11:20 Jañjagaz / ýumoreska | |
JAÑJAGAZ
Satiriki hekaýalar
Doñuz tokaýyñ içini syryp ýörkä Geçä sataşypdyr. Doñuz Geçini içgin synlapdyr-da, şeýle diýipdir: - Boýnuñdan sallanyp duran zat näme? - Jañjagaz. - Oñ saña nämä derkary bar? - Ýitip gitmezligim üçin. - O nähili ýitip gitmezligiñ üçin? - diýip, Doñuz içýakgyç gülüpdir. - Kelläm gyzyp, tokaýyñ jümmüşine aralaşaýmam bar. Şonda azaşdygym meni jañjagazyñ sesi boýunça-da tapýarlar. Doñuz pikire çümüpdir-de, şeýle diýipdir: - Şuña meñzeş jañjagaz maña-da ýaraman durjak däl. Ol biraz durupdyr-da, yzyna öwrülip gidiberipdir. Şol günüñ ertesi ol ýene-de Geçä duşupdyr. Doñzuñ keýpi kökdi. Ol Geçini görenden gepläp başlapdyr: - Eý, egri şah! Entegem jañjagazyñy süýräp ýörmüñ? - Hawa. Ýeri, näme? - Samsygyñ biri ekeniñ! - diýip, Doñuz gülüpdir. - Señ göterýän jañjagazyñ möwriti birçak ötdi. Nuh eýýamynyñ zadyny äkit-de, jara dök. - Näme üçin zyñmalymyş? Entejikler maña gerek. Käşgä jyññyrdamaýan bolsa... - Baý, şoñ jyññyrdaýşyny. Ynha, meñkä bir seret. Ömür gören dälsiñ. Muña traizistor diýýäler. - O-da jyññyrdaýamy? - Jyññyrdaýşyny şoñ... Mahluk! Bi aýdym aýdýa... Onda-da nähili aýdýa! Doñuz şeýle diýdi-de, onuñ burmasyny towlady. Geçi ziñkildäp, bir gapdala bökdi. - Bolşuñ nähili? - diýip, Doñuz geñ galdy. - Beýle-de bir gopgun bormy? - Agzy sary añkaw! Goh däl-ä bü... Jaz goýberýäler. Häzirki döwrüñ iñ naýbaşy sazy. Düşnüklimi? - Hä, näbileýin? - Geçiniñ böwrüne bükgüldi gitdi. - Galmagaly boýnundan asyp ýörmek nämä gerek? Öýüñde diñleseñ bolmadymy? Doñuz başyny ýaýkady-da, çürt-kesik gürledi: - Edýän gürrüñiñ näteñet? Obañ içinden geçip giderin welin, bar kişi üçin bep-belli bolaýaryn! Derrew: "Hanha. Doñuz gelýär!" diýerler! Wasil BIRÝUKOW, ukrain ýazyjysy. Terjime eden: Çary GELDIMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |