10:04 Mukaddes Käbäniñ basylyp alynmagy we musulman bolan fransuz esgerler | |
MUKADDES KÄBÄNIÑ BASYLYP ALYNMAGY WE MUSULMAN BOLAN FRANSUZ ESGERLER
Geň-taňsy wakalar
1979-njy ýylyñ 20-nji noýabrynda taryhda görlüp-eşdilmedik geñsi hadysa bolup geçdi. Şol gün ertir namazy uçurlary saud häkimiýetine garşy gidýän bir topar tarapyndan Mukaddes Käbe basylyp alyndy. Yslam dünýäsiniñ iñ mukaddes ýeri we ýüregi hasap edilen Käbe saud režimine garşy çykan 500 adamlyk topar tarapyndan basylyp alynanda, 100-den gowrak adam zamuna alynypdyr. Gabaw iki hepdä çekipdir we täsin wakalaryñ soñunda musulmanlaryñ kyblasy terrorçylardan halas edildi. Hatda operasiýa gatnaşan fransuz esgerleri musulman boldy. Aşakda, häzirem dolulygyna aýdyñlanman we okkupasiýanyñ arkasynda kimleriñ eliniñ bardygy bilinmän galan Käbe okkupasiýasynyñ gysgaça beýany... • Käbäniñ basylyp alynmagy 1979-njy ýylyñ 20-nji noýabr güni ertir namazyny Käbede okamaga gelenler birdenkä "Allahu ekber" sesleri bilen bile ýarag seslerini eşitdiler. Kimlerdigi näbelli ýaragly toparyñ Käbäniñ ses eşitdiriş sistemasyny ele geçirmesinden kän wagt geçmänkä, olaryñ ýolbaşçysy Juheýman ibn Muhammet ibn Seýf el-Oteýbi mikrofonyñ öñüne geçdi. Ol "Mätiniñ" gelendigini yglan etdi, saud režimini şerigatdan daşlaşmakda aýyplady we ýanynda duran gaýynagasy ýaş ýigit Muhammet el-Kahtanyny "Mäti" diýip yglan etdi. Adamlardan "Mätä" boýun bolmaklygy talap etdi. Teraktyñ taýýarlygy ir başlan ekeni. Käbäniñ astyndaky gadymy döwürlerden galan ýüzlerçe metre uzaýan dälizlere birnäçe aýlap gizlinlikde ýarag we beýleki zerur serişdeleri daşalypdyr. Dälizleriñ şähere çykýan şahalary, meselem, Ejýad galasyna çykýan ýerasty ýollary-da baglanypdy. Şonuñ üçinem terakt başlan badyna howpsuzlyk güýçleriniñ Haremi-Şerife girjek bolup eden synanşyklarynyñ barsy puja çykdy. Minaralara çykan terrorçylar Käbäniñ daşyny gurşap alan saud esgerleriniñ her bir gymyldy-hereketini arkaýyn synlap bilýärdi we özlerine garşy ediljek bolýan her bir herekete ok bilen garşylyk berýärdiler. Hökümet güýçleri howla girip bilmek beýlede dursun, Haremi-Şerife tarap ýeke ädim ädip bilenokdy. Käbäniñ yz tarapynda ýassanyp ýatan Ebu Kubeýs dagy-da terrorçylaryñ elindedi, ýagny, Käbe sözüñ doly manysynda basylyp alynypdy. Bolýan zatlaryñ hötdesinden ýeke özüniñ gelip bilmejegine göz ýetiren Saud hökümeti Päkistany kömege çagyrdy. Emma Mekgä gelen päkistanly esgerler-de terrorçylary dep etmekden ejiz geldiler. Şondan soñ Fransiýadan antiterror güýçleri kömege ugratmak haýyş edildi. Ýöne bärde bir zat bardy: dini taýdan musulman dälleriñ Mekgä girmegi gadagandy. Gadagançylyk Mekgäniñ müftüsi Ibn Basyñ beren ýeke fetwasy arkaly aradan aýryldy. Fransuz esgerler Mekgä girmezden öñ kagyza ýazylan Kelemeýi-Şahadaty okadylar, şeýlelikde olar "musulman" boldular we Mekgä salnyp, Käbäniñ töweregine ýerleşdirildi. Terakt şol fransuz güýçleri tarapyndan, emma akla-huşa sygmajak şekilde basylyp ýatyryldy: Şol günlerde Mekgäniñ suw geçirijileri täzelenip ýördi, şäheriñ hemme raýonyna uly turbalar çekilýärdi. Şu geçiriji edaranyñ iş meýilnamasy üýtgedildi, turbalar Käbäniñ we Haremi-Şerifiñ astyndaky dälizlere gönükdirildi. Soñra turbalardan suw akdyryldy, suwa-da tok goýberildi. Terrorçylary ýok etmäge gelen antiterror güýçleriniñ paýyna suwda gaýyp ýören jesetleri toplamak düşdi. Juheýman el Oteýbi • Kimiñ edeni häzirem belli däl Saud hökümeti terrrorçylaryñ lideri Juheýman el Oteýbini we onuñ birnäçe adamyny diri ele saldylar. Terrorçylar Ibn Basyñ beren fetwasy esasynda dogram-dogram edip öldürildi. Şeýlelikde Käbäniñ terrorçylar tarapyndan okkupirlenmegi doly şowsuzlyga uçradyldy. Ýöne 1979-njy ýylyñ 20-nji noýabrynda bolup başlan wakalaryñ düýp sebäbi we añyrsynda kimleriñ bardygy resmi ýagdaýda häzire çenli mälim edilmän gelindi. Soñ-soñlar teraktyñ içinde saud şazadalarynyñam bardygy, emma şol wagtyñ patyşasy Halidiñ şazadalara jeza bermekden çekinip, käbirini diñe sürgüne ýollamak bilen çäklenendigi belli boldy. Mukaddes Käbede 1979-njy ýylyñ noýabr we dekabr aýlarynda bolup geçen wakalaryñ üstündäki syr perdesi häzirem açylanok we haçanam bolsa bir gün açyljak wagtyna garaşýar... # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||
| ||||