01:14 Kepen suwy: Skwažinalarymyzy gazýan 2OHT-my? | |
KEPEN SUWY: SKWAŽINALARYMYZY GAZÝAN 2OHT-my?
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk
NASA tarapyndan çap edilen kartada Türkiýäniñ ýerasty suwlarynyñ ortaça derejesiniñ ep-esli pese düşendigi görkezilýär / Surat: NASA Ýangynlaryñ ýylyñ ýylyna bolup duran Toros daglarynyñ eteklerinde ýerasty suw gorlaryndan peýdalanylyşy we emeli suw babatda Antalýany uly şäher we tomusky ýerler hökmünde üstünde durup geçsek gowy bolar. Mälim bolşy ýaly Antalýa oba hojalyk we turizm, ýagny, 2OHT babatda ýurdumyzyñ ýüzüniñ tuwagy. Girdeji çeşmesi hökmünde her iki pudagam hemişe hökümetler tarapyndan goldanyp gelinýär. Emma keteklerden "altyn ýumurtgalar" çöplenende, "towuklaryñ" artbujagynyñ nähili awuşaýandygyny görýän ýok. Şu meselede jogapkärçilikli çemeleşýän birnäçe edaranyñ başyny çekýän Antalýanyñ TMMOB Geolog-inženerler edarasynyñ geçiren barlaglaryna görä, Antalýa agyz suwunyñ 90%-den gowragyny ýerasty suwlaryndan üpjün edýär. Göräýmäge, munda erbet zadam ýok ýaly, çünki ýurt boýunça alanda munisipalitetleriñ käbir ýerlerde agyz suwuny 100%-e ýetýän derejede skwažinalardan alýandygyny bilýä4is. Antalýada ýaşaýan 2 million 668 müñ adamyñam gerek suwuny şu ýol bilen üpjün etmegiñ mesele däldigi görülýär. Mesele - 14 milliona ýeteñkirlän turistleriñ 50 milliona golaý gijeleýin sanynda ýatyr. Bu sanlar bizi buýsandyrýanam bolsa, 428 sany bäşýyldyzly otel 680 müñ orunlyk ýatakhanasy bilen çäklenmän, ýyldyzly-ýyldyzsyz otelleriniñ, umumyýaşaýyş jaýlarynyñ, tomusky dynç alyş öýleriniñ (daçalaryñ) sanyny köpeldip barýar. Kenarýakalaryny basyp alyşlar dowam edýär, indem tomusky dynç alyş öýlerini, turistik binalary, şäherçeleri, ýaşaýyş jaýlaryny, tomusky ýyladyşhanalary (teplisalary) Beýdaglarynyñ, Gündogar Toros daglarynyñ çür depesine çenli gurup çykdylar. Bu ýerlerde indi ýabany towşanlaryñ içip biläýjek kak suwy-da galmady. Gurbagalaryñ sesi ýat boldy. Daça ýöredýänleriñ gazan guýulary guramaga başlansoñ, penjirelere "satlyk" ýazgylary asylmaga başlandy. Mälim bolşy ýaly, turistik binalar adaty jaýlardan 2-3 esse köp suw harçlaýar (basseýnler, tennis kortlary, duşlar, gök zolaklary suwarmak we ş.m.). Hasaplamalara görä, turistik binalarda adam başyna gündelik sarp edilýän suw 400-700 litr aralykda. Ortaça adam başyna gündelik 500 litrden kabul etsek, 50 million gijeleýin 500 litr - günde 25 million metr kuba barabar bolýar. Netijede her ýyl suwa iñ köp mätäçlik duýulýan möwsümde şonça suw harçlanýar. Ösen ýurtlar indi turist gelerini isläp duranoklar, gaýtam azaltmaga synanyşýarlar. Amsterdam şäheriniñ munisipaliteti şähere gelýän myhmanlaryñ sany 20 milliondan geçensoñ, köpçülikleýin turizmiñ öñüni almak üçin uly ýolagçy gämileriniñ şäher merkezine labyryny atmagyny gadagan etdi. Muña tutaryk bolsa, turizmiñ daşky gurşawyñ hapalanmagyna sebäp bolýanlygy we käbir rezerwleriñ gutarmagy. ("Turist sanyny azaltmak isleýän Amsterdamda uly ýolagçy gämileri gadahan edildi", 2023). Grek adalary her ýyl köpçülikleýin turistleriñ känliginden ýaña suw edaralary suw üpjünçiliginiñ zordan 40%-ni üpjün edip bilýärler. Ýurdumyzdaky kenarýaka sebitlerimizde hem şuña meñzeş ýagdaý gaýtalanýar. Mysal üçin, Bodrumyñ ilatynyñ dokuz günlük baýramçylyk dynç alyşlygynda 195 müñden bir milliona ýetendigini gördük. Görlüşi ýaly, turizm pudagy o diýen höwes ederlik zadam däl. • Emeli suw Turistik zonalarda deñeçerligi saklaýan ikinji OHT-a seredenimizde, oba hojalygynda ulanylýan ýerasty suwlar babatda täze adalga garşymyza çykýar: Emeli suw. "Emeli suw" - dünýä derejesinde söwdasy edilýän önümleriñ ýetişdirilýän we öndürilýän wagtynda ulanylýan suwuñ mukdaryny kesgitleýän söz. Global ölçegde emeli suw söwdasy ýylda 986 milliard metr kub hökmünde hasaplanýar (Pearce, 2009). Şu boýunça Orta Aziýa çöllerinde pagta meýdanlary üçin Aral deñziniñ ýok bolşy, Päkistanda pagta ekmek üçin pida berilen Hind derýasy ýaly mysallary ýatladyp, Antalýadaky emeli suwuñ ýagdaýyna göz aýlalyñ. Antalýa ýylyñ dört paslynda ir iýmiş we gök önüm öndürip satýan iñ hasylly etrabymyz. 2020-nji ýylda Antalýanyñ "Toptancı Hal" kompleksinden 850 müñ tonna ir-iýmişdir gök önüm ýurduñ içine we daşyna ugradylypdyr ("Antalýadan dünýä ýurtlaryna gök önüm we ir-iýmiş eksport edilýär", 2021). Bu maglumat bize bir wagtyñ özünde 135 ýurda emeli suwy-da ýurdumyzdan daşyna çykarýandygymyzy añladýar. Ekerançylykda ulanylýan suwlaruñ agramly böleginiñ ýerasty suwlaryndan peýdalanýandygyny hemmämiz bilýäris. Hasam beteri, Antalýanyñ Geolog-inženerler edarasynyñ ýanh bilen bile beýleki edara-kärhanalarynyñ berýän habaryna görä, Korkuteli etraby häzir ýerasty suwlarynyñ ýarsyndan gowragyny ýitiren ýagdaýda. Onuñ yzyndan Elmaly ýaly derejesi ýokary ýerlerdäki suw gorlary barýar. Parniklerdir teplisalar üçin gazylýan skwažinalaryñ suw derejesi yzygiderli has aşaklara düşýär. Sakasyny daglardan alyp gaýdýan we şäheriñ agyz suwuny üpjün edýän käbir skwažinalarda adamyñ saglygyna zyýan berip biljek derejede gurşunyñ bardygy hakda ASAT we Geolog-inženerler edarasynyñ arasyndaky jedel häzirem dowam edýär. (Antalýa suw gorlarynyñ hapalygy hakda metbugat beýannamasy, 2018 ý). Antalýanyñ emeli suw meselesi eksportynyñ üstünde gaýtadan durup geçmeli bolsa, gazanan pulumyzyñ köplügine begenmegiñ o diýen dogry däldigini görýäris. Eksport edýän gök önümlerimiziñ, ir-iýmişlerimiziñ önümçiligi üçin harçlanýan suwuñ mukdary ölçenende, olar bilen birlikde nägadar emeli suw sarp edendigimizi añsat bilip bilýäris. Pomidor plantasiýasy boýunça hasaplaýyş işlerini geçirsek, belki-de, mesele hasam aýdylaşar. Bir kilogram pomidor ýetişdirmek üçin ulanylan suwuñ mukdary 180 litr. Saçagymyzda ulanýan her kilogram pomidor üçinem şol bir wagtyñ özýnde 180 litr suw sarp edýäris ("Suwy gutarýarys", 2013). TUİK-iñ 2022-nji ýylyñ jemleri boýunça çap eden maglumatlaryna görä, Antalýada 2022-nji ýylda 278 müñ tonna pomidor eksport edilipdir (Egilmez, 2022). 278 müñ tonnany 0.180-e ursak, 50 müñ metr kub emeli suwy diñe bir önüm üçin sarp edýändigimizi görýäris. Beýleki miweler, gök önümler we dekoratiw ösümlikleri üçin skwažinalaryñ sorup alýan suwy hakykatdan pomidoryñ gyzyly däl-de, ganyñ gyzyly ýaly. Çünki elimizde topragyñam gany bar. Günüñ ahyrynda 2OHT-ni emele getirýän pudaklardan pul gazanmak üçin esasan suw sarp edýäris. Ýogsam bolmasa, ýerüsti suwlarymyz hemme zatdan öñde durmaly ahbetin! Deñize guýýan akar suwlarymyz bar. Mysal üçin, Manawgat suwundan kenarýakasy boyunça hem 2OHT üçinem munisipalitetlere kenarýaka boýunça prowodalarda gerekli suw paýlanyp bilner (Demir, 2019). Akar suwlarymyzy, beýleki ätiýaçlyk suw gorlarymyzy nemlendirýän Burdur, Egirdir, Beýşehir kölleri barha kiçelýär, guraýar. Daglara-da öñki ýaly gar ýaganok. Gysgaça aýdanda, oba hojalygynda we turizmde gazanan zatlarymyzyñ ýany bilen nämeleri ýitirýändigimizi-de bilmek gerek. Dünýä ähmiýetli şäher Antalýany geljekde suwsuz goýmajak bolalyñ. Suw dünýäniñ birinji we ýeke-täk meselesine öwrüldi. Türkiýe suw stresi döwrüne girip barýar. Ýerasty suwlarymyz gutarmanka, olary bisarpa ulanmakdan el çekeliñ! "Ýeriñ astyndaky suwlar gutarsa, ýeriñ üstündäki suwlaram gutarýar!" diýen pikir bilen jogapkärçilik duýmak gerek. Şu ýerde danalyk bilen aýdylan indeý nakyllarynyñ birini ýatlatsak gowy bolar: "Ýer ýüzi bize ata-babalarymyzdan miras galmady, çagalarymyzdan peşgeş aldyk". Ýeriñ astynda galan suw kepen suwumyzdyr. Mukaddesligimizdir. Sorulan sorulyp alyndy, iñ bolmanda galanjasyny bir hemmämiz bilelikde goralyñ. Tejelli SERJAN SYRMA. Anna, 18.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |