19:42

Palestina doga, Ysraýyla ýarag kömegi

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 393 | Добавил: Gökböri | Теги: Jan Atakly | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Garadag  
128
Bilmenem ýakynmy Ahyrzamana?!
M.Pyragy.

0
2 Garadag  
128
Magtymguly, tiliñ sakla dahanda,
Seniñ ne işiñ bar ýagşy-ýamanda.

0
3 Garadag  
128
Ýaýyñ içinde kimiñ ogludygyny ýazmasañam soýadyndan bilse boljak eken.

0
4 Moderator  
1471
Türkleriñ ikiýüzliligi, mynapyklygy, messepsizligi söz bilen beýan ederden uly. Ýüpüne odun goýarlygy ýok.
Häzirki türk häkimiýeti Başar Asad bilen maşgala dostlugy, sanlyja aýdan soñam olaryñ ganym duşmanyna öwrülmegi, Jemal Kaşykçy jenaýaty, NATO, Şwesiýanyñ NATO agzalygy, Ukraina konflikti, Putin bilen dostlugy meselesinde nähili ynamsyz partnýordyklaryny görkezibildiler.
(Wagtynda özüni "osmanly esgeri" yglan edip, türkler bilen güýç birikdirmegi umyt eden dyzmaç lider Muammar Kaddafi hem özüni türkleriñ arkadan pyçaklandygyny aýdyp, ahmyr bilen ölüp gitdi).

* * *

Häzir dünýäde bähbidine çapmaýan ýok. Hemmeler bähbitparaz. Bir ýurt ü.n başga bir ýurt hiçem töwekgellige girmeýär. Iki sany terrorçy ü.n, iki sany watan dönügi üçin, iki sany bolgusyz aktiwist ü.n ýa bolmasa haýsydyr bir žurnalist ü.n kim döwletara diplomatiki gatnaşyklaryna, bähbitlerine palta urar öýdýäñiz? Gerek bolsa bähbidi ü.n topbagyñ bilen satýarlar seni isleg bildirýäne... (Özüñiz durmuşda göreñzokmy näme: bähbidi üçin süýt beren enesini satýar bumat käbir adamlar).

* * *

Ýurdy ýurt etjegem, azatlyga ýetirjegem şol ýurduñ öz halky. Öz bähbidi bolmasa, keseden gelip hiç kim saña doganlyk goluny uzatmaýar. Emma türkleñ ikiýüzli bähbitçilligi welin, ýaka tutdurýar. Işlerine gelen wagty orta aziýaly türki halklar ýadyna düşenok, özlerini ösen ýewropaly hasaplap (hem Ýewrosoýuza girmek ü.n) ABŞ-nyñ we onuñ ýaranlarynyñ öñünde üzeññiden üç bökýärler. Emma günbatarlylardan ýüz tapanoklaram welin, şobada bularyñ ýadyna gardaşlyk düşýär, aslymyzyñ birligi düşýär, musulmanlyk düşýär...
Sözüñ gutaran ýeri.

* * *

Bir garyndaş bar. Elmydama "Dogandanam, ogul-gyzdanam wagty gelende tama edeniñ bolmaz. Hatda ýeri gelende olara aýdanyñam etdirip bilmersiñ, her kim öz ýoluna ýumlugyp gider welin, olardan garaşýan sylag-hormatyñam görmersiñ, şoñ ü.n näme ýagşylyk etseñem çeniñi bil, ýüregiñi berip etme!" diýýärdi. Wagt geçdi, onuñ aýdýanlary añryýany bilen durmuşda wysal tapdy.
Diñe özüñe jogap bermeli döwür geldi. Gödegrägem bolýar welin, şonda-da aýdaýyn, hatda ýokarky sözleri aýdan garyndaş sözüniñ üstüni ýetirip: "indi dogan-gardaş, ogul-gyz etjek işini senden sorap etmeýär, her kim bir küý-pikirde ýaşaýar, şoñ ü.n hiç kime artykmaç janyñy ýakjak bolma, "şuña degmeseler bolýar" diýip, büzmügiñi bek tutup otur" diýerdi.

* * *

Iki dogan bakyýete göçen ene-atasynyñ terekesinde oñuşman urşup bilýär, iki dogan mellegiñ üstünde gan-pyçak bolup gyrlyşyp bilýär. Bular dawa-jenjeller täze dörän zat däl ýa bolmasa dünýä soñlanyp barýandygy üçin bolanok. Dünýä dörände bar bu oñşuksyzlyklar, dogan dawalary: Abyl bilen Kabylyñ dawasy, on sany dag ýaly agasynyñ Ýusup pygamberi urup-ýenjip, öldürdim edip, soñam gurruk guýa taşlap gaýtmagy, şonda-da içleri sowaman Müsüre gul edip satmagy, Saranyñ we onuñ mirasdüşer ogly Yshagyñ göwni ü.n ýañja dogan Ysmaýyljygyñ hut pygamber eli bilen çöl-beýewana zyñlyp gaýdylmagy bulara iñ bärkije mysal dälmi? Bugünki gün ýewreýler bilen araplaryñ arasynda dowam edip gelen tükeniksiz uruşlaryñ düýbünde mirasdüşerligiñ, oruntutarlygyñ, ýeriñ... üstünde dörän maşgala oñşuksyzlygyny, gardaş dawasyny gözlesek öte geçdigimiz bolaýarmyka, ýa?
Pygamberimize (s.a.w) Mekgedäki hökmürowanlyklary, güýçleri elden gider öýdüp gorkandygy üçin azar ýamanyny berenler, hijret edip Medinä göçüp gitmegine sebäp bolanlar onuñ öz dogan-garyndaşlary, doganoglanlary, dolananlary, ilen-çalanlary dälmidi? Tagt üçin pygamber agtygy Hezreti Hüseýiniñ ganyna galan Ýezit we onuñ ýaranlary kimdiler?

* * *

Palestinalylar hem dört asyrlyk parahat durmuşyny iñlisleriñ aldawyna satdylar. Umuman alanda, araplar gäwürler bilen dil birikdirip, saýalap gelen döwletleri Osmanlynyñ arkasyndan pyçakladylar. Olaryñ eden haýynlygynyñ jezasyny häzir bigünä nesilleri çekýär. Türkmeniñ "edeniñi özüñde görmeseñem çagañda görersiñ" pähiminiñ dogrudygyny görkezmeýärmi şu?..
Alla hiç bir halkyñ, hiç bir jemgyýetiñ añyny çaşyrmasyn! Adamyñ añy gitse, il bolup düzetse bolýar. Adam ugruny ýitirende, wagty gelip toba nesip etse, allanäme bolup düzelibem gidiberýär. Halkyñ añy gitse, ugruny ýitirse, onda şol halka Alla kömek etmese, edip biljek zadyñ bolmaýar.

* * *

Palestinaly musulmanlara-da Alla kömek etsin, ysraýylly jeñbazlaryñ kalbynda wyždan, ynsap, rehim-şepagat oýandyrsyn! Başga näme diýeli!..

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]