19:37 Käbäni ýykmaga gelen piller we Ebrehäniñ aýylganç ölümi | |
KÄBÄNI ÝYKMAGA GELEN PILLER WE EBREHÄNIÑ AÝYLGANÇ ÖLÜMI
Geň-taňsy wakalar
Käbäni ýykmaga gelen pilleriñ we san-sajaksyz goşunyñ kiçijik gara uzynganat[1] guşlar tarapyndan ýok edilendigi barada eşdipmidiñiz? Megerem, köpiñize eýranly režissýor Mejit Mejidiniñ ekranlaşdyran "Allanyñ ilçisi. Hezreti Muhammet" kinofilmindäki bu taryhy wakany suratlandyrýan epizoddan, ýa-da Gurhanyñ "Pil" süresinden "Pil wakasy" tanyş bolmaly. Geliñ, ybrat alynmaly bu geñ-tañsy "Pil wakasy" barada gysgajyk durup geçeliñ. Käbäni ýykmaga gelen piller we Ebrehäniñ gözgyny ölümi okyjylary biperwaý goýmasa gerek. ■ Käbäni ýykmaga gelen piller Ýemen ýurdunyñ hökümdary Ebrehe Rim imperatorynyñ goldawy bilen Sana şäherinde gurlan buthana tama edilşi ýaly üns berilmeýänini görüp, gahar-gazaba münüpdir. Näme etmeli? Adamlar ýylyñ-ýylyna Mekgä zyýarata gidipdirler. Hatda rowaýatlaryñ birinde Mekgeden Ýemene gelen söwdagärleriñ biri Ebrehäniñ gurduran buthanasynda uly täret edip nejasat galdyrandygy barada aýdylýar. Ebrehäniñ asyl maksady Käbe bilen bäsleşýän mukaddes ýer döretmekdi. Elbetde, onuñ niýetiniñ ardynda Mekgäniñ söwda-strategik we syýahatçylyk ähmiýetini peseldip, deregine öz şäherini öñe çykarmak ýaly meýilleriniñ hem bolandygyny çaklamak kyn däl. Biziñ bu çaklamamyza W.F.Panowanyñ we Ý.B.Wahtiniñ türkmen dilinde çykan "Muhammet pygamberiñ ömür beýany" atly kitapda aýdylanlar hem doly güwä geçýär: "... şol ýylda (570-nji ýyl -t.b.) gaty uly wakalar tutaşyp, olar kuraýyşlaryñ tasdanam güýçden gaçmagyna sebäp bolan eken. Gep şunda: Mekgäniñ abadançylygy diñe Käbä hem-de onuñ amatly ýerde ýerleşenligine däl-de, kuraýyşlaryñ we olara tarapdar bolan çarwa taýpalaryñ harby kuwwatyna-da bagly eken. Diñe harby taýdan kuwwatlylygy kuraýyşlara amatly söwda işlerine gatyşmaga, ýemenli bäsdeşleriniñ söwdasyny çäklendirmäge ýa-da düýpden ýatyrmaga mümkinçilik beripdir. Netijede, ýemenli bezirgenler üçin Ortaýer deñziniñ kenarlaryna, Şama we Eýrana barýan ýollar gitdigiçe daralypdyr, ol ýollaryñ köpüsi ýa-ha Mekgäniñ üstünden ýa-da oniñ golaý-goltumyndan, kuraýyşlaryñ tarapdary bolan göçme taýpalaryñ ýerinden geçýän eken. Onsoñ ýemenliler, islese-islemese, öz harytlaryny kuraýyşlara satmaly bolupdyrlar, şol harytlary gaýtadan satanlarynda girdejiniñ agramly bölegini kuraýyşlar öz jübüsine urupdyrlar. Şonuñ üçinem ýemenliler Mekgäni basyp almagyñ kül-külüne düşüpdirler".[2] Netijede Ebrehe araplaryñ Adam atadan, Nuh we Ybraýym pygamberden bäri mukaddes saýyp, zyýarat edip gelýän ýerini - Käbäni ýykmagy müwessa bilýär. Häzirki zaman harby tehnologiýanyñ "tanklary" hasap edip boljak äpet pilleriñ hem bar bolan uly goşuny bilen Mekgäniñ üstüne gaýdan Ebrehäniñ maksady adamlaryñ ünsüni öz gurduran buthanasyna gönükdirmekdi. Wakalaryñ dowamyny ýokarda agzalan kitapdan okalyñ: "Takmynan, 569-570-nji ýyllarda ýemenliler häkimi Abrahanyñ baştutanlygynda Mekgä garşy ýöriş edipdirler. Abrahanyñ niýeti Käbäni ýykyp, ondaky keramatly zatlary äkitmek hem-de öz paýtagtyny Arabystanyñ dini merkezine öwürmek eken. Bu ýörişe hebeşileriñ goşunam gatnaşyp, olaryñ söweş pili bar eken, pil bolsa heniz Arabystanda görlen jandar däl eken. Araplary haýrana goýan, arap şahyrlary tarapyndan jikme-jik suratlandyrylan şol pilem ýemenlilerdir hebeşileriñ Mekgä garşy ýöriş eden ýylynyñ "Pil ýyly" diýlip atlandyrylmagyna sebäp bolupdyr".[3] Ebrehe Mekgäniñ alkymyna gelipdir we Hezreti Muhammet pygamberimiziñ (s.a.w) atasy Abdylmuttalbyñ düýelerini oljalaýar. Garadangaýtmaz Abdylmuttalyp olja alynan düýelerini yzyna almak üçin Ebrehäniñ garşysyna dikilipdir we ondan mallaryny talap edipdir. Şonda Ebrehe geñ galyp: – Men Käbäni ýykyp-ýumurmaga geldim. Sen bolsa düýeleriñi gaýgy edýärsiñ! - diýipdir. Abdylmuttalyp bolsa: – Men öz mallarymy bir yzyna alaýyn. Käbäniñ öz eýesi bar, ony Ol gorar! - diýip, jogap beripdir. Şundan soñ Ebrehe goşunyna Käbä çozmagy buýurýar. Emma Mina we Müzdelifäniñ arasyndaky Muhassir jülgesine gelende, piller ýöremän başlaýar. Asmanyñ ýüzi birdenkä gara uzynganatlardan dolýar. Guşlar penjesinde getiren ownujak daşlaryny ýemenlileriñ üstüne ýagdyrmaga başlaýar. Barmagyñ ujundan uly bolmadyk kiçijik daşlar kime degse, onuñ şobada takga jany çykypdyr. Mekgäniñ alkymy dem salymyñ içinde adam we pil maslyklaryndan dolupdyr. Görlüp eşdilmedik we ynanmasy kyn waka bolup geçýär, çünki kinniwanja guşlar tonnalarça agramy bolan pilleri ýere läş edip taşlaýar. Bu iniñi jümşüllediji ylahy gudratyñ bolup geçen ýylyna "Pil ýyly" diýildi. Wakalaryñ jemini ýokarda salgylanylan kitapdan okalyñ: "Abrahanyñ güýji juda agdyk hem-de gelşi şeýle bir zabun eken welin, kuraýyşlar Mekgäni goramakdan el göterip, aýal, oglan-uşaklaryny alypdyrlar-da, golaýdaky daglara siñipdirler. Göräýmäge, Mekgäni indi halas edip biljek güýç ýok eken. Emma şol pursatda bir gudrat ýüze çykypdyr - kiçijik-kiçijik guşlar bulut ýaly bolup gelipdirler-de, Abrahanyñ leşgeriniñ üstünden owunjak daşlary ýagdyryp ugrapdyrlar, şol daşlaryñ degen ýeri ýara bolýan eken. Giden sülsat gyrgyna düşüpdir, onsoñ olar Mekgäni basyp almakdan ellibizar, ýeñsäni öwrüpdirler. Şonuñ yz ýanyndan bolsa apy-tupan turup jala gelipdir-de, Abrahanyñ leşgeriniñ galanjasyn syryp-süpürip, deñze gapgarypdyr".[4] W.F.Panowa, Ý.B.Wahtiniñ mundan soñky jümlesinde adatdan daşary ýagdaýda bolup geçen bu wakalara ateist nukdaýnazardan çemeleşip, "Pil wakasyny" we şondaky gudraty - Arabystanda şol ýyl ýüze çykan mama keseline we Ýemene persleriñ çozup, hebeşileriñ we olaryn ýerli ýaranlarynyñ derbi-dagyn edilmegine baglanyşdyrýandygyna[5] garamazdan, "Pil wakasyndan" soñ Allanyñ gudratynyñ amal bolandygy we Mekgäniñ keramatly göwheri - Käbäniñ şöhratynyñ has-da artandygy hakykat. Munuñ üçin awtorlary günäkärläp oturmagyñ geregi ýok. Kemçiliklere garamazdan kitap we onuñ türkmen dilinde çykan terjimesi kitabyñ rus we türkmen dillerinde neşir edilen ýyllarynda giñ okyjylar köpçüligi üçin iñ gowy sowgatdygyny aýtmak gerek. Biziñ gürrüñimiziñ özeni bu hakda däl. Şu ýerde üns berdiñizmi ýa bermediñiz, biljek däl welin, "hudaýlyk" satanlaryñ, özüni "hudaý" ýerine goýanlaryñ, Hudaýa garşy gidenleriñ, halklara gan gusduranlaryñ, men-menlik edýänleriñ ençemesiniñ soñy şular ýaly bolup gutarypdyr. Eýsem, bulary-da Panowadyr, Wahtiniñ düşündirişinden tapyp bilerismikä? Göz öñüne getirip görüñ: Ebrehäniñ goşuny öz döwrüniñ iñ uly we iñ güýçli goşunlaryndan biri. Onuñ goşunyndaky piller aýak basan ýerini ýer bilen ýegsan edip taşlaýar. Edil häzirki döwrüñ yklymara raketalary ýaly... Emma olar duraga-da gara uzynganat diýilýän guşlaryñ zyña owunjak daşlaryndan heläk bolýar. Ýa bolmasa, özüniñ "hudaýdygyny" aýdan Nemrudyñ ölümini ýada salyp göreliñ. Iññän nusga alarlyk ölüm. Nemrut burnuna dyrnak ýalyja siñek girip, zary-girýan we gözgyny halda jan beripdir. Özüni "hudaý" saýan we hemme zadyñ özünkidigini aýdýan Fyrgunyñ ölümi Nemrudyñ, Ebrehäniñ ölüminden ibalymy eýse? Fyrgyn özünkidigini aýdýan deñizde gark bolup ölüpdir. Şetdadyñ, Çingiz hanyñ, Leniniñ, Staliniñ ölümleri... bularyñ hersi aýry hekaýat. Gelejekde, hersi barada aýratyn durup geçeris. Güýç-kuwwatyñ we gudratyñ eýesi ýeke-täk Alllatagaladyr! _______________________________ [1] Gara uzynganat (ýa-da uzynganat) - taýran-y ebabyl (ebabil) ýa-da ebabyl (чёрный стриж) garlawaja meñzeş guşuñ ady. [2] W.F.Panowa, Ý.B.Wahtin "Muhammet pygamberiñ ömür beýany", I-II tomluk, Aşgabat "Turan-1" neşirýaty, 1992., Terjime edenler: Kömek Kulyýew, Ahmet Halmyradow, Gowşutgeldi Dañatarow, I tom, 32-nji sahypa; [3] Görkezilen ýerde., 32-33-nji sahypa; [4] Görkezilen ýerde., 33-nji sahypa; [5] Görkezilen ýerde., 33-nji sahypa. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||