MAŞGALA BAGTYNYÑ SYRY
Günlerde bir gün bir ýaş oglan danadan:
ㅡ Seniñ maşgala durmuşyñ näme üçin şeýle bagtly? ㅡ diýip sorapdyr.
Dana ýylgyryp, şeýle jogap beripdir:
ㅡ Hormatly myhman, sen öýe gel. Edil şu wagt aýalym köke bişirýär.
Myhman öýe giripdir. Dana aýalyny çagyrypdyr. Otaga örän bagtly hem owadan aýal giripdir.
ㅡ Ezizim, haýyş edýän, köke üçin hamyr taýynlaý...
Aýaly hiç hili garşylyk görkezmezden, gulagasyjylyk bilen adamsynyñ ähli aýdanlaryny ýerine ýetiripdir. Oglan bolsa bu synagy öz öýünde geçirmegi ýüregine düwüpdir.
Haçanda öýe gelende, ol gapydan girip:
ㅡ Keýwany, hamyr taýynla! ㅡ diýip gygyrypdyr.
ㅡ Sen nireden beýle akylly bolduñ?
Öýde şeýle hem iýmit ýetik, meniñ bolsa işim kän ㅡ diýip, aýaly gaharly jogap beripdir we gapyny batly ýapyp, öz otagyna giripdir. Ýaş oglan dananyñ ýanyna dolanyp gelipdir-de:
ㅡ Näme üçin seniñ aýalyñ ähli aýdanlaryñy aýdyşyñ ýaly ýerine ýetirýär? Meniñ aýalym bolsa meni hatda diñlemek hem islemedi ㅡ diýipdir.
ㅡ Ähli zat ýönekeý. Siziñ arañyzda birek-birege hormat ýok ㅡ diýip, dana jogap beripdir.
ㅡ Indi men näme etmeli?
ㅡ Saña we seniñ aýalyña birek-birege hormat goýmaklygy öwrenmek gerek. Munuñ üçin bolsa, ähli zady sen birinji başlamaly.
Öýe çenli pikirlenip barýan ýaş oglan ýol ugrunda owadan gül çemenlerini görüpdir. Bir wagtlar edil şeýle çemeni ol gyzyñ razylygyny almak üçin sowgat edipdi. Şonuñ üçin hem ol gülleri ýygyp, öýe getiripdir. Öýe gelse, aýaly eýýäm uklan eken. Ol aýalyny oýarmanjyk getiren gül çemenini onuñ başujynda goýupdyr. Ertir irden tursa, oña ýanyp duran owadan gözli aýaly we ajaýyp ertirlik garaşyp dur. Ol ähli ukyby bilen aýalyny bagtly etmeklige çalşypdyr. Aýaly hem oña şeýle jogap beripdir.
Şeýlelikde birnäçe ýyl geçipdir we olaryñ gapylaryny bir ýaş oglan kakyp:
ㅡ Siziñ maşgala abadançylygyñyz nusgalyk diýip eşitdim. Meniñ aýalym şeýlebir iñir-iñir, meni diñlemeýär, mydama jedelleşýär. Siziñ maşgalañyzyñ bagtlylygynyñ syry nämede? ㅡ diýip sorapdyr.
Hojaýyn ýylgyryp, şeýle jogap beridpir:
ㅡ Hormatly myhman, sen öýe gel. Edil şu wagt meniñ aýalym köke bişirýär...
Abdyrahman GURBANALYÝEW.
17.03.2020.
Halk döredijiligi we rowaýatlar