17:50 Gyz eneden görelde almasa... | |
GYZ ENEDEN GÖRELDE ALMASA...
Bir gün hezreti Muhammet pygamberden: «Allatagalanyň musulman bendesine eçilen iñ ajaýyp sowgady name?» diýip sorapdyrlar. Ol: «Hoşgylawlylyk we ajap ahlak» diyip jogap beripdir. Hawa, imanlylyk tarapdan baha berilmeli bolsa, doly manysyndaky musulman bendesi bolmak üçin ajap ahlakly bolmaly. Bu aýratyn-da zenan maşgala degişlidir. Her bir zenan maşgala özüniň häsiýeti boyunça edep-ekramly, utanç-haýaly, päk ahlakly, saýhal-salyhatly bolmaga borçludyr. Ýöne her näçe gynansak-da, durmuşda ahlagyny, utanç-haýasyny bir çete zyňyp, il gözünden düşýänlere-de gabat gelmek bolýar. Şeýle biedepleriň köpüsiniň ýaş gyzlar bolmagy welin, dogrusy, degnaña degýär. Ilçilikde "Geýmiñe seredip garşy alarlar, aklyňa seredip ýola salarlar" diýen düşünje bar. Bu düşünjäniň nähili ýerlikli aýdylandygyna, adamyň içki dünýäsine daşky gözelligine görä baha berilmeli däldigine bir wakanyň üsti bilen yene bir ýola göz ýetirdim. Ine, türkmeniň milli lybasy - keteni köýnegini geýip, üst-başyndaky kümüş şaý-sepleriniň agramyndan-da agras, assa basyp, uz ýöräp şähere baýramçylyk gezelenjine çykan gyzlar. Olaryň görküne görk goşýan milli egin-eşikli bu görnüşi daş-töwerekden syn edip duranlary guwandyryp, buýsanjyny artdyrýar. Ýöne bu gözellik birdenkä bozulýar oturyberýär. Şeýle daşky gözellige maýyl bolupmy ýa-da «keýpine şärik» diýleni, bilmedim welin, bir yigit ýaňky gyzlaryň birine lak atan bolýar. Muña jogap edip, ol gyz paýyş sözüni aýdýar, beýleki joralary-da muña gyz maşgala gelişmejek ýakymsyz, gödeksi äheňde gülüşýärler. Ine, saňa gerek bolsa, grek akyldarynyň bir wagtky aýdyp geçen içki we daşky gözelligiň sazlaşygynyň bozulmagy hakyndaky pikirine delil. Magtymguly atamyz bolsa muny "Magtymguly, syn gerekdir gözele" diýen setirlerinde aýdyp geçipdir. Hawa, her bir adam, onda-da gyz maşgala diñe daşky görnüşine timar bermek bilen çäklenmeli dal, onuň ozaly bilen häsiýetine, tertibine syn bermegi gerekdir. Biziň käbir gyzlarymyz bar, göräymäge, akylly-düşünjeli, göze-başa düşüp duran ýeñil hereketleri-de ýokdur, emma türkmeniň egin-eşik geýmek kadasyna asla laýyk gelmeýän görnüşde geyinmegi, isleseň-islemeseň, olaryň edebi barada pes pikir ýöretmäge sebäp bolýar. Geýnişiñ öz milliligiñe laýyk gelmese, kyn, gelşiksiz ýagdaýa salyp bilýändigine degişli bir mysal bereýin. Paýtagtymyzda birnäçe awtoulag mekdepleri bar. Olaryň birinde okamak maña-da miýesser etdi. Haçan-da, öz bile okamaly toparyma gelenimde, ondaky öwrenijileriň tas hemmesi diyen ýaly gyzlardy. Men dogrusy, muny geñ görüp hem durmadym. Sebabi soňky döwürde sürüjülik hukugyny beryan şahadatnamany almaga isleg bildirýänleriň arasynda gyz-gelinleriñ-de köpdügi indi täzelik dal. Bu ýagdaýy bizi okadyan mugallym hem geňläp durmady. Ýöne ony başga bir «täzelik» geñ galdyrdy. Ol resmi tanyşlyk üçin öwrenijileriñ ady bilen familiýasyny okamaga başlanda, türkmen familiyasyna we adyna yerinden turup "men" diyip jogap beren gyzyň türkmendigine birbada ynanmady, gaýtalap sorady. Ol gyz bolsa (mugallym rus bolany üçin rus dilinde) "Elbetde, men türkmen, pasportymy görkezeýin" diydi. Mugallym bolsa "Meniñ bu ynanmazçylygymy gaty görmäň, siz ýewropa geýnüwli bolanyňyz üçin daşary ýurtla meňzeýärsiňiz" diyip ýylgyrdy. Bu gysgajyk sorag-jogabyň aňyrsynda oýlanmaga çuňňur esas bar. Türkmendigini pasportyny görkezip, subut etmeli bolsa, ol gyzyň daşky görnüşiniň näderejede özgerendigini biliberiň onsoň. Elbetde, döwür üýtgeýär, döwre görä adamlaryň käbir zatlara bolan gatnaşygy özgerýär. Egin-eşik meselesinde hem ýaşlarymyzyň häzirki zamana görä geýinmek islegi artdy. Olara muny düýbünden gadagan edýän ýok, edip hem bolmaz, ýöne hemme zadyň hem öz çeni-çaky bar ahyryn. Munuň añyrsy bolsa, ýene-de terbiýä gelip direýär. Bu meselede gyzlara ene-atasy erkinlik berip. gowşak tutýandyr diyen netijä gelinyär. Sebäbi Gorkut atanyň şeýle sözleri bar: "Gyz enesinden görelde almasa, öwüt almaz, ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz". Ol ýaşlaryň terbiyesine gönüden-göni ene-atanyň jogapkärdigini aydyň subut edyär. Her bir adam Allatagalanyň sowgat hökmünde eçilen ajap ahlagyna, belent adamkärçiligiine, edep-ekramyna eýe bolmaga borçludyr. Bu onuň ynsanlyk parzydyr. Biziň güler ýüzli ýigitlerimiziñ gül ýüzleriniň solmazlygy üçin gyz maşgalanyň girim-çykymyna gözegçilik edip durmak, ony türkmen ruhuna layyk terbiýelemek ene-atanyň esasy borjudyr, «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýýän zandy halal türkmen çagasynyñ, onda-da gyz maşgalasynyñ edebini, ajap ahlagyny, halallygyny gadym wagtdan bäri ähli zatdan ileri tutup gelýändir. Maýsa GURBANSÄHEDOWA. "ADALAT" gazeti, 14.04.2000 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||