21:10 Özüniň dogulan gününde öldürilen super ýyldyz | |
ÖZÜNIŇ DOGLAN GÜNÜNDE ÖLDÜRILEN SUPER ÝYLDYZ
Aýdym-saz sungaty
Ahmet Zahir owgan aýdymçysy we kompozitory. Ol 1946-nji ýylyň 14-nji iýunynda dogulýar we aradan otuz üç ýyl geçensoň, 1979-nji ýylda edil dogulan gününde aradan çykýar. "Owgan Elwisi" adyny alan Ahmet Zahir ýurduň ähli döwürlerindäki iň meşhur aýdymçysydy. Ol dari, puştun dillerinde aýdym aýdýardy. Şeýle hem, rus, urdu, iňlis dillerinde hem aýdan aýdymlary bar. Milli Jemgiýetçilik radiosynyň (NPR) berýän maglumatlaryna görä, Ahmet Zahir taryhda halkara derejesinde öz yzyny galdyran elli sany altyn sesden biri diýip ykrar edilýär. • Baş weziriň ogly Ahmet Zahir Owganystanyň Kabul şäherinde etnik puştunlaryň maşgalasynda dünýä inýär. Kakasy Abdul Zahir şa köşgüniň lukmany, 1971-1972-nji ýyllarda saglyk weziri we baş wezir wezipelerinde işleýär. Ol parlamentiň spikeri bolýar we şa Zahirşaniň döwründäki meşhur şahs hökmünde, Owganystanyň 1964-nji ýyldaky konstitusiýasyny ýazmaga ýardam berýär. Geljeki aýdymçy Kabuldaky Habibiýa orta mekdebinde okaýar. Bu mekdepde "Habibiýa orta mekdebiniň höwesjeň toparyny" döredýär. Zahir akkordeon çalýardy, toparyň ýolbaşçysydy. Olar Nowruz, Iýd ul-Fitr we Owganystanyň garaşsyzlyk güni ýaly baýramçylyk çärelerinde aýdym aýdýardylar. Mekdebi tamamlan Ahmet Zahir Darul-Muallimin-da ("Mugallymçylyk instituty") tälim alýar. Soňra Hindistanda iňlis dili mugallymçylygy ugrundan iki ýyl okaýar. Ol ýerden dolanansoň, redaksiýa žurnalist bolup işe girýär. Emma sungata höwesi güýçli bolandygy üçin kän wagt geçmän ilkinji albomyny ýazmaga başlaýar. Owgan kompazitorlary Neýnawaz we Teranasaz bilen işleşýär. Gysga wagtda Ahmet Zahir Kabulda şirin owaza eýe zehinli aýdymçy hökmünde meşhurlyk gazanýar. Halk köpçüligi oňa "Bülbül-e-Habibiýa", "Habibiýa Bülbüli" atlaryny berýär. Aýdymçynyň döredijiliginde, halk aýdymy, pars edebiýaty, hint klassyk aýdym-sazy we günbataryň pop we rok ugurlary jemlenipdi. • Super ýyldyz Zahiriň ilkinji albomy owgan radiosynda ýazylýar. Ikinji albomy ony super ýyldyz derejesine galdyrmak bilen çäklenmän, belki-de tankytçylar tarapyndan hem dürdäne sungat hökmünde ykrar etdirdi. Zahiriň albomy owgan heňiniň esasy elementlerini özünde jemläpdi. Ahmet Zahir owgan aýdym-saz sahnasynda on ýyl bolan hem bolsa, otuzdan agdyk albom ýazdy. Albomlaryň barçasy şowly çykýar. Zahir Owganystanyň ägirt aýdymçysy Sarbandan soňra owgan aýdym-sazynyň ösmegine uly goşant goşanlaryň biridir. Sewr ynkylabyndan soňra, Ahmet Zahir täze komunistik režimiň ýolbaşçylaryny tankyt edip üç sany aýdym ýazýar. Şondan soňra yzarlanyp başlanypdyr diýen myş-myşlar hem bar. • Biwagt ölüm we myş-myşlar Ahmet Zahir 1979-nji ýylyň 14-nji iýunynda 33 ýaşyny dolduran güni aradan çykýar. Habar agentlikleri Sälänk tunneliniň töwereklerinde awto heläkçilikde aradan çykandygy barada habar ýaýradýar, ýöne käbirleri onuň syýasy garaýyşlary şol döwürdäki marksistik hökümete garşy bolandygy üçin öldürilendigini öňe sürýär. Göýä aýdymçy ýakyn dosty we iki sany zenan ýoldaşy bilen şäheriň daşyna çykarylyp öldürilýär. Käbirleri bolsa, Ahmet Zahir uly syýasatçy Hafizulla Aminiň buýrugy bilen, Zahir we Aminiň gyzynyň arasyndaky söýgi sebäpli öldürilendigini aýdýar. Şol gün Ahmet Zahir dostlary bilen ulagda Sepaň deresine tarap ýola düşýär we Çarikar etrabynda awto heläkçilige duçar bolýar. Onuň ýanynda bolan aýdymçy dosty Mahbubulla Mahbub we beýleki ýoldaşlary näme üçindir diri galýar, diňe Zahir heläk bolýar. Awto heläkçilikden soňra onuň meýidini gözden geçiren lukmanlar merhumyň kellesinde okyň yzyna meňzeş tegelek deşigiň bardygyny görýärler. Emma bu maglumat şol mahal halka äşgär edilmeýär. Aradan birnäçe ýyl geçensoň– Amin ölüp, maşgala agzalary Puli-Çarhi tussaghanasyna gabalansoň äşgär bolýar. Kabulda Zahiriň jynazasyna müňlerçe adam gatnaşýar, şäheriň köçeleri ýapylýar we günlik işler togtadylýar. • Maşgalasy barada Mahbubulla Mahbub žurnalistleriň öňünde çykyş edip dosty Ahmet Zahiriň ölümine dahyllydygy baradaky myş-myşlaryň ýalandygyny aýtdy. Halkyň arasynda bolsa, Zahiriň ölümi Aminiň kömekçisi Talun tarapyndan planlaşdyrylandygy baradaky gürrüňler henizem bar. Owganlar, "Ömür çalt geçýär" diýýärler. Wagt millionlarça merhumlary halkyň hakydasyndan öçürýär, diňe Ahmet Zahir ýaly meşhurlar ýatlanýar. "Ria Nowostiniň" maglumatlaryna görä , Ahmet Zahiriň jigisi häzirki wagtda Amerikada ýaşaýar. Aýdymçynyň aýaly we ogly hem ABŞ-da. Ahmet, Zahiriň ogly Raşit Zahir hem kakasy ýaly aýdymçy. 80-nji ýyllaryň ortalarynda Kabulyň ortasyndaky Ahmet Zahiriň ýaşan öýünde sowet firmasy ýerleşýär. Soňra binany satýarlar, häzirki wagtda ol bina awtokondisioner ussahanasyna öwrüldi. Akbar FATHULLAÝEW. Terjime eden Saparmyrat GÜRGENÇLI # Asyl nusgasyndan az-kem üýtgedilip terjime edildi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |