23:20 Murralar çöl detektiwleri | |
MURRALAR ÇÖL DETEKTIWLERI
Geň-taňsy wakalar
Gyş diyen zadyñ garasyny görmeýän araplara "Garda ýörese-de yz galdyrmaýar" diýen nakylyň geregi yok. Ýöne jenayat edenden soň uç-gyraksyz çölüñ içinde gürüm-jürüm bolýan ogrulary ýa-da ganhorlary ele salmak arap Úurtlarynyň howpsuzlyk gulluklaryna "garda yöräp, yz galdyrmazlykdan" has kyn. Bu işiñ kyndygyna añry ýany bilen göz ýetiren howpsuzlyk gulluklary çölde yz çalmakda deňi-taýy bolmadyk murra taypasyny ulanmak arkaly bu problemany çözüpdir. Arap ýurtlarynyň howpsuzlyk gulluklary kyn ýagdaýa düşenlerinde murra taýpasynyň adamlaryna ýüz tutmagy özlerine kiçilik bilmeýärler. Biziň häzirki gürrüñ berjek käbir wakalarymyzy okanyňyzdan soň, siz hem murra taýpasynyň adamlarynyň nähili ökde yzçydygyna we detektiwdigine göz ýetirersiñiz. Bir murranyň gözüni daňyp, çölüñ içine alyp gidipdirler. Çölüñ içinde üç günläp yol ýöränsoñlar, ýaňky murranyň eline kümüş teññe berip, ony çölüñ ürgün çägesine gömdüripdirler. Soň ol murrany ýene gözi dañylgy ýagdaýda yzyna alyp gaýdypdyrlar. Bir ýyldan soň ol murra tozap yatan çölüñ içinde şol gömüp gaýdan kümüş teññesini edil düýn gömüp gaýdan ýaly kösenmän tapypdyr. Murralaryň şeýle ökde yzçylygy bilen baglanyşykly kän wakalar gürrüň berilýär. Murralaryň yz çalyşlary baradaky wakalary dinläninde aklyň haýran galýar. Bir murranyň düýäniñ gumuñ üstündäki, onda-da üstüne gum syrap giden aýak yzyna seredip, onuň ýaşyny, jynsyny, reňkini, düýe inen bolsa onuň bogazdygyny ýa-da bogaz däldigini, eger bogaz bolsa näçe aýlykdygyny bilmegi, eger düýäniñ bir gözi kör bolsa ony-da aýak yzlary we otlaýşyndan bilmegi hakykatdan hem örän geñdir. Murralar 1000 ýyldan gowrak wagtdan bäri özleriniň süri-süri düýeleri we goyunlary bilen bile Saud Arabystanynyň çöllüginde ondan-oňa göçüp ýörler. Şu gürrüň berjek wakamyz hem murralaryň deňsiz-taýsyz yzçydygyny görkezýär. Mekgäniň golaýyndaky bir yerde Aly atly oglanjyk çölde düýe bakyp ýör eken. Düyeler otlaşyp ýörkä, Aly hem bir sazagyň düýbünde irkilipdir. Birden tüpeň sesi çykypdyr. Oýaly-ukuly oglanjyk ýaragyna ýapyşyp ýetişmänkä, ýere ýazylypdyr. Tüpeň sesini eşiden düýeler bolsa çar tarapa dyr-pytrak bolupdyr. Düýeler iki sagat geçip-geçmänkä öz eýeleri Muhammet Nesiliñ çadyrynyň öňüne barýar. Garaňky gatlyşypdyr, ýöne ýaşajyk çopan Aly gara bermändir. Ertesi güni irden oba Aly çopanyň ýitendigi barada habar yaýraýar. Şäheriň häkimi dessine Refik atly bir murrany esgerleriň ýanyna goşup, çöle iberýär. Aly tapylmaýar. Refik murra çägäniň üstündäki bulam-bujar aýak yzlaryny görüp, yz çalyp başlaýar. Yzçy yz çalyp barşyna şeýle diýýär: "Üç beduin şu sazagyň arkasyna aýlanypdyr. Olaryñ ikisi tüpeñli bolmaly. Zannyyamanlar duyeleri oguriamak üçin oglanjygy atypdyrlar öydyän. Ýöne düýeler tüpeñ sesine dyr-pytrak bolansoñlar maksadyna ýetip bilmändirler. Olaryň ikisi uzyn boýly, daýaw bolmaly. Üçünjileri arryk, bir gözem kör". Dogrudan hem olar müñ metr töweregi ýöränsonlar, üç sany erkek adamyň aýak yzy bes-belli bolup görnüpdir. Refik yzçy yz çalyp barşyna, takyrrak ýere ýetensoň ogrularyň günorta tarap öwrülendiklerini aýdýar. Olar bir sagat ýöränlerinden soň, bir guýynyň başyna barýarlar. Görseler, edil Refik murranyň aýdyşy ýaly, üç sany pyýada guýynyň başynda oturan eken. Esgerler sorag edip başlanlarynda olar bolan zatlardan habarlarynyň ýokdugyny, ýerliksiz günä yönkelýändigi üçin şäher häkimine arz etjekdiklerini aýdypdyrlar. Esgerler şonda-da bulary Mekgä äkidipdirler. Üç pyýadany sorag eden polisiýa müdiri olara günälerini boýun aldyryp bilmändir. Polisiýa müdiri öñ özlerine birnäçe gezek kömek eden Refigiñ bu gezek ýalñyşan bolmagynyñ mümkindigine ynanýar. Ol bu pikirini Refige aýdanynda ol elini öñe uzadyp: "Ýalñyşan bolsam, elimi kesäýiñ. Ganhorlary siziň ýanyňyza alyp geldim. Çagany şu iki daýaw adam atan bolmaly. Üçünji diñe olara şärik bolan bolmaly" diýýär. Polisiya müdiri arryk beduini kabinetine getirmegi tabşyrýar. Müdir arryk adamy alyp gelen polisiýa işgärlerine: "Bu adam näme üçin entegem tussaglykda saklanýar" diyip gygyrýar. Arryk adamyň ýüzi ýagtylan ýaly bolýar. Polisiýa müdiri oña ýüzlenip: "Sizi düýn tussaglykdan boşatmalydyk. Sizin günäñiz üok eken. Şäher häkimi şu altynlary öweztölegi hökmünde size iberdi. Ýöne indiki gezek ýoldaş saýlanyňyzda ünslüräjik boluň. Hawa, siziñ iki dostuñyz günäsini boýun aldy. Olar oglanhygy özleriniñ öldürendigini aýtdylar" diýýär welin, arryk beduin saklanyp bilmän: "Biz ony hiç kime aýtmazlyga ant içipdik. Hatda olar maña diliñi keseris diýip haýbatam atdylar" diýýär. Polisiýa müdiri oña: "Işimizi añsatlaşdyrmak seniñ eliñde. Jesediñ nirededigini görkez" diýýär. Arryk beduin ýuwdunýar we "Oglanjygyň kellesini kesdiler. Soň kellesini bir yere, göwresini-de başga ýere gömdüler" diýýär. Jeset tapylyp getirilensoň, ganhorlar bialaç öz günälerini boýun almaly bolýarlar. Şeýlelikde, murranyň kömegi bilen yene bir örän çylşyryly jenaýatyň üsti açylýar. • Detektiwler murralar bilen bäsleşip bilmez Günbatardaky detektiwler jenaýatyň üstüni açmak üçin esasan barmak yzlaryna salgylanýarlar. Arabystanda bolsa murralar detektiwdir. Yöne jenaýatkärler jenaýat edenlerinde ellik geýseler, barmak yzynyň galmagyndan ansat halas bolup bilýärler. Emma aýak yzynyň üstüni basyrmak, beýle ansat iş däl. Häzirki wagtda tehnologiýa näçe össe-de çölüň içini näçe asfaltlasalar-da çöllük sebit bolan Arabystanda jenaýatkärleriň bar gorkusy murra taýpasynyň yzçylarydyr. Şu wagta çenli bir murra gözlän adamyny tapmandyr diýen gürrüñ eşidilenok. Şeref POLAT. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |