08:27 Gyzjagazyny diriligine gömen atanyñ hekaýaty | |
GYZJAGAZYNY DIRILIGINE GÖMEN ATANYÑ HEKAÝATY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Gyz çagalaryny diriligine gömen atalar araplaryñ jahylyýet (nadanlyk) döwrüniñ iñ wagşy adamlarydy. Emme şeýle bir din geldi welin, olar gyzjagazlaryny diriligine gömmek beýle-de dursun, ýalñyşlyk bilen garynjany basgylanyna ökünip gözýaş döküp duran adamlara öwrüldiler. Ol gelen diniiñ ady - yslamdy, hak dini - yslam. Geliñ, şeýle hekaýatlaryñ bolup geçen ýyllaryna gaýybana syýahat edeliñ. Üns berip okañ: öz gyzjagazyny diriligine gömen atanyñ hekaýaty. • Gyzyny diriligine ýere gömen ata Günlerde bir gün sahabalaryñ biri jumga namazyna ýetişjek bolup metjide tarap ylgaşlap başlapdyr. Metjide baran sahaba täret almak üçin suwuñ başyna barypdyr we aýakgabyny çykaryp durka özi bilmezden bir garynjany basypdyr. Garynjany basgylanyny gören sahaba "men magşarda munuñ hasabyny nädip bererkäm?" diýip aglap başlaýar. Soñra ol Pygamberimiziñ (s.a.w) ýanyna gelip: – Eý Allanyñ Resuly, jumga namazyna ýetişmek üçin metjide tarap ylgap başladym, özüm bilmezdenem bir garynjany basgylap öldürdim. Munuñ hasaby agyr bolarmyka? - diýip sorapdyr. Pygamberimiz (s.a.w): – Eý eshabym, sen häzire çenli mundan has agyr günä edip görüpmidiñ? - diýip sorapdyr. – Ýa Resulala, men gyzyny diriligine gömen adam. Pygamberimiz (s.a.w) oña: – Nädip beýdibildiñ? Gürrüñ ber, eşdeli - diýipdir. – Ýa Resulallah, biz jahylyýet döwründe gyz çagalarymyzy diriligine ýere gömerdik. Meniñem bir gyzjagazym bardy. Ejesine "muny geýindir, daýylaryna äkitjek" diýdim. Ýene az wagtdan onuñ bagryndan önen jigerbendi, ýekeje çagasy gurruk guýa atylyp, uruna-uruna ölmelidi. Aýal görgüli nä alaç eýlesin. Onuñ edip biljek ýekeje zady bardy: olam aglap ganly gözýaş dökmek. Aýalym aýdyşym ýaly etdi. Çagajygym hakykatdanam daýylaryna gidýändirin öýdüp begenjine ikiýana bökjekleýärdi. Gyzymyñ elinden tutup, ony öñden gazyp goýan çukurymyñ ýanyna eltdim. Oña çukura seret diýdim. Neresse çagajyk seredendenem ony çukura tarap itekläp goýberdim. Çagajyk nädip aslyşsa aslyşdy, eli bilen çukuryñ gyrasyndan tutup ýetişäýdi. Neressejigim hem-ä halas boljak bolup urunýar, hemem "kakajanym, üstüñ tozan boldy" diýip eşigimi kakyşdyrýar. Men eýtdim-beýtdim ony çukura togaladym, yzyndanam ony diriligine gömdüm... • Yslam adamy kämilleşdirýär Ýañky sahaba muny gürrüñ berende söýgüli pygamberimiz (s.a.w) we onuñ ýanyndakylar hünübirýan agladylar. Oturanlaryñ biri: "Bäýbä, sen Resulallany ýaman gynandyrdyñ" diýende, pygamberimiz (s.a.w): "Ýene gürrüñ bersene" diýipdir. Ikinji gezek gürrüñ berlensoñ iki dünýäniñ güneşi pygamberimiziñ (s.a.w) gözlerinden dökülen ýaşlar mübärek sakgalyndan syrygyp gaýdypdyr. Pygamberimiz (s.a.w) wakany gaýta-gaýta gürrûñ berdirensoñ: - Ynha, siz yslamdan öñ şeýle adamdyñyz. Gyzyñyzy diriligine ýere gömen kişilerdiñiz. Yslamdan öñ kömür we demir ýaly bir zatdyñyz. Indi bolsa altyn we almaz ýaly bolduñyz. Düýn gyzyny diriligine gömen bu gün bir garynjany basgylandygy üçun bermeli hasapdan gorkýar. Ynha, meniñ size getiren dinim şudur. Öwran-öwran gaýtaladyp gürrüñ berdirenimiñ sebäbi, yslamyñ size bagyşlan artykmaçlyklaryny ýene bir gezek ýatlamagyñyzy islänim üçindi. Musulman bolandygymyz üçin müñlerçe gezek şükür edeliñ! - diýipdir. Şu hekaýaty okanlar pygamberimiziñ (s.a.w) şükürinden, hamdy-senasyndan bereketlenmegini Haktagaladan nyýaz edýäris. Okanlar okamadyklara gürrüñ bersin, ýa-da ýazgyny paýlaşsynlar. Çünki, pygamberimiziñ (s.a.w) hem: "Bir setir bolsa-da, maña degişli zady ýaýradyñ" diýen sargydyna amal etmek her bir musulmanyñ borjudyr. Möwlam biziñ hemmämizi iman içre kyýamat gününde gowy adamlar bilen, pygamberlerdir weliler, salyh gullar bilen bir eýlesin. Allatagala hemmämiziñ doga-dileglerini kabul etsin. Beýik Ýaradan dogalarymyzy, ybadatlarymyzy, namazlarymyzy kabul etsin. Alla her kesiñ tobasyny kabul etsin. Omyn. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |