08:26 Orta asyr çyradanlary | |
ORTA ASYR ÇYRADANLARY
Taryhy makalalar
Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän köpsanly baý taryhy ýadygärlikler neolit, enolit döwürlerinden başlap, has giçki döwürlere çenli türkmen halkynyň ýaşan medeni ojaklarynda keramika gap-gaçlary we bürünç önümleri, zähmet gurallarydyr şaý-sepleri öndürmek sungaty ösen derejede bolupdyr. Orta asyrlarda ülkämizde öndürilen önümleriň arasynda çyradanlar esasy orunlaryň birini eýeläpdir. Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerinden tapylan çyradanlar diňe bir görnüşleriniň köpdürlüligi, ulanmak üçin amatlylygy bilen çäklenmän, eýsem, gadymy ussalar öndürýän önümlerini sungat derejesine ýetirip, olara nepis görnüşleri beripdirler. Olary nagyşlar, suratlar, hatlar bilen bezäpdirler. Nagyşlaryň äheňleri we görnüşleri dürli-dürli bolupdyr. Olarda geometrik, ösümlik we haýwan şekilli nagyşlar hem ulanypdyrlar. Türkmenistan döwletimizde milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen maddy medeni mirasymyzy, medeni ojaklarymyzyň taryhyny ylmy esasda öwrenmeklige, olary gorap saklamakda, ösdürmeklige geljekki nesillere ýetirmekde giň mümkinçilikleri döredilip berildi. Bu mümkinçilikleri döredip beren hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, dünýä nusgalyk işleri hemişe rowaçlansyn! Bibiäşe BERDIÝEWA, Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy-ekspozision bölüminiň kiçi ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |