23:34 Harasat / satiriki hekaýa | |
• Gatnaw köprüsi
Satiriki hekaýalar
Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň duldegşir goňşusy. Olaryň arasynda başyny belent tutup oturan Köpetdag ýatyr. Ýüreklere dag düşmese, iru-giç bir alajy bolýan eken. Ynha, ozalky ýapyk derwezeler açyldy. Iki ýurduň sepleşip gidýän serhedini ädimläp ölçärden kän. Onda-da goňşokara gatnawymyz ýokdy, gaýtam ýetişibildigimizden biri-birimizi ýamanlardyk. Hawa, hawa, demirtikenli serhetden guş geçse ganatyndan dynýardy, gulan geçse toýnagyndan. Indi döwür özgerdi, dag göwsüni ýaryp, bize ýol berdi. Özbaşdaklyk diýilýän zadyň başyna dönseň! Gör, onuň gudratyny. Iki ýurduň arasynda erjellik bilen köpri gurulýar, özem onuň binýady diýseň berk hem-de ynamly tutulýar. Ynha, şol köprüleriň birinden biz 200 adam bolup, Eýran Yslam Respublikasyna geçdik. Uzak ýyllaryň dowamynda syrly gala bolup saklanan Köpetdagyň aňyrsy bizi gujak açyp garşylady. Türkmenistanyň hökümet delegasiýasy Prezident sowetiň agzasy G.K.Nurmuhammedowyň ýolbaşçylygynda Ymam Homeýniniň aradn çykanynyň üçünji ýyly bilen baglanyşykly matam günlerine gatnaşdyk. Taryhdan mälim bolşy ýaly, 1979-njy ýylyň fewralynda ýurtda höküm sürýän monarhiýa garşy rewolýusiýa turzuldy. Oňa köp ýyllap öz Watanyndan jyda düşürilen, şaýylaryň dini serdary Aýatolla Ruholla Musawy Homeýni ýolbaşçylyk etdi. Netijede şa düzgzni agdaryldy. Eýranyň öňki şasy Ryza Pehlewiniň tomusky rezidensiýasyna baranymyzda uly bir ymaratyň öňündäki (häzir ol muzeý) heýkel meni haýran galdyrdy. Göwesri kesilip taşlanan iki aýak aýdyşlaryna görä ol öňki şanyň atasynyň ýadygärligi eken. Ä-hä, bi, näme, “baş bolmasa, göwre läş” diýen manyny berýärmikän?! Ýa-da ýurtda şanyň diňe yzlary galdy, başga zatlar rewolýusiýanyň ýelgini bilen ýykyldy, ýurt täzeçe ýaşaýar diýildigimikän?! Biziň Pöwrizämiziň salkyn saýalaryny ýatladyp duran Tähranyň gyralary çynardyr beýleki agaçlar bilen jäheklenen köçeleri özüniň tämizligi, düzlügi bilen ünsüňi özüne çekýär. Ýurduň musulman obşinasynyň häzirki dini lideri Aýatolla Seýit Ali Hamaneý bilen bolan duşuşyk has-da täsirli boldy. Onuň ýanyna barmak üçin judfa köp barlaglardan geçmeli eken. Şu ýerde bir zat meniň ýadyma düşdi. Belki, okyjylaryň habary bardyr, men “Edebiýat we sungat” gazetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň portretini köpeltmek hem-de olary edara-kärhanalrda, okuw jaýlarynda, kolhoz-sowhozlarda... asyp goýmak baradaky teklip bilen çykyş edipdim. Şonda meni ýaranjaňlykda aýyplap, iki-ýeke maňa anonim jaň edenler hem boldy. Ýöne meniň teklibimi köpçülik goldady, bu barada ýörite karar hem kabul edildi. Eýrandaky ýagdaýlary görüp men ýene-de bir zada göz ýetirdim. Biziň öz liderimzie goýýan sarpamyz göwünem bolmasa entek bärden gaýdaýn ýaly. Hawa, bolan bir hepdämiziň dowamynda Eýranyň Maşat şäherindäki Ymam Ryzanyň (Gyzyl Ymam) guburyna hem zyýarata bardyk. Bu ýere gelenimzide türkmen dramaturgy Güseýin Muhtarow pahyr meniň ýadyma düşdi. Ol şu ýerde doglandy. Eýran täsirleri baradaky gürrüňi has uzaldyp oturmaga žurnalyň ýagdaýy ýok. Ýöne onuň satiriki edebiýaty barada kelam agyz aýtmakçy. Bir asyry arka atan Muhammet Aly Jemalzade (1892 ý.d.) häzirki Eýran satiriki edebiýatynyň gözbaşynda duranlaryň biri. Ol Yspyhanda doglan hem bolsa, juda köp wagtdan bäri Ženewada ýaşaýar. Onuň ýazan kitaplarynyň käbiri Tähranyň merkezi meýdançalarynda ýazyja göz edip, öňki režim tarapyndan otlanypdy.. Maşat şäherinde dünýä inen Hosrou Şahany (1930 ý.d.) hem Eýran okyjylary tarapyndan söýlüp okalýan ýumorist ýazyjylaryň biri. Onuň “Harasat” diýen hekaýasyny men öz terjimämde žurnalyň okyjylaryna ýetrimekligi müwessa bildim. Goňşy ýurtlar bilen aralykda gurulýan köprülerden gatnawymyzy ýygaldarys hem-de o ýurtlar barada giňişleýin gürrüň ederis diýen tamam bar. Iň esasy zat, goý, ol köprüler berk bolsun! Täçmämmet JÜRDEKOW, žurnalyň baş redaktory. • HARASAT Walla, “Ýer ala, ýurt ala” diýleni. Her ýeriň öz aýratynlygy bar. Kä ýerler arryk bolsa, kä ýerler hasyly köp berýär, ýene bir ýerler özüniň ýerasty baýlyklary bilen meşhurlyk gazanýar. Ynha, biziň şäherimiz welin, özüniň hazylap duran ýeli bilen tanalýar. Lap edip aýtdygym däl, Taňryň beren güni demirgazyk tarapdan öwüsýän şemal gözüňi-ýüzüňi açdyranok. Günortana golaý onuň ugry üýtgäp, şeýle bir harasat gopýar. Hi, aýdyp diýer ýaly däl, agzyňy-burnuňy çägeden doldurýar. Ýerden göge, gökden-ýere gum sowurýar. Tutuş ýylyň dowamynda şeýle bolup duransoň bu ýerde ne agaç gögerýär, ne-de beýleki, gök zada gözüň düşenok. Şeýle şäherde ýaşanyňdan dowzahda ýaşanyň ýüz esse gowymykan öýdýän. Bir gün giçlik, öýde, daşaryňam mazasy ýok, hemem güýmenje bolar diýip, Tähranda ýaşaýan dostuma hat ýazmaga oturdym. ...Wah, dost jan, ganym duşmanyňa-da şu ýerde ýaşamaklygy arzuw eder ýaly däl. Gözüň bagly, töwerek tümlük, hiç zat saýgardanok. O zatlar barada agzyňy açmaga zar, tot-tozan demligiňi daraldyp barýar... Baý, ýazdym-a, içimi sowatdym. Boldum edip, şo wagtyň özünde hem gidip ony poçta ýaşşigine atdym. Şondan soň geçse bir hepde töweregi geçendir-dä. Gaý-tupanyň derdinden öýden çykyp bilmän ýatyrkam dostlarymyň biri ýanyma geläýdi. Näme üçindir onuň ýüzi daşardaky howadan enaýy däldi, çytylyp durdy. Agzymy açmankam, özi gürrüňe başlady. - Hudaý kessinnädýäň-aý, näme, beýle ýeňilkellelik edýäň? Gürleň güjük ýaly öýüňden çykaňok. - Iki aýagyňy bir gonja sokanlaryndan soň bilersiň nirede durmalydygyny. - Ýeri, bolýa-da, hany, degişmäňi goý. Çaý içjekmi? – diýip, men oňa mürähet etdim. - Çaýyňam gursun, beýlekiňem – diýip, ol içki heserini döküp başlady. Diliňi dişläp oturmanam başaraňok, men saňa müň gezek dagy aýtdym! Alaç boljak däl, agzyňa gelenini samahyllap ýörsüň. Häzir bütin şäher seň gürrüňiňi edýär. - Meň gürrüňimi edýä? - Dagy näme, meňkini bolar öýdýäňmi? Dostumyň ýüregindäki gopýan harasat indi maňa geçdi. Dogrudanam bir zat bolandyr, ýogsam bu pahyr beýdip özelenmezdi. Ýöne men özümiň üýtgeşik näme edendigimi bilemok. Harasadyň öň ýanynda ondan gorkyma näme edendigimi bilemok. Bolany şo. - Hany, näme bolanyny düşnükliräk aýtsana? – diýip, men dostumdan soradym. - Gubernatoryň ynanylan wekilleri bazara aýlanyp, seň garşyňa gol ýygnap ýörler, jenaýat işini açjak bolýarlar! - Maňa... jenaýat? Meniň näme etmişim barmyşyn?! - Ony özüň bilmeli. Kelläňi işlet! Akmak, seň howa bilen näme işiň bar. Töwerek tümlük, şäher pylan-pyssygan... Dostumyň aýdan zatlarynyň içinde bir hili tanyş jümleler bardy. Be, men olary nirede eşitdimkäm? Näme bolup biler? - Meni nämede günäkärleýärler? - Gaty uzyn petisiýa ýazypdyrlar how, her kimem onuň aşagyna goluny goýýar. Mazmunymy? Ynha, şeýleräk. Ýagny şäherimizde hiç hili ýel öwsenok. Merhemetli gubernatorymyň, munispalitetiň başlygynyň, şeýle hem hormatly bölüm başlyklarynyň aladasy bilen şäherimiz gül ýaly arassa, hiç ýerde onuň deňi-taýy ýokdur we şuňa meňzeşler. Kim ony tersune subut etjek bolýan bolsa ol baryp ýatan dönükdir we duşmandyr. Hawa, şeýle adamlaryň sud edilmegini talap edýärler. - Näme, şäheriň ähli ýaşaýjylary meniň jezalandyrylmagymyň tarapdarymy? - Dagy nätsinler? Meň özümem gol çekmäge mejbur boldum, başga çykalga ýok, gardaş. Saçymy penjeledim. Näme etmeli? Bi ýagdaýdan nähili çykalga tapmaly? - Heý, onda-munda samahyllan ýeriň barmy? – diýip, dostum sorady. - Ýok. Bu şäherde, näme, diliňi ýarar ýalymy? Her kim harasatdan gorkusyna agzyny açyp bilenok ahyryn. - Sen hiç kime hiç zadam ýazmadyňmy? - Ýazdym. Mydama-da ýazýan. Ýöne meniň hatlarym bilen bu wakanyň näme dahylly ýeri bar? - Şo hatlaryňda sen şäherde mydama harasat gopýar, onuň ýaşaýjylary çägedir tozandan ýaňa demlerini alyp bilenoklar diýip ýazdyňmy? - Hawa, hatlarymyň birinde o barada dostuma ýazdypdym. - Diri samsyk diýerler saňa. Eden etmişiňi egniň bilen çek. seň o hatyň degişli guramalaryň eline düşen bolmaly, olaram eltip, jenap gubernatora gowşurandyrlar, çäre gördürmek üçin. Sen indi düşündiňmi, näme üçin garşyňa iş gozgalýar? Meniň sesim sandyrap çykdy. - Gardaş, maňa name maslahat berýäň? - Bilmedim, özň çöz! Öz-özüm bilen gürelşdim. - Be, “dogry sözliň dosty ýok” diýleni-dä. Hazlap ýel öwsüp duranam bolsa, asudalyk diýmeli. Bi, nähili beýle bolýar-aý? Şo günüň ertesi irden iki sany adam geldi-de, meni gubernatoryň ýanyna alyp gitdi. Jenap guber güberilip oturan eken. Stoluň iki gapdalynda bolsa onuň hemdemleri hondanbärsi bolşup, gaýşarylyşyp otyrlar. Şeýle hem şäheriň käbir möhümräk ýaşaýjylaryna gözüm kaklyşdy. Otagda ümsümlik höküm sürýärdi, siňek uçsa-da eşidilýärdi. Jenap guberbator meni ýanyna çagyrdy-da: - Al, şuny sesli oka! – diýip, haýsydyr bir kagyzy maňa tarap uzatdy. Görenimden öz poçerkimi tanadym. Ol dostuma iberen hatymdy. O hatyň nädip bularyň eline düşendigine häli-häzirlerem düşünip bilemok. Howsalaly, sandyraýan ses bilen okap başladym: “Ganym duşmanyňa-da şu şäherde ýaşamaklygy arzuw eder ýaly däl. Gözüň bagly, töwerek tümlük... Bu zatlar barada hiç kim agzyny açyp bilenok, gopýan harasat...” Hatyň şu ýerine ýetemde jenap gubernator towsup ýeridnen turdy-da, gygyryp başlady: - Äý, hany dur. Häziriň özünde aýt, şu haty sesli okan kim? - Siziň sadyk guluňyz – diýip, men jogap berdim. - Beýle zatlary ýazmaga nähili diliň barýar, deýýus. Biz kimiň agzyny ýörmäpdiris? - Bagyşla, başlyk. - O nähili, “bagyşla”?! Öňüňde duran ildeşleriňi görýäňmi, ýa garagyň gapykmy?! - Görýän, jenap. - Hany, gönüňden gel, şu şäherde harasat gopýamy? - Ýok, jenap... ýöne... - Näme, “ýöne”?! Penjireden daşaryny synladym. Öwüsýän şemal, tot-tozan aýdyp diýer ýaly däldi. Ýöne özüniň uzyn murtlaryna timar berip oturan polisiýanyň naçalnigine gözüm kaklyşandan pälimden gaýtdym. - Neme, jenap, şäherimiz gül ýaly, hiç hili harasat gopanok, tozanam ýok. - Onda näme, beýle zatlar ýazýaň? - Indi ýazman, bagyşla jenap. - Etjegiňi edip, bagyşla diýmäň näme? Biziň abraýymyzy ýere çaldyň... Jaýda oturanlar başyny yraşyp gubernatora duýgudaşlyk bildirýärdiler. - Şu kartany görýäňmi? – diýip, ol diwardaky asylgy duran karta barmagyny çommaltdy. - Görýän, jenap. Ol şäherimiziň kartasy öýdýän. - Dogry. Kartaň gyralarynda näme bar? - Gök öwsüp duran agaçlar, gül-gülälekler... - Şolaryň nämäni aňladýandygyny bilýäňmi? – diýip, ol meniň sözümi böldi. - Ýok... meň ýaly aňkow... - Bilmeseň bilip goý, ol geljekki ekilmeli agaçlar, giden tokaýçylyk... - Düşündim, jenap. Indi beýle gödeklik etmen. Jenap gubernator öňümde ak kagyz doýdy-da, ökünçlerimi ýazmaça talap etdi. Has dogrusy, onuň öz aýdan zatlaryny kazgy ýüzüne geçirdim. Biziň şäherimiz jenap gubernatoryň we beýleki jogapkär adamlaryň aladasy esasynda ýer şary boýunça iň gözel şäherleriň birine öwrüldi... Bu hatyň aşagyna ýalpyldadyp golumam çekdim. Dagy nätjek, gyssap, alyp barýarlar. Olar öz aralarynda maslahatlaşdylar-da, belli bir netijä geldiler. - Indiden beýläk, alty aýyň dowamynda, her gün üç gezekden bir sagatlap şäheriň merkezi meýdançasynda “Ýok bolsun, dönükler!” diýip, bogazyňa sygdygyndan gygyrarsyň... Olaryň beren bu jezasy meni hopukdyrdy, bokurdagym dolup, gürläp bilmedim. Şeýdibem dargadyk. Gaçdyp barşyma meniň başga zat diýip gygyrasym geldi. - Jenap gubernator, hormatly sudýalar! Eýsem ol gopýan harasat däl-de, dagy näme?.. Hosrou ŞAHANY. Hekaýa gysgaldylyp terjime edildi. “Tokmak” žurnaly, 1992 ý. ______________________________ 2 Ikinji surat eýranly suratkeş Keýumers Kiasatyñky | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |