15:19 Hoja Ýusup Hemedanynyň "Ketab-ul - käşf" eseri barada | |
HOJA ÝUSUP HEMEDANYNYÑ "KETAB-UL-KÄŞF" ESERI BARADA
Edebi makalalar
Hoja Abu Ýusup Ibn Äýub Ibn Huseýin Ibn Währe Hemedanynyň (440-535-nji h. k.) sufistik baradaky gymmatly eseri "KÄŞF" eseridir. Bu uly göwrümli eser diýseň mäkäm hem-de ajaýyp ýazylan eser bolup, VIII-nji hijri kamary asyryndan bäri nätanyş bolup galypdyr. Munuň delilini onuň az nusgagada ýazylanlygy bilen düşündirip bolar. Mongollaryň çozuşy we olaryň sebitdäki bar bolan çeşmelere hem-de ýazylan eserlere, ylaýta-da Balh, Buhara we tutuşlygyna alanymyzda Mawerennahr hem-de Horasanda bar bolan eserlerine üns bermezlikleri we olary ýok etmezlikleri, köp sanly eserlerde öz beýanyny tapypdyr. Hoja Ýusup Hemedanynyň azlyk etmegi, ýa-da bolmasa ýitip gitmegi mongollaryň çozuşlaryna bagly bolup durýar. Sebäbi onuň ýaşaýan we taglym berýän ýeri bolan Hyratdan tä Maru-şahu-jahana çenli bolan aralyk mongollaryň hüjümine sezewar bolupdyr. Muňa garamazdan Hoja Ýusup Hemedanynyň şöhratynyň diňe bir Horasanda däl, eýsem Damask, Bagdat hem-de Ysfyhanda giňden ýaýranlygy sebäpli, onuň birnäçe uly we kiçi göwrümli eserleri VII-nji asyra çenli sopularyň hem-de aryflaryň arasynda giň meşhurlyga eýe bolupdyr. Mysal üçin Jamynyň "Nafahat-ul- uns" atly kitabynda Şeýh Näjibuddin Bozgoş Şirazynyň Hoja Ýusufuň "Rutbät-ul-haýat" atly bir kitabyny okandygyny we "Mänazel -us-saýerin" atly kitaby bilen tanşandygyny ýatlap geçýär. VII-nji h. k. asyrynyñ ikinji ýarymynda we VIII-nji h. k. asyrynyñ birinji ýarymynda Hoja Ýusup Hemedanynyň "Äl-käşf" atly kitaby tanalypdyr hem-de onuň bir nusgasy Şeýh Äbdussämäd Nätänzide saklanyp galypdyr. Ol şol kitaby Ibn Arabynyň "Fusus-al-hekäm" atly kitaby bilen deň derejede görüpdir. (Alauddowle Semnanynyň Mosännäfat-e farsy atly kitabynyň 340-njy sahypasy ). Belli bolşuna görä, sufizmiň kyn hem-de çylşyrymly matlablaryny Şeýh Äbdussämäd Nätänziden öwrenen Şeýh Abdurrazad Kaşany, Hoja Ýusup Hemedanynyň "Äl-käşf" atly kitabyny tanaýan eken. (Alauddowle Semnanynyň Mosännäfat-e farsy atly kitabynyň 433-nji sahypasy). Häzirki asyrda pars dilindäki sufizme degişli kitaplary derňeýän alymlar Jamynyň eserlerine salgylanyp Hoja Ýusup Hemedanynyň "Mänazel-us-saerin" atly kitabyny Hoja Abdullah Änsarynyň "Mänazel-us-saerin" atly kitabyna adynyň meňzeş bolmaklygy sebäpli, bu eseri diňe Hoja Abdullah Änsarynyň kitaby diýip düşünipdirler. (Säýid Näfisiniň "Tarihe näzm we nasr " atly kitabynyň 2-nji tomy, 718-nji sahypasy). Birnäçe alymlar Hoja Ýusup Hemedanynyň üç eseri ýagny "Rutbät-ul-haýat", "Mänazel-us-saerin"we "Äl-käşf" atly kitaplary bar diýselerde, onuň "Äl-käşf" atly kitaby hakykatda "Mänazel-us-saerin" kitabydyr hem-de onuň doly ady "Äl-käşf än Mänazel-us-saerin ilä-llah äzzä we jäll " -dir. Hoja Ýusup Hemedanynyň "Rutbät-ul-haýat" atly kitaby doktor Muhammet Riýahy tarapyndan 1362-nji hijri şämsi ýylynda Tähranda çap boldy. Men Hoja Ýusup Hemedanynyň "Äl-käşf " atly kitabynyň nusgasyny çapa taýýarlaryn hem-de ony çap ederin. Najip Maýel Heräwi; Owganystanly alym; Mary- 2003 ýyl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |