21:05 Robot-Android / fantastiki hekaýa | |
ROBOT-ANDROID
Mistika we fantastika
Işden gelemsoň, öýümiň ýakynyndaky seýilgähe baryp oturmagy gowy görýän. Seýilgähdäki agaçlara seredip, olarda öz dilinde "jürküldeşýän" guşlaryň sesini eşitmekden çäksiz lezzet alýan. Bu günem adatdakylarym ýaly işden geldim-de, eşiklerimi çalşyrynyp, seýilgähe gitdim. Boş oturgyçlaryň birine baryp oturanymam şoldy welin gowja geýnüwli bir ýigit ýanyma gelip oturdy. Salamlaşanymyzdan soňra ol maňa: — Kimdir biri bilen derdinişip, göwnümi açasym gelýär. Gürleşere adamam ýok. Size derdimi aýtsam, diňlemäge takadyňyz ýetermika?- diýdi. Onuň sözlerine meniň gülkim tutdy. Ýöne syr bildirmedim. Dogurdanam, adamçylykdyr. Her-hili ýagdaý bolup biler. Diňlänim bilen derdi ýeňlejek bolsa goý gürlesin, diňlärin. Men çalaja ýylgyrdymda: — Gulagym sizde. Aýdyberiň!- diýdim. Ýigidiň gözlerinde ot görünen ýaly boldy-da öz monologyna başlady: — Siz androidiň nämedigini, has takygy kimdigini bilýäňizmi? Bilýänsiňizle. Ýöne ony häzirki zaman el telefonlarynyň elektron akyl bölegi diýip pikir etmäň! Ýok! Android-adam sypatly robot. Siz ony her gün görýäňiz. Beýleki mör-möjege meňzeş robotlar dagy onuň ýanynda hiç zat. Olaryň barlygy hakynda örän az sanly adamlar bilýär. Hiç ýerde agzyňyzdan gaçyrmajygyňyza söz berseňiz men size android hakynda has giňişleýin gürrüň berjek. Gepleşdikmi?... Hiç kime, hiç wagt menden eşidenleriňiz barada aýtmaň!... Ýaňky aýdyşym ýaly: Android-adam sypatly robot. Olar gürleýşi, oturyp-turuşy bilen beýleki adamlardan tapawutlanmaýar. Ýörite şol ugurdan hünärmen bolaýmasa androidy "homo sapiens-den" ýagny aňly adamdan parhlandyrmak kyn. Olaryň derisini soýsaňyz, adaty adamlarda bolýan ýürek, myşsa, bagyr, damar ýaly zatlara gözüňiz düşmez. Oňa derek her dürli simleri, shemalary, mehanizimleri, çipler we nurbatlary görersiňiz. Olar ýokary aň-düşünje bilen programmalaşdyrlan. Olaryň aňynyň derejesi çykarylan markasyna bagly. Ýöne androidyň hiç birem beýleki "ýönekeý" robotlar ýaly duş gelen suwuklyk bilen öz mehanizimlerini ýaglamaýar. Olar üçin ýörite arassalan ýaglaýjy suwuklyk öndürilýär. Indi men sizi özüm bilen tanyşdyraýyn. Men şol android robotlary programmalaşdyrýan we öndürýän kärhananyň işgäri. Işgär-diýsem siz meni irden işe baryp, agşam gaýdýan, mydama pulsyzlykdan kösenip ýören ýönekeý hyzmatçy ýa-da ak halat geýinip, galyň äýnek dakynyp mydama laboratoriýada oturan ylmy işgär diýip pikir etmäň! Men özümi "VIP"- ýagny örän möhüm işgär hasaplaýan. Sebäbi men öndürilen androidleriň hiline we ukybyna baha berip, olary degişli edaradyr kärhanalara işe ýollaýan bölümiň başlygy. Işime geň galmaň! Bir ene-atadan her hili häsiýetli çagalaryň dogluşy ýaly, androidleriň hemmesi şol bir usulda, şol bir programmirleme esasynda öndürilsede olaryň hili, aň derejesi we işe ukyplylygy dürli-dürli bolýar. Işimiziň geçişi barada aýtsam, meniň elimdäki işgärlem täze çykan, entek ýagy hem süpürilmedik androidleri synag edýärler. Işgärlerimiň hem her haýsysynyň üýtgeşik häsiýeti bar. Ýöne hemmesem öz işiniň ussady. Diňe birinden başgasy şeýle. Bir işgärim bolsa gaty işýakmaz, gyňyr hemem gödek. Ony bireýýam işden kowmakçydym...Ýöne ony "ýokardakylaryň" görkezmesi bilen işe alypdym-da... Bu gün wyždanymyň sesine gulak salyp, ertesi gün hem işsiz galsam gowy däl ahyryn. Soňky wagtlarda şol gyňyr işgärimden synagdan geçen androidleriň käbiri meň ýanyma şikaýat edip gelip başladylar. Olaryň aýtmagyna görä şol işgärim androidler biziň kärhanamyzdan öz ugradylan ýerlerine barýança ýeterlik berilen robot ýagynyň bir bölegini bermeklerini talap edýärmişin. Berselerä ne ýagşy, bermeselerem ol bagtyýatanlary akyl ulanmak talap edilmeýän ýerlere işe ugradýarmyşyn. Ol ýerlerde bolsa androidlere pes hilli robot ýaglary guýulýar. Pes hilli ýag bilen bolsa androidler öz ukyp başarnygynyň milliondan birini hem ulanyp bilmeýäler... Dogurdanam bu gürrüňler öz aramyzda galmalydygy baradaky şertleşigimizi ýadyňyzdan çykarmaň! Bular örän gizlin syr. Ýene bir haýran galýan zadym: Androidleriň hem edil adamlary ýaly gysgançlaram, eli açyklaram bar. Käbir örän ýokary aňly androidler öz gysgançlygy sebäpli pes hilli robot ýagy bilen üpjün edilýän ýerlerde işleýärler. Şonuň üçinem öz wagtyndan öň transformasiýa sezewar bolýarlar. Käbir aň derejesi pesiräk ýöne eli açyk androidlar bolsa işi ýeňil, ýokary hilli ýag bilen üpjün edilýän ýerlerde işleýärler. Başlyklarynyňam göwnüni tapýany üçin olaryň "pişigine- piş" diýjek ýok. Size ynanyp, göwnümi açyp oturanym üçin ýene-de bir syrjagazymy aýdaýyn. Işgärlerimiň arasynda öz ynamdar adamlarymam bar. Men olara haýsy androidi nirä ugratmalydygyny öňünden aýdýan. Olar bolsa meniň tabşyrygyma görä synag alýalar. Meselem: "AKA" androidlerini döreden Pylany Pylanyýew meniň ýakyn dostum. Men onuň synaga ugradýan androidleriniň ýokary hilli ýag bilen üpjün edilýän ýerlere işe ugradylmagyna kömek edýän. Siz "AKA" -sözüniň manysy bilen gyzyklanýansyňyz. Onuň manysy ýönekeý "Akyly Kem Android". Ýöne olaryň akyly kem bolsada özlerini döreden we gowy ýere işe ugradan Pylany Pylanyýewi ýatdan çykaranoklar. Oňa elmydama ýokary hilli robot ýagyndan ugradyp durýalar. Olam öz gezeginde ýakyn dostuna-ýagny maňa- paýymy ugratmagy ýatdan çykaranok. Elimdäki çüýşä serediň. Muň içinde iň ýokary hilli, hoşboý robot ýagy bar. Arkalaşyk gowy zat... Öňüräk bolan bir wakany aýdaýyn. Ýaňky gyňyr işgär diýýänim bir gün akly keltelik edipdirde, özüniň kimligini bildirdi. Asyl ol adamam däl-de android eken. Gaty gaharym geldi. Ýokary hilli ýagdan, çenini bilmän içip bilenini içipdirde, öz-özüni dolandyrp bilmän tekiz ýerde ýykylypdyr. Baryp görsem mehanizimleri, nurbatlarydyr simleri çaşyp ýatyr. Başlyklar bilen gepleşip, oňa tehniki kömek etdik-de başga ýere işe ugratdyk. Aslynda ony etmelisä transformasiýady welin... Dogurdanam siz transformasiýaň nämedigini bilýäňizmi? Ol robotlar üçin ölüm diýlen ýaly. Roboty böleklere bölýärler we her bölegini başga maksatlar üçin ulanýalar. Ýada galyndy höküminde zyňýarlar... Umuman şeýleräk gadyrdanym. Bu androidler durmuşymyza gaty ornaşyp gitdiler. Olary indi hakyky adamlardan tapawutlandyrmagam kyn. Hat-da meň dostum Pylany Pylanyýewiçem android. Işgärlerimiňem köpüsi android. Daş töweregiňize göz aýlaň, gözüňiz hökman androide düşer. Ýöne siz ony adam hasap edersiňiz. Sebäbi başda aýdyşym ýaly olary tapawutlandyrmak kyn. Gürlemekden ýaňa bokurdagym gurap gitdi. Rugsat ediň, damagymy ölläýin-diýdi-de elindäki çüýşäniň gapagyny açdyda içindäki ýagdan ýagşyja içdi. Soňam: — Ýokary hilli ýagyň tagamy başgaça. Janyňa aram berýär. Gönümden gelsem menem android. Ýöne bu hakda hiç kime aýtmaň. Dogrusy, näme üçin size bu zatlary gürrüň berip oturanyma özümem düşünemok. Ýa şu Pylany Pylanyýewiçiň beren ýagy gaty güýçli bolup, meň gürleme shemama zeper ýetirdi. Bilmedim özä... Siz meni sylaýan bolsaňyz, ynanýan bolsaňyz şu ýagdan dadyp görüň. Arassa, gaty ýokary hillidir. Ýa siz adammy, android dälmi?...diýip durkada "gürs" diýen ses eşidildi. Töwerege nurbatmydyr, puržinmydyr, shemalarmy...garaz bir topar ownuk uşak zatlar pytraşyp gitdi. Söhbetdeşim şol agzy açyklygyna gapdala agyp düşdi. Düşen badyna hem pytrady. Ýaňky gürrüň berişine görä bu hem ýokary hilli ýagdan köp içip, mehanizimi çydamadyk bolmaly. Eger bu adam bolan bolsa "Tiz kömegi" çagyrsamam bolardy. Ýöne indi muňa "Tiz tehniki kömegiňem" peýdasy degmezmikä diýýän. Özünden görsün. Muny transformasiýa ugradanyňdan gowysy bolmaz. Men bir gideýin. Ýene meni günäkär edip ýörmesinler. Ýerimden turdum-da ýaňkyň elinden gaçan çüýşesini alyp, jübime saldym. Gaty öwdi welin öýe baryp dadyp göreýin diýdim. Hemem tehniki lukman maňa ýatmazdan bir sagat öň iki çaý çemçe arassa robot ýagyny içmegi görkezme beripdi. Şundan içip göreýin, özümiňki durubersin. Soňy. © Azat MÖMIN HOJA. Terjime eden: Şirhan ALLABERDIÝEW. | |
|