14:38 Kepen suwy | |
KEPEN SUWY
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk
Surat: Pixabay NASA 2021-nji ýylyñ 11-nji ýanwarynda ýeriñ dartyş güýjüni halas etmek we klimat üýtgeşmelerini synlaýan hemralar tarapyndan surata düşürilen gurakçylyk kartasynyñ maglumatlaryna esaslanyp, Türkiýäniñ ýerasty suw kartasy boýunça duýduryşlary berdi. Habarda ýerasty suw kartasynyñ reñki gök däl-de gyzylymtyk reñkde berilýär. Şol wagt duýduryşa gulak asanam bolmady. Iki ýyla golaý wagt geçenden soñ 2023-nji ýylyñ 18-nji iýunynda BBC kanalynyñ türk dilinde berilýän bölüminde has giñ möçberli habar orta atyldy: "Ýer astyndan çekilşen suwuñ mukdary dünýäniñ öz daşyndan aýlanyş ugruny 20 ýylda 80 sm töweregi gündogara süýşürdi" ("NTV" Habarlar merkezi, 2023). Surat: NASA Bu habar bilenem alymlardan başga gyzyklanan tapylmadyk bolsa gerek. Agzalýan süýşmäniñ diñe çekilişýän suwuñ mukdaryna bagly bolup-bolmandyghny alymlar jedelleşmek beýlede dursun, ýurdumyzdaky ýerasty suwlaryñam endişelendiriji ýagdaýda azalýandygyna we hapalanýandygyna şaýat bolduk. Ýerüsti suw gorlarymyz gutaryşyp başlady welin, ýerasty suwlara gözümizi dikdik. Tehnologiýa arkaly müñ metrden çuñluga inip bilýän buraw sistemalary bilen tapyp bilen iñ soñky damja suwumyzy-da başymyza çekdik. Gurakçylyk we çakdanaşa burawlaýyş işleri sebäpli ýerasty suwlarynyñ derejesi ýagyş-ýagmyrlar bilen üsti dolmansoñ, barha aşak düşdi. 20-40 metrden tapylýan suw 200-300 metr çuñluga çekildi... Käbir guýylar bolsa hemişelik gurady. Munuñ netijesinde Iskenderundan Ýalowa çenli guryýer zolagy boýunça ýerasty suwlara goşulan deñiz suwy bu ýerdäki ýerasty suw gorlarymyzy şor suwa öwürdi. Kenarýaka zolaklarda gürelýän turistik desgalar, tomusky dynç alyş öýleri (daçalar), parnikdir teplisalar ýeriñ üstündäki gorlardan alup bilmedik suwlaryny has arzan, hatda mugt bolandygy üçin ýerasty suwlara gözüni dikdi. Olar "guýylaryny (skwažinalaryny) gazdygysaýy" suwlar has aşak düşdi. Agzalan guryýer zolagynda bolan ýerasty suw gorlary boýunça birinji ylmy barlagda problemanyñ nähili uludygy we çynlakaýdygy görüldi. Habarlaryñ iñ gorkunjy Samsundan geldi. Garadeñiziñ şor suwlarynyñ Bafra we Alaçam jülgelerine aşakdan girip, 5-6 km-e çenli süýşendigi anyklandy we ýerasty suwlar çekildigisaýy bu süýşmeleriñ dowam etjekdigi çaklanýar. Häzir dünýäniñ ulanýan suwunyñ üç bir böleginden gowragy ýerasty suw gorlaryndan alynýar. Liwiýa, Saud Arabystany ýaly ýurtlar çölüñ astynda ýatan million ýyllyk fossil suwlarynyñ (палеовод) ýarsyna golaýyny sokga sorup aldy. Ýerüsti suwlar üçin döwletleriñ arasynda, hatda sebitleýin uruşlaryñ bolmagyna garaşylýan wagty, eýýämden ýerasty suwlar üçinem uruş zañlary urulýar. Birinji dawa nebite baý ýurtlardan Saud Arabystany bilen Iordaniýanyñ arasynda bolup geçdi. Iordaniýa Arabystany ýerasty suwlaryny ogurlamakda aýyplady. Hernä, birnäçe gepleşiklerden soñ häzirlikçe ylalaşyga geldiler. Bu ylalaşyk fossil suwlarynyñ paýlaşygyny öñünden kesgitlän birinji ylalaşyk boldy. Şeýle mysallar köpeliberse, diñe dünýäniñ ümzügi däl, ýaşaýyşyñ ümzüginiñ nirä baryp direjegi belli däl. Suw üstündäki uruşlardan öz içinde eýýämden ýeñilenleriñ başyny Hindistan, Bangladeş, Päkistan, Hytaý, Çili, Efiopiýa, Özbegistan çekýär. Bu ýurtlaryñ çuñ skwažinalarynda zäherli suwlar çykmaga başlady. Suwlardaky flýuorit we gurşun ýaly maddalaryñ mukdary adamlary öldürip biljek derejede artypdyr. Bangladeşde we Günbatar Hindistanda bir milliondan gowrak obada ýaşaýan 10 millionlarça adam skwažinalardan zäherlendi. Köpçülikleýin zäherlenmeler häzirem dowam edýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasy (BSGG) bu wakany "Taryhyñ iñ uly köpçülikleýin zäherlenme hadysasy" hökmünde baha berýär. Dünýäniñ birnäçe ýerinde ýerasty suwlar meselesi indi yza dolap bolmajak menzile gelip diränem bolsa, biz ýurtlardan sapak alyp, käbir öñüni alyş-taýýarlyk işlerini geçirip bileris. Ýurdumyzda esasanam ekerançylyk meýdanlarynda bu heläkçiligiñ 1980-1990-njy ýyllarda Egeý sebitinde baglyk ýerlerde ýola goýlan damjalaýyn suwaryş prowodalarynyñ köpüsiniñ birnäçe ýylyñ dowamynda demir çökündilerinden ýaña poslap-dykylyp gidendigini gördüm. Guýylarda suwuñ derejesi aşak düşdügisaýy demiriñ derejesi köpelýär. Demir bilen bile marganes, gurşun we ş.m. maddalar köpelip, wagtal-wagtal miweli agaçlaryñ guramagyna sebäp bolýar. Bir elementiñ beýlekileriniñ garşysyna köpelmegi - ösümliklerde beýleki gerekli esasy maddalaryñ alynmagyna päsgel berýär. Ýerüsti suwlar bilen soñuny saýman edilen akylsyz, wagşyýana suwarmalar bilenem şuña meñzeş netijeler az gabat gelenok. GAP mysalynda bolşy ýaly, ýerleriñ şorlap hatardan çykmagy ýaly başga bir howpam abanyp gelýär. Hünärmenleriñ bu boýunça berýän duýduryşlaryny-da diñleýän ýok. Hatda 1998-nji ýylda ýazan bir makalamda GAP-dan jogapkär döwlet ministri Salih Ýyldyryma "GAP-yñ suwaryş böleginiñ ýalñyş meýilleşdirilendigini, ýapdan suwarmagyñ ýerine pürkülýän suwaryş sistemasyna geçilmegini" maslahat bermäge synanyşypdym. (Syrma, 1998). Gynansak-da, GAP-yñ uly bölegi, şorlap, hatardan çykyp ýatyr. Ýagny, negözel ýerler elden gitdi, harap boldy. Bu boýunça ygtyýarlylar hökman beýanat bilen çykyş etmeli bolarlar (!). Häzir tebigatyñ özi Konýada we Aksaraýda emele gelen 2 müñ 500-den gowrak gorp atyp ýerler arkaly ýerasty suwlaryñ ulanylmagyny çäklendirmek babatda bize duýduryş berýär. Eşidýän, duýýan bir barmy özi? Tejelli SERJAN SYRMA. Penşenbe, 17.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||