15:42 Her bir sazda Bah bar... | |
HER BIR SAZDA Bah bar...
Aýdym-saz sungaty
Bahyň sazynda nähilidir bir hemmetaraplaýynlyk, ählumumylyk, töwerekleýin gurşap almaklyk bar. Şahyr Iosif Brodskiň ýazyşy ýaly, «Her bir sazda — Bah bar, her birimizde — Ylah». Bah — bütin hristian dünýäsine degişli hadysa bolup durýar. Onuň sazy mezhebi akymlaryň çäginden çykýar, ol bu sözüň hakyky manysynda ekumenik1 bolup durýar, çünki ol dünýä we onuň her bir ýaşaýjysyna degişli. Bahy prawoslaw kompozitor diýip atlandyrmak hem mümkin, sebäbi ol bütin ömründe Ylahy dogry şöhratlandyrmaga jan çekýär. Ol öz partituralaryny2 «Biribara şükür» (Soli Deo gloria), «Isa, ýardam et!» (Jesu, juva) diýen ýazgylar bilen bezäpdir. Bu sözler onuň üçin ýöne bir söz düzümleri bolman, onuň bütin döredijiliginiň içinden geçip gidýän ynanjynyň şöhlelenmesidir. Saz onuň üçin Haka ybadatdyr. Bah «kafolikos» diýen grek sözüniň «bütin, ählumumy, dünýewi» diýen manylaryna doly laýyk gelýän hakyky katolikdir, çünki ol Ybadathanany tutuş älem-jahanyň bedeni, arşa gönderilýän ählumumy sena saýýar, öz sazyny bolsa sena aýdýan hordaky köp sanly sesleriň ýekeje biri hasaplaýar. Şonuň bilen birlikde, Bah bütin ömrüne öz mezhebine — lýuterançylyk mezhebine wepaly bolup galýar. Bahyň sazy çuňňur mistika3 ýugrulan saz, çünki ol Ýaradana ybadat etmegiň we doga-dilegleriň ýoň bolan adaty hörpünden çykyp, bütin adamzadyň gazanan tejribesine daýanýar. Her bir beýik şahsyýetler bilen bolşy ýaly, öz döwründe Bahyň hem hakyky gadyr-gymmaty bilinmeýär. Elbetde, ony ajaýyp organçy4 diýip tanapdyrlar, emma hiç kim onuň kompozitor hökmündäki ägirtligini ykrar etmändir. Ol wagtlar tutuş Germaniýa Karl Filipp Telemanyň — häzir tanalyp hem barmaýan kompozitoryň ady dolupdyr. Bütin Ýewropa bolsa Gendele baş egipdir. Aradan çykandan soňra Bah şol bada we bütinleý diýen ýaly unudylypdyr. Dünýäsini täzeländen soňra neşir edilen, «Fugalaryň5 sungaty» atly, kompozitor ussatlygynyň iň bir beýik ajaýyplygy bolup, düýpsüz ruhy çuňlugyň miwesi bolan eseri hiç kime gerek bolmandyr. Onuň ogly Karl Filipp Emmanuele eseriň otuz nusgasyndan köp satmak başartmandyr, ahyrsoňunda hem, edilen çykdajyny azda-kände ýapmak üçin, eseriň asyl nusgasyny satmaly bolupdyr. XVIII asyrda Emmanuel Bah beýik kompozitor hasaplanypdyr, onuň kakasy Iogann Sebastýanyň eserleri hakynda bolsa diňe sanaýmaly kişiler bilipdir. Gürrüň bermeklerine görä, bir gezek Mosart Leýpsigde keramatly Fomanyň ybadathanasyna barypdyr. Şol wagt Bahyň eseri çalnyp ugrapdyr. Bahyň eseriniň diňe birnäçe taktyny6 eşiden badyna ol: «Bu näme?» diýip seslenipdir we durky bilen gulaga öwrülipdir. Saz çalnyp gutarylandan soňra, ol Bahyň ähli partituralarynyň görkezilmegini talap edipdir. Partitura tapylmandyr, ýöne bölek sesler bar eken. Mosart şol bölekleri eliniň, dyzlarynyň, gapdalyndaky oturgyçlaryň üstüne ýazyşdyryp, olary gözden geçirmäge başlapdyr hem-de tä okap gutarýança ýerinden galmandyr. Bahyň täsiri, gürrüňsiz, Mosartyň iň beýik we iň çuňňur eserine — «Rekwiýeme» siňipdir. Galyberse hem, Mosart az sanlylaryň hataryna giripdir, çünki XVIII asyryň sazandalarynyň aglaba köpüsi, hatda Iogann Sebastýan Bahyň hem adyny bilmändir. XIX asyrda Bahyň sazyna bolan gyzyklanma, ilkinji nobatda, Mendelsonyň ady bilen baglanyşyklydyr. Bahyň eserleriniň partituralary bilen tanşan Mendelson: «Bu Leýpsig kantory7 — aýdyň, ýöne barybir, düşündirip bolmaýan Ylahy hadysa» diýip aýdypdyr. Haçanda ýigrimi ýaşly Mendelson 1829-njy ýylda Leýpsigde Bahyň «Matfeýi hyjuwlar» eserini ýerine ýetirende, bu hakyky üstünlik bolup, taryhyň öňde-soňda şaýat bolan iň beýik kompozitorlarynyň biriniň saz eserleriniň gaýtadan janlanmagyny aňladýar. Şondan soňra Bahyň eserleri hiç wagt unudylmaýar, onuň şöhraty bolsa ýylsaýyn artýar. Mendelsondan soňra beýik kompozitorlaryň ählisi, şol sanda Bethowendir Brams hem, Şostakowiçdir Şnitke hem sazyň we ruhy ylhamyň tükeniksiz çeşmesi hökmünde Baha ýüzlenipdirler. Eger Bahyň sazy «medeniýetli» XVIII asyrda könelişendigi hem-de içgysgynçdyr öýdülendigi sebäpli diňlenmekden galan bolsa, XIX we XX asyrlarda hem-de häzir, XXI asyryň başynda ol öňkülerinden hem döwrebap ýaňlanýar. Bah özüniň çuňňurlygy hem-de gam-gussasy bilen XX asyryň ähli elhençlikleriniň we sarsgynlarynyň içinden geçen hem-de bu dünýäni bir özi özgertmäge çalşan, ynsanperwer synanyşyklara ynamy bolan ynsanlara has ýakyn bolup durýar. Bahyň bütin durky bilen duýan zadyny duýmak üçin adamzada birnäçe asyr gerek boldy: ýeriň ýüzünde Ýaradana gulluk etmekden, Ony wasp etmekden özge hakyky bagt ýok we bolup hem bilmez. Bah diýseň sadyklygy, kiçigöwünliligi bilen tapawutlanypdyr, özüni hiç wagt artykmaç saýmandyr. Ol zähmetsöýerligi özüniň iň gowy tarapy hasaplapdyr. Sungatda şeýle ýokary derejä nädip ýetendigi hakyndaky sowala ol: «Men yhlas etmeli boldum. Kim şeýle yhlasly bolsa, ol hem muňa ýeter» diýip, sadalyk bilen jogap beripdir. Bah özüni hemişe ussat däl-de, şägirt hasaplapdyr. Ol çagalyk we ýetginjeklik döwürlerinde şemiň ýagtysyna, ene-atasyndan gizlinlikde, köne nemes ussatlarynyň partituralaryny göçüripdir, meşhur organçy Ditrih Bukstehudyň sazlaryny diňlemek üçin paýu-pyýada ençeme kilometr ýol söküpdir. Ýöne ol ulalandan soňra hem Palestriniň, Freskobaldiniň, Telemanyň sazlaryny göçürmegini bes etmändir, özüniň bütin ömrüne kiçilik bilmän öwrenen ussatlary bolan Wiwaldiniň we beýleki italýan kompozitorlarynyň sazlaryny gaýtadan işläpdir. Bah barokko8 eýýamynda ýaşapdyr. Emma onuň sazy şol döwrüň aýratynlyklary bilen alamatlanmaýar. Galyberse hem, Bah kompozitor hökmünde öz döwrüniň sungatynyň ösüş ugrunyň tersine ösüpdir. Bahyň eýýamyna sungatyň barha dünýewileşmegi, ynsanylaşmagy mahsus bolup, ynsan özüniň hyjuwlary hem kemçilikleri bilen bilelikde birinji orna geçýär-de, sungatda Biribaryň orny barha azalýar. Eýýäm Bahyň ogullary ýüzleý hem-de ýeňil many-mazmunly «medeniýetli asyrda» ýaşarlar. Bahyň bolsa ähli zady munuň tersine hereket edýär: onuň sazlaryndaky ynsany duýgular ýylsaýyn kemelip, ylahy ymtylmalar barha güýçlenýär. Bahyň giçki saz eserlerinde barokko eýýamynyňka garanyňda gotika9 eýýamynyň täsiri has güýçli duýulýar, göýä Germaniýanyň gadymy ybadathanalary ýaly, ol barha göge, arşa tarap ymtylýar. Bahyň soňky saz eserleri bolan «Saz peşgeşi» we «Fugalaryň sungaty» bolsa bizi eýýäm dolulygyna barokko eýýamyndan yza, Bukstehudyň we Pahelbeliň döwrüne alyp gidýär. Ine, şu ýerde hem biz esasy zada ýakynlaşýarys: Bahyň sungaty häzirki zamanyň «sungat» düşünjesine gabat gelmeýär, ol sungatyň haky üçin döredilmändir. Gadymy dünýä hem-de orta asyr sungatlary bilen täze döwrüň sungaty nyň arasyndaky görnetin tapawut olaryň ymtylýan ugurlarynda ýüze çykýar: gadymy dünýä we orta asyr sungatlary Ýaradana, täze döwrüň sungaty bolsa adama gönükdirilýär. Gadymy sungatyň esasy ölçegi onuň öňki nesilleriň tejribesinde kök uran däplere wepalylyk bolsa, täze döwürde sungatyň esasy ölçegi onuň özboluşly aýratynlygy, täzeçilligi, öňki döredilen zatlara meňzemezligi bolup durýar. Bah şu iki medeniýetiň, iki dünýägaraýşyň, sungata bolan iki sany gapma-garşylykly garaýyşlaryň araçäginde dur. Ol, şek-şübhesiz, köne däplerde, edim-gylymlarda, ybadatlarda, dinde kök uran hem-de diňe Bahdan soňra özüniň dini köklerinden üzülip aýrylan medeniýetiň bir bölegi bolup galýar. Bah aýratyn nusga bolmaga ýykgyn etmändir, her edip, hesip edip nähilidir bir täzeçilligi döretjek bolmandyr. Ol her gezek täze bir eserini ýazmaga oturanda, ilki bilen özüniň ylham alýan kompozitorlarynyň eserlerini çalypdyr. Ol özgeleriň temasyny almakdan çekinmändir, şol temalaryň onuň fugalarynyň, horallarynyň, motetleriniň, kantatalarynyň we konsertleriniň esasynda ýatýan gezekleri az bolmandyr. Bah özüne döwürdeşlerinden saýlanýan aýratyn bir şahs hökmünde garaman, özüni beýik saz däpleriniň aýrylmaz bir bölegi hasaplapdyr. Şonuň üçin onuň sazynyň haýran galdyryjy aýratynlygynyň, gaýtalanmajaklygynyň, täzeçilliginiň syry hut onuň geçmişden ýüz öwürmän, gaýtam uly sarpa goýan öňki ussatlarynyň tejribelerine daýananlygynda bolup durýar. Häzirki zamanyň belli dini alymlarynyň biri özüniň «Bah teolog hökmünde» atly kitabynda, «eger bir sebäp bilen Lýuteriň poeziýa eserleriniň ählisi ýitirilen bolsa, olary Bahyň partituralary esasynda kynçylyksyz dikeldip bolardy» diýip aýdýar. Hakykatdan hem, Bah Lýuteriň ybadathana senalarynyň aglabasyny saza salypdyr. Hut şol senalar bolsa Bahyň döwründäki lýuterançylaryň şeýle janypkeşlik bilen emele getiren ybadathana däpleriniň esasynda ýatypdyr. Şeýlelikde, Bah hem şol emele getiriş hereketiniň bir bölegi bolupdyr. Bahyň eýýamynda dünýä eýýäm rewolýusiýalaryň tupanyna tarap hereket edip başlaýar hem-de ol XVIII asyryň ahyryndan tä XX asyryň başlaryna çenli bütin Ýewropany öz holtumyna dolap alýar. Bahyň aradan çykanyndan kyrk ýyl soňra öwrülişikleriň hatarynda ilkinji bolup orun alan, «ynsan hukugynyň» hatyrasyna amala aşyrylan we millionlarça ynsanyň ömür tanapyny kesen fransuz rewolýusiýasy bolup geçýär. Bah öz eýýamynda bolup geçýän ýagdaýlardan üzňe ýaşaýar. Onuň ýaşaýşy dünýewi hadysalara däl-de, ybadathana durmuşyna bagly bolýar. Ol her ýekşenbe güni hem-de beýleki dini baýramlar üçin ýörite saz eserini döretmek bilen meşgullanýar. Hut dini baýramlaryň we mukaddes günleriň yzygiderli tertibi onuň bütin ömrüniň süňňüni düzüpdir. Onuň döwrüniň medeniýeti köne däp-dessurlardan barha daşlaşypdyr, ol bolsa barha şol däp-dessurlaryň çuňlugyna aralaşypdyr, dünýä barha çalt dünýewileşipdir, hristiançylykdan daşlaşypdyr, filosoflaryň ynsany bagtyýar etmeli diýlip hasaplanylýan taglymatlary götergilenipdir, Bah bolsa kalbynyň çuňlugyndaky Hudaýy wasp etmegini dowam edipdir. XXI asyryň başynda biz adamzadyň Baha bolan söýgüsini hiç bir zadyň gowşadyp bilmändigini aýdyň görýäris, ol hut ynsan kalbyndaky Ylaha bolan söýgi dek mizemän dur. Bahyň sazy «durmuş deňziniň» ähli tolkunlarynyň urlup pagyş-para bolýan gaýasy bolmagynda galýar. ______________________________________ 1 Ekumena — latyn sözi bolup, «ýaşalýan dünýä» diýmegi aňladýar. XX asyryň başynda dörän, ähli hristian buthanalaryny birleşdirmegi, ähli dini akymlaryň birligini, olaryň arasyndaky gapma-garşylyklary aradan aýyr¬magy maksat edinýän dini hereket hem şeýle atlandyrylýar. 2 Partitura — köp sesli saz eseriniň ähli bölekleriniň jemi, şeýle hem şol bölekleriň jemlenen ýazgysy. 3 Mistika — ylahy, syrly, gaýyp zatlara we olar bilen aragatnaşyk etmek mümkinçiligine ynanmak. 4 Organ — howanyň gysylmagy arkaly owaz alynýan, klawişli uly göwrümli saz guraly. 5 Fuga — şol bir temany ýerine ýetirýän birnäçe sesiň yzygiderlilikde ýaňlanmagyndan ybarat bolan, köp sesli saz usulynyň esasy görnüşleriniň biri. Meselem, dört sesli fuga. 6 Takt — adatça her biriniň dowamlylygy deň bolan saz ölçeg birligi, saz eseri hem ondaky ölçeg birlikleriniň sanyna laýyklykda bölünýär. 8 Barokko — Ýewropa sungatynda XVI asyryň ahyrlaryndan tä XVIII asyryň ortalaryna çenli ýörgünli bolup, şekilleriň kaşaňlygy, gözelligi hem täsinligi bilen tapawutlanan usul. 9 Gotika — orta asyrlarda Ýewropada ýörgünli bolan binagärçilik usuly. Bu usula ýiti çüňkli binalar, naýza şekilli gümmezdir minaralar, penjireler, reňkli aýnalardan edilen nagyş hem-de surat görnüşindäki şekilleriň köp ulanylmagy mahsus bolupdyr. Ilarion ALFEÝEW, rus ýazyjysy. Rus dilinden terjime eden H.BAÝRAMOW. "Dünýä edebiýaty" žurnaly, 3/2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |