19:22 Taryhy kökler | |
TARYHY KÖKLER
Edebiýaty öwreniş
Türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynda uly yz goýan edebiýatçy alymlaryň biri-de, rus gündogarşynasy Ýewgeniý Eduardowiç Bertelsdir. Alymyň edebiýatymyz hakyndaky ylmy-nazary garaýyşlary häzirki wagtda-da öwrenilmäge mynasypdyr. Şu makalamyzda belli alymyň Gündogarda uzak asyrlaryň dowamynda meşhur bolan rubagy, murapbag, şygyr düzüliş görnüşleri we aruz şygyr ölçegi hakyndaky ylmy pikirleri dogrusynda gürrüň etmegi maksat edindik. Meşhur edebiýatçy alym Rahman Rejebowyň «Türkmen edebiýatynyň adalgalar sözlüginde» aruz ölçegi hakynda şeýle diýilýär: «ARUZ — arap we pars dillerindäki şygryýetde ulanylýan esasy goşgy düzüliş düzgüni bolup, onda her bir ölçegde bogun sanlarynyň deň bolmagyndan başga-da, ölçegdäki uzyn we gysga bogunlaryň gurluşyndak tertibiň simmetrik bolmagy baş şertdir». Kesgitlemeden görnüşi ýaly, aruz ölçegi diňe arap we pars dillerinde ýazylan şygyrlara mahsus. «Bu, hakykatdan-da, şeýlemikä? Türkmen dilindäki şygyrlarda bogun gurluşynda uzynlyk we gysgalyk ýokmuka? diýen mantykly sowal döreýär. Elbetde, ýok. Türkmen diliniň aglaba dillere mahsus bolmadyk bir aýratynlygy bar: bu hem ençeme sözler gysga we uzyn aýdylyp, semantiki taýdan aýrybaşga many berýär. Mysal üçin: ot — o:t, at – a:t we başgalar. Dilimiziň bu aýratynlygy aruz ölçeginiň has irki döwürlerde türkmen halkynda, aýratyn-da, halk döredijiligimizde peýdalanylan bolmagy ähtimal diýen netijä getirýär. Elbetde, ony doly subut etmek irki döwür edebi ýadygärliklerini düýpli öwrenmegi we seljermegi talap edýär. Çünki gadymy türki sözleriň ses we grammatik görnüşiniň asylky durky muňa gabat gelýär hem-de aruz kadalaryny özünde ýüze çykarmaga ukyplydyr Türkmen halkynyň beýleki halklar bilen medeni, edebi gatnaşyklary saklandygyny, galyberse-de, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň meňzeşligini göz öňünde tutanymyzda, edebiýatlarymyzyň birek-birege ýetiren täsiriniň üstaşa däl-de, gönüden-göni bolandygyny gözden düşürmeli däldiris. Ý.E.Bertelsiň: «Bu şygryýetiň (yslamdan öňki arap şygryýetiniň — H.G.) tematikasy boýunça XVIII — XIX asyryň başyndaky türkmen nusgawy şygryýetine gaty ýakyn durýandygyny bellemek gyzyklydyr. Bu meňzeşligiň haýsydyr bir «täsir» arkaly bolman, çarwalaryň durmuş şertlerinden, şol şertleriň meňzeşliginden gelip çykýanlygy bes-bellidir» diýen sözleri-de, bu pikirimizi tassyklaýar. Türkmen-arap edebi gatnaşyklary hakynda tutumly ylmy seljermeler alyp barmak edebiýatymyzyň diňe bir geçmişine aralaşmakda däl-de, eýsem, käbir nazary meseleleri çözmekde hem örän gymmatly bolar Mälim bolşy ýaly, irki orta asyr Gündoga edebiýatynda meşhurlyk gazanan goşgy düzüliş görnüşleriniň biri rubagydyr. Gündogarşynas alymlaryň käbirleriniň işlerinde rubagy pars edebiýatynyň, käbirleri bolsa arap edebiýatynyň, has takygy, şygryýetiniň çäginde dörän görnüş bolandygy barada belläp geçýärler. «Rubagy» sözüniň köki «erbaga» (arapça «dört» diýmegi aňladýar) sözünden gelip çykandygyny göz öňünde tutanymyzda, rubagy görnüşiniň araplarda dörändigi aňlanylýar. Daşary ýurtly gündogarşynas alymlaryň işlerinde bolsa, rubagy görnüşini esaslandyran pars şahyry Rudakydygy aýdylyp, ony elýetmez derejä ýetiren, «Rubagynyň atasy» hasaplanýan Omar Haýýamdygy bellenip geçilýär. Bu pikir edebiýatçy alym R.Rejebowyň «Türkmen edebiýatynyň adalgalar sözlügi» atly işinde hem agzalýar. Ý.E.Bertelsiň göräýmäge bu inkär edip bolmajak garaýyş bilen ylalaşmaýandygy barada «Pars-täjik edebiýatynyň taryhy» atly ylmy monografiýasynda şeýle ýazýar: «Kasydanyň we gazalyň monorifmalygy, elbetde, araplardan (araplarda döräpdir — H.G.), ýöne goşa rifma araplara düýbünden nätanyş bolupdyr, olara rubagy hem nätanyş bolupdyr. Şeýle hem bolsa rubagy örän gadymy döwürlerden bäri, Orta we Merkezi Aziýada dürli türki halklaryň folklorynda eý görülýän görnüş bolupdyr. Arap adalgasy bolan murapbag görnüşi «dörtlük» diýlip atlandyrylyp, onuň aglaba türki halklarynyň folklorynda giňden duş gelýändigini inkär edip bolmaz». Görnüşi ýaly, Ý.E.Bertels ozaldan aýdylmadyk ylmy nukdaýnazary öňe sürýär. XX asyryň birinji ýarymynda aýdylan bu nazary pikir häzirki günde hem özüniň derwaýyslygyny ýitirmän, düýpli ylmy seljermeleri talap edýär. Hakykatdan-da, rubagy görnüşine mahsus bolan a-a-b-a görnüşli setirleriň sazlaşygy halk döredijiligimiziň hüwdi, läle, küştdepdi görnüşlerinde giňden ulanylýar. Gazal bolsa ikileme görnüşinde halk döredijiliginde pikiriň ýaýrawynda, erkinliginde özüni görkezýär. Sözümiz gury bolmaz ýaly, folklorymyzyň iň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan küştdepdi görnüşine ser salalyň: Başlalyň-a-başlalyň, Küşt depmäge başlalyň. Aýdym aýdyp, küşt depip, Göwünleri hoşlalyň. Rubagy žanry namahsus a-a-b-a setirleriň sazlaşygyna doly derejede gabat gelýän küştdepdiniň bu bentleri rubagy žanrynyň iň gadymy nusgalaryna mahsus bolan 7 bogunly setirlerden düzülendir. Edebiýatyň nazaryýetine laýyklykda, rubagynyň her bir bendi özbaşdak we gutarnykly bolup, yzyndan gelýän bent bilen hiç hili pikir bagşlanyşygy bolmaýar. Getirilen mysalyň birinji setiri özüniň pikir aňladyşy boýunça küştdepdiniň hökmany suratda birinji bendi bolmalydygy goşmaça düşündirişi talap etmeýär. Ýöne ikinji we üçünji bentleriň ýerleri çalşylyp aýdylan halatynda, hiç zat üýtgemeýär. Munuň özi gadymyýetde rubagy görnüşiniň türkmen halky tarapyndan döredilendigi hakyndaky çaklamany orta atmaga bellibir derejede esas berýär. Rubagydan tapawutlylykda, murapbagyň birinji bendiniň setirleri köplenç halatda a-b-a-b yzygiderliginde düzülip, şygryň ikinji bendi ç-ç-ç-b görnüşinde ýazylýar. Arap şygryýetiniň gülläp ösen döwri hasaplanýan «jahylyýe» döwrüniň şahyrlarynyň şygyrlaryna we muallakatlaryna (on eser) ser salanymyzda, olaryň içinde murapbag görnüşde ýazylan hiç bir tanymal eseriň ýokdugyny, şygyrlaryň hemmesiniň diýen ýaly mesnewi ýa-da gazal görnüşde düzülendigini örmek bolýar. Şol bir wagtyň özünde, gadymy şadessanlardyr dessanlarymyzdaky duş gelýän şygyr bentleriň, şeýle-de, Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwan lugat et-türk» eserinde getirilen ençeme halky şygyrlaryň murapbag görnüşdedigini görmek bolýar. Ý.E.Bertelsiň ýokarky setirlerde murapbagyň türki halklaryň folklorynda köp duş gelýändigini bellemeginiň juda adalatlydygyny aýtmak gerek. Çünki türkmen folklor eserleriniň şygyr bilen ýazylanlarynyň aglaba köpüsi murapbag görnüşlidir. Magtymguludan başlap, nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlarynyň köp böleginiň murapbag (dörtleme) görnüşde düzülendigini hemmämiz bilýäris. Sözümiz gury bolmaz ýaly, nusgawy şahyrlarymyz Magtymgulynyň «Gadryn näbilsin» goşgusyny mysal getireliň: Harazban goluna düşse algyr baz, Ganatdan aýyrar, gadryn näbilsin. Bir çopan eline degse bir almaz, Çakmak daşy kylar, gadryn näbilsin. Nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň döredijiliginde murapbag görnüşde ýazylan eserler juda agdyklyk edýär. Murapbag görnüşiniň halk folklorynyň çäginde dörändigine ýene-de bir ýagdaý şaýatlyk edýär. Hususan-da, şygyrdan düzülen folklor eserleriniň ählisi, nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlarynyň köpüsi saza goşulyp ýa-da owazly ses bilen aýdylýar. Murapbag goşgy düzüliş görnüşi saza goşmakda iň ygtybarly görnüşdir. Şu ýerde Ý.E.Bertelsiň murapbag hakyndaky aýdan ylmy garaýyşlarynyň juda ýerliklidigi äşgär bolýar. Ine, şeýle çuň ylmy pikirleri Ýewgeniý Eduardowiç Bertelsi köp sanly gündogarşynaslardan tapawutlandyryp, onuň näderejede ylym ýüküniň ýetikdigini görkezýär. Alymyň şeýle düýpli ylmy garaýyşlaryny seljereniňde, onuň ylmy mirasynyň özboluşlylygyny duýup bolýar. Ý.E.Bertelsiň eserleriniň hemmesinde diýen ýaly, nazary garaýyşlar gysgadan ýygjam berilýär. Edebiýatçy käbir meseleler dogrusynda öz ylmy nukdaýnazaryny aýtmak bilen, onuň giňişleýin teswirinden saklanýar. Şeýlelikde, alymyň aýdýan pikirleri birbada guraksy görünýän ýaly duýulýar. «Ý.E. Bertels düýpli meseleleri gozgaýar ahyryn, näme sebäpden ol käbir gozgan meselelerini ösdürip, doly açyklamaýar?» diýlen sowal tebigy ýagdaýda döreýär. Bu sowala çürt-kesik jogap tapmak aňsat däl. Ý.E.Bertels her halkyň, şol sanda türkmen halkynyň edebiýatçy alymlaryna özleriniň edebi geçmişlerini giňişleýin öwrenmekde özboluşly «gönezlik» hyzmatyny ýerine ýetirmekligi maksat edinen bolmaly. Belli alymyň Gündogaryň, şol sanda türkmen halkynyň edebi geçmişi baradaky ylmy-nazary garaýyşlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň edebiýatçy alymlaryň öňünde milli edebi mirasymyzy öwrenmekde goýan wezipelerine laýyk gelýär we ol ylmy taýdan çuňňur seljerilmäge mynasypdyr. Hydyr GELDIÝEW, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy. #"Edebiýat we sungat" gazetinden alyndy | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |