15:12 Kimden öwrendikä? / ýumoreska | |
KIMDEN ÖWRENDIKÄ?
Satiriki hekaýalar
- Ejeñ saña "çilim çekýär" diýýär welin, sen çilim çekmäni kimden öwrenip ýörsüñ? - Sapar çilim çekip oturyşyna alty ýaşly oguljygyna azmly gürledi. Myratjyk başyny aşak saldy-da, sesini çykarmady. - Indi gaýdyp çilim çekseñ, eşitmedim diýme, gulagyñy maşynyñ tigrine çümen çüýi sogran ýaly, sogrup zyñaryn. Ejeñ "sögünýärem" diýýär, bu nämäniñ alamaty? Oglanjyk geplemedi. - "Maña haýbat atýar" diýýär. Ah-ow, kiçijik deýýus, sen düşün! - Sapar gaharyna bäs gelmän girreldi. - Ak süýt berip ulaldan ejeñe-de bir haýbat atylarmy? Akmak diýerler saña... Sögünmegi, haýbat atmagy kim öwretdi. Haý, doñuz diýsänim... Ýok, sen heniz jojuk. Alty ýaşyñda şeýdip ýörseñ, ulalañda nähili bolarsyñ? Şu zatlary indi gaýtalanyñy eşitsem, maşynyñ ruçkasyny alaga-da, duran ýeriñde ýere gazyk ederin. Bar, gümüñi çek, huligan, gözüme görünme! - diýip, Sapar oglunyñ gulak düýbüne suñşurdy-da, öýden kowup goýberdi. - Şu çagalary terbiýeläp, adam hataryna goşjak bolup, janyñy aýañok welin, gör-ä bolýan zady. Ýeri, Myrada näme diýjek, ýañy alty ýaşynda. Ejesi: "Aýdýan geplerini gulagyñ eşider ýaly däl" diýip zeýrenýär. Geñ göräýmeli, ol bu zatlary kimden öwrendikä? - diýip, Sapar öz-özüne sorag berdi. Kemal ESENOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1986. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |