10:13 Isgender / poema | |
ISGENDER
Poemalar
Iller Isgenderi tanaýarmykan? Oña Makedoniýa bolupdyr mekan. Filip patyşanyñ ogly Isgender Şöhratparaz, görip bir adam eken. Filip öldi, ogly häkimlik etdi, Ýaş şa ýigrimi bir ýaşyna ýetdi. Öz ülkesi az göründi gözüne, Uruş isläp, ýat ýerlere seretdi. Esger ýygnap, ýarag bilen saýlandy, Ata münüp, ülke söküp aýlandy. Gylyjyny syryp, illeri gyryp, Ýurtlarda-da ganlar döküp aýlandy. Ýazyksyz illeri rehimsiz çapdy, Derýanyñ suwy dek gyzyl gan akdy. Ýesir edip iliñ garry-ýaşyny, Olaryñ boýnuna tanapyn atdy. Bir özünden özge hany goýmady, Emma onuñ gözi zatdan doýmady. Gün geçdigi saýy işdäsi artyp, Ýer ýüzüni alsara diýip oýlandy. Ýöriş etdi gazap donuny geýip, Öñünde titredi iller gam iýip, Isgender özünden göwni hoş bolup, Öwündi şalaryñ şasy men diýip. Dabarasy tutdy örän kän ýeri. Almakçy boldy ol bar şäherleri. Adyn eşden şäherini almaga, Toplap gitdi san-sajaksyz leşgeri. Batyryñ önünden çykan bolmady, Ýüzüne çekinmän, bakan bolmady. Bütin ýer ýüzüne şa boljak kişiñ Söweşi, ýeñişi hiç kyn bolmady. Esgerleri bilen bir çöle düşdi, Alyp gaýdan ähli suwuny içdi. Hem atlar suwsady, hem nökerleri, Başyna düşeni muşakgat işdi. Epgekli sährada suw tapyp bilmän, Ygyp gezen adam galarmy ölmän? Suwsuzlyk zerarly öldürjek boldy Hyzmatkärlerini ýekänme-ýekän. Birden satanlak at guş bolup uşdy, Isgender atynyñ ýalyny guçdy. Aýna ýaly öwsün atýan bir zat hem Onuñ gözlerine çala kaklyşdy. Barsa, akyp ýatyr bir dury bulak, Göýä uly ýapdan gaýdan bir gulak. Şa gök suwdan gandy atyndan düşüp, Bu bulagyñ suwy süyji-le biçak! Isgender getirdi bir kepän balyk, Balygy bulakda ýuwdy halaýyk. Balygyñ-da üýtgäp gitdi tagamy, Isgender agzyny açdy geň galyp. Diýdi: «Ilki suwdan howlukman ganyñ, Ýeñiş biziñkidir, mäkäm ynanyñ. Ýörüñ, hany şu bulagy yzarlap, Gala ýykyp, olja alyp göneniñ». Buýruk berdi, goşun ördi şol bada, Dem-dynç alman, öñe gitdi şazada. Isgenderiñ egni demirden donly, Kernaý sesi ýañlanyp dur howada. Isgender atyny kenardan sürdi, Dury bulak baryp bir jülgä girdi. Jülgäñ agzyn altyn gala ýapyp dur, Galanyñ örän berk gapysy bardy. Ony açyp bilmän, boldy köp heläk, Batly silkeledi eýläk hem beýläk. Diýdi: «Eý, doganlar, bu ne hekaýat, Çäresi nämedir, indi nätsekkäk?» Berk gaýtawul görmänden soň hiç ýerde, Arrygyny gynap, galmady derde. Serkerde gahara-gazaba münüp, Ähli leşgerini çozdurdy birden. Derwezäni ýykyp bilmedi ýene, Gahary sygmady onuñ içine. Kakýar tarkyldadyp gunt derwezäni, «Aç!» diýip, bat berýär gödek sesine. Kakyp durandan soň iñ soñy weli, Geldi derwezäniñ bir garawuly: «Bu derweze seniñ üçin ýapykdyr, Bu ýol tañra tarap äkidýär guly!» «Aç, sen derwezäni, Isgender - adym, Hiç bir welaýatda gaýdanok badym. Aç, sen derwezäni, ýedi yklymda Garşyma çykanok meniñ bir adam». «Öwünme, gataltma, begim sesiñi, Gel, gaýratyñ bolsa, ýeñ öz nebsiñi. Dargursak hem içigara adam sen, Açmaryn gapyny, bilýän kesbiñi». «Diñle, men söweşde gezen Isgender, Uruş edip, basyp aldym çäksiz ýer. Iñ bolmanda halka görkezer ýaly, Sylag edip, maña üytgeşik zat ber». Garawul ýokardan bir ýaglyk zyñdy: «Patyşa, şuny al-da, gaýdyber indi, Ýaglygyñ içine sylag saldyk biz». Isgender begenip yzyna döndi. Ýaglygy görkezdi esgerlerine, Diýdi: «Bu sylagy görüñ siz, ine!» Ýaglygy açsalar, çakyr süñk ýatyr, Esgerler serkerdäñ bakdy ýüzüne. Isgender zeýrenýär öýkeläp gaty, Diýýär: «Bererlermi şeýle sowgady? Süñk nirede, men nirde» diýip, serkerde Zyñdy bir gapdala kiçijik süñki. Aristoteliñ göwni tapmady dowul, Süñki garbap alyp, şeýle diýdi ol: «Eý, patyşam, bir syr bardyr bu süñkde, Gyzmalyk etme-de, sowukganly bol. Bir zat bilen haýran edeýin sizi, Alyp gelseñ örän guraw terezi. Altyn goý tereziñ bir tarapynda, Beýlekisinde dursun şu süñküñ özi. Görsünler, serkerde, leşgeriñ çagyr». Üýşdi bir kän esger, edişip wagyr. Terezä goýdular altyn-kümüşi, Şonda-da kiçijik süñk geldi agyr. Goşunyñ ýaragny aýryp dessine, Isgender tereziñ goýdy üstüne. Indi näderka diýip seredip durdy. Agyr geldi çakyr süñkjagaz ýene. Aristotele diýdi batyr serkerde: «Bujagaz süñk bizi goýandyr derde. Oýlanyp pikir et, heý, mundan agyr Bir zat bolup bilermikä bir ýerde?» Aristotel alyp bir gysym toprak, Diýdi: «Şahym, indi sen tereza bak». Ol topragy guýdy süñküñ üstüne, Süñk ýokaryk galdy göýä bir gamak. Bu waka haýranlar galdy Isgender, Çagyrdy häkimi tapyp çola ýer. Diýdi: «Bu zatlary düşündir maña, Bu ýerde bir gizlin syr bardyr, meger? » «Gözüñ süñki, şahym, sen eliñdäki, Gözdür iñ nebsewür zat dünýädäki. Patyşahym, göze gum guýulanda, Dünýäniñ malyndan doýarmyş baky. Gözüñ bokurdagy giñdir çeniñden, Näçe gazansañ-da doýmaz dünýäden. Patyşahym, göze gum guýulanda, Doýar gazanmadan, iýip-içmeden. Añryk hyjuw bilen ymtylan göze, Asyl ýol bermedi altyn derweze. Sylag berip gözüñ çakyr süñküni, Garawul kän zady öwretdi bize». Isgender aýlanyp, bakyp alynna, Iñ soñy öwrüldi watan ýoluna. Edip ýören işim biderek diýip, Leşgerini çekip gaýtdy iline. Sen bu rowaýaty gury söz diýme, Garnyñ doýsa besdir, artyk zat ýygma. Dünýäde geziber, ömür sürüber, Gözüm gumdan dolar diýip gam iýme. Ömür ölçeglidir, öter-de gider, Altyndan-kümüşden mydam et heder. Namys bilen ary mala çalyşma, Diñe nadan adam bu işi eder. Abraýym-şöhratym ulalsyn diýip, Özümden ökdeler bolmasyn diýip Öwünmegin adamlaryñ ýanynda, Gülüşerler akmak diýip at goýup. Akylsyz öwünip, görer köp zyýan, Pikiriñi oýlanyp, soñra et beýan. Özüñ ýersiz-ýere öwüp nätjek sen, Barmy näme, sen bahañy soraýan? | |
|
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |