14:08 Men ynanýan... / satirigiñ monology | |
MEN YNANÝAN...
Satiriki hekaýalar
Soñky wagtlarda "biziñ ýurdumyzda gowy zat ýok" diýýänler, goh edýänler köpeldi. Men şeýle pikire büs-bütinleý garşy. Bizde, ine aýdalyñ, iñ gowy býurokratiýa. Her ýyl resmi-iş çäginde dürli dokumentleriñ 100 milliarda golaýyndan peýdalanýar. Ýurdumyzda şahsyýet kulty däl-de kagyzyñ kulty dowam edýär. Onsoñ "biz hiç bir zatda birinji orny eýeläp bilemzok" diýip kim aýdýar? Biz ilatyñ jan başyna söz sözlemegiñ sany boýunça birinji orunda durýas. Derñewçileriñ we barlagçylaryñ sany babatda-da şeýle. Derñewçileriñ sany derñelýänleriñkiden ýoñsuz köp. "Biziñ durmuşymyzda müdimilik zat ýok" diýip kim aýdýar? Müdimilik nobatlar, müdimilik "wagtlaýyn kynçylyklar" näme? Kim "bizde ösüş we progres ýok" diýip, bizi ynandyrjak bolýar, hä? Eýsem, parahorluk okgunly ösmeýärmi näme? Adalatsyzlyk artmaýarmy? Ä, "bazarlar az" diýjek bolýan kim? Birnäçe döwlet edaralary, näme, bazarlara gaýra dur diýmeýärlermi, ol ýerde wezipeler, kwartiralar, fondlar we ş.m.-ler çepe-saga, ýele-yga satylýar ahyry. Käbirleri döwlet edarasyny atasyndan galan miras, işgärleri hakyna tutma gul hasap edýärler. Ýañy-ýakynda bir zat satyn aldym weli, hili pes eken. Onuñ içinden "Hili alýan hakyma görädir" diýip, elde ýazylan hat çykdy. Meniñ pikirimçe, bu ýerde ol işgäri ýazgarmaly däl-de, şeýle işlemäge ony mejbur eden iş düzgünini ýazgarmaly. Ýer titremesi zerarly ýykylan jaý üçin proraby günäkärlemek ýeterlik däl-de, hojalygy ýöretmek düzgünini-de günäkärlemek gerek. Biziñ ýalñyşlarymyzyñ köpüsiniñ döremegine sistema sebäp boldy. Plýuralizm entek boş sözlügine galýar. Häzir täzeçe öwüsgin başlady: birek-biregiñ ýakasyndan tutýas, mertebämizi kemsidýäs, sögüşýäs, şahsyýetimize dil ýetirýäs. Hamana üýtgedip gurmaga gatnaşýan kişi bolup, birek-biregiñ peşe ýaly kemçiligini pile öwrüp görkezýäs. Köpleriñ içi nähilidir bir gahardan, ahmyrçyl duýgydan, sütem etmäge, ýykyp-ýumurmaga, özüniñ rüstemdigini görkezmäge bolan hyjuwdan gyra-gyrma (näme duşmanlar bizi az horladymy, az ýykyp-ýumurdymy?). Niräni görseñ infarktdyr insult tupany! Bularyñ hemmesi birden hem aýry-aýrylykda adamyny heläk edýär. Köp aldawa düşen adamlaryñ adalata bolan ynamy gaçdy. Belki belañ körügi şu ýerdedir? Saýlawlar wagtynda näçe adam aldawa düşdi!.. Birnäçe ýerlerde saýlawyñ öñ ýanyndaky düşündiriş-wagyz işlerine derek "Saýlawyñ öñ ýanyndaky mafiýa - zorluk" hereket etdi. Oña gatnaşan çemeçiller we işewürler gapy-gapy aýlanmak bilen birlikde telefon üsti bilen, dilden hem hat üsti bilen haýbat atyp, heder etdirip, ýalbaryp spisokda birini goýmaklygy başga birini-de çyzmaklygy ündediler. Hatda, özlerine ýaramaýanlaryñ adyny çyzmak bilen listowka-da taşladylar, ýaýratdylar. Bäsdeş kandidatlar barada galp hem wejera myş-myşlary ýaýratdylar, olaryj maşgalalaryny masgaraladylar, şeýlelikde olara ýigrenç döretdiler. Şu onsoñ adalatly hem erkin saýlaw bolýarmy? Şeýle galp ýol bilen saýlanan deputat onsoñ halka dogryçyl hyzmat edermi? Ýok, ol diñe özüne we öz toparyna hyzmat eder. Beýle deputatlar saýlawlara çenli saýlawçylaryñ "üzeññisinden" üç geçýärler, saýlawlardan soñ weli saýlawçylary ýigrenýärler we äsgermeýärler. Onsoñ halky ýigrenýän adam halkyñ deputaty bolup bilermi? Hakyky deputat, hatda saýlanmaýanda-da, halka hyzmat edýän adam bolar. Elbetde, hapa işler edilýänliginiñ sebäbi sabyn bolmandygy üçin däl-de, sözlenýän sözlerde sabyn köpürjikleriniñ iññän köplügi üçin. Adam dünýä ýaşamak üçin inýär. Biz weli, gynansagam, göreşmek üçin döräpdiris. Stalin garyp ilatly baý döwleti döretmekçi boldy - sebäbi, näçe garyp bolsa, tabynlygam şonuñ ýaly bolýar. Sosializm "garyplaryñ jemgyýeti" boldy. Kimde-kim gowy ýaşamaga synanaýsa, ol kulak saýyldy we repressiýanyñ demir penjesi bilen mynjyradyldy. Kim garyp bolsa, şolam bagtlydyryn öýtdi. Şonuñ üçinem soweg halky özüni dünýäde iñ bagtly halk saýdy. Garyplyk bilen gazabyñ häkimlik edýän ýurdy döredildi. Ýöne, Stalinden soñam garyplygyñ soñuna çykylmady. Köp sanly kararlar kabul edildi, ýöne karardan garnyñ doýanog-a. Oba hojalygynda hasyldan köp karar ekilip ýetişdirildi. Durgunlyk ýyllarynda iñ bolmanda käbir harytlar tekjelerde durardy, indä-hä olaram gaýyp boldy. Etiñ, ýagyñ, kofäniñ hem şekeriñ talonlara geçirilmegi bar umydyñ köküne palta urýar. Kosmos-a kosmos korabllaryndan doly, magazinlerimiz weli boş. Bu üstünre hatda bir dişlem çörek bolmadyk toý saçagyna çalym etmeýärmi? Bu gün iñ gyt zadyñ biri adalat. Olam gözbaşyny Stalin döwründen alyp gaýdýar. Ölen arslanyñ läşiniñ ýanynda hemme edermen, hemme batyr. Biri onuñ guýrugyndan çekýär, başga biri kellesine depýär, üçünji biri bolsa gygyryp oña agzyndan gelenini sögýär, birden arslana jan giräýse weli, olaryñ bary gorkudan daşa öwrülýärler. Ýöne gürrüñ başga zatda. Meniñ pikirimçe Stalinde ýalñyşlyk ýok. Bigünä adam ýalñyşyp biler. Ol weli dünýä möçberindäki jenaýatkär ahyry, onsoñ haýsy ýalñyşlyk barada gürrüñ bolup biler? Ol bir adamy däl-de onlarça millionlary heläkledi ahyry. Bu eýmençlige henizem baş egip ýörenler az däl. Sebäbi olaryñ süññüne gulçulyk ornapdyr. Olara meñzeşler gurşun ýaly agyr ýumruga sarpa goýýarlar. Stalin döwrüniñ beýan etmesi kyn bolan gazabi biziñ birnäçe adamlarymyza-da ýokaşypdyr. Näme üçin olar gazaply bolmasynlar? Ybadathanalary ýumurdylar, Injile zyýanly diýdiler, halkyñ dostlaryna "halk duşmanlary" diýip at berdiler. Hukuk goraýjy guramalar adamynyñ diñe bir ruhuny däl, bedenini-de kül-owram etdiler. Nireden beýle gazap emele geldi? Alymlaryñ düşündirişine görä, ganhorlaryñ bary çagalykda haýwanlary horlap bu hetde ýetenmişler. Dözmezlik etmeklik ejizlik hasaplanyldy: "Kommunist duşmana barlyşyksyz bolmalydyr". Bir gezek meniñ ýanyma iki aýagyndanam jyda düşen ýigit geldi. Ana, şony-da ýasama aýaklary hem pişekleri üçin pul bermäge razy edipdirler. Ýer titrände heläkçilik çekenlerden para talap edenlerinden soñ, heý geñ görer ýaly zat galarmy? Öýsüz-öwzarsyz, goş-golamsyz galanlar üçin iberilen geýim-gejimleri, öýleri, näsaglara gerek dermanlary bihaýalyk bilen ogurlaýarlar. Biziñ demimizi daşky sredanyñ hapa howasy gysdyranok-da, moral-ahlak atmosferasynyñ hapalanmasy gysdyrýar. Biz tüsse-çañdan däl-de, adalatsyzlykdan demigýäris. Aýratyn-da milli syýasat babatynda. Şonuñ üçinem bu beladan halas bolmagyñ ýekeje ýoly bar - dogruçyl, arassa bolmaly. Sözde-de, işde-de. Eger-de adalat dabaralanmasa üýtgedip gurmak başa barmaz. Eger-de üýtgedip gurmak başa barmasa adalata asla-da garaşma. Diýmek üýtgedip gurmaga üýtgedip gurmak gerek... Aramais SAAKÝAN, Ýerewan şäheri. Terjime eden: Gurbanmuhammet REJEBOW. "КРОКОДИЛ" žurnalyndan. "Tokmak" žurnaly, 1990 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |