20:39 Osmanlylara hyýanat eden Şerif Hüseýiniñ pajygaly akybeti | |
OSMANLYLARA HYÝANAT EDEN ŞERIF HÜSEÝINIÑ PAJYGALY AKYBETI
Taryhy makalalar
Şerif Hüseýin. Arañyzda bu ady eşitmedikler az-azdyr. Hawa, edil özi: iñlis imperialistleri bilen dil birikdirip osmanlylary arkasyndan uran, iñlis içalysy Lourens bilen bileleşip osmanly esgerleriniñ ganyna galan, arap imperiýasyny gurmagyñ we halyf bolmagyñ arzuwynda gezen Şerif Hüseýin. Türkmen aganyñ bir sözi bar: "Kapyra jan çekeniñ muzdy gara gylyç". Iñlise jan çekip, ömrüniñ ahyrynda çilimiñ püçegi deýin çola Kipr adasyna zyñylan Şerif Hüseýiniñ hakykatdanam oýlandyryjy akybeti bar. ■ Şerif Hüseýiniñ ölümi Osmanly türkmen soltany Abdylhamyt II ilkibaşda-da Şerif Hüseýiniñ öwzaýynyñ bozukdygyny bilipdir. Soltan oña hiç haçanam ynam etmändir. Şonuñ üçin Şerif Hüseýin we onuñ doganlary Stambulda göz astynda saklanypdyr. Olaryñ Stambuldaky "myhmançylygy" Soltan Reşat tagta geçýänçä dowam edipdir. "Ittihat we Terakki" jemgyýetiniñ goldamagy we zor salmagy netijesinde Şerif Hüseýin şol wagtlar Osmanly döwletiniñ düzümindäki Mekgäniñ emiri edilip bellenilýär. Birinji jahan urşy ýyllarynda osmanlylaryñ ýeñlip ugrandygyny gören Şerif Hüseýin ýüzüni gäwürlere tarap öwrüpdir. Iñlis içalysy Lourens ony musulmanlaryñ halyfy Arabystanyñ hökümdary bolmak ýaly howaýy wadalary berip toruna salýar. Iñlisleriñ dogany dogana gyrdyryp, özi bir gyrada tomaşa etmek ussatlygy bu gezegem sözüñ doly manysynda öz güýjüni görkezýär. Boş wadalara özüni aldyran akmak arap - Şerif Hüseýin özüne berlen pullaryñ, ýaraglaryñ, ýörite serişdeleriñ hasabyna Osmanly döwletine garşy uruşyp başlaýar. Hawa, onuñ turzan pitnesine üns bereniñe-de degmeýärdi. Sebäbi onuñ gohuny başda özünden başga eşidýän ýokdy. Uly-uly arap taýpalary pitnä goşulmak islemändirler we özleriniñ Osmanly döwletine wepalydyklaryny mälim edipdirler. Bagdatda we Damaskda birdir-ikidir ownuk-uşak tolgunşyklar diýäýmeseñ, başga hiç bir ýerde bulara gulak gabardan bolmandyr. Gozgalañçylaryñ sany zordan bäş müñe-de ýetmändir. Elbetde, iñlisler muny bolşy-bolşy ýaly görkezmediler. Olar giñ gerimli propoganda ýöredip, hamala pitnäni bütin Arabystanyñ halky aýaga galan ýaly edip görkezdiler. Bu bolsa, osmanly esgerlerini psihologik lapykeçlige we göwnüçökgünlige düşürdi. Şeýdibem Arabystan elden çykdy. Arabystany iñlisler gaplap aldy. Şerif Hüseýinem wada berlişi ýaly, Mekgede öz emirligini yglan etdi. Emma onuñ gumbaýrakdan gurlan "emirligi" uzak dowam etmändir. Ol iñlisleriñ başga bir oýnatgysy bolan wahhaby Saud hanedanynyñ esaslandyryjysy Abdyleziz ibn Saud tarapyndan agdaryldy. Şerif Hüseýin ýene-de öñki "agalaryna" - iñlislere sygyndy. Iñlisler ony Kipre gaçyrdylar. Şerif Hüseýiniñ "Medine emiri" diýip özüçe bellän ogly Abdyllany-da saud häkimiýeti agdardy. Iñlisler Abdyllany gaçyryp Ammana äkitdiler we ony "Iordaniýanyñ patyşasy" diýip yglan etdiler. Häzirki Iordaniýanyñ patyşalygynyñ tagt wekilleri Abdyllanyñ neslindendir. Belli bir wagt geçensoñ Şerif Hüseýiniñ ogly Abdylla iñlisleriñ soñsuz pyrryldaklaryndan bez-bez bolupdyr we olar bilen gatnaşygyny kesmäge synanyşypdyr. Şonuñ üçinem ol öldürilipdir. Abdyllanyñ ýerine tagta ogly Tallal geçipdir. Kän wagt geçmänkä Tallalyñ akly üýtgeýär. Ýagdaý şeýle bolansoñ tagtyny ogly Hüseýine goýup, saglygyny bejertmek üçin Stambula gidýär. Şol ikiarada Fransiýa hem Şerif Hüseýiniñ kiçi ogly Faýsaly "Siriýanyñ emiri" etjek bolup her ýola baş goşýar. Iñlisler ony Bagdada äkidip "Yragyñ patyşasy" yglan edenem bolsalar, yzly-yzyna bolyp geçen agdarylyşyklaryñ netijesinde özü-de, özi bilen bile maşgalasynyñ ähli agzasy-da öldürilýär. ■ Boş arzuwlaryñ püçege çykyşy Şerif Hüseýiniñ "Beýik Arabystan imperiýasy" we "halyfat" gurmak arzuwyndan häzir bary-ýogy bir çümmük Iordaniýa patyşalygy galdy. Şerif Hüseýin duzuny iýen döwleti Osmanlynyñ arkasyndan pyçaklamagyñ öwezini çagalaryny, agtyklaryny, maşgalasyny ýitirip (özem hut hyzmatyny eden iñlisleriñ elinden öldürilip) ödedi. Ömrüniñ soñky ýyllaryny Kiprde puşmana boglup ýaşady. Emma dana türkmen aganyñ ýene bir sözi bar: [b]"Soñky puşman - g*te duşman"[/i] Suw señrikden agypdy. Indi dünýäniñ kartasynda Osmanly diýen döwletiñ ady ýokdy. Alty asyrlyk bu şanly döwletiñ ýykylmagynda, elbetde, Şerif Hüseýiniñem ýeterlik paýy bardy. Şonuñ üçin her näçe eden gabahatlyklaryna puşman etse-de, peýdasy ýokdy. Demirgazyk Kipr türk respublikasynyñ ilkinji Prezidenti Rauf Denktaşyñ kakasy Şerif Hüseýiniñ Kiprdäki wyždan azabyndan ejir çekýän hasratly günlerine şaýat bolupdyr. Şerif Hüseýin Rauf Denktaşyñ kakasynyñ ýanyna köp gelýän eken. Merhum Prezident Denktaş şol günleri şeýle gürrüñ beripdir: “Kakam oña teselli bermek üçin elini öperdi, Şerifem gürrüñe başlardy: - Ah-hh, men nämeleri etmedim. Näme üçin Osmanla hyýanat etdikkä? Edenimiñ jezasyny çekýärin häzir! Raif, hany, aýdyp bersene Stambulda nämeler bolup geçýär? Kakam maña-da: "Rauf, gel bäri" diýip, görgüliniñ elini öpdürerdi. Ol meniñ aýama bir altyn teññe taşlardy". Şerif Hüseýin 1930-njy ýylda Iordaniýada ogly Abdyllanyñ ýanyna gidende aradan çykdy we Ierusalimde jaýlandy. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |