05:43 Osmanly türkmen döwletiniñ dörejegini ýetmiş ýyl öñünden aýdan alym | |
OSMANLY TÜRKMEN DÖWLETINIÑ DÖREJEGINI ÝETMIŞ ÝYL ÖÑÜNDEN AÝDAN ALYM
Geň-taňsy wakalar
Ibn Araby hezretleriniñ ady bilen köpiñiz "Direliş. Ärtogrul" teleserialynyñ üsti bilen tanyş bolmaly. Onuñ obrazyny Golliwudyñ türkiýeli ussat aktýory Osman Soýkut janlandyrýar. Beýik pir Osmanly türkmen döwletiniñ dörejekdigini ýetmiş ýyl öñünden habar beripdir. Bu habar gulakdan gulaga degip gelen rowaýat däl. Ibn Arabynyñ “Eş-Şejeratün-Numaniýýe fid-Dewletil-Osmaniýýe” ('Osmanly döwletiniñ nesil daragty") atly kitabynda gelejekde jahana ýañ saljak bu şanly imperiýanyñ dörejekdigi habar berilýär. Şu ýerde Muhiddin ibn Araby muny nädip öñünden habar berip bildikä diýen sorag döreýär. Beýik alym muny ylmy-jifire (ebjet hasabyna) we Gurhandaky käbir aýatlara salgylanyp aýdypdyr. Ol şol bir wagtyñ özünde Ýowuz Soltan Selim barada we soltanyñ öz mazaryny tapjakdygy, şeýle-de gelejekdäki käbir patyşalaryñ häsiýetli aýratynlyklary, Osmanly patyşasy Myrat IV-niñ Bagdady eýelejekdigi we iñ soñky patyşanyñ Soltan Wahdetdin boljakdygy barada geñ-tañsy maglumatlary habar beripdir. ■ Osmanly döwletiniñ guruljagyny ýetmiş ýyl öñünden aýdan pir Türkiýäniñ häzirki Edirne kitaphanasynda saklanýan we Efrany tarapyndan terjime edilen bu kitapda täsin we ähmiýetli iki aýratynlyk göze ilýär: ol hem eseriñ Osmanly döwleti döremezinden ýetmiş ýyl öñ ýazylandygy we döreýşinden tä ýykylýança osmanly taryhyndaky möhüm wakalara yşarat edýändigidir. Heniz Osman Gazy dünýä inmänkä we Osmanly döwletiniñ ady-eseri ýokka Ibn Araby onuñ tiz wagtdan dörejekdiginiñ buşlugyny beripdir hem-de özüniñ Osmanly döwletini goldaýandygyny açyk beýan edipdir. Ibn Araby kitabynda diñe Osmanly döwletiniñ guruljakdygyny aýdyp çäklenmeýär, ol Osmanly döwletiniñ höküm süren döwründe ýüze çykjak birgiden wakalary birnäçe asyr öñünden habar beripdir. Ibn Araby Siriýanyñ we Müsüriñ Osmanly döwletine birikdirilmegi, Ýowuz Selimiñ Siriýa gelmegi netijesinde öz gabyrynyñ tapyljakdygy, Hafyz paşanyñ Bagdady dokuz aýlaw gabawda saklasa-da, şäheri alyp bilmejekdigi, ýeñişiñ bary-ýogy kyrk günüñ içinde Soltan Myrat IV-e nesip etjekdigi, Soltan Abdyleziziñ janyna kast ediljekdigi ýaly birnäçe wakany rumuz (manysy gizlin yşaratlar) arkaly beýan edipdir. Ol türkmenler hakynda: "Türklere muzaffaryýet (ýeñiş) we sagadat garaşýar" diýip ýazypdyr. ■ Ibn Arabynyñ öñden görüjiligi Ibn Araby kitabynda ilki bilen "tilsim eýesi ilkinji Sinden", ýagny "Birinji Selim" diýip tanalan Ýowuz Selimden söz açyp, onuñ tagta çykyşynyn Fatih Soltan Mämmetden soñ boljakdygyna yşarat edipdir. Onuñ gazanjak iñ uly tilsiminiñ halyflykdygyny aýdypdyr we halyflygyñ osmanlylara "Siniñ" - Selimiñ eli bilen geçjekdigini ýazypdyr. "Şejere eýeleri döwründäki gapma-garşylykly we çetin Ri" jümlesi bilen Ýowuz Selimiñ Ridaniýe ýörişine yşarat edýär. Şeýle-de "bir nutuk bilen baglanyşykly özüne yşarat edilip" jümlesi Çaldyran söweşinde ýörişiñ uzaga çekmesinden nägile bolan esgerlere ýüzlenip eden taryhy çykyşyna yşarat edýär. Jümläniñ dowamyndaky "çatyk gaşlylyk menzillerinden Ýa menzilinde tapyldy" sözleri bilen Ýowuzyñ çatyk (arasy bitişen) gaşlydygyna we Ýowuz (Ýawuz) lakamlydygyna ünsi çekýär. Mundan soñ Ibn Araby habaryny beren "Sininiñ" "ýeñişden ruhlanyp Şine baran wagtynda" özüniñ weýran bolan guburyny tapjakdygyny ýazypdyr. Bu waka onuñ edil öz ýazyşy ýaly ýagdaýda bolup geçipdir. Soltan Selim Muhiddin Arabynyñ ýitip-ýok bolup giden mazaryny tapdyryp, üstüne kümmet, gapdalyna-da bir metjit saldyrýar. Ibn Araby hezretleri “Eş-Şejeratün-Numaniýýe fid-Dewletil-Osmaniýýe” atly eseriniñ soñky bölüminde "Soñky Mim" rumuzy bilen yşarat eden "Iñ soñky Mämmediñ", ýagny, Soltan Mämmet Wahdetdiniñ Osmanly döwletiniñ patyşasy boljakdygyny, osmanly soltanlygynyñ we dinastiýasynyñ şondan tamamlanjakdygyny habar beripdir: "Bu zatlar soñky Mimiñ julusyna (ýagny, ýüze çykyşyna) çenli dowam eder. Onuñ julusy "gabahatlyklarymyz sebäpli bela-beterlere duçar bolduk!" diýilýänçä dowam eder". Şeýle-de beýik pir Osmanly döwletiniñ ýykylmasyndan soñky döwürde ahyrzaman pitneleriniñ ýüze çykjagyny we adamzadyñ gapma-garşylykly günleri başdan geçirjegini habar beripdir. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |