10:21 Nyzamylmülk | |
NYZAMYLMÜLK
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Türkmen halkynyň taryhynda yz goýan şahsyýetler az däl. Şolary hertaraplaýyn öwrenmek şu günki türkmen ylmynyň wajyp meselesidir. Taryhda şeýle yz goýan akyldarlaryň biri bolan Seljuk weziri Nyzamylmülküň taryhy hyzmatyna öz mynasybetinde baha bermeklik hem şu güne çenli öz derwaýyslygyny saklap gelýär. Nyzamylmülküň ömür ýoly we onuň «Syýasatnama» atly eseri barada birdir-ikidir gazet-žurnal makalalarynda agzalyp geçilýär diýmeseň, ol henize çenli düýpli we ýöriteleýin ylmy barlaga çekilmändi. Daşary ýurt alymlary tarapyndan hem bu ugurda düýpli ylmy işler edilmändir diýsek hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Meşhur Gündogary öwreniji alymlar Ý. E. Bertels, I. S. Braginskiý, B. N. Zahoder, «Syýasatnamany» rus dilinden türkmen diline terjime eden belli terjimeçi Daňatar Berdiýew biragyzdan bu eseriň edebi-çeperçilik nukdaýnazardan öwrenilmeginiň wajyplygyny belläp geçýärler. Nyzamylmülk Seljuk soltanlarynyň baş weziriniň lakamy bolup, onuň çyn ady Hasan bin Ali bin Ishak al-Tusidir. Ol 1018-nji ýylyň 10-njy aprelinde Horasanyň gadymy medeni merkezi bolan Tus şäherine bagly Radekan (käbir çeşmelerde Nukan) diýen ýerde dogulýar. Onuň kakasy Ali bin Ishak Gaznalylar döwrüniň sowatly adamlarynyň biri bolupdyr. Ýaşlykdan Gurhany we yslam kanunçylygyny oňat özleşdiren Hasan Gaznaly döwletiniň Horasan welaýatynyň häkimi Abul Fazl Suriniň ýanynda işläp başlaýar. Dendanakan söweşinden soňra Balhyň häkimi Abu Ali Şadadyň ýanynda Seljuklar döwletine gulluk edip başlaýar. Has soňrak Togrul beg ony Alp Arslan bilen tanyşdyranda, «Sen muňa üns ber we ondan peýdalanjak bol! Onuň bilimi güýçli, düşünjesi giň!» diýipdir. Togrul beg ölenden soň, onuň maslahatyny göz öňüne alan Alp Arslan Nyzamylmülki köşge çagyryp, ony baş wezirlik wezipesine belleýär. Şol günden başlap Nyzamylmülk tutanýerlilik we parasatlylyk görkezip başlaýar. Seljuklar tarapyndan täze-täze ýerleriň eýelenmegi bilen ýerli häkimiýeti düzmek, ol ýerlerde tertip-düzgüni saklamak, girizilen kanunlaryň berjaý edilişine garamak ýaly wezipeler onuň gerdenine düşýär. Alp Arslan (soňra bolsa Mälik şa) goşun işleri bilen meşgul bolmagy sebäpli, içeri we daşary syýasaty kesgitlemek işlerini Nyzamylmülk berjaý etmeli bolupdyr. Bitirýän işlerini göz öňünde tutup oňa «Kywam-ud Döwle we-d-din» («döwletiň we diniň daýanjy») diýen ady dakýarlar. Mundan başga-da, onuň «Weziru-l kebir» («uly wezir»), Atabeg, «Weziru-l-adil» («adalatly wezir»), «hy-waje-i buzarg» («uly mugallym») ýaly lakamlary ýörgünli bolupdyr. Ýöne onuň iň ýörgünli lakamy «Nyzamylmülk» («şalygy düzgünleşdiriji») bolupdyr. Nyzamylmülküň Merwde, Bagdatda, Gürgençde, Yspyhanda, Nişapurda, Samarkantda, Basrada, Hyratda medreseler saldyryp, olary zerur bolan zatlar bilen üpjün edipdir. Ol medreseler bina etdiren adamyň hatyrasyna «Nyzamiýe» diýip atlandyrylypdyr. Nyzamylmülküň düýbüni tutan «Nyzamiýe» medreseleriniň ähmiýeti döwrüniň ylym-bilimini ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Seljuklar döwrüniň ilkinji medresesi Togrul begiň häkimlik eden döwründe onuň hemaýaty bilen gurlupdyr. Seljuk hökümdarlygynyň berkäp, güýjäp başlan döwründen (Soltan Alp Arslanyň häkimlik eden wagty) bilime, aň-düşünjä uly ähmiýet berlip başlanýar. Şu hadysa Alp Arslanyň soňra bolsa Mälik şanyň baş weziri bolan Nyzamylmülküň uly tagallasynyň bolandygyna şaýatlyk edýän käbir taryhy maglumatlar saklanyp galypdyr. Hatda bu barada bize käbir rowaýatlar belli we olaryň birinde şeýle diýilýär: Günlerde bir gün Alp Arslan Nişapur şäheriniň bir metjidiniň ýanyndan geçip barýarka egin-eşigi sal-sal birnäçe adamlara duş gelipdir. Şäheriň ýaşaýjylary beýik soltany gören wagtlary oňa baş egip tagzym eden bolsalar, bu üýşmek adamlar bolsa başlaryny egmän geçiberipdirler. Soltan Nyzamylmülkden olaryň kimdigini soranda, baş wezir: «Bular bilim adamlary» diýip jogap beripdir. Alp Arslanyň olaryň halyna ýüregi awap: «Men olara näme kömek edip bilerin?» diýip soranda, baş wezir: «Olara ýaşamak üçin jaý we işlemekleri üçin medreseler gurup ber! Halkyň bilimi we ylmy seniň çykaran harajadyňyň öwezini dolar!» diýip jogap beripdir. Bu rowaýat bolsa-da, gürrüňi edilýän wakany halk hakydasynyň önümi hökmünde kabul edip, ondan biz umumy terzde-de bolsa ugur alyp bileris. Seljuklar döwründe ilkinji «Nyzamiýe» medresesi 1066-njy ýylda Nyşapurda gurulýar. Nyzamylmülk ýeterlik sowatly adam bolansoň, döwletiň binýadynyň özeninde bilimiň we ylmyň ýatýandygyna juda oňat düşünipdir. Beýle diýildigi Seljuklardan öň medrese bolmandyr diýildigi däldir. Gaznaly döwletiniň hökümdarlary Mahmyt Gaznalynyň we Mesgut Gaznalynyň zamanasynda hem hususy medreseleriň ençemesi bolupdyr. Olar ýerli metjitlere degişli bolup, olarda yslam dini bilen bagly ugurlar boýunça bilim berlipdir. Nyzamylmülküň medreseler gurmak baradaky tagallalary düýpli bilim öwrülişigini emele getiripdir. Onuň gurduran medreseleri özbaşdak ylym ojagy bolup, olarda dini dersler bilen bir hatarda dünýewi ylymlar öwredilipdir, olara döwlet tarapyndan hemaýat edilipdir. Medreselerde mugallym bolup işlemeklik, bir tarapdan, aýlyk haklarynyň ýokary bolanlygy bilen häsiýetlenen bolsa, beýleki bir tarapdan, olarda mugallymçylyk edýän adamlaryň abraýynyň we şöhratynyň uly bolanlygy bilen häsiýetlenipdir. Abu Hamid al-Gazaly, Saady Şirazy, Jüweýni, Sabyt Hojandy ýaly alym-şahyrlar «Bagdat nyzamiýesinde» mugallymçylyk edipdirler we şol ýerde döredijilik ýoluna başlapdyrlar. Mundan başga-da, Reýde, Samarkantda, Amulda, Horezmde, Basrada, Hyratda, Mosulda jemi ýüze golaý «nyzamiýeleriň» açylmagy, olarda jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan höwes bildiren ýaşlaryň bilim alyp bilmekleri şol döwrüň bilim ulgamynda uly üstünlik bolupdyr. Medreselerde ylym-bilim dünýäsiniň täze gazananlary öwredilmek bilen çäklenilmän, eýsem, olary ýaýratmak, wagyz etmek işinde uly işler amala aşyrylypdyr. Bulardan başga-da, iri şäherlerde «Darul-hadys» (hadys okadylýan medreseler), «Darul-şypa» (lukmançylyk medreseleri) ýaly ýöriteleşdirilen medreseler hem bolupdyr. Seljuklar zamanasynda ilkinji gezek döwlet tarapyndan talyp haklary tölenilip başlanypdyr. «Nyzamiýe medreselerinde» okuw otaglaryndan başga, umumy ýaşaýyş jaýy, kitaphana, dynç alyş otaglary, hammam, metjit, hassahana bolupdyr. Gürrüňi edilýän medreseleriň ýene bir aýratynlygy — berilýän bilimiň başlangyç, orta ýa-da ýokarylygyna garamazdan, okuw ojaklarynyň hemmesi «medrese» diýlip atlandyrylypdyr. Döwlet tarapyndan her ýyl «nyzamiýeleriň» gurulmagyna we olaryň harajadyna 600 müň dinar goýberilipdir. Taryhy çeşmeler şeýle bir wakany beýan edýär: Nyzamylmülk her ýyl medreseler gurmak we olaryň harajadyny çekmek üçin 600 müň dinar möçberindäki puly döwletiň kaznasyndan alýan ekeni. Muny Mälik şa eşidende, ol bu pula uly bir goşuny saklap boljakdygyny ýa-da Stambulyň diwarlaryny täzeden dikeldip boljakdygyny aýdyp, der-gazap bolupdyr. Şonda Nyzamylmülk: «Sen goşunyň bilen bile Allanyň öňünde aýyply bolarsyň. Seniň gyrgynçylyk döredýän goşunyň jemlenen wagtynda, duşmanlaryňdan arasy iki arşyn bolan ýerden gylyçlary, üç ýüz arşyna barabar aralykdan bolsa peýkam bilen olar seni gorap bilerler. Olaryň günäsi uludyr, çünki olar wagtlaryny oýundyr keýpi-sapalykda geçirýärler. Men bolsa seniň üçin «gijeki goşuny» döretdim. Seniň goşunyň gije ýatyrka, «gije esgerleri» Allanyň öňünde nyzama düzülip, gözýaş edip, seniň we goşunyň üçin Alla tarap ellerini uzadyp doga okarlar. Sen we esgerleriň olaryň hemaýaty bilen ýaşaýarsyňyz we kuwwatlanýarsyňyz. Olaryň oklary we dogalary ýedi gat asmana ýeter» diýip, onuň ýetişdiren «esgerleriniň» Mälik şanyň goşunyndan has güýçlidigini aýdypdyr. Aslynda, medreseleriň gurulmagy halkyň bilimini artdyrmak bilen çäklendimikä ýa jemgyýetçilik durmuşynyň başga ugurlaryna-da öz täsirini ýetirdimikä? diýen soragyň döremegi tebigydyr. Elbetde, ýetiripdir, özi-de gaty uly täsirini ýetiripdir. Bu jemgyýetiň ruhy ýagdaýlary bilen baglydyr. Jemgyýetiň ruhy sagdynlygynyň döwlet berkararlygynyň girewi bolup durýandygy subutnama talap etmeýär. Orta asyrlaryň ruhy sagdynlygy bolsa, ilkinji nobatda, ylahy ideýalar bilen aýrylmaz baglanyşykly bolupdyr. Şoňa görä, düýp ylahy (ortodoksal) yslam ideýalary «Nyzamiýe» medreseleriniň esasy ülşüni emele getirendir. Medreseler halklaryň medeni we dini ugurdan bütewiligini emele getiriji hökmünde çykyş edipdirler. «Nyzamiýeleriň» dünýäniň dürli ýerlerinden okamaga gelen talyplaryň üsti bilen öz meşhurlygyny artdyrmaklygy Seljuk döwletiniň has pugtalanmagyna getiripdir. Galyberse-de, Nyzamylmülküň ýurdy dolandyrmakdaky liberal häsiýeti imperiýanyň ýaýran ýerlerinde täzeçil, ylalaşyjylykly garaýyşlaryň ilerlemegine mümkinçilik döredipdir. Ylym älemindäki açyşlar we täzelikler ilki bilen medreselerde aýan edilipdir, olar hakynda pikir alyşmalar guralypdyr. Nyzamylmülk dürli hemaýat beriji dini we jemgyýetçilik guramalaryny «nyzamiýeleriň» üpjünçiligini gowulandyrmaklyga çekmegi başarypdyr. Käbir medreselerde talyp haklary döwlet tarapyndan tölenip, beýleki harajatlary hemaýat beriji guramalar (wukuf) tarapyndan amala aşyrylypdyr. «Nyzamiýe» medreseleriň iň meşhury 1067- nji ýylda açylan we ýokary bilim beren Bagdat medresesi hasap edilýär. Bu medresäniň gurluşygyna we üpjünçiligine 60 müň altyn dinar harçlanypdyr. Bina ýokary hilli palçykdan salnypdyr we özboluşly binagärçilik görnüşe eýe bolupdyr. Medrese açyk howlynyň töwereginde setirleýin inedördül şekilde ýerleşdirilen kiçiräk gümmezli hüjrelerden ybarat bolup, howlynyň ortasynda uly bolmadyk suw çüwdürimi ýerleşdirilipdir. Medresäniň her burçunda ululy-kiçili dört eýwan bolup, Kybla bakýan eýwan beýlekilerden has ululygy we owdanlygy bilen tapawutlanypdyr. Adatça, ol eýwan metjit hökmünde ulanylypdyr. Ondan başga-da, obserwatoriýanyň we barlag laboratoriýasynyň bolmagy, ýokarda belleýşimiz ýaly, öz döwrüniň iň meşhur alymlarynyň işe çekilmegi beýleki medreselerden ony has tapawutlandyrypdyr. Bagdat medresesiniň kitaphanasyna diňe hemaýat guramalary (wukuf) tarapyndan kömek hökmünde 6 müň jilt kitap berlipdir. Ol XIV-XV asyrlarda meşhurlygyň iň belent, iň ýokary derejesine ýetipdir. Onuň meşhurlygy tutuş Gündogara dolupdyr. Ýeri gelende bellesek, türkmen medeniýetiniň Bagdat bilen baglanyşygy, biziň pikirimizçe, şu ýagdaý bilen hem bagly bolup biler. Bu mesele özüniň düýpli barlagyna garaşýar! Ýöne Bagdat medresesi belli bir döwürden soň öz işini togtadypdyr. Bu barada dürli maglumatlar bar. Bir maglumatda onuň uruşlar zerarly ýykylandygy aýdylsa, beýlekisinde bilime üns berilmänligi sebäpli ýitirilendigi aýdylýar. Ýeri gelende bellesek, Ýewropanyň ilkinji uniwersitetleri diňe şondan iki asyr soňra, ýagny XIII asyrda işläp başlapdyr. Her niçigem bolsa, Gündogar gündogar, şonuň bilen birlikde-de, türkmen alymlarynyň ykbalynyň şol okuw ojagy bilen berk baglanyşykda bolanlygy anykdyr. Öňde Nyzamylmülk ylym-bilim adamlaryna howandarlyk goluny uzadandygy hakynda belläp geçipdik. Şol hemaýat goluny tutanlaryň biri-de meşhur Omar Haýýam bolupdyr. Nyzamylmülk bolmadyk bolsa, Omar Haýýam diňe bir Gündogarda däl, eýsem, dünýä belli alym-şahyr bolup bilerdimi? diýen sorag döreýär. Nyzamylmülk bilen Omar Haýýamyň ilkinji duşuşygy barada taryhy maglumat saklanmandyr, emma taryhçy Fazlalla Reşideddiniň «Taryhlaryň jemi» («Jämiut-tawaryh») eserinde şeýle bir rowaýat beýan edilýär: Omar Haýýam, Nyzamylmülk we Hasan Sabbah (ol barada yzda durup geçeris) çagalyk ýyllarynda Nyşapuryň medreseleriniň birinde okapdyrlar we ýakyn dost bolupdyrlar. Olar kim ýokary wezipe eýelese, beýlekilerine-de hemaýat berjekdikleri barada ant içipdirler. Nyzamylmülk baş wezir bolanda Omar Haýýam onuň ýanyna baryp, berlen wadany ýatladypdyr. Şonda Nyzamylmülk: «Nyşapura we onuň etraplaryna häkimlik et!» diýipdir. Omar Haýýam: «Men häkim bolup halkyň üstünden emr edip, gadaganlyklar girizip biljek däl. Gowusy, maňa ýyllyk iş hakyny tölemekligi buýruk ber» diýip jogap beripdir. Elbetde, bu rowaýat hakykata gabat gelmeýär, çünki olaryň arasyndaky ýaş tapawut 30 ýyl, emma bu rowaýat iki şahsyýetiň birek-birege bolan gatnaşygynyň nä derejede bolandygyny anyklamakda ähmiýetli bolup biler. Omar Haýýamyň ýaşlykdan ýatkeşligi we zehini bilen özüni tanadandygy barada birnäçe maglumatlar bar. Taryhçy we edebiýatçy alymlar Nyzamylmülküň baş wezir bolan wagtyndan başlap ylymli-bilimli adamlary daş-töweregine ýygnandygyny we hemaýat berendigini biragyzdan belläp geçýärler. Şondan ugur alyp, bu iki akyldaryň tanyşlygy, biziň pikirimizçe, XI asyryň ortalarynda bolan bolmaly. Meşhur wezir Omar Haýýamyň «ylma berlen adamdygyna» göz ýetirip, onuň zehininiň «daş ýarýandygyny» ilkinji bolup görmegi başarypdyr. Şahyry köşge getirip, Mälik şa bilen tanyşdyrandan soň, şahyra edilýän howandarlyk we goldaw has hem güýçlenipdir. Döwlet tarapyndan amala aşyrylýan ykdysady, jemgyýetçilik işlere girişmezden ozal Omar Haýýama sala salynmagy işiň mümkinga- dar şowly bolmagyna gitiripdir. Ilki Yspyhanda, soňra Merw şäherinde döwrüniň iň öňdebaryjy abzallary bilen üpjün edilen obserwatoriýa gurlup, oňa ýolbaşçy edilip Omar Haýýam bellenipdir. Hatda guruljak obserwatoriýalaryň taslamasyny düzmeklik hem oňa ynanylypdyr. Nyşapur şäheriniň täze durkuny (taslamasyny) we täze ýyl senenamasyny düzmekligi hem Haýýama ynanypdyrlar we mälim bolşy ýaly, 1074-nji ýylda täze ýyl senenamasy girizilipdir. Häzir-häzire çenli onuň düzen senenamasy iň takyk aý-gün hasaby hökmünde kabul edilýär. Belli rus ýazyjysy W.Deržawin: «Uzak ýyllaryň dowamynda ýyldyzly asmany öwrenmegi netijesinde papa Gregoriý XIII-den bäş ýüz ýyl öň ol (Omar Haýýam — H.G.) kalendar reformasyny amala aşyrmagy başardy» [2. 5 s.] diýip ýazýar. Nyzamylmülk şahyrlaryň hemmesine gyradeň garamandyr. Omar Haýýam, Abu Seýid abul Haýyr ýaly edebiýatda ýaňy möwç alyp başlan sopy-şahyrlar bilen ýygy aragatnaşyk saklapdyr, olar bilen dostlaşypdyr. Taryh diýlen närse (ownuk zatlary göz öňünde tutmazdan) her zady ýerli-ýerinde goýup, taryhy şahslara mynasybetinde baha kesijidir. Seljuklar döwri diýilýän, tas iki asyry özünde jemlän zamananyň ýokary derejedäki öňe gidişligi we ösüşi Nyzamylmülk ýaly şahsyýetleriň tagallasy bilen amala aşyrylypdyr. Nyzamylmülk, esasan, özüniň «Syýasatnama» eseri bilen meşhurlyk gazanan şahsyýetdir. «Syýasatnama» Seljuklar döwletiniň döwlet gurluşy, medeniýeti, edebiýaty we folklory barada gürrüň berýän edebi-syýasy ýadygärlikdir. «Syýasatnama» — bu ýiti edebi-syýasy resminamadyr. Ol proza eseri bolup, pars dilinde ýazylypdyr. Eser 50 bapdan ybarat bolup, dürli syýasy, jemgyýetçilik, hukuk, ahlak meselelerini özünde jemleýän garaýyşlar toplumydyr. Eseriň mazmuny baradaky gürrüňe geçmezden, beýleki aýratynlyklary dogrusynda durup geçmegimiz zerurdyr. Eseriň iň gadymy nusgasy Britan muzeýinde (Add 23516 belgili bukjada) saklanýar. Bukjadaky ýazga laýyklykda, Urmiýa şäheriniň emir-hajyby Alp Jemalleddiniň buýrugy bilen ýazylan (1168-1169ý.) «Syýasatnamanyň» golýazmasyndan 1623 ýylda göçürilip alnypdyr. Berlin şäheriniň muzeýindäki «Syýasatnama» hem şol golýazmanyň göçürmesidir. Bu ajaýyp eser bilen ilkinji tanşan ýewropaly okyjylardyr. Fransuz alymy Şefer «Syýasatnamany» pars dilinden fransuz diline terjime edip, 1893-nji ýylda çapdan çykarýar. «Syýasatnama» ýewropaly gündogarşynaslaryň, taryhçy alymlaryň, syýa- satçylaryň arasynda uly meşhurlyk gazanyp, iň ýokary baha mynasyp bolýar. 1906-njy ýylda E. Braunyň çapdan çykan «Pars edebiýatynyň taryhy» atly kitabynda «Syýasatnama» kitabynyň iň gyzykly we gymmatly kyssa eseridigini belleýär. Eseriň rus dilindäki terjimesi hem Şeferiň fransuz dilindäki «Syýasatnamanyň» terjimesidir. Soltan Mälik şa ýurdy dolandyrmakda tekliplerini, garaýyşlaryny, belliklerini ýazmaklygy dört wezirine: Nyzamylmülke, Şarafalmülke, Täjilmülke we Mejdilmülke tabşyrypdyr. Dördüsiniň hödürlän işlerinden Nyzamylmülküň «Syýasatnamasy» seçilip alnypdyr. Käbir ýerlerine düzediliş girizmeklik üçin ýazyja gaýtarylyp berilipdir. Nyzamylmülk öňki ýazylan baplary giňeldip we mazmun taýdan baýlaşdyrypdyr, öňkiniň üstüne 11 bap (käbir çeşmelerde 15 bap) goşupdyr. Kitaby doly ýazyp gutarandan soň, Nyzamylmülk Mälik şanyň kätibi Muhammet Magryba täzeden göçürmek üçin beripdir we soňra Mälik şa gowşurmagy tabşyryp, Yspyhandan Bagdada gidýär we ýolda Arrani atly bir ysmaýylit tarapyndan öldürilýär. Ýurtda dörän durgunsyzlyk, bulagaýlyk sebäpli Muhammet Magryp kitaby äşgär edip bilmändir. Diňe aradan 13-14 ýyl geçenden soň «Syýasatnama» diýlen eseriň bardygy aýan bolýar. «Syýasatnamanyň» döreýşi gysgaça, ine, şeýledir. Mälik şa döwlet dolandyryşyny doly öz eline almaklygy niýet edinen hem bolsa, tejribeli weziriň geljekde amala aşyrmaly işler baradaky maslahatlarynyň örän zerurdygyna düşünipdir. Biziň pikirimizçe, soltanyň ýurdy dolandyrmak hakynda garaýyşlary beýan etmek hakyndaky «bäsleşigi» yglan etmegi-de şu ýagdaý bilen baglanyşyklydyr. Nyzamylmülk bu eserini öz ynamdar adamlarynyň kömeginden peýdalanyp ýazypdyr. Munuň şeýledigine eseriň türkmen dilindäki neşirine sözbaşy ýazan taryhçy alym Ýazgylyç Orazdurdyýewiň sözleri we Omar Haýýam bilen Nyzamylmülküň arasynda bolan söhbetdeşlik hem şaýatlyk edýär: «— Sen öz kitabyňda hakykaty ýaz, zorlugyň iň elhenç betbagtlykdygyny häkimdar ähliniň beýnisine guý. Olary der döküp dür öndürýän daýhanyň sarpasyny tutmaklyga imrindir. Ine şonda, meniň aňlaýşyma görä, seniň beýik kitabyň has-da beýik bolar» [1. 7 s.]. Biziň pikirimizçe, diňe pikir maslahatlary bilen çäklenilmän, eýsem, ýordum döretmeklikde hem oňa kömek berlen bolmagy ähtimaldyr, çünki ilkinji gezek eser, onda-da «Syýasatnama» ýaly köptaraply eser ýazmak üçin diňe bir zehiniň ýeterlik däldigi düşnüklidir. «Syýasatnama» edebi-syýasy ýadygärlikdir we öz stili (belli derejede-de gurluşy) boýunça özboluşly bir nama eserdir. Onuň mazmun gurluşy Beýhakynyň «Taryhul Mesud» eseri bilen hem gabat gelýär. Belki-de, Beýhaky eserini ýazanda «Syýasatnamadan» täsirlenendir. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, «Syýasatnamada» şa bilen halkyň gatnaşygy Beýhaky soltan bilen halky çadyra meňzetmek bilen: «Musulmançylyk çadyry — şalyk, onuň diregi — soltan, çekdirme ýüpleridir gazyklary bolsa raýatlardyr. Eger dykkat bilen seretseň, onda esasy zat diregdir, ol ýykylaýdygy çadyr hem galmaz, çekdirmeleridir gazyklaram» [3. 471 s.]. Görnüşi ýaly, Nyzamylmülk hem, Beýhaky hem edebi eser döretmekde şol döwrüň kyssasynda we şygryýetinde giňden ulanylan muşäbbäha (deňeşdirme) görnüşini ulanypdyrlar. Bapda okyjynyň ünsüni çekýän ýene-de bir ýagdaý bar. Bu Emir ibn Leýsiň rehinlikde wagty perrajyň onuň üçin bişirmekçi bolan bir batman etini bir itiň alyp gaçyşy baradaky wakadyr. Emir ibn Leýsiň: «Görüň bu bolýan işleri, aşhanasy ir bilen-ä 400 iner çeken, agşam bolsa bir it göterip giden adam men» [1. 27 s.] ýa-da «Säher bilen emirdim, agşam bolsa ýesirem» [1. 27 s.] diýen sözleri hekaýatyň täsirini güýçlendirýär we uzak ýatda galmagyna hemaýat berýär, aýdylan pähimli sözler bolsa atalar sözü- ne, nakyla öwrülip, türki we pars halk döredijiligine siňip gidipdir. Emir ibn Leýsiň aýdan sözleri Magtymguly Pyragynyň: «Ertiri şat bolan, öýlän gülmedi» diýen setirleri ýatladýar. Ysmaýyl ibn Ahmediň Emir ibn Leýsiň hazynasyndan boýun öwürmeginiň sebäplerini ýazaryň çeper dilde düşündirişi eseriň edebi-çeperçilik tarapyny has-da güýçlendirýär. «Syýasatnama» eseriň «Gulamlaryň, türkleriň we beýlekileriň saklanyşlary esasynda türkmenleri hem saklamak hakynda» atly ýigrimi altynjy babynda (adyndan belli bolşy ýaly) türkmenleri köşk gullugyna çekmek hakynda gürrüň edilýär. Bu bap möçber taýdan gysga bolup, onda: «Türkmenleriň bu ýurtda uly hukuklary bardyr, sebäbi ýurt berkarar edilip ugranynda olar bimöçber hyzmat görkezendirler, horlukdyr jepa çekendirler. Onsoňam olar biziň gandüşer hossarlarymyzdyr. Şonuň üçin olaryň ogullaryndan müň sanysyny atma-at sanawa girizip, köşgüň gulamlary edip saklamak gerekdir» [1. 119 s.] diýilýär. Bu baby tutuşlygyna getirmegimiz ýöne ýerden däl. Baby dykgat bilen okanyňda türkmenleriň mert bolandygyna düşünmek kyn däl. Türkmenler diňe Togrul we Çagry begiň baştutanlygynda Seljuklar döwletini esaslandyrmakda gaýduwsyzlyk görkezmän, Alp Arslanyň we Mälik şanyň soltanlyk eden döwürlerinde-de täze-täze ýerleri eýelemekde ilkinjiler bolup, öňki hatarlarda söweşipdirler. Biziň pikirimizçe, weziriň türkmenleriň «ogullaryndan müň sanysyny atma-at sa- nawa girizip, köşgüň gulamlary edip saklamak gerekdir» diýmekliginiň aňyrsynda syýasy bähbit ýatypdyr. Biziň pikirimizçe, «Syýasatnamanyň» diňe «Girişi» Mälik şanyň kitaphanaçysy Muhammet Magryba degişlidigi ikuçsuzdyr, çünki «Giriş» onuň adyndan ýazylypdyr. Bizde eseriň başga bir awtora degişlidigi hakynda anyk delilleriň bolmandygy sebäpli «Syýasatnamanyň» ähli baplarynyň Nyzamylmülküň galamyna degişlidigine ynanýarys. «Syýasatnama» örän uly terbiýeçilik ähmiýetine hem eýedir. Ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde bu eseriň örän uly ähmiýetiniň bolup biljekdigini aýtsa bolar. Bir tarapdan, bu eseriň aradan on asyr geçendigine garamazdan, adalat, dogruçyllyk, rehim-şepagat, ula hormat goýmak, sadalyk we ş.m. ýaly ruhy gymmatlyklaryň üýtewsizligini görkezýän bolsa, beýleki tarapdan, Seljuklar zamanasynyň döwlet gurluşy baradaky maglumatlar ýaşlara sada, düşnükli dilde beýan edilýär. Bu halkymyzyň taryhy geçmişini öwrenmekligiň ygtybarly ýollaryndandyr. «Syýasatnamanyň» rowaýatlarydyr hekaýatlaryndaky ýordum özboluşlylygy islendik ýaşdaky adamlary özüne çekýär, onuň öwüt-ündew tarapy hiç kimi biperwaý goýmaýar. Bir tarapdan, eserdäki gürrüňi edilýän däp-dessurlar, edim-gylymlar, atalar sözleri we nakyllar türkmen halk döredijiliginiň taryhyny yzarlamaga mümkinçilik berýän bolsa, ikinji tarapdan, Seljuklar döwletine giren halklaryň edebiýatlarynyň, medeniýetleriniň, sungatlarynyň, halk döredijiliginiň umumylyklaryna düşünmeklige uly ýardam berýär. Ýeri gelende bellesek, şu ýagdaý «Syýasatnamanyň» ýazylan döwründe Seljuklar döwletinde dürli halklaryň medeniýetlerinden emele gelen ortak bir medeniýetiň kemala gelendigini aýtmaga esas berýär. Ýöne, elbetde, onda türkmen medeniýetiniň özen bolup hyzmat edendigi düşnüklidir. Diýmek, eseriň halkara dostluk-doganlygy babatda-da ähmiýeti bardyr. «Syýasatnama» diňe öz döwrüniň talaplaryna laýyk gelýän eser diýsek hakykatdan daş düşdügimiz bolardy. Elbetde, eserde ündelýän meseleleriň käbirleri şu döwürde öz wajyplygyny ýitiripdir, bu tebigy zat, emma onuň edebi-çeperçilik, taryhy, terbiýeçilik, filosofik ähmiýetiniň ýokarydygyny ýene-de tekrarlasymyz gelýär. «Syýasatnama» umumadamzat ruhy gymmatlygydyr we şeýle bolmaklygyna-da galar. Hydyr GELDIÝEW, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Çeşmesi: “Dünýä edebiýat”, 2022, 6. 94-99 sah. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |