13:26 Mukamyñ syry | |
MUKAMYÑ SYRY
Aýdym-saz sungaty
Adamzadyñ taryhy ýaly uzak geçmişe eýe bolan we wagtyñ geçmegi bilen dürli üýtgemelere sezewar bolan saz adamlara dürli hili täsir edýär. Sazyñ položitel hem otrisatel täsiri bolup bilýär: Saz adamlaryñ köpüsiniñ pikir edişi ýaly, güýmenje bolman, ol esasan duýgy-duşünjeleri sesler arkaly beýan etmek sungatydyr. Ž.Ž.Russonyñ pikirine görä, saz sesleri gulaga hoş ýakar ýaly tertipde jemlemekdir. Ymam Gazalynyñ pikirine göra bolsa saz, tebigy we adamy ylahy agzybirlige çagyrýan belent owazlardyr. Mysal üçın, ýakymly ses bilen okalan Kurany-Kerim bilbiliñ sesini, ýagşyñ we suwlaryň seslerini, deñiz tolkunynyň seslerini hem-de älemde Allanyň bardygyny, ýeke-täkdigini ýanlandyrýan simfoniýa ýalydyr. Sazyñ güýmenje serişdesi däl-de, ynsanyñ ruhy-wyzdanyndan añ-düşünje dünýäsine çenli uzalyp gidyän aragatnaşyk ýoludygy belli bolandan soñ "Sazyñ bu aýratynlygyndan nähili peýdalanyp bileris?" diýen sowal ýüze çykdy. Ol birnaçe ylmy-barlagyñ geçirilmegine sebäp boldy. Saz diñlemek we saz bilen meşgullanmagyñ peýdasynyñ derejesi dürli-dürlidir. Saz okuwçylaryñ ukyplylygyny, estetiki pikirlenişini ösdürýär. Saz we tertip-düzgün ýaly, zatlar okuwçynyň añyna ýuwaş-ýuwaşdan guýulýar. Mekdep ýaşyna ýeten çagalaryň çalt okamagy öwrenmegini saz bilen üpjün edip bolýar, ýazmakda we pikirlenmekde kynçylyk çekýän çagalaryň problemasyny saz bilen çözüp bolýar. Adamyň beýnisi ylmyň we tehnikanyñ şeýle ösendigine garamazdan, entek de köp babatlarda öz syrlylygyny saklaýar. Näme üçin käbir adamlar şertler deñ bolsa-da beýleki adamlardan has başarjañ? Näme üçin käbir çagalar bir zady beýlekilerden has çalt öwrenýärler? Ylmy-barlagçylar şu soraglara jogap gözleýärler. Psihologlar çagalaryň öwreniş ukyplylygyny artdyryan faktorlar bilen baglanyşykly täze açyş etdiler. Şol açyşa görä, saz öwrenmek prosesiniñ bir bölegidir. Hurwitz, Wolf, Botrnikl we Kokos atly dört sany psiholog sazyñ okamak ukyplylygyny artdyrýandygyny ýa-da artdyrmaýandygyny barlap gördüler. Olar okuwçylary iki topara böldüler. Birinji topara saz bilen baglanyşykly sapak berdiler. Ikinji topara bolsa şeýle sapak berilmedi. Bir ýyldan son iki topar deñeşdirilip görlende ikinji topar 72%, birinji topar bolsa 88% netije görkezdi. Bu sazyñ öwrenmek ukyplylygyny artdyrýandygyny görkezdi. Başga bir barlag bolsa saza üşügi bolanlaryň okamagy has ir öwrenýändigini ýüze çykardy. Sizde şeýle sorag döräp biler. Sazdan başga şeýle täsirli hiç hili çäre yokmuka? Mohanti we Hežmadi atly iki psiholog bu soragyñ üstünde barlag geçirýärler. Olar sazdan beýleki çäreleriñ bilimi we öwrenmek ukyplylygyny ösdürmäge edýän täsirini barlap görýärler. Netijede, öwrenmek ukyplylygyny artdyrmakda täsiri iñ guýçli zadyň sazdygyna göz ýetirýärler. Bu barlag sazyñ añ bilen baglanyşykly ukyplary-da artdyrýandygyny görkezdi. Garward we Oksford uniwersitetlerinde geçirilen barlaglar has üýtgeşik netije berdi. Barlaglar saz bilen gyzyklanýan we saza üşügi bolanlaryň sapaklaryna has gowy ýetişýändigini görkezdi. Şol sebäpli käbir uniwersitetler talyp kabul edenlerinde olaryň saza gatnaşygyny hem soraýar. Sazyñ hassalara şypa berýän taraplary bilen baglanyşykly ylmy-barlag işleri dowam etdirilyär. Saz arkaly bejermek birnäçe ugurda ulanylýar. Kemakyl çagalary sar arkaly bejerip bolyar. J.L.Edgerton sazyñ küýli, düñle çagalara edýän täsirini barlap görüpdir. Ol 6-9 ýaş arasyndaky akly kemis çagalaryñ 11-sine saz diñledipdir. Edgerton şol çagalaryň saza bolan ünsüni we gatnaşygyny ölçäpdir. Netijede, bejergide sazyñ täsiriniñ bardygyny ýüze çykarypdyr. Saz beýni dartgynlylygyny peseldylýän möhüm serişde hökmünde-de ulanylýar. Eger dartgynlylyk dowam eden ýagdaýynda gan basyşyň aşa ýokarlanmagy, ýara döremegi, deri keselleri, kellagry, damarlaryň gatamagy ýaly ölüm howply kesellerin döremegine sebäp bolup bilýär. Amerikanyň psihologiýa jemgyýetiniñ geçiren pikir soraşmasyna görä, saz dartgynlylygy peseltmek üçin giñden ulanylýan usuldyr. "Wilkes" uniwersitetiniñ alymlary Karl Çarnetskiniñ we Fransis Brennanyñ geçiren işlerine göra, her sazyñ, her nagmanyñ, her äheniñ özine mahsus aýratynlygy bar we adam organizmine soña laýyklykda tasir edýär. Mikroplara garsy göreşýän tüykülik, der we gözýaş ýaly suwuklyklaryñ düzümindäki antitela (organizme uýtgeşik maddalar girizilende işlip çykarýan hem-de onuñ zyýanly täsirini ýok edýän maddalar) sazyñ görnüşine görä dürli mukdarda we dürli hilde bölünip çykýar. Geçirilen barlagda okuwçylar dört topara bölünip, her topara-da başga-başga saz diñledipdirler we ýarym sagatdan son olaryň tüýkülikleriniñ düzümindāki antitelanyň mukdary ölçelipdir. Topar / sazyñ görnüşi / antitelanyň mukdary 1. / mukam / 14% artyş 2. / jaz / 72% artyş 3. / ümsümlik / 1% peseliş 4. / häzirkizaman sazlary / 19.7% peseliş Bu barlagyň netijesine görä, häzirkizaman sazlary diýilýän ýokary sesli we döwrebap saz gurallarynda ýerine ýetirilýän sazlar mikroplara garsy göreşýän antitelalaryn mukdaryny azaldýar. Munuñ tersine, sazyň käbir görnüşleri bolsa onuñ mukdaryny köpeldýär. Belli bir döwür aralygynda Osmanly imperiýasynyň paýtagty bolan Edirne şäherinde hassalary saz bilen bejermek üçin "Daruş-Şifa" atly ýörite hassahana bolupdyr. Şol döwürlerde, ýagny orta asyrlarda Ýewropada akly üýtgän hassalar "içinde şeýtan bar" diýlip diriligine oda atylýarka, Edirnedäki bu merkezde akly üýtgän hassalar guşlaryň sesleri, suwuñ şyrryldysy bilen bejerilýärdi. • SAZ BILEN BEJERMEGIŇ PEÝDASY 1. Saz adamyň ruhunda özgerişlikleriň bolmagyny üpjün edýär. 2. Sosial gatnaşyklary güýçlendirýär. 3. Sazyñ organizme (käbir taraplary ylmy taýdan subut edilen, käbir taraplary bolsa indi subut edilmeli) fiziki tasiri bar. 4. Saz adamynyň psihikasyna täsir edýär. 5. Çaga dogrulanda dartgynlylygy peseltmek we agyryny aýyrmak üçin ulanylýar. 6. Nerw sistemasynda dörän keselleri bejermekde fiziki bejeriş usuly hökmünde peýdalanylýar. • BEJERGINIŇ GÖRNÜŞLERI Aýdym: Dili agyrylary bejermekde, dem alşa gözegçilik etmekde, garrylarda huşsuzlygy bejermekde ulanylýar. Saz çaldyrmak: Merkezi nerw sistemasy kadaly işlemeýän hassalary bejermekde ulanylýar. Ýekelikde ýa-da topar bolup saz çalmak özüñe bolan ynamy artdyrjar. Ritm: Myşsalary gatanlary, bogunlary agyryanlary bejermekde ulanylýar. Saz diñlemek: Ünslüligi we huşuñy ösdürýär. Özüñe bolan ynamy artdyrýar. Abdylkadyr AKJAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |