00:58 Hakydanyň beýik tekjesi | |
HAKYDANYÑ BEÝIK TEKJESI
Ylym we tehnologiýa
Telefonlardyr, kompýuterler barada pikir edeniňde olaryň “hakydasyndan” söz açmaly bolýar. Çünki hakyda diýilýän beýik hem gudratly zat sanly mümkinçilikleri dünýä getirýän beýik medeniýetleri ýadynda saklaýar. Beýik medeniýetleri saklamagyň kompýuterleriň “ýadynda” galýandygy, “hakydasynda” birikýändigi diňe bir sanly ulgam hökmünde däl-de onuň durmuşdaky ugrunyň köptaraplydygyny kesgitleýär. Ýurdumyzda her bir adamyň sowatly bolmagy, ýurt, watan bähbitli işlerde döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanmasyny saglamagy bolsa bu günki gün ýurdumyzda bilime, sowatlylyga goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Döwletiň syýasatynda ýurduň durnukly ösüşine, onuň dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagyna, bilim ulgamynyň halkara derejä çykarylmagyna, iň esasysy bolsa, mynasyp ýaş nesliň terbiýelenilmegine möhüm üns berilýär. Sanlaşdyrylan bilim ulgamy hem edil medeniýetleriň hem-de gözellikleriň bir ýada salnyşy ýaly derejesini saklaýar we bu günki gün ynsanlaryň nähili derejede beýik bir özgerişe sezewar bolandygyny kesgitleýär. Sanly mümkinçilikleri bolan bilim ojaklarynda sanly maslahatlaryň, sanly onlaýn konferensiýalaryň geçirilmegi bu günki gün ýaşlaryň buýsanjyny artdyrýar. Öz zehinlerini synamak üçin ýokary jaýlaryna giren talyp ýaşlaryň sanly ulgamyň çözgütlerinde tejribe toplamalary bolsa, ýurdumyzda zehinli ýaşlaryň her ýyl täze tapgyrynyň gelýändigini alamatlandyrýar. Bilim bilen ugurdaş edaralaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, çagalaryň irki döwürden beden, paýhas we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösdürilmegine gönükdirilendir. Ýurdumyzda sanly olimpiýadalaryň geçirilmegi türkmen ýaşlarynyň dünýä halkara sanly torunda üstünlik gazanmaklary bolsa, bu günki gün ýokary hilli bilim almak ugrunda sanly tehnologiýalaryň goşandyny ýene bir gezek subut edýär. Munuň özi sanly bilimiň biziň durmuşymyza aýratyn kök salandygyny alamatlandyrýar. Mekdepleriň okuw meýilnamasyna ykdysadyýetiň esaslary, informatika, taslamalaşdyrma, Türkmenistanyň medeni mirasy, umumydünýä medeniýeti, ekologiýa, maglumat-kommunikasiýa, innowasiýa tehnologiýalary, modelleşdirme, grafika boýunça dersler girizildi. Üstünliklere beslenen çäreler mugallymlaryň hem-de ene-atalaryň buýsanjyny artdyrýar. Kompýuterleriň geçiriji bölekleri bolan fleşkalar, gaty diskler we beýleki diskler işiň hem ýeňilleşmegine hem-de arzanlaşmagyna hem-de bahasynyň gymmatyny ýola goýmaga mümkinçilik döretdi. Disketalar, kompakt we fleș diskler kompýuterleriň arasynda programmalary we maglumatlary alyș-çalyș etmek üçin ulanylýarlar. Disketalaryň sygymy 3 megabaýta çenli bolup, köplenç, 1,44 megabaýt üçin formatlașdyrylýar. Dogrusy geçirijiniň kömegi bilen kompýuterden emaýil. Poçta arkaly bir sekuntda dünýäniň ol ujuna barmaga mümkinçilik döredip bolýan bolsa, beýleki geçirijeler hem hiç hili ýol sökmezden ýa-da agram bermezden ol ýerden ikinji nokada ykjam hem ygtybarly geçirmäge mümkinçilik döretdi. Olaryň göwrüminiň kiçiligi sebäpli, ulanyşdan aýryldy diýen ýaly. Kompakt diskler köp maglumaty içinde saklap bilýärler we olaryň göwrümi 650 megabaýtdan hem köp bolup biler. Adam günüň dowamynda ortaça 6-7 sagadyny kompýuteriň başynda geçirýär. Şonuň üçin bu ýagdaýda gözümize zyýan ýetirmezligiň ýollaryny bilmek hem örän möhümdir. Maglumatyň uly göwrümini saklamaga mümkinçilik berýär. Kompýuteri ulanmak bilen durmuşyňyzy ýeñilleşdirmek, meseleleriň oňyn çözülmegi, häzirki zaman tehnologiýalar zamanynda görlüp-eşidilmedik üstünliklere ýetilmegi bolsa, bu günki gün tehnologiýanyň we sanlaşmanyň üstünlikleri bolup biler. Bu işde şahsy kompýuterler üçin niýetlenen ýokary okuw mekdepleriň okuw meýilnamalarynyň sintez ulgamyň awtomatlaşdyrylan görnüşini döretmek meýilleşdirilýär. Bu ulgamyň kömegi bilen sinteziň saýlanan algoritmi boýunça talaba laýyk okuw meýilnamasyny düzüp bolar diýip hasap edilýär. Şahsy komputerler günümiziň iň wajyp gurallarynyň biridir. Her birimiziň öýlerimizde, ofislerimizde ýa-da bolmasa, iş ýerlerimizde özümiziň açar sözi bilen açýan, özümiz material bermesek alyp bilmeýän komputerlerimiziň bolmagy häzirki zaman durmuşymyzda uly özgertmeleri ýerine ýetirmek meselelerinde has tygşytly hem-de has wagty hem ykdysady ýagdaýa görä hereket etmek bilen köp zatlaryň üstüni doldurýar. Ol șahsy kompýuteriň ișiniň netijesini tekst, san ýa-da grafiki șekil görnüșinde ulanyja görmeklige mümkinçilik berýär. Suwuk kristally monitor monitorlaryň görnüșleriniň biri bolup, onuň ekranynda șekil amorf kremnisiniň suwuk kristallarynyň kömegi bilen döredilýär. Suwuk kristally monitorlarda șöhlelenmäniň ýoklugy sebäpli, ol adam saglygyna howpsuz hasaplanylýar. Elbetde şahsy komputerleriň bolmagy bilen işler has-da ýeňilleşýär. Manitordaky görkeziji bolsa, işimizi ýola goýmakda ýeňilleşýän görkezijiniň işini kämil tehnologiýalar arkaly şöhlelendirmäge mümkinçilik döredýär. Munuň özi komputeriň maglumatlary gorap saklamakda hem-de şahsyň dürli ulanyjylary öz garamagyna almagynda goralmagyny gazanmagy bolsa, wajypdyr. Şeýlelikde komputerleriň programma üpjünçiliginiň ýola goýulmagy esasynda edilen işlere sarpa goýmak, häzirki zaman ösen tehnologiýalr ulgamy bilen gyzyklanýan islendik adama täze bir älemi açmaga kömek berdi. Informasiýa göterijä ýazyp boljak informasiýanyň iň aňryçäk möçberine onuň sygymy diýilýär. Informasiýa mukdarynyň ölçeg birligi deregine baýtkabul edilendir. Informasiýa göterijileriň sygymy aşakdaky birliklerde ölçelýär. Informasiýany uzak möhletleýin ýatda saklaýan gurluşlar. Gaty magnit disklerinde ýygnaýjylar, çeýe magnit disklerinde ýygnaýjylar. Optiki disklerde ýygnaýjylar. Informasiýany uzak möhletleýin ýatda saklamagyň möhüm gurluşy informasiýany gaty magnit disklerinde ýygnaýjydyr, oňa winçester diýilýär. Ol üsti magnit örtükli, üstünde ýazýan we okaýan kellejik ýerleşen, aýlanýan diskleriň toplumydyr. Güljemal MYŞŞYÝEWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |