12:49 "Kyýamatyñ" gelen säheri | |
ÖÝLER BETONA GÖMÜLDI, OBALAR ÝOK BOLDY: TÜRKIÝÄ we SIRIÝA "KYÝAMATYÑ" GELEN SÄHERI
Publisistika
Halas ediş toparlary Siriýanyñ Lazkiýe şäherinde ýer titrändigi zerarly ýumrulan binanyñ ýerleşen ýerinde ölmän galanlary gözleýär. ("Reuters" habarlar gullugy) • Binalar ýumrulyp, doly weýran bolan ýerler bar Ysmaýyl Abdylla Siriýanyñ demirgazyk-günbataryndaky Idlib şäherinde ýaşaýan binasynda sagat 04:17 uçurlary "kyýamat gününiñ" gelip, hemmeleriñ tisginip oýanandygyny aýtdy. Siriýaly "Tiz kömek" gullugynyñ işgäri bir aýlyk bäbejigini gujagyna gysypdyr. Halas bolmak üçin bary-ýogy birküç sekundy galanda, ýatan düşeginiñ üstüne potologyñ bir bölegi çökende saklanjak bolup böküpdir. Duldegşir goñşusy onuñ ýaly nesibeli däl eken. Goñşy jaýyñ blogy çökensoñ, öñem uruşyñ gidýän birnäçe ýerinden gaçyp gelip, öz ýurdunda öýünden-ilinden jyda düşürilen maşgalanyñ 15 agzasy ölüpdir. Abdyllanyñ oturan ýeriniñ töwereginde oppozisionerleriñ elindäki ýerlerde on ýyl bäri dowam edip gelýän graždanlyk urşy zerarly harap bolan binalaryñ barsy ýykylypdyr. Halk arasynda "Ak kaskalylar" ady bilen tanalýan Siriýanyñ Raýat Goranyş guramasynda meýletin işleýän üç çagaly 36 ýaşly ata "Hamana kimdir biri eli bilen jaýlary agdar-düñder edýän ýalydy, kyýamat güni gelen ýaly boldy. Üçekler hallan atýardy, sekuntlara çeken aýylganç pursatlar bolup geçdi" diýýär. Abdylla häzir ýaralylary we ölüleri kesekleriñ astyndan çykarmak üçin işleýär. Hemme zady kesegiñ astynda galan maşgalalar bar, häzire çenli adamlary halas etmäge dyrjaşdyk. Ýöne ýagdaý "Ak kaskalylaryñ" çözerinden çökder. Munuñ hötdesinden gelmek üçin döwlet derejesinde iş alyp barmak gerek. Tutuşlygyna ýok bolan obalaryñ, şäher raýonlarynyñ gürrüñini edýärin. Türkiýäni we Siriýanyñ demirgazyk-günbataryny uran 7.8 ballyk ýer titremesiniñ yzysüre azyndan 3 müñ 500-i Türkiýeden, jemi 5 müñden gowrak aram gurban boldy we müñlerçe adam ýaralandy. Añzakly gyş gününiñ dañdan uçurlary emele gelen ýer titremesi Kiprdd we Liwanda-da bildirdi. Oppozisionerleriñ garamagyndaky demirgazyk-günbatar sebitdäki halas ediş işgärleriniñ we Damask hökümetiniñ berýän maglumatyna görä, 11 ýyldan gowrak dowam eden çaknyşyklar sebäpli öñdenem harap bolup ýatan Siriýada 1600-den gowrak adam gurban boldy. Abdylla toparlarynyñ noldanam pes şertlerde we garda çakgan hereket edip, ölmän galanlary tapmaga jan edýändigini aýtdy. "Ak kaskalylaryñ" "The Independent" bilen paýlaşan wideoýazgylarynda kelleçyra dakynan meýletinler ýörite byçgylar bilen bölekleýän äpet beton üýşmekleriniñ arasyna girip, gömlüp galan raýatlary tapjak bolýarlar. Sesi titräp durandygy duýulýan Abdylla "Gaty kän mukdarda kömege mätäçligimiz bar, çünki şeýle betbagtlygy ýeke özümiz başymyzdan sowar ýaly däl" diýip, sözüni dowam etdirdi. Bärde ýaşaýan adamlaryñ galabasy uruş zerarly birnäçe gezek öýlerinden-illerinden jyda düşürildi. Bärdäki saglygy goraýyş ulgamy gowşak, geçen pandemiýa we uruş zerarly "öýkeni bagryna ýapyşan" ýagdaýda. Gitmäge ýer ýok. Ýer titremesiniñ merkezi nokadyna ýakyn bolan, Türkiýäniñ günortasyndaky Gaziantepde ýaşaýanlaram ýatan ýerlerinden galkyp turandyklaryny, Garda we doñduryjy ýagyşda binalaryñ çökendigini gürrüñ berdiler. Ýer titremesinde ýaralanan adam Idlib welaýatynyñ Darkuş şäheriniñ "El Rahme" hassahanasyna äkidilýär. ("AP" habarlar gullugy) Siriýanyñ Amerikan Medisinasy jemgyýetiniñ (SAMS) Ýakyn Gündogar sebiti boýunça direktory Mazen Kewara, şäherde oturan jaýynyñ bölekleýin zaýalanmagynyñ yzyndan gaçyp özüni atan awtoulagynda oturan ýerinden "The Independent"-iñ sowallaryna jogap berdi. Kewara SAMS-yñ Siriýanyñ demirgazgyndaky hassahanalaryñ hemmesiniñ agzy-burny bilen dolandygyny aýtdy. Demirgazyk Siriýa bilen Türkiýäniñ arasyndaky "Bab el-Hawa" gümrük postunda esasy desgalary, ýerleri doldurandygy üçin hassalary yzyna gaýtarmaga başlapdyr. Ol "The Independent"-e alaçsyzlyk bilen "Ähli "Tiz kömek" gullugynyñ otaglary doldy, hassalary koridorlarda bejerýäris, koridorlaryñ ugram, beýlek hassahanalaram doly" diýdi. Desgalarymyzyñam dördüsi zaýalandy we başga ýere göçürildi. Idlibde zaýalanan bäbekhanada kömek berilen göwreli aýalyñ aradan çykandygyny, ýöne lukmanlaryñ heniz dünýä inmedik bäbejigi halas etmegi başarandygyny aýdýar. "Täze doglan çagalary başga hassahana ýerleşdirmäge mejbur bolduk. Kyn ýagdaýyñ hötdesinden geljek bolýarys. Türkiýedäki ýer titremesiniñ ýykan-ýumranlygyndan halas edilen on ýaşlyja çaga. ("Anadolu" habarlar gullugy) Şular ýaly uly giñişlikde şular ýaly derejedäki weýrançylygy öñ görmändik". Kewara esasanam Demirgazyk Siriýanyñ saglygy goraýyş enjamlaryna we serişdelerini ýiti mätäçlik duýýandygyny, saglygy goraýyş ulgamynyñ ýer titremesinden öñem çöken ýagdaýdadygyny aýtdy. Ilatyñ ýarsy Siriýanyñ uruş zerarly harap bolan ýerlerinden öz ýurdunyñ içinde öý-ilinden jyda düşürilen ýagdaýda we bularyñ üçden biri lagerlerde çadyrda ýaşaýar. Gyş paslynyñ gelmegi bilen mundan öñem adamlaryñ görýän görgüsi ýetikdi. Kewara "Gyssagly saglyk hyzmaty toparlaryndan başlap ýatakhanalara çenli hemme zada mätäçligimiz bar. Halkara jemgyýetçiligi mümkin bolan her dürli gumanitar kömegini ýollasa gowy bolardy" diýýär. Halas ediş toparlary Siriýanyñ gozgalañçylaryñ elindäki Jinderes posýologynda ölmän galanlary gözlemäge taýýarlanýar. ("Reuters" habarlar gullugy) Türkiýäniñ Adana şäheriniñ ýaşaýan biri öýüniñ golaýyndaky üç binanyñ çökendigini aýtdy. Muhammet Fatih Ýawus halas ediş işgärleriniñ özüne ýetjek bolanlarynda kesekleriñ astyndan sag gutulan başga biriniñ "Dat, ýetiñ, indi güýjüm galmady!" diýip gygyrýanyny eşidendigini aýtdy. Diýarbekirde kranlar we halas ediş toparlary birmahallar jaý bolan beton gatlaklaryndan emele gelen üýşmek depeleriñ arasyndan nosilkalarda adamlary çykardy. Türkiýe uly razlom halkalarynyñ üstünde ýerleşýär we ýygy-ýygyran ýer titremeleri bilen sarsgyna uçraýar. Türkiýäniñ demirgazyk-günbataryny 1999-njy ýylda uran güýçli ýer titremelerinde 18 müñe golaý adam gurban bolupdy. ABŞ-nyñ Geologiýa ylmy-barlaglar instituty geçen ýekşenbe güni bolan ýer titremesiniñ ululygyny 7.8 ball diýip ölçedi. Munuñ yzyny birküç sagat soñ gündizlikde azyndan ýigrimi sany ýer titremesi dowam etdirdi. Ygtyýarl6lar has soñ azyndan 7.5 balla barabar başga bir ýer titremäniñem Türkiýäniñ içerki böleklerini urandygyny aýtdy. Bel TREW. Sişenbe, 07.02.2023 ý. https://www.independent.co.uk/news | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |