22:16 Napoleonyñ Akkadaky şowsuzlygy | |
NAPOLEONYÑ AKKADAKY ŞOWSUZLYGY
Taryhy makalalar
XVIII asyryň dünýäsiniñ geografiki-taryhy kartasyna göz aýlan mahalyñ Ýewropada iki sany uly kolonizator döwleti - Fransiýany we Angliýany görmek bolýar. Biri-birine boýun egmeýän bu garşydaş we bäsdeş döwletleriñ biri bolan Angliya şol döwürde Fransiýanyň elinden Hindistany basyp alýar hem de bu süýtli sygryñ ýelnini gan gelyänçä sorup, öz güyjüne güýç goşýar. Fransiýa bolsa özi üçin möhüm girdeji çeşmesi bolup hyzmat eden Hindistany elinden giderendigine hyrçyny dişläp, täze-täze oýunlary oýlap tapmaga we planlar çekmäge başlaýar. Has dogrusy, Hindistany özleriniň ebedi duşmanlaryndan gaytaryp almak üçin ilki bilen Hindistanyň gapysy hasaplanýan "uly galla ammary" Müsüri basyp alyp, Angliýa agyr zarba urmagyñ kül-külüne düşýär. Hut şu maksat bilen şol döwürde ýurtda höküm sürýän Direktuwar düzgüni Müsüre ýöriş etmek wezipesini 1798-nji ýylyň 5-nji martynda Napoleon Bonapartyñ üstüne ýükleýär we oňa bu ýörişe taýýarlyk işlerini örän gizlin alyp barmaklygy tabşyrýar. Bu tabşyryk şöhratparazlykda tanalýan Napoleony diýseň begendirýär. Ol hyýalynda özüni "Beýik Isgenderiñ" rolunda goýýar we Stambuly özüniñ "döretjek" "Beýik Isgender imperiýasynyň" paytagty edip, soñra Hindistany hem öz tabynlygyna geçirmek barada hyýal ýüwürdip başlaýar. Aslynda şeýle hyýaldyr arzuw onda öñden bäri bardy. Mysal üçin ol 1797-nji ýylda Italiyada yörite tabşyrygy yerine ýetirip ýörkä öz dostlarynyň birine ýollan hatynda "Bu kiçijik Ýewropa ynsana uly abraý gazandyrmaz. Gündogara gitmek gerek. Uly abraýy şol ýerde gazanmak mümkin. Mysal üçin Müsüri, Palestinany we Siriýany basyp alyp, soň ýa Hindistana ÿöriş etmeli, ýa-da Anadolynyň, Stambulyň we Balkanlaryň üstünden Gündogar Ýewropa geçmeli. Gündogardan Fransiýa Gün bolup dogmaly" diýip ýazýar. Uly taýýarlyk görlenden soň, Napoleon 400 gämili floty bilen 1798-nji ýylyň 19-njy maýynda deňziñ üsti bilen ýörişe çykýar. Ýöne onuň ýörişin öň ýanynda eden hileli propaganda işleriniň netijesinde şol döwrüň iň uly döwletleri bolan Osman imperiýasy, Angliýa we Orsyet onuň nähili niýetiniň bardygyna, niräni nyşana alýandygyna düşünip bilmeýär. Diñe Angliýa özüniň käbir zatlara şübhesiniň barha artýandygy üçin ätiýaçlygy elden bermezlige çalyşýar we admiral Nelsonyň baştutanlygynda güÿçli bir floty Ortayer deňzine ýollaýar. Şol döwürde Osmanly döwletiniň daşarky razwedka gullugy şeyle bir gowşakdy welin, Napoleonyň Iskenderijä aýak basandygyna 20-25 gün geçendigine garamazdan, türkleriň Pariždäki ilçisi Seyit Ali ependi entegem Parižden "Tulondaky harby taýýarlyk işleriniň maksady Osmanly döwletiniň raýatlaryna garşy däldir. Onuñ maksady Malta garşy bolsa gerek" diýip, nädogry habarlary ýollapdyr. Ilçiniñ şeýle biperwaýlygyna örän gahary gelen soltan Selim III onuñ iberen habarnamalarynyň biriniň gyrasyna "Nähili ýoknasyz eşek eken" diýip ýazypdyr. 1-nji iyulda Iskenderiýäniň kenaryna gelip düşen Napoleonyň garamagynda, 40 müň esger, 40 sany general we Müsüriň medeni gymmatlyklaryny talamak, halkyň ahlagyny bozmak niyet bilen getirilen 100-e yakyn alym, suratkeş we artist bardy. Ýörişiň meýilnamasy şeyle bir inçeden düzülipdi welin, Napoleon öz ýany bilen arap metbugatyny hem alyp gelipdi. Müsür şol döwre çenli Ýowuz Soltan Selimiñ döwründen soň hiç hili uruş görmändi we Osmanly döwletiniñ raýaty hasaplanýardy. Şonuň üçin-de Osmanly döwleti Müsüre garşy haýsydyr bir çozuş bolar öýdüp pikirem etmeýärdi. Şol sebäpli Napoleon Müsüre ýakyn gelenden son hem çynlakaý goranyş çäresini görmeýär. Şeýlelikde, Napoleon Bonapart öz goşunlaryny alyp, añsatlyk bilen ilki Iskenderiyä, soňpa Kaire girýär (23-nji iýul, 1798 ý.). "Fransuzlary suwuň düýbünde bolsalar hem taparyn" diýip, birnäçe aý bäri Ortaýer deñzinde gezip ýören inlis admiraly Nelson bolsa ahyrsony Ebukiriň ýakynynda 400 gämili fransuz flotuny tapýar we 1798-nji ýylvň 14-nji awgustynda ählisini otlaýar. Bu habar Stambula ýeten badyna Osmanly soltany örän begenýär we inlis ilçisiniñ üsti bilen inlis esgerlerine iki müň altyn iberýär hem-de inlis ilçilerine deñizde erkin gezmäge mümkinçilik döredýär. Gämileriniň ýakylmagy Napoleony örän gynandyrýar we ony howatyrlanma gaplap alýar. Çünki oña indi Müsürden çykmak diýseň howpludy. Müsür oňa zyndan bolup görünýärdi. Uzak wagtlap bu ýerden çykyp bilmejekdigine gözi yeten Napoleon düýpli çäreler görmäge başlaýar we müsürliler bilen ylalaşykly ýaşamaga mejbur bolýar. Hut şonuň üçin hem ol musulmanlara "gowy görünmek" usullaryny ulanmaga başlaýar. Napoleon Hezreti Muhammediñ (sa.w.) doglan güni mynasybetli dabaraly çäreleri geçirýär. Şol çärelere gatnaşan mahaly bolsa özi hem ýerli halkyň lybasyny geýýär. Munuň bilen hem çäklenmän, özüni "musulman" diyip yglan edýär. Napoleon halka ýüzlenip ýazan beýannamalarydyr çykyşlaryny hem "Bissimilla" bilen başlaýar we olarda "Fransuzlar musulmanlaryň iň ýakyn dostlarydyr. Hristianlary musulmanlara garşy urşa çagyrýan Papanyň tagtynyň ýerleşýän ýeri bolan Rimi weýran etmegimiz hem munuň subutnamasydyr" diýip, musulmanlaryň ynamyna girmäge çalyşýar. Napoleonyň bu hilesi belli bir derejede netije hem berýär. Halk az wagt hem bolsa oña gulak gabartmaga başlaýar. Hatda musulmanlaryň käbirleri Napoleona "Beýik Bonapart" diyip ýüzlenipdir. Osman imperiýasynyň raýaty bolan Müsürde özüni musulman görkezmäge çalyşýan bu hilegär ýewropalynyň mekir syýasatyndan gorkan Osmanly döwleti Napoleonyň täsirini ayyrmak üçin garşylykly propaganda başlaýar we halka ýüzlenip yazan bir beyannamasynda "Fransiyaly gelmişekler barypýatan kapyr we arabozujydyr. Olar Allanyň birligine ynanmaýarlar we Pygamberimize iman getirmeýärler. Olar beýleki dinleri ykrar etmeýärler, ahyreti bolsa inkär edýärler. Olaryň pikirlerine görä, ähli zat şu dünýädedir. Bu dünýäniñ aňyrsynda hiç zat yok diyip hasap edýärler. Şeýle batyl ynançlara eyedikleri üçin olar kilisäni taladylar, hristianlary öldürdiler. Eý, Allaha we Pygambere (s.a.w.) iman edenler, bu kapyr başbozarlara garşy baş galdyrmak, olara garşy uruşmak ählimize parzdyr" diýip. halky fransuzlara garşy aýaga galmaga çagyrýar we 1798-nji ýylyň 2-nji sentyabrynda Fransiýa garşy uruş yglan edýär. Şol döwürde Napoleon fransuz rewolýusiýasynyň ideýalaryny ýaýratmak we medeniyetini ornaşdırmak maksady bilen Kairde fransuz mekdebini we teatryny açýar. Şeýle hem bir çaphana gurup, gazet çykaryp başlaýar. Napoleon bilen bile gelen alymlar topary bolsa bu ýerde yslam medeniyetiniñ aýratynlyklaryny öwrenip, bu barada 26 tomluk kitap ýazýar. Olar musulmanlaryň kanunlaryna seredip, özleriniň täze kanunlaryny işläp taýýarlaýarlar. Şolaryň biri-de Osmanly soltany Ýowuz Soltan Selim döwründe meşhur alym Ibni Kemalyň taýýarlan kanunlaryna esaslanyp, fransuz alymlarynyň ýazan "Fransuz konstitusiýasydyr". Osmanly soltanlygynyň fransuz goşunlaryna garşy geçiren wagyz işleri netijesinde Müsürde halk gysga wagtyñ içinde Napoleonyň niýetiniñ garadygyna göz ýetirýär we oña garşy partizançylyk hereketine başlaýar. Şeýlelikde, hilegär fransuz generalynyň ýüzündäki perde aýrylyp, halk onuň hakyky gorkunç keşbini görýär. Napoleon gozgalançylaryň hereketlerini gazap bilen basyp ýatyrmaga başlaýar, köp gan dökýär. In soñunda bolsa halkyň gözüni gorkuzmak üçin ezherli şeýhleriň 11 sanysyny 23-nji oktyabr güni halkyň gözüniň önünde atdyrýar. Şol wagsyçylygyndan soñ ol halkyň arasyna bir hat ýaýradýar. Onda: "Eger-de serkerdebaşy (Napoleon) merhemet etmedik bolsa, onda bu günki günde Müsürde ýekeje adam hem diri galmazdy. Ähli öý ýakylardy, General Napoleon Aýasofiýany türkleriň duşmany bolan orslardan halas etjek ýeke-täk adamdyr. Şonuň üçin Allah ona hemaýat eder. Ol patyşanyň dostudyr. Patyşa-da, Müsüriñ halky hem adalatly häkimiýet isleýär. Eger halk berilýän buýruklary diñläp, berjaý etse we asudalygy saklasa, onda salgytlaryň möçberi azaldylar. Fransuzlar gowy adamlardyr. Olaryň ýagşylygyny bilmeýänler jezalaryny çekerler we Müsüriň bereketli topragy olardan arassalanar" diýilýär. Şol bir wagtda adamlara haýbat hem atylýan bu hatyň astynda şu hadysy-şerif ýazylypdyr: "Pitne ukudadyr. Ony oyandyrana nälet bolsun!". Arap dilinde ýazylan bu haty Napoleon obama-oba diýen ýaly paýladýar. • Siriýa ýöriş Müsürde edil tussaghana düşen ýaly bo)up galan Napoleon üçin indi başga yollar bilen ýagdaýyny gowulandyrmakdan başga çäre ýokdy. Munuň üçin bolsa ol ilki bilen Siriýany ele geçirmegiñ planyny çekýär. Siriýa eýe bolmak Napoleon üçin örän zerurdy. Çünki Siriýa Ortaýer deňziniñ töweregindäki dört sany uly ýurdy - Müsüri, Anadolyny, Arabystany we Yragy geografiki merkez hökmünde biri-birine baglaýardy hem-de şol bir wagtda bu ýurtlaryň arasynda söwdany we aragatnaşygy ýola goyup biljek ýeke-täk merkezdi. Galyberse-de Siriýanyň sebitdäki strategiki ähmiýeti-de diýseñ uludy. Ýagny Siriýany eline geçirse, Napoleon beýleki kolonizator döwletleriñ koloniýalary bilen aragatnaşygyny kesip biljekdi. Özüniň ýazgylarynda Napoleon Siriya ýöriş etmek bilen özüniñ öñde goýan maksadyny şeýle beýan edipdir: "Türkleriñ Ortaýer deñziniñ gündogar kenarlaryndaky ähli portlaryny basyp alalyñ. Siriýaly hristianlary ýaraglandyralyñ we Osmanly döwletiniñ topraklarynda agzalalyk döredeliñ. Eger biz Akka galasyny alyp bilsek, onda Müsüriñ halky hem biziñ tarapymyza geçer we biz iyun aýyna çenli Damaska bararys. Sonra 26 müñ fransuzdan, 6 müñ mamlýukdan we 18 müñ dürziden ybarat bolan goşunymyz gündogara sary süýşer. Osmanly soltany sesini çykarmanyny gowy görer. Eýran şasy Basranyñ we Şirazyñ üsti bilen öne yörüş etmegimizi dogry hasaplayar. Hudaý ýalkasa, biz marta çenli Hindistana bararys". Şundan görnüşi yaly, Napoleonyň Siriya yörüşiniñ maksady diýseň beýikdi we ol hristianlaryň haçly yörüşleri mahaly yüze çykan "Gündogar imperatorlygyny döretmek ideýasyny amala aşyrmagy hem öz içine alýardy. Uly güýç bilen Akka galasyna tarap ýola çykan Napoleon bu ýoluñ ugrundaky Ýafa şäheriniñ daşyny gabaýar we boýun egen ýagdaýynda şäheriñ ilatyna hiç bir zulum etmejekdigi baradaky beren sözüne ynanan ýafalylar Napoleona boyun egýärler. Emma zalym fransuz serkerdesi beren sözünde durman, şäherdaki dört müñ sany alban esgerini Oraza bayramynyñ ön ýanynda gylyçdan geçirýär we ýüzlerçe çagany ýetim goýýar. Şondan soñ Napoleon özüniñ goşunlary bilen ýol üstündäki obalara gan çaýkap, Siriýa ýörişiniñ asyl maksady bolan Akka şäher-galasynyñ etegine barýar we onuñ daşyny gabaýar. Ýöne bu şäheriñ alnynda Selahaddin Eýýuby döwründen galan gahrymançylyk tagmasy bardy. Bir wagtlar 300 müñ adamly haçly goşunyñ perişan bolşuna şaýat bolan şäheriñ könelen diwarlary täze bir gahrymançylyk dessanyna şaýat bolmaga taýýarlanýardy. Galada bu dessanyn baş gahrymanyna öwrüljek bir edermen goja bardy. Onuñ ady Jezzar Ahmet paşady. Taryhy çeşmelerde bu adamyñ örän parasatly, düşünjeli, öndengörüji, mert we batyr adam bolandygy aýdylýar. Ýafada ýol ugrunda içen ganlaryndan kanagat tapmadyk Napoleon ilki Akkany syýasy öwrümleriñ kömegi bilen ele geçirmegiñ kül-külüne düşýär we Jezzar Ahmet Paşa ýüzlenip: "Müsüri we Palestinany basyp alyp, Akkanyň etegine geldim. Bir garry adamyñ galan bäş-on gününi zähere öwürmek islämzok. Eger boýun egseniz, galan ömrüñiz asudalykda ybadat edip geçirip bilersiñiz" diýip, boýun egmegi teklip edýär. Emma Jezzar Ahmet paşa fransuz ýylanynyň bet niyetini bada-bat añýar. Sebäbi ol Napoleonyň Ýafadaky wagşyçylygyndan habarlydy. Hut şonuñ üçin hem betniýetli fransuz serkerdesine: "Boýun egmekligi teklip etmekden gijä galdyñyz. Çünki biz bir hepde mundan öň ýedi ýaşardan yetmiş ýaşarymyza çenli galany goramaga kasam etdik. Bizde kasamy bozmak diýen zat bolmaz. Özüm barada aytsam, ýesir düşüp galan ömrümi zulum çekip geçirenden uruşda söweşip, namysymyzy gorap ölenimi gowy görýärin. Hudaya şükür, ýaşym segsene ýeten hem bolsa, elim gylyç tutýar" diýip degişli jogap hatyny jazýar. Haty okap görenden soñ Napoleon gahar-gazaba münüp, güýçli hüjüme başlaýar. yöne garry arslan özüniñ ýigitleri bilen galany berk goraýar. Şol döwürde Osmanly döwletiniñ soltany Selim III-niñ Akkadakylara uly ynam bildirip ýazan haty hem galadakylary ýeñşe ruhlandyrýar. Şeýlelikde, Napoleonyñ ilkinji hüjümi we galany 24 sagatda almak niýeti paşmaýar. Napoleon Akka eden ilkinji hüjiminde şowsuzlyga uçrap, ýeñlişe sezewar bolandan son özüniñ sözi geçýän han-beglerine, emirlere we hristianlardyr ýehudylaryň ýakyn welayatlardaky baştutanlaryna hat yollap, olardan gyssagly kömek sorayar. Wаhhаbylaryň lideri Abdylwаhhаp, Mekgäniñ şerifi Galip bin Musaid, Maskadyñ ymamy, dürzileriñ emiri Beşir we ýehudylar onuñ hatyna oñyn jogap bermeýär. Şondan soñ ol 1799-njy ýylyň 22-nji maýynda "Moituer Univer-sel" gazetinde uly bir bildiriş berip, onda Ýewropanyň, Aziýanyň we Afrikanyň ähli ýehudylaryny fransuz goşunyna meýletin goşulmaga çagyrypdyr. Palestinada ýehudy döwletini döretmegi wada edipdir. Ýöne onuñ bu synanyşygy hem netije bermändir. Birinji şowsuzlykdan soňky çozuşlarynda-da yzly-yzyna ýeňlişe sezewar bolan Napoleonyň bir gezek işi oňýar. Ýagny ol Stambuldan Jezzar Ahmet paşa kömek üçin iberilen topdan, tüpeñden we ok-däriden doly iki sany uly gämini, 36 müň atlyny ele salýar. Öňler uruşlarda ýeňlişe sezewar bolaryn diýen pikir ýatsa-tursa oýuna gelmedik Napoleon şu oljanyň ählisinden doly peýdalanyp, gala garşy täzeden, öňkülerden has gazaply hüjüme başlaýar. Bu gezek oňa galanyň içine girmek başardýar. Bu hüjüm musulmanlar üçin örän duýdansyz başlanýar. Şonuň üçin olar fransuzlar bilen başa-baş söweşmeli bolýarlar. Söweş diýseň gazaply bolup, iki tarapdan-da adam bary gyrylýar. Haçan-da galanyň boýun egmegine az galanda arslan ýürekli goja esger Jezzar Ahmet paşa şol wagta çenli esgerleriniñ söweşlerine ýolbaşçylyk edip duran yerinden duşmanyň üstüne at goýýar. Ol hem uruşýar, hem-de özüniñ parasatly sözleri bilen ýigitlerini ýeñşe ruhlandyrýar. Öz serkerdeleriniñ bu hereketlerinden ruhlanan akkaly esgerler gözleri ýok ýaly bolup, duşmanlaryň üstüne täze güýç bilen topulýarlar. Şeýlelikde, Selahaddin Eýýubynyň ruhunyň gezýän topraklary ýene-de bir gezek duşmandan halas bolýar. Şu söweş mahalynda diri galan fransuz esgerleriniň 200-si näme etjeklerini bilmän, Akkanyň içindäki uly metjide sygynýarlar we belli bir derejede garşylyk görkezmäge başlaýarlar. Ýöne olar daña golaý boýun egmäge mejbur bolýarlar. Elbetde, Osmanly esgerleri metjitde boýun egen fransuzlary olara bolan gahar-gazap we ýigrenç astynda edil Napoleonyň Yafada musulmanlary gyrşy ýaly gyryp biljekdiler. Ýöne Jezzar Ahmet paşa öz döwründe Eýýubynyñ edişi ýaly musulmanlara mahsus bolan rehim-şepagatlylygy bilen olary azat edýär. Napoleon bolsa özüniň ýeňlişiniň berýän ezýetini çekip-çydap bilenokdy. Onuň hyýalyndaky "Beýik Gündogar imperiýasyny" gurmak arzuwy başa bara barmandy. Ýagny onuñ bu arzuwynyñ açarlarynyñ biri bolan Akka galasyny basyp almak başartmandy. Gaýta, esgerleriniñ-de deñ ýarysy gyrlypdy. Bu ajy ýeñliş ony has hem umytdan düşürýär. Bu ýeñlişden soñ Fransiýanyň geljekki kyn ýagdaýy, bu yagdaýdan peýdalanyp Angliýanyñ bütin Ýewropany özlerine garsy goýjakdygy, Ýewropada özüniñ abraýynyň galmajakdygy ýadyna düşende-hä Napoleon näme etjegini bilmän iki ýana urunýar. Ýöne ol her näme etse-de batyr gojadan üstün çykyp bilmejekdigine göz yetirýär. 27-nji maý gijesi özleriniñ agyr guşlaryny ýere gömüp, sessiz yza çekilmäge başlaýar. Haçan-da Napoleon El-Arişa ýetende Jezzar paşanyň yzlaryndan kowup gelýändigini eşidýär. Şu yerde ol özüniñ wagşy adamdygyny ýene-de bi gezek görkezýär, ýagny goşunyndaky agyr ýaralanan esgerleri goşuna ýük bolmasyn, diýip zäher berip öldürdýär. Osmanly döwletiniñ durmuşynda möhüm taryhy rol oynan bu ýeňiş Jezzar Ahmet paşanyň adyny, şan-şöhratyny dünýä tanadýar. Napoleon bolsa ýüzüni Müsüre öwrüp gaçyp barşyna, mundan soňky etjek mekirlikleri, aýtjak yalan sözleri barada oýlanýar. Ýolda Müsür diwanyna yollan hatynda ol "Akkanyň diwarlaryny ýykandyklaryny, alan ýesirleri bilen ýene on bäş günden Müsürde boljakdyklaryny we otuz sany gämini basyp alandyklaryny ýazýar. Müsüre bolsa, edil ýeñiş gazanan ýaly dabara bilen girýär. • Napoleonyñ Müsürden gaçyşy Iñlisleriň deniz flotynyň Müsür bilen Fransiýanyň arasyny kesmegi, Siriýa ýörişiniñ şowsuz tamamlanmagy, esgerleriniñ güýçden gaçmagy, Osmanly goşunynyň Müsüre yakynlaşyp gelmegi, Awstraliýa garşy uruşda fransuz goşunlarynyň ýeñilmegi sebäpli Napoleon indi Müsürde uzak durup bilmejekdigini aňýar. Netijede, 25-nji awgust güni maddy-ruhy, umuman ähli zadyny taşlap we esgerleriniň ýazgarmalaryna sezewar bolup, ses-üýnsüz Müsürden gaçýar. Müsürden çykmazynyñ öñ ýanynda ol ýurdy dolandyrmagy general Klebere tabşyrýar we oña bütin Gündogar dünýäsiniň ünsüni çekjek we oýlanmaga mejbur etjek şeýle täsin hat ýazýar. Onda şeýle jümleler bar: "Öňümizdaki gyşda fransuz gämileri hökman bu ýere geler. Gämiler gelýänçä, 500-e ýakyn gul ýygnap, ellerini baglaň, Olary günde gämilere mündürip, Kairden Fransiýa ýollaň. Eger gul tapmasaňyz, şeýhleriň çagalaryny bir bahana bilen toplap, Fransiya iberiň. Olar girew bolup hyzmat ederler we iki ýyl Fransi-ýada bolup, milletimiziň terbiýesini alar, ahlagyny özlerine ornaşdyrar, dinimizi öwrener hem-de Müsüre gaýdyp gelenlerinden soň, bize tarapdar bolar. Men aslynda Fransiyadan Müsüre masgarabazlaryň iberilmegini haýyş edipdim. Indi özüm ýurda baranymdan soň olary ibererin. Sebäbi olar goşuny güýmärler hem-de müsürlileriñ ahlak sypatlaryny bozarlar". Ibrahim REFIK. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |