21:14 Mandela klimat deñsizligini soñlandyrmak isläpdi | |
ATAM MANDELA YZYNA EÝERMEGIMIZI we KLIMAT DEÑSIZLIGINI SOÑLANDYRMAGY ISLÄRDI
Publisistika
Umydyñ we kollektiwleýin çäreleriñ güýjüne ynanýardy. Onuñ COP28-de aparteide garşy alyp baran göreşi bilen parallellikler bütin dünýäniñ gözüniñ öñündedi. Nelson Mandelanyñ ruhunda bu pursaty ýeñiş turniri däl-de, tagallalarymyzy güýçlendirmegiñ çäresine çagyryş hökmünde baha bereliñ (AFP) Taryhyñ ýyllyklarynda örän möhüm pursatlar kollektiwleýin ýolagçylygymyzy täzeden kesgitleýär, umumy ykbalymyzy täzeden ýazýar we global hakydany täzeden şekillendirýär. Global garşylygyñ we adalatyñ siwmoly Nelson Mandelanyñ agtygy hökmünde COP28-de beýle pursatyñ bolandygyny duýdum. Bu duşuşyk döwletleriñ bir ýere ýygnanyşmagyndan zyýat, klimat aparteidine garşy alyp baran göreşimizde umyt ýalkymy bolup öñe saýlandy. Klimat üýtgeşmesiniñ iñ ýaramaz täsirlerinden gaçmak mümkinçiligi barlar bilen ýoklaryñ arasyndaky görnetin uçurymy görkezýän bu adalga sosial adalatsyzlygyñ sensassiýasyndan has köp zady öz içine alýar. Munuñ özi daşky gurşaw krizisiniñ garşysynda global deñlik üçin açyk çagyryş. Dogrusyny aýdalyñ: klimat aparteidi global sistemalarymyzyñ nähili erbetdiginiñ iñ güýçli subutnamasy. Bu diñe daşky gurşaw krizisi däl, häzirki daşky gurşaw krizisimiziñ karbon zyñyndylary ýaly ykdysady we sosial sistemalaryñam miwesidigini ýüze çykaran etiki we deñsizlik krizisi. Atamyñ garşy çykan aparteid režimi bilen parallelik mesaña göze ilýär: Sistematik jynsparazlyk adalatsyzlygy nähili deñsizligi goldaýan bolsa, klimat aparteidi-de baýlaryñ garyp-gasarlary we gyrakladylanlary çäklendirilmedik görnüşde sarsdyryp taşlan täsirlerinden özlerini izolirlän bölünişigini dowam etdirýär. Ine, şol sebäpli-de COP-dan öñ we geçirilýän wagtynda dünýäniñ öñüsyrasynda durandygyna däl-de, şol bir wagtyb özünde çuññur ýagdaýda onuñ tarapyndan şekillendirilendigine ynandygym klimat aparteidi ýagdaýy hakda açyk sözlüdim. COP28-de klimat aparteidiniñ strukturalaýyn täsirlerine garşy haýsydyr bir garşylyk görkezmek hemişe kyn bolýar. BMG-nyñ klimat üýtgeşmesiniñ düwmesindäki energetika pudagynyñ adamy, COP-yñ başlygy doktor Sultan el-Jabiri umuman gözden çykaran Günbatar dünýäsindäki köp sanly adam ýaly meniñem birgiden şübhelerim bardy. Emma el-Jabir özüne şübhe bildirenleri ýalñyşdyrdy. COP28-de gury çekişmeden başga-da kän zat gördük. El-Jabir şübheçilere ýumruk salgap, mundan öñ 27 ýyllap hiç bir COP-yñ etmedik işini etmegi ýola goýdy: Ol dünýäniñ iñ köp mätäçlik duýýan kollektiwleýin oýanyşynyñ öñüni açdy. Hawa, entek etmeli iş kän, emma duşuşygyñ tebigy ýangyçlardan daşlaşmakda üpjün eden görlüp-eşdilmedik pikir birlihi oturymly energiýa sistemalarynda gerekli öwrülişigiñ başlangyjyna yşarat edýär. Bu diñe syýasy öwrümi däl, uly öwrülişigi alamatlandyrýar. Bütin dünýä ilkinji gezek energiýa gurluşlarymyzy tebigy ýangyçlardan gelýän bähbide baglap goýan strukturadan planetanyñ sagdynlygyna we deñligine üns berýän gurluşa öwürmegiñ gyssagly wajyplygy boýunça-da pikirler bir. Mälim edilen maliýe maksatnamalary (BAE-niñ 30 milliard dollarlyk klimat fondy we pes girdejili ýurtlar üçin 700 million dollar bilen bile) maliýe çärelerinden has gymmada düşýär. Bu borçnamalar möhüm zat, emma üstünlikleri, aç-açanlyk, hasap berip biljek we täsirlenen jemgyýetler bilen hakyky bilelikdelige üns berýän praktiki strategiýalaryna bagly. Bular deñlige goldanýan klimat maliýeleşdirijä tarap ädilen ädimdir, emma hakyky gymmatlyklary praktikada klimat üýtgeşmesine garşy iñ goragsyz gatlagyñ durmuşynda döretjek täsirleri bilen ölçener. COP28-de dowam etdirip boljak ekerançylyga üns berilmegi we 130-dan gowrak ýurduñ klimat meýilnamalaryna ekerançylyk çeşmeli galyndylary degişli etmegi başga bir sepgitleýin üýtgeşmä yşarat edýär. Daýhançylygyñ diñe bir kär däl, şol bir wagtyñ özünde güzeran dolamagyñ ugry bolansoñ, Afrikada ekerançylygy klimat strategiýalaryna degişli etmegiñ logiki taýdan esassyz bolmak bilen bir hatarda güzeran dolamak we adalat problemasy bolmagynda galýar. Bu COP-da delegatlar ahyrsoñunda ekerançylygyñ diñe düzgünleşdirilmeli pudak däl-de, eýsem azyk howpsuzlygy, jemgyýetiñ berkligi we ykdysady dolandyryşyñ aýgytlaýjy sütünidigini kabul etdi. Bulam gürrüñi gidýän öñüni alyş çäreleri diñe daşky gurşawa jogapkärçilikli çemeleşmekden has beter, şol bir wagtyñ özýnde klimat ynjyklygynyñ öñki hatarlarynda ýer alanlary goramak we güýçlendirmek üçin gurala öwürýär. Täzelemäge degişli energetikany giñeltme borjy we nebit-gaz kompaniýalarynyñ metan galyndylaryny minimum derejä düşürjeklerine beren sözi pudagyñ klimat krizisindäki rolunyñ barha artýan görnüşde kabul edilendigini görkezýär. Emma bu borçnamalaryñ sagdyn we tassyklaýjy çäreler bilen garşylanmagy gerek. Täzelemäge degişli energetikalara geçiş ykdysady mümkinçilikler döretmek bilen birlikde tebigy ýangyç industriýalaryna garaşly jemgyýetleriñ has ýaşyl ykdysadyýete geçişde yzda galmazlygyny üpjün etmek bilen işçi güýji geçişleriniñem üns bilen baga berilmegi gerek. COP28 boýunça pikir edenimde, atamyñ umyda we kollektiwleýin çärelere bolan ynanjyny ýada salýaryn. Şol bir sagtyñ özünde öñümizdäki borjumyzyñ derwaýyslygy-da meni haýrana goýýar. Klimat aparteidine garşy göreşme daşky gurşawlaýyn çäreden has artygyny, sosial-ykdysady gurluşlarymyzyñ düýpli formada gözden geçirilmegini talap edýär. Aýak üstünde bolşumyz syýasy praktikasynyñ añyrsyna geçip, klimat göreşimiziñ deñligini we hemmetaraplaýynlygyny ýola goýmaly. COP28-de barylan "BAE geleşigi" entek görlüp-eşdilmedik we sepgitleýin başlangyç nokadydyr, emma esasy synag munuñ amala aşyrylmagy we anyk, adyl, amatly çärelere öwrülmeginde ýatýar. Gurply ýurtlar we şahslar diñe borçlarda däl, eýsem şol bir wagtyñ özünde global jemgyýetimiziñ biri-birine bagly tebigatyny tanaýan, hasap berip bolýan, oñşukly çäreleriñem başyny çekmeli. Nelson Mandelanyñ ruhunda bu pursaty ýeñiş turniri däl-de, tagallalarymyzy güýçlendirmegiñ çäresine çagyryş hökmünde baha bereliñ. Sosial-ykdysady statuslaryna garamazdan, hemmeleriñ howpsuz we dowamly geljege eýe bolan, klimat aparteidiniñ bolmadyk dünýäsi üçin tagalla etmelidiris. Ndileka MANDELA, sosial aktiwist, "Thembekile Mandela" fondunyñ başlygy. Penşenbe 21.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |