11:07 Öz ýoluñy saýlap al | |
ÖZ ÝOLUŇY SAÝLAP AL
Goşgular
![]() Öz ýoluňy saýlap-seçip al munda, Hem buýsan, zehiniň bar bolsa seniň. Düýbün tutsaň, ynam bilen kerpiç goý, Gurýan diwaryňda galmasyn kemiň. Gaçyp barýan diňe ýoluny görer, Kowalaýan ylgap gider howluga. Erk welin olary akyla tirkär, Adalatlyk kalbyň gaplar gowluga. Eger erkiň bolsa, ýaşar akylam, Onsuz hakykat ýok, wepa ýok onsuz. Öňde ot alawlar, yzyňda buzluk, Nätjek, ýaşamak ýok, hasratsyz, şonsuz. Nebsiň möwjemänkä sen ony sakla, Öwgä mynasyp bol, ökünme soňra. Kemçiligiň bilseň ýadyňda sakla, Bu göreşde diňe ýeňşi et hemra. Ätjek ädimleriň ynamly bolsun, Şonda seň zähmetiň rehnetin berer. Kimde-kim dil öwretse ýaş nesline, Tohum deý şinelär, ýerde gögerer. Abaý KUNANBAÝEW, gazak şahyry. Rusçadan terjime eden Aýnabat ATAÝEWA. "Dünýä edebiýaty" žurnaly, 3/2021 ý. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |