19:47 Köpçülikleýin ýok bolma garaşylşyndan has tiz bolup geçmegi mümkin | |
KÖPÇÜLIKLEÝIN ÝOK BOLMA GARAŞYLŞYNDAN HAS TIZ BOLUP GEÇMEGI MÜMKIN
Haýwanat dünýäsi
Dünýä taryhynda 70% bilen 95% aralygynda her biri haýwanat, ösümlik we mikrorganizm dünýäsinden görnüşleri ýok eden bäşinji köpçülikleýin gyrgynyñ bolup geçendigi aýdylýar. Aýmaklaryna görä, munuñ bize iñ ýakyn geçmişde bolup geçeni - 66 million ýyl öñ dinozawrlary ýok edip taşlan köpçülikleýin gyrgyndyr. Meksikaly alymlaryñ geçiren barlaglary "altynjy köpçülikleýin ýok bolmanyñ" biziñ günlerimizde garaşylyşyndan has çalt geçme ähtimallygynyñ bardygyny ýüze çykardy. Netijeleri "Proceedings of the National Academy of Sciences" (PNAS) ylmy-populýar žurnalynda çap edilen barlaglar Meksikanyñ Döwlet Awtonom uniwersitetiniñ ekologiýa professory Herardo Sebalos Gonzalesiñ ylmy ýolbaşçylygyndaky topar tarapyndan alnyp baryldy. Gonzales CNN-e elektron poçta arkaly ugradan beýannamasynda görkezilen döwrüñ dowamynda 173 görnüşli janly-jandardyr ösümlik görnüşiniñ ýok bolmagynyñ adaty şertlerde garaşylşyndan 25% ýokarydygyna ünsi çekdi. Professor Gonzales ýolbaşçylyk edýän toparynyñ soñky ýüz ýylda dört ýûzden agdyk oñurgaly jandarlaryñ ýok bolandygyny anyklandygyny, adaty şertlerde bu ýok boluş prosesiniñ 10 müñ ýyla çekýändigini nygtap, bolup geçýän köpçülikleýin ýok boluşyñ adamzadyñ öz ýalñyşlyklaryndan gelop çykýandygyny aýtdy. ■ Koronawirusyñ täsiri Alymlar hususanam täze tipli koronawirus ýokanjynyñ ýaýramagy bilen emele gelen krizisiñ adamzadyñ janly tebigata paýhassyz çemeleşmesini iññän ýaramaz yza tesdirjekdigini aýdýarlar. Hünärmenler "Koronawirus ýokanjynyñ Hytaýdaky ýyrtyjy jandarlaryñ söwdasy we sarp edilşi bilen baglanyşyklygyna ynanýarys. Hytaý hökümetiniñ ýyrtyjy jandarlaryñ söwdasyna girizen gadagançylygy doly we dogry berjaý edilen ýagdaýynda, ýok bolmanyñ bosagasynda duran janly-jandarlaryñ uly bölegini gorag astyna alma mümkinçiligi dörär" diýdiler. Dünýä taryhynda 70% bilen 95% aralygynda her biri haýwanat, ösümlik we mikrorganizm dünýäsinden görnüşleri ýok eden bäşinji köpçülikleýin gyrgynyñ bolup geçendigi aýdylýar. Aýmaklaryna görä, munuñ bize iñ ýakyn geçmişde bolup geçeni - 66 million ýyl öñ dinozawrlary ýok edip taşlan köpçülikleýin gyrgyndyr. Geçmişdäki köpçülikleýin ýok bolmalara, astreoid gaçmagy we uly wulkanik partlamalar ýaly hadysalar sebäp bolupdyr. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. @ Kitapçylar | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |