saklaýaňyz, munuň syryny aýdaýsaňyz — diýip, bir zenandan nädip owadanlygyňy saklamagyň we ýaş görünmegiň syryny sorapdyrlar. — Enäniň ýaş görünmegi köp babatda, onuň çagalaryna bagly. Ene köplenç iki ýagdaýda garraýar, bir-ä çagalary biedep bolup, alada baryny berende, birem perzentleri öz ýanýoldaşlary bilen oňuşman, öýde dawa-jenjel köpelende. Hudaýa müňdebir şükür edýän, meniň-ä çagalarymam, gelinlerimem alada goýanoklar, gaýtam olar meni alada edýärler. «Näme kem zadyň bar?» diýşip, mydama halymdan habar alyp durlar. Şonuň üçin-de, mydama ruhum belent, saglygymdanam nalamok. Şeýle bagtyýar durmuş hemmelere nesip etsin! — diýip, ol syry sada, ýöne anyk edip aýdypdyr. • DYMMAKLYK — ALTYN Bir ýaşuly guş bazaryna baryp, totuguş satýan satyja ýüzlenipdir. — Bu totuguşuň bahasy näçe? — Bäş ýüz som. — Ol nämäni başarýar? — Ol adamlaryň aýdanlaryny gaýtalaýar, hatda sögünmegi-de başarýar. Ýaşuly soň onuň gapdalynda duran beýleki totuguşy görkezip: — Munuň bahasy näçe? — diýip sorapdyr. — Ol üç ýüz som. — Näme üçin?— diýip, ýaşuly gyzyklanypdyr. — Sebäbi ol adamlaryň ähli sözüni gaýtalap bilenok, üstesine sögünmegi-de başaranok. — Onda, sen maňa bäş ýüz soma şu totuguşy beräý. — Näme üçin? — Gerekmejek sözleri aýdanyndan dymany gowudyr. Ata-babalarymyz «Dymmaklyk — altyn» diýip, ýönelige aýtmandyrlar ahyryn — diýip, ýaşuly gelen netijesiniň sebäbini düşündiripdir. • AKYLDARYŇ JOGABY Bir akyldardan sorapdyrlar: — Adam üçin iň gymmatly zat näme? — Seniň ýitiren zadyň — iň gymmatly zadyňdyr. Ol göwrümi boýunça uly bolsa-da ýa-da kiçi bolsa-da ýüregiň bir parçasyny ýitiren ýaly bolýarsyň. — Islendik adamyň özge närse bilen çalşyp bolmajak zady nämedir? — diýip, ýene oňa ýüzlenipdirler. — Enäniň mylaýym hem ýakymly mähri — diýip, ol kesgitli aýdypdyr. • ÝAŞYŇ GÜÝJI Akyldardan ynsan ýaşynyň täsiri-güýji hakynda sorapdyrlar. Ençe gary basgylan akyldar şeýle jogap beripdir: — Eger 20 ýaşyna çenli güýji-kuwwaty bolmadyk kişide ondan soňam bolar diýip pikir edip oturmaň. 30 ýaşdaky adamyň aň-paýhasy ýeterlik bolmasa ondan soňam ýüze çykmajakdygy bellidir. Eger 40 ýaşda bürgüt gujury bolmadyk adam soňam bürgüt ýaly galkynyp bilmez. Eger 50 ýaşa çenli rysgal-baýlygyň eýesi bolmadyk kişiden soňam oňa eýe bolar diýip asla umyt edip oturmaň. • KÖP WE ÝEKE-TÄK Bir ýigit dana kişiniň ýanyna gelip, adamyň bagtyýar ýaşamagy üçin nämäniň köp bolmagynyň zerurdygyny sorapdyr. — Adamyň uzak ýaşamagy üçin onuň janynyň sag, bedeniniň berk bolmagy derwaýys — diýip, dana düşündirmäge başlapdyr. —Ynsanyň haýyrly işleri ýaran edinip, şerden daşda durmagy üçin aň-paýhas zerur. Köp pul, ýeterlik rysgal-baýlyk adamyň bol-telki durmuşda ýaşamagy üçin zerur. Ýöne durmuşda iň bagtyýar maşgalanyň hojaýyny bolmak üçin köp zat däl-de, ýeke-täk çyn syrdaş, hak ýoldaş, göwün köşgüň eýesi bolan zenanyň — ýanýoldaşyň bolmagy has wajypdyr. • ÝITGI Aýdyşlaryna görä, bir ýigit ep-esli möçberdäki puluny ýitiripdir. Ol baran-aýlanan ýerlerini näçe barlap görse-de, ýitiren pulundan uç tapylmandyr. Onça möçberdäki puly ýitiren ýigit näme etjegini bilmän sussupes halda barýarka oňa bir ýaşuly gabat gelipdir. — Hä, ýigit, ne beýle sus görünýäň? — diýip, ol ýigide ýüzlenipdir. — Men sus bolman kim sus bolsun? Näçe ýyl bäri güzeranymdan artdyryp, ýygnap-ýygşyran pulumy ýitirdim. Indi asla uç tapyp bilemok. Heý-de, ep-esli puluňy ýitirersiňde keýpiň bolarmy? — diýip, ol gussaly halda jogap gaýtarypdyr. — Onuň üçin dagy beýle gam-gussa batyp oturarlarmy? Seniň entek ýaş başyň bar-a! Janyň sag bolup dursa, puly ýene gazanyp bilersiň. Puluňy ýitirmegi hiç zadyňy ýitirmedik ýaly hasap et-de, göwnüňi giň tut. Ine, wagtyňy ýitirmek welin öwezini dolup bolmajak ýitgidir. Eger-de ynam-umydyňy ýitirseň-ä, asyl özüňi ýitirdigiň hasap etmeli. Ynha, sen şular barada pikir et — diýip, ol maslahat beripdir. Onuň bu maslahaty häliden bäri aljyrap, gam-gussa batyp oturan ýigidiň göwnüne azda-kände bolsa-da, giňlik beripdir. • ÖMÜR Iki goja geçen günleri ýatlaşyp, öz aralarynda derdinişýärler: — Ömür uzak aralyga ylgaw ýaryşy ýaly bir zat ekeni. Ol geçenden soň yzyňa äňedip görseň, sähel salym geçen ýaly bolaýýar ekeni. — Wah, hawa-la, ýaşyň myşlara ýetip, gojalyk egniňe münenden soň, öňki güýjüňem, kuwwatyňam galmaz ekeni. — Hakykatdan-da şeýle. Ynsan ömri dört aralyga bellenen ylgawa meňzeýär. Doglandan ýedi ýaşyna çenli adam entek per-ganatsyz, etene guşa meňzeýär. Ýedi ýaşdan on dört ýaşyna çenli entek uçup bilmese-de, ylgamaga werziş bolan guş mysaly bolýar. On bäş ýaşdan elli ýaşa deňeç adam durmuşda doly aýaga galyp, uçýan döwri hasaplanýar. Bu döwür ähli zada özboluşly garalýar. Elli ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli adamyň güýç-kuwwatynyň pese gaçyp, ähli zat adamyň diline geçip başlaýan döwrüdir. • SÖZ Ýüzi nurana goja bilen agtygynyň özara gürrüňi uzaga çekipdir. Olar dünýä, ýaşaýyş, durmuş, adalat, halal, haram hakynda uzak söhbet edipdirler. Özara söhbetdeşlikleriniň arasynda agtygy köpden bäri anyklajak bolup ýören sowalynyň jogabyny biljek bolup atasyna ýüzlenipdir: — Okan eserlerimde söz hakynda, kitap barada köp zat aýdylypdyr. Eýsem, sözüň güýji nämede? Nazaryny alyslara diken atasy şeýle diýipdir: — Söz bilen çöken göwünleri galkyndyryp bolýar, şol bir wagtda şadyýan kişini gam-gussa-da batyryp bolýar, hatda adamyň göwnüne öçmejek ýara-da salyp bolýar. Söz syr berip, syr alşyp ýörenleriň arasyna tow düşürip, dosty duşmana-da öwrüp bilýär. Sözleri ýedi topara bölmek mümkin: Birinji, hapa sözler, köplenç pes ahlakly kişileriň ulanýan bu sözlerine paýyş, igenç, käýinç sözler degişli. Ikinji, manysyz sözler. Käbir kişileriň warsaky urup, ulanýan many-mazmuny bolmadyk sözleri muňa degişli. Üçünji, ýakymly sözler, ol adamlaryň göwnüni galkyndyryp, mähirli, ýakymly duýgy döredýär. Dördünji, altyn sözler, ynsanyň kalbyny heýjana salyp, hat-da baýlygyny eçilmäge-de taýýar edýän sözler. Bäşinji, gyzyl sözler, bu köplenç suhangöýleriň köpçüligi özüne imrindirip, adamlarda ynanjy döredýän, uruşly ynsanlary ýaraşdyrýan sözleri. Altynjy, pygamberleriň sözi, olara manysyny üýtgedip bolmaýan sözler degişli. Ýedinji, mukaddes sözler, muňa ynsanyň göwnüniň iň töründen syzylyp çykýan sözler degişli. Oglum, bilip goý, bu sözleriň ählisi ony aýdýan adama baglydyr. • SARGYT Bir goja kişiniň oglunyň işi şowuna bolup, barha baýap başlapdyr. Elbetde, rysgal-berekediň artsa oňa ýetesi zat barmy?! Ýöne bir ketje ýeri, ol baýadygyça husytlyga ýüz urup, bir manadyny iki etjek bolup, gije-gündiz hars urmaga başlapdyr. Durmuşda ençe çarşenbäni başyndan geçiren kişä oglunyň bu hereketleri ýaramandan soň, oňa öwüt-ündew edipdir. Emma baýlygy dünýäniň barlygy hasaplap başlan ogly kakasynyň ündewine gulak asmandyr. Goja bir gün erbet näsaglapdyr. Lukmanyň bellän dermanlary onuň ýagdaýyny biraz gowulandyrsa-da, doly aýaga galybermändir. Onsoň goja ogluny ýanyna çagyrypdyr-da: — Oglum, meniň saňa bir möhüm sargydym bar — diýip, oňa ýüzlenipdir. — Aýdyň, men gulak asýan — diýip, ogly kakasynyň ýumşuny ýerine ýetirmäge taýýar halda dillenipdir. — Meniň halym peselip barýana meňzeýär. Eger meniň kazam dolup, aradan çykaýsam jaýlanyňyzda aýagymdaky jorabymy çykarmazlygyňyzy sargyt edýärin. Kakasynyň bu sargydy ogluny geň galdyrypdyr, ýöne pederiniň sargydyny ýerine ýetirmezligi-de birhili görüp: — Bolar, siziň islegiňizi etmesek bolmaz ahyryn — diýip dillenipdir. Şondan birnäçe gün geçenden soň, ol aradan çykypdyr. Gojany däp-dessura laýyklykda jaýlamakçy bolanlarynda ogly obanyň mollasyna kakasynyň sargydyny aýdypdyr. — Kakamyň sargydyny ýerine ýetirmesek bolmaz-a — diýip, ol özelenipdir. Emma molla ony oňlamandyr: — Ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurymyza garşy gitjek bolma! Iliň edýänini etmesek bolmaz — diýip, molla kesgitli aýdypdyr. Gojanyň ogly öz diýeniniň ýer almajakdygyna gözi ýetenden soň näme etjegini bilmändir. Onýança merhumyň aýagyndan jorabyny çykarmaga başlapdyrlar. Şol wagt hem jorabyň içinden bir bölek kagyz gaçypdyr. Ony ogluna beripdirler. Onda şeýle ýazgy ýazylan ekeni: — Oglum, adam dünýäniň ähli baýlygyny ýygnasa-da, amanadyny tabşyranda, bir jübüt joraby-da alyp gidip bilmez. • ARZUW Birwagtlar dag etegindäki obada belli tebip ýaşapdyr. Ol daga gidip, dürli dermanlyk ösümliklerini ýygnapdyr. Şolardan, şeýle-de ýylanyň zäherinden hem dürli dermanlyk serişdelerini taýýarlap, näsaglary bejeripdir. Üýtgeşik zehinliligi, dogabitdi hoşamaýlygy, haýyr-sahawatlylygy bilen ol il-günüň hormat-sylagyna mynasyp bolupdyr. Aý-güne salym barmy?! Il-güne elinden gelen kömek-ýardamyny edip ýören tebip gojalyk ýaşyna ýeten günleriň birinde düýş görüpdir. Düýşünde ak eşikli bir nurana kişi onuň ýanyna gelip, ençe adamyň keselini bejerip, ömrüni uzaldany üçin oňa isledigiçe ýaşy bagyş etjekdigini aýdypdyr. — Siz meniň töweregimdäki dogan-garyndaşlarymyň, dostlarymyň, deň-duşlarymyň ýaşyny hem uzaldyp bilersiňizmi? — diýip, tebip sorapdyr. — Ýok. Sen il-güne haýyr-sogaply işleri edeniň üçin, ençeme näsaglary bejereniň üçin diňe saňa uzak ýaş bermek isleýärin — diýip, ol jogap beripdir. — Dost-ýarym bilen degşip-gülşüp wagty hoş geçirmejek bolsam, dogan-garyndaşlarym bilen şatlygymy deň paýlaşyp, gaýgymy deň çekişmejek bolsam, olaryň her biri aradan çykanda bagrymy paralap gynanjak bolanymdan maňa uzak ömür hökman däl. Berlen ömri diňe ýagşy wakalara besläp geçirmek miýesser etse bolany — diýip, ýürek arzuwyny beýan edipdir. • GUWLARYŇ GÜRRÜŇI Bir gün öý guwy howluda gezip ýörkä ýokardan uçup gelen ýabany guwa gözi düşüpdir. Ganybirlik özüne çekýän bolarly, öý guwy haýdap onuň ýanyna barypdyr-da, onuň halyndan habar alypdyr. — Näme üçin sen alys ýurtlara uçup gidýärsiň? Özüňe iýmitdir ýylylyk gözläp kösenip ýörsüň. Gowusy, biziň ýanymyzda gal. Gör, men nähili bagtly, ýagyşdan, gardan goraýan ketegim bar, iýjek iýmitimi hojaýynym getirip berip dur. Iýmit gözläp kösenjek gümanym ýok. — Hawa, meniň durmuşym, biraz aladaly. Ýöne men muňa gynanamok, seniň durmuşyňy hem höwes edemok. Çünki seniň bütin ömrüň şu howlynyň içinde geçýär. Sen bulutlaryň deňine galyp uçmagyň lezzetinden mahrum. Asmanda pelpelläp ýere ýokardan seretmegiň özem bar zada degýär ahyryn — diýip, ol öz durmuşynyň lezzetini beýan edipdir. • BALARY WE HASABAT — Bir kilogram baly ýygnamak üçin siz 68 müňe golaý gezek balarylaryň ýaşşigi bilen gülleriň arasyna gatnamaly bolýarsyňyz diýýärler welin, şol çynmy? — diýip, balarydan sorapdyrlar. — Men ol zatlary hasaplap ýöremok. Bagyşlaň welin, meniň ownuk zatlara güýmenip ýörere wagtym ýok — diýipdir-de, balary ýene bal ýygnamak üçin güllere tarap uçup gidipdir. • BAGT GUŞY Gadymy döwürde dagy etekläp oturan obada belli akyldar ýaşapdyr. Ol durmuş tejribesine esaslanyp, adamlaryň durmuşynda boljak wakalary öňünden aýdyp bilipdir. Şonuň üçin-de obadaşlary ony hormatlapdyrlar, sylapdyrlar. Günlerde bir günem onuň ýanyna iki sany ýaş juwan gelipdir. — Durmuşda bir-birimize bolan söýgimizi mydama saklamak, bir-birimizi hormatlap, uzak ýyllaryň dowamynda bagtyýar ýaşamak üçin biz näme etmeli? — diýip olar sorapdyrlar. — Bagtyň, bagtyýar durmuşyň açary siziň öz eliňizde. Her kim öz bagtyny özi tapmaly, bagtyýar durmuşy özi gazanmaly. Esasy zat, bagtyňy tapanyňdan soň ony saklamagy-da başarmak gerek. Aýdyşlaryna görä, bagt guşy ýedi gezek adamyň başyna gonýar diýilýär. Siziň bu dünýä inmegiňiz bagtyň ilkinji gezek başyňyza gonanlygydyr. Bagta alyp barýan ilkinji ädimler siziň ata-eneňize baglydyr. Şonuň üçin ata-eneňizi mydama hormatlaň, sarpalaň! Adam on ýaşyna ýetip, öz ýakyn garyndaşlaryny, doganlaryny gowy tanap başlanda bagt guşy ikinji gezek onuň başyna gonýar. Şonuň üçin doganlaryňyz, ýakyn garyndaşlaryňyz bilen gatnaşygyňyzy mydama gowy saklamaga çalyşyň! Üçünji gezek bagt guşy ýakyn dostlaryňyzyň görnüşinde gabat gelýändir. Şonuň üçin ynamdar syrdaş bolan dostlaryňyz daşyňyzy gallap dursa, durmuşda gabat gelen ähli kynçylyklaryýeňip geçersiňiz, ýetilmejek sepgidiňiz, almajak galaňyz bolmaz. Dördünji gezek bagt guşy söýginiň keşbinde size gabat geler. Söýgi adamy jadylaýjy duýgudyr. Ol hatda gorkagy-da batyr etmäge ukyplydyr. Ýöne iň bir güýçli duýgy-da, özüne gözegçilik edilmegine mätäçdir. Şonuň üçin söýgini gorap saklaň, şonda siziň durmuşyňyz şatlyga beslener. Bäşinji gezek bagt guşy hünär saýlap bileniňizde başyňyza gonar. Gowy görýän hünäriňiziň eýesi bolup, öz zähmetiňizden lezzet alsaňyz, özüňizi mydama maddy babatdan-da, ruhy taýdan-da bagtyýar duýarsyňyz. Altynjy gezek bagt guşy siziň jägildäp dünýä inen çagalaryňyz bilen bile başyňyza gonar. Çagaňyzyň dünýä inmegi siziň durmuşyňyza täze öwüşgin paýlar we size görülmedik güýç we kuwwat berer. Çagalaryňyz size özüňiziň ýetip bilmedik sepgitleriňize ýetmäge mümkinçilik döreder. Iň soňky ýedinji gezek bagt guşy siziň ömrüňiziň şapagynda başyňyza gonar. Şonda siz geçilen günlere ser salyp, amala aşyran işleriňiz, eden hereketleriňiz üçin özüňizden razy bolsaňyz durmuşda manyly ýaşandygyňyz üçin özüňizi bagtly hasaplap bilersiňiz. Bagt guşy başyňyza gonanda ony saklamagy başarmak bolsa, diňe özüňize bagly. Ine, esasy zat, şony başarjak boluň! — diýip, akyldar sözüni jemläpdir. • ÝÜREK HAÇAN DYNÇ ALÝAR? Adamyň beden agzalary bolan iki sany gulakdyr göz we agyz bir gezek öz aralarynda haýsynyň köp dynç alýandygy barada gürrüň edipdirler. — Biz daş-töweregimizde goh-galmagal bolmasa, asudalyk, rahatlyk bolanda dynç alýarys — diýip, iki gulak hem aýdypdyr. — Biz haçan-da hojaýynymyz uklanda dynç alýarys — diýip, gözler dillenipdirler. — Men haçan-da gulaklar diňleýän wagty dynç alýaryn — diýip, agyz aýdypdyr. — Biziň üçimizem dynç almaga wagt tapýar ekenik. Ýöne ine, ýürek haçan dynç alýarka? Ol adam doglandan tä soňky pursadyna çenli işleýär ahyryn — diýip, pikire batan gulaklar beýlekilere soragly bakypdyrlar. Olaryň üçüsi-de bu sowal bilen ýürege ýüzlenipdirler. — Gijedir gündiz dynç alman nädip sen işläp bilýärsiň? — Men hojaýynym ýürekdeş adamlary bilen hezil edip söhbetdeş bolanda dynç alýaryn — diýip, ol jogap beripdir. • ÝÜREGE BARÝAN ÝOL Tokaýyň golaýyndaky obada ýaşaýan bir ýaş gelin ejesiniň ýanyna gelip, adamsyndan zeýrenip başlapdyr. — Adamym bilen oňuşyp bilemok. Eje, özüň bir maslahat beräýmeseň, men-ä näme etjegimi-de bilýän däldirin. — Tokaýa git-de, ýolbarsyň murtuňdan iki sany gylyny maňa getirip ber — diýip, ejesi kesgitli aýdypdyr. — Wah, eje jan, bu ýerde ýolbarsyň näme dahyly bar? — diýip, ol geň galmak bilen sorapdyr. — Sen aýdylan tabşyrygy ýerine ýetir! Aýdylany edilmese bolmajagyna gözi ýeten gelin tokaýa gidipdir we birinji gün ýolbarsy daşyndan görüpdir. Ikinji gün biraz golaýlaşypdyr. Üçünji gün bolsa eline biraz et alyp, ýolbarsyň öňüne oklapdyr. Dördünji, bäşinji gün hem ýolbarsy et bilen iýmläpdir. Altynjy gün etden gowy garnyny doýran ýolbars uklapdyr. Pursatdan peýdalanan gelin onuň murtundan iki sany gyly alypdyr-da, ejesine getirip beripdir. — Zenan maşgala göwnese ýolbars ýaly ýyrtyjy haýwany-da köşeşdirip, göwnünde beslän zadyny amal edip bilýändigini gördüň dälmi?! Indi sen öz ýanýoldaşyňyň ýüregine barýan ýoly tapmagy-da başararsyň — diýip, ejesi gyzyna ynam edipdir. • AWDA Iki awçy daga aw etmek üçin ýola düşüpdirler. Biri ençeme ýyllar bäri aw edip ýören tejribeli awçy, beýlekisi bolsa ýaş, ýöne tüýs ýigriminiň dälijesi diýilýän ýaşdaky ýigit. Gidip baryşlaryna olar belentlikde otlap ýören dag goçuny görüpdirler. «Bäh, öz-ä daýaw ekeni, şahlary dagy burum-burum» diýip, içini gepleden ýaş ýigit tüpeňini oňa çenäp, atmaga häzirlenipdir. — Saklan! — diýip, tejribeli awçy ony saklapdyr. — Hä, näme boldy, näme üçin meni saklaýaňyz?— diýip, ol sorapdyr. — Ol ýöne-möne dag goçy däl. Ol süriniň serkerdesi, ony atsaň, tutuş süri serkerdesiz galar. Soňra olar ýoluny dowam etdiripdirler. Biraz ýöränlerinden soň olaryň gözi çagasyny emdirip duran keýige düşüpdir. Ýaş awçy ýene tüpeňine ýapyşypdyr welin, tejribeli awçy ýene ony atmakdan saklapdyr. — Indi näme boldy? — diýip, ol nägilelik bilen dillenipdir. — Göreňokmy, ol çagasyny emdirip dur. Heý, ýaş çagaly keýigi-de atyp bolarmy? Eneler çagasyny emdirýän wagty hatda öýe-de girilmeýär ahyryn — diýip, tejribeli awçy düşündiripdir. — Onda men nämäni awlaýyn? — Awçylyk gabat gelen jandaryňy awlamak däldir. Ol örän inçeligi talap edýär. Nämäni awlamalydygyny gowy bilmeli, çünki senden soňky nesil hem şu ýerlerde aw etmeli. Şonuň üçin sürini serkerdesiz goýmaly däl, çagany enesinden jyda düşürmeli däl, haýwanlara zyýan-zeper ýetirmeli däl. Awçylyk tebigatyň eçilen baýlygyny netijeli peýdalanmakdyr — diýip, ol düşündiripdir. Kanybek IMANALIÝEW, Gyrgyz Respublikasy. Terjime eden: Soltanýaz ŞAÝYMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |