17:14 "Hamasçy" militanlaryñ güni kynalýar! | |
"HAMASÇY" MILITANLARYÑ GÜNI KYNALÝAR!
Publisistika
ABŞ-nyñ "Wall Street Journal" gazetiniñ beren bir habary ýurdumyzy sarsdyrmaga ýeterlik boldy. Çünki, berilýän habarda Ysraýylyñ gizlin gulluklarynyñ Palestinanyñ daşynda ýaşaýan "hamasçy" militanlary öldürmegi meýilleşdirýändigi aýdylýardy. Gazet şeýle-de, ysraýyl kontrazwedkasynyñ Liwanda, Türkiýede, Katarda "hamasçylary" didiwana mündürjekdigini öñe sürdi. Ysraýylyñ Içerki kontrrazwedka gullugynyñ başlygy Ronen Bar "KAN" döwlet telewideniýesinde efire berilen bir ýazgyda "Katarda, Türkiýede, Liwanda, dünýäniñ hemme ýerinde "Hamasyñ" ýolbaşçylaryny üstünden birnäçe ýyl geçenem bolsa, öldürmekden el çekmejekdiklerini" mälim edipdi. Amerikan gazeti bu gepleşikden soñ Ysraýylyñ kontrrazwedka gulluklaryndan alan maglumatlaryna görä, operasiýalaryñ haýal etmezden başlanjakdygyny we netije gazanylýança dowam etjekdigini ýazdy. Elbetde, işiñ içinde Türkiýäniñem barlygy Ankarany aljyratdy. Türkiýäniñ Milli Howpsuzlyk Gullugy (MHG) žurnalistleriñ üsti bilen Ysraýyla duýduryş berilendigini mälim etdi. Syzdyrylan habara görä, Ysraýylyñ Türkiýede bular ýaly operasiýany geçirmäge het eden ýagdaýynda munuñ netijeleriniñ juda agyr boljakdygy aýdylypdyr. Elbetde, MHG şeýtmeli hem bolar, göz-görtele beýle bikanun operasiýa ýol berilmejegi görnüp dur. Türkiýe döwleti özbaşdak döwlet hökmünde hökman munuñ garşylygyny berer. Emma bu mesele diñe Ysraýyl bilenem çäklenenok. Eýranyñam öñden bäri "Hamas" bilen jyny jyñkyryşyp baranok. Munda mezhebara oñşuksyzlyklaram bar. Eýran Palestina bilen bir hatarda Ýakyn Gündogarda Ysraýyla garşy operasiýalarda "Hizbullahy" ulanýar. "Hizbullah" şaýy terrorçy guramasy. Eýran bu toparyñ üsti bilen öz dini ýörelgesini-de wagyz etmäge we güýçlendirmäge synanyşýar. Eýranyñ özüniñem terrorçy gurama hasaplaýan "Hamas" topary bolsa sünni. Türk habar beriş serişdelerinde onçakly ýer almadygam bolsa, meniñ sahypamy okaýanlar bilýändir, Eýranyñ prezidentiniñ Türkiýä etmegi meýilleşdirýän resmi sapary iñ soñky pursatda goýbolsun edilipdi. Resmi saparyñ goýbolsun edilmegi barada alan käbir maglumatlaryma görä, Eýran Erdogan häkimiýetiniñ "Hamasa" berýän hemmetaraplaýyn goldawyndan ynjalyksyzlanýar. Eýranyñ prezidentiniñ garaşylýan resmi saparyndan öñinçä Türkiýedäki "hamasçy" militanlara "hizbullahçylar" tarapyndan kast edilşikleriñ gurnaljakdygy bilinen badyna iki ýurduñ arasyndaky gatnaşyklarda bökdençlik dörändigi aýdylýar. Bärde meñ pikirimçe iñ esasy zat şu: ABŞ-da we Günbatar ýurtlarynda Türkiýäniñ terrorçylyk bilen bir hatarda dünýänuñ jenaýatçylykly mesgenine öwrülendigi, dürli mafiýa toparlarynyñ Türkiýede ýakasyny açyp gezýändigi, hatda raýatlyk alýandyklary hakdaky habarlar ýagyp ugrady. Ysraýylyñam, Eýranyñam Türkiýede "Hamasa" garşy gönükdirilen teraktlara girişip biljekdigi hakdaky habarlar bu pikiri güýçlendirýär. Bu ýagdaý juda howatyrlandyryjy. Jan ATAKLY. "KORKUSUZ" gazeti, 06.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |