03:05 Her goýun öz aýagyndan asylanda... | |
HER GOÝUN ÖZ AÝAGYNDAN ASYLANDA...
Jemgyýetçilik tankydy
Abbasy halyfy Harun Reşidiñ doganoglany Behlul dana hiç kimden ýüz görmezdi, aýtjak zadyny göni aýdardy. Ol bir nädogry iş görende, munuñ düzedilmegini aýtmagyndan birahat bolan adamlaryñ käbiri Harun Reşidiñ ýanyna baryp: - Eý, möminleriñ emiri! Biziñ edýän işlerimiziñ oña näme zyýany bar? Bizi öz günümize goýsun. Onsoñam her goýun öz aýagyndan asylmaýarmy näme, her kim özüne jogap berýär... - diýip, Behlul dananyñ üstünden şikaýat edipdirler. Harun Reşit Behlul danany ýanyna çagyryp, oña halkyñ nägileliklerini aýdýar. Behlul sesini çykarman köşkden çykyp gidiberýär. Soñra ol birnäçe sany goýun satyn alýar-da, olary öldürip, şäheriñ dürli ýerinde aýaklaryndan asyşdyryp goýýar. Halk gülüp: "Däliden başga nämä garaşjak, onuñ edýän işi mydam şular ýaly ahyryn..." diýişýär. Aradan birnäçe gün geçýär. Asylan goýunlar porsap başlaýar we ýakymsyz ysdan ýaña şäherde durar ýaly bolmaýar. Porsy ysdan ýaña köçä çykar ýaly bolmansoñ adamlar ýene-de Harun Reşidiñ huzuryna barýarlar. Haluf Behluly çagyryp näme üçin beýdendigini soraýar. Behlul halyfa şeýle jogap berýär: - Merhemetli halyf, öz aýagyndan asylan goýnuñ beýlekilere zyýansyz bolup bilmejegini we daş-töweregine-de erbetliginiñ ýetjekdigini olara subut etmek isledim. ● Netije: Daş-töweregimizdäki bolgusyzlyklara we erbetliklere "maña zyýany degenok" diýip dymyp ýörsek, ol erbetlikler jemgyýeti çürüşdirip taşlar. Günlerde bir gün onuñ zyýany gürrüñsiz bize-de ýeter... | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |