19:17 Mandela klimat deñsizliginiñ soñuna çykmak islärdi | |
ATAM MANDELA KLIMAT DEÑSIZLIGINIÑ SOÑUNA ÇYKMAK ÜÇIN COP28-iñ UGRUGYP GITMEGINI ISLÄRDI
Publisistika
Ndileka Mandela Nelson Mandelanyñ aradan çykanyna on ýyl dolandan soñ atasynyñ göreşiniñ häzir klimat adalaty urşunda nähili dowam edýändigini gürrüñ berýär. Nelson Mandelanyñ aparteida garşy alyp baran göreşiniñ söweşjeñ ruhuny indi klimat aparteidine garşy göreşe gönükdirmeli (AP) Hormatly atam Nelson Mandelanyñ ruhy bilen dowam edip gelen "klimat aparteidi" krizisine degişli gaýgy-endişelerimi beýan edesim gelýär. BMG-niñ dört ýyl öñ orta atan bu adalgasy hut atamyñ gaýduwsyzlyk bilen garşysyna göreşen aparteidi ýaly eýýämhäzirden global günortadaky iñ garyplar (esasanam akýagyz bolmadyk gozgalañlar) sebäplerine iñ az goşant goşan klimat üýtgeşmeleriniñ iñ ahyr netijelerinden zyýan çekende, global göreş bilen garşyma-garşy galandygymyzy ýatladýar. Madibanyñ 5-nji dekabrdaky aradan çykan gününiñ onunjy ýyl dolanşygynda, onuñ Günorta Afrikada aparteide garşy alyp baran göreşiniñ milletparazçylykly we ykdysady diskriminasiýa ulgamyna garşy berilen göreşdigini ýatlatmak isleýärin. Bu göreş indi global sepgide geldi we uçurym klimat üýtgeşmesinden iñ köp zyýan çekenler bilen muña getiren ykdysady strukturalardan peýdalanlaryñ arasynda. Aradaky tapawut diýseñ açyk: Aparteidiñ Günorta Afrikasynda güýç we baýlyk birküç sany adamyñ elindedi we şindizem ilkibaşky global demirgazykdakylar bilen birlikde uly hapalaýjylar global günortadakylaryñ arkasyndan baýamagyny dowam etdirýär. Birleşen Arap Emirliginiñ (BAE) guramagynda geçirilen Cop28 global liderleriñ bu deñsizlikleriñ üstünde durup geçmegi üçin möhüm pursat. Aýratynam BAE-niñ nebit eksport edýän ýurt bolandygy sebäpli bu ýygnanşyga şübhe bilen seredilse-de, ýygnanyşyga gyradeñ nukdaýnazarda çemeleşmek gerek. Üns merkezinde diñe ýygnanyşygy geçirýän ýurt däl, şol bir wagtyñ özünde ABŞ, Kanada, Russiýa, Eýran, Hytaý, Braziliýa ýaly tebigy ýangyçlarynyñ ýaýramagyna hasam uly goşant goşan beýleki ýurtlar bolmaly. Mysal üçin, Cop28 başlyklygy täze global tebigy ýangyç maksatnamalaryny giñeltmek üçin ylalaşyklara araçylyk etmek üçin ministrler derejesindäki klimat duşuşyklaryny ulanmakda aýyplanýar. Emma metbugat organlarynda bu barada çykan habarlarda ýeke-täk täze fossil ýangyç maksatnamasy ýa-da häzirki maksatnamalaryñ giñeldilmegine degişli anyk meýilnamalar ýer almady. BAE Germaniýa degişli LNG-niñ daşalmagynyñ dowam etdirilmegini teklip etdi, Braziliýanyñ (dowam etdirip bolaýjak himikatlar we plastiki önümler boýunça dünýä birinjisi) "Braskem" petrohimiýa kompaniýasyndan paý almak üçin teklip berdi we Saud Arabystanyna, Wenesuela tebigy baýlyklarynyñ üýtgeşmesine garşy göreşde esasly bolup biljekdiginiñ kepilligini berdi. Şeýle-de ýeke-täk täze fossil ýangyjyny giñeltme maksatnamasy kesgitlenmedi. Birnäçe kişi BAE-niñ nebit eksport edýänliginden hakly ýagdaýda gaýgylanýar, emma dünýäde ýene 97 sany nebit çykarýan ýurt bar we bularyñ ýarsyna golaýy ösüp barýan ýurtlar. Şonuñam on altysy Afrikada. Bu ýurtlaryñ birnäçesiniñ günbatarly ýurtlaryñ ýüzlerçe ýyllap karbon hapalygy arkaly toplan baýlygy we maýa goýumlaryny goýmaga dowam etdiren milliardlarça dollary göz öñüne tutulanda, Günbataryñ tebigy ýangyçlardan tapgyrlaýyn ýagdaýda el çekme talaplaryny ikiýüzlilik hasaplaýandyklaryny nygtamak gerek. Ýewropa banklary 2015-nji ýyldan bäri tebigy ýangyç pudagyna 1,3 trillion dollar sarp etdi we Ýewropa bileleşigi (ÝB) tebigy ýangyçlardan tapgyrlaýyn ýagdaýda el çekmek niýetini agzanda-da diñe 2022-nji ýylda 130 milliard dollar ýaly agyz uçukladyjy maýa goýumyny goýdy. Emma tebigy ýangyçlar üçin dünýä derejesinde üpjün edilen maliýe hemaýatkäriniñ esasy paýy ABŞ-nyñ, Kanadanyñ, Ýaponiýanyñ banklaryndan gelýär. Ine, şu sebäpli giñ gurşawly çemeleşmäni oñlamakda Madibanyñ yzyndan gitmelidigine ynanýaryn. Garşylykly şübhe bildirmeleriñ we aýyplamalaryñ Cop28-däki ýörite gepleşikleriñ ugruny üýtgetmegine ýol bermeli däldiris. Cop28 başlykly ABŞ, ÝB ýurtlary, Afrika, Hytaý ýaly dürli ýurtlary täzeläp boljak energetikany üç esse artdyrmak maksadynyñ töwereginde bir ýere jemläp, hakyky öñegidişlik etdi. Birinji gezek ýitgi we zelel mehanizminiñ üstünde ylalaşyga gelindi. Klimat maliýeleşdirijisi üçin trillionlarça dollaryñ ulanmaga ýaramly ýagdaýa getirilmegi ähtimallygy iñ ýokary derejelerde kynlaşýar. Munuñ öz öñ görlüp-eşdilmedik ýagdaý. Emma Cop28-däki hakly gahar-gazabymyz bilen pursady elden gidersek, munuñ zyýanyny günbatarly ýurtlar görmeýär. Aglabasy global günortadaky akýagyz däl adamlar zyýan çeker. Afrikada millionlarça adam eýýämden klimat üýtgeşmeleriniñ gorkunç netijeleri bilen ýüzbe-ýüz bolup başlady: gurakçylyklar, gahatçylyklar, tebigy betbagtçylyklar barha artýar. Ine, şol sebäpli-de, Madibanyñ yzynda klimat hereketiniñ üstünde ylalaşyga gelmek üçin tagalla etmegimiz gerek. Cop28 käbirleriniñ pikiriçe, howply klimat üýtgeşmelerinden gaça durmak üçin iñ soñky mümkinçiligi hödürleýär. Munuñ özi täzeläp bolaýjak energetika çeşmelerine üns bermek, tebigy ýangyçlara garaşlylygy azaltmak, iñ goragsyz ýagdaýdakylar üçin klimat maliýeleşdirijiniñ kildini açmak üçin amatly pursat. Bu, ýüze çykan global klimat aparteidine garşy göreşmek üçin elzem. Atamyñ göreşi ýaly bu göreş hem eşdilmeýänleriñ sesi bolmak bilen baglanyşykly. Cop28 şowsuzlyga uçrasa, bu diñe elden giderilen pursat däl, gönüden-göni millionlarça adamyñ has köp kösenmegine we ýer-ýurdundan juda düşürilmegine alyp barýan ýol bolar. Nelson Mandelanyñ aparteida garşy alyp baran göreşiniñ söweşjeñ ruhuny indi klimat aparteidine garşy göreşe gönükdirmeli. Bu diñe daşky gurşawy goraýjylaryñ däl, eýsem adalatyñ bardygyna we deñlige ynanýan islendik adamyñ göreşidir. Häzirden herekete geçmek gerek, çünki hiç zat etmän eli-aýagy bagly oturmagyñ jezasy örän çökder bolar. Özgerişiñ wagty ertir däl, şu gün! Ndileka MANDELA, sosial aktiwist, "Thembekile Mandela" fondunyñ başlygy. Penşenbe 07.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |