19:37 Halypa mertebesi | |
HALYPA MERTEBESI
Edebi makalalar
«Ata Watanymyzyň abraý-mertebesiniň belentliklere göterilýän häzirki döwründe täze sepgitleriň, beýik ösüşleriň, ilkinji nobatda, bilimli, ylymly nesliň güýji, zehin baýlygy bilen gazanylýandygy geljekki ösüşlerimiziň kepilidir». Bu sözler ykbalyny çaga terbiýesine, mugallymçylyk kärine bagyşlan her bir ynsanyň öňünde saýlan kesbine bolan jogapkärçiligi artdyrýar. «Adamzadyň, halklaryň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik maksatlarymyzyň durmuşa geçirilmeginde asylly zähmet çekýän mugallymlaryň we bilim işgärleriniň uly paýynyň bardygy örän guwançlydyr» diýmegi bolsa buýsanjymyza buýsanç goşup, ruhumyzy galkyndyrýar. Döwlet syýasatyny wagyz edýän, ýetilýän sepgitleri, şygyrlary bilen wasp edip, ýaşlaryň arasynda düşündiriş işlerini alyp barmakda köplere görelde bolanlaryň biri hem «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Miwe Tuwakbaýewadyr. Şahyr zenanyň: Keramat topragy — baýlyk gaznasy, «Altyn çäçdir» daýhanlaryň gallasy, Pellehana ýetenleriň sarpasy Alkyş, Sylag, Sarpa hem-de şan-şöhrat, Türkmenistan — Garaşsyz hem parahat! - diýen setirleri diňe bir daýhanlaryň zähmet üstünlikleri hakynda bolman, islendik kärde işleýän her bir raýatyň ujypsyzja çekýän zähmetine mähriban Arkadagymyz tarapyndan uly hormat-sylag edilýändiginiň beýanydyr. Miwe Tuwakbaýewanyň, watançylyk temasy bilen birlikde, maşgala gatnaşyklary, ýaşaýyş- durmuşa bolan söýgi, ruhubelentlik baradaky goşgulary onuň şygyrlarynyň döredijilik özenini düzýär. Ene-ata hormaty, perzent terbiýesi bilen baglanyşykly durmuşy temadaky goşgular hem Miwe Tuwakbaýewanyň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär: Seniň öwütleriň kalbyma keşde, Näçe ýyldyr, senden bolsam-da daşda, Mähriňe çoýunýan aýazly gyşda, Sen meniň ýanymda, mähriban käbäm! Mydam penalardy, seniň ganatyň, Bu zeminiň mysaly, sabyr-takatyň, Senli günler gujagydy ak bagtyň, Müşgil asan bordy, mähriban käbäm! Eneli günleriň höziri has başgaça! Ykbal seni bagtyň gujagyna oklan wagty, şatlygyňy mährem eneň bilen paýlaşasyň geler. Bararsyň kalbyň joşup-joşup... Şeýle-de, durmuşyň çarkandakly pursatlary hem senden sowlup geçäýenok. Ana, şol pursatlary, ynjydaýmaýyn diýip, käbäňden gizlejek bolarsyň. Şahyr aýtmyşlaýyn, «derdiňi enä goýmajak bolarsyň». Aýan bordy, tiken batsa barmaga, Sen ummandyň, men meňzeşdim balyga, Söýgi bilen basan çagyň bagryňa, Çaga öwrülerdim, mähriban käbäm! Miwe Tuwakbaýewa ilkinji döredijilik ädimleri hakda şeýle gürrüň berýär: «Ilkinji goşgym met- bugatda çap edilende, nähili duýgulary başdan geçirendigimi aýdyp bereýinmi? Meniň ilkinji goşgym mekdebiň gutardyş synpyna geçen ýylym, 1968-nji ýylyň 3-nji awgustynda şol wagtky «Ýaş kommunist» gazetinde çap edildi. Ilkinji goşgymyň gazetde, onda-da ýaşlaryň respublikan gazetinde çap edilmegi meni juda bagtyýar etdi. Synpdaşlarym, mugallymlarym, obamyzyň ähli adamlary meniň goşgymy okaýan ýaly, iki adam köçeden geçip barýan bolsa hem, meniň goşgymyň gürrüňini edýän ýaly, süýji hyýallar meniň dünýämi gaplap alypdy. Şondan soň redaksiýalara goşgularymy yzygider ugradyp başladym. Goşgularymyň çap edilmegine umyt baglap, obamyzyň poçtalýony haçan gelerkä diýip garaşar ýörerdim...». Özüniň ýatlamalarynda ol aýakýalaňaç gezilen, bigubar geçirilen çagalygynyň şirin günleri- ne dolanýar. Menem: «Be-e, şahyr kalby tämiz, ruhubelent bolýar diýýärler welin, döredijilik adamsyna her kime başartmaýan synmaz erk hem gerekdir-ow» diýip, pikir ummanyna çümýärin. Irginsiz zähmetiň, yhlas hem döredijilik zehininiň utgaşmagyndan gazanylýan üstünlik- ler Miwe Tuwakbaýewanyň durmuşyny bezeýän bolsa, biziň üçin hakyky görelde mekdebine öwrüldi diýsem, öte geçdigim bolmaz. Ol ýokary bilimli üç ogluň, bir gyzyň käbesi, gelinleriň syrdaş-maslahatçysy, agtyklarynyň söýgüli enesi. Bir ýanyndan maşgalanyň aladasy, ikinji tarapdanam, işiň jogapkärçiligi. Onsoňam, şa- hyrçylygyň Alla tarapyn berlen bolsa-da, zehin diýilýän tokga daşy taraşlamasaň, döredijilikde öz ornuňy tapyp bilmeýşiň ýaly, mugallymçylygyň hem hormatly kärdigine garamazdan, özü- ne ýetesi jebir-jepaly, hupbatly kärdigini biziň tarypyny ýetirýän halypamyz juda oňat bilýär. Bu ajaýyp zamananyň datly durmuşynyň gadyryny bilip ýaşaýan, Watan waspçysy Miwe Tuwakbaýewanyň öz sözlerini dolulygyna getiresim gelýär: — Işden soňra agtyklarymyň arasynda dynç almagym, olaryň öwrenen goşgularyny, okan kitaplaryny diňlemegim meniň ýadawlygymy aýyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutan- lygynda ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeler ruhumyzy galkyndyrýar. Ylym-bilim ulgamynda zähmet çekýän her bir hünärmene bildirilýän talaplara dogry düşünip, okatmagyň innowasion usullaryny sapaklarymyza ornaşdyrmak üçin usuly bilimlerimizi kämilleşdirýäris. Döredijilik babatynda aýtsam, men agşamlaryna hemmeler uka gidenden soň, ümsümlikde işlemegi gowy görýärin. Saý-sebäp bilen daş- töwerekden galmagal eşidiläýse, pikirim dargap, ünsüm bölünýär. Kalbymdaky setirlerimi kagyza geçirmegim uzak gije işläp atyran daňymyň ukusynyň öwezini dolup, maňa egsilmejek ruhy güýç-kuwwat berýär. Ertirki günüň zähmetine ruhubelentlik bagyş edýär. Dür mysaly bu günleriň manysy, Bardyr Pyragy deý beýik danasy, Jahanda türkmeniň ykrarnamasy, Garaşsyzlyk — mähir, söýgi, sahawat, Arkadagly Watan baky Parahat! - diýip, asuda hem agzybir döwletimizde il-günümiziň her bir gününiň toýdur dabaralara beslenýändigine begenip, hormatly Arkadagymyza alkyşlar aýdýaryn. Milli Liderimiziň: «Milli medeniýetimiziň ösmeginde döredijilik işgärleriniň uly goşandy bar. Biz geçmişde ajaýyp eserleri döreden beýik akyldarlarymyza, häzirki döwürde döredijilik işi bilen meşgullanyp gelýän, ilhalar we kämil eserleri döredýän, halkymyzyň dünýägaraýşynyň ösmegine öz täsirini ýetirýän we uly goşant goşýan, kabul edilen iri möçberli özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge galkyndyrýan zehinli edebiýatçylaryň, medeniýet hem-de sungat işgärleriniň döredijilikli zähmetine ýokary baha berýäris we olara örän uly hormat goýýarys!» diýen jümlelerine daýanmak bilen, Miwe halypa geljekde hem mu- gallymçylyk işinde hem, döredijilik äleminde hem uly rowaçlyklar, abraý-mertebe arzuw edýäris. Maksuda TÖRÄÝEWA, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |