01:07 Robotlaryñ we wirtual-real seksuallygyñ geljegi | |
ROBOTLARYÑ we WIRTUAL-REAL SEKSUALLYGYÑ GELJEGI
Ylym we tehnologiýa
Aşakdaky makalada Nil Makartur we Mark Twist tehnologiýanyñ kömegi arkaly seksual rewolýusiýa gadam basandygymyzy aydýar. Wirtual-real äýnekleri we seks robotlary ýaly tehnologiýalar seksuallygyñ geljegi (Getty/iStock) Seksuallyk hakda bilýän zatlarymyz bütinleý özgermegiñ öñisyrasynda dur. Pynhan gatnaşyklarymyzy öwrülişige uçradan tehnologiýalar arkaly täze seksual rewolýusiýany başdan geçirýäris. Eýýäm ikinji seksual tehnologiýa tapgyrynyñ orta çykjak bolup durandygyna ynanýarys we tehnologiýalar käbir adamlaryñ öz jynsy aýratynlyklaryna bolan garaşyşlaryny üýtgedýär. "Wirtualseksual" diýip at berilen şeýle adamlar adam partnýorlarynyñ ýerini almak üçin wirtual-real (WR) şertlerine we teledildonik (pult bilen dolandyrylýan dildo) diýilýän yzagaýtma aragatnaşyk (обратная связь) abzallary ýaly ösen tehnologiýalara ýönelýärler. • Wirtual seksuallygyñ tanyşdyrylyşy Ylmy barlagymyzda wirtual seksuallyk adalgasyny iki manyda ulanýarys. Birinji we giñ manysy ösen tehnologiýalaryñ seksuallyk we ýakyn gatnaşyklarfaky ulanylyşyny añladýar. Adamlar häzirki ýa-da potensial partnýorlary bilen gatnaşygy ýola goýmak üçin ulanýan birnäçe zadymyza we birinji seksual tehnologiýa tolkuny hökmünde atlandyran zadymyza şonsuzam höwesjeñ. Biri-birimize sms hatlaryny ugradýarys, "Snapchat", "Skype" ýaly ulgamlary ulanýarys. Täze tanyşlary tapmak üçin "Tinder", "Bumble" ýaly sosial ulgamlara girýäris. Şeýle tehnologiýalar şeýle bir çalt kabul edildi welin, şahsy durmuşymyzyñ üstünde näderejede täsiriniñ bardygyny gözden sypdyrýan bolmagymyz mümkin. Adamlaryñ tehnologiýany ýakyn gatnaşyklarynda nähili ulanýandyklaryny derñemek jadylaýjy. Geñ galdyrmaýan ýagdaýda, barlagymyzyñ dowamynda adamlaryñ tehnologiýany ulananda dürli birikdirme tilsimlerini ulanýandyklaryny görýäris. Adamlar özara gatnaşyklarynda bolşy ýaly tehnologiýany-da howpsuz, şübheli, çekinjeñ ýa-da şu üçüsiniñ utgaşykly şertlerinde ulanýarlar. Wirtual seksuallygyñ seksual identifikasiýalary ikinji seksual tehnologiýa tolkuny bilen formulirlenen adamlar üçin ulanýandygymyz ikinji we has dar manysy-da bar. Şeýle tehnologiýalar adam ýassykdaşa mätäçlik duýmazdan güýçli seksual hyzmatlary hödïrleme ukyby bilen tanalýar. Seks robotlary adamlaryñ iñ islegli ikinji tolkun tehnologiýalaryndan. Hakyky manyda heniz ýok. Emma mediýada giñ möçberde jedeli gidýär, çeper filmlerde we teleýaýlymlarda ýygy-ýygydan görkezilýär. Käbir firmalar seks robot prototipleri boýunça synag tapgyrlaryny çykaranam bolsa, bular adamyñ seks roboty diýip göz öñüne getiren zadyndan heniz uzakda. Aýratynam ynanyp bolmajak derejede gorkunç. • Seksbotlaryñ kämilleşdirilmegi "RealDoll" kompaniýasy ýaly hakyky seksbotlary kämilleşdirmek üçin iş alyp barýan birnäçe kompaniýa bar. Emma heniz hötdesinden gelinmedik birnäçe tehniki bökdençliklerem keserip dur. Mysal üçin, hakyky manysynda interaktiw emeli añ haýal ösýär we robotlara ýöremegi öwretmegiñ juda kyndygy görülýär. Hasam beteri, käbir oýlap tapyjylar seksbotlar üçin antromorfik bolmadyk (adama meñzemeýän täzeçil çyzgylary synag etmäge başlady. Munuñ bilen birlikde WG hem çalt ösýär. Seks pudagynda WR eýýämhäzirden pornografik ýaýlymlaryñ passiw tomaşa edilşiniñ añyrsyna geçen formalarda ulanylmaga başlandy. Köplenç taktilleýin yzagaýtma abzallary bilen birleşdirilen giñ gurşawly wirtual dünýäler we köp oýunçyly gatlaklar döwreler adamlara hakyky dünýäde elýeterli bolmadyk güýçli jynsy hyzmatlary hödürlemek üçin döredilýär. Žurnalist Emili Uitt şeýle tehnologiýalaryñ käbirleri bilen geçiren synaglaryny 2016-njy ýylda "Geljekki jynsyýet: Täze azat söýginiñ görnüşi" atly kitabynda ýazdy. Ikinji tolkun tehnologiýalaryñ beýnimiziñ üstünde has öñkülerden kwalifikasion taýdan tapawutlg täsiriniñ bardygy hakda güýçli subutnamalar bar. Professor Şerri Terkl we beýleki ylmy-barlagçylar robotlar ýaly "otnositel eserler" diýip atlandyran zatlary bjlen adamlaryñ ýola goýjak ýakynlygynyñ güýjüniñ üstünde batlaglar geçirdi. Terkl otnositel eserlere "adamlary tebigy ikitaraplaýyn gatnaşykdadygyna ynandyrmak üçin hereket edýän ýa-da hereket edýän ýaly jolup görünýän jansyz jisimler" hökmünde baha berýär. Giñ gurşawly WR synaglary şeýle-de beýleki mediýa görnüşlerinen kwalifikasion taýdan tapawutly güýçlülik derejesini hödürleýär. • Giñ gurşawly synaglar 2016-njy ýyldaky "Wirtual geljek" forumynyñ çäginde geçirilen konferensiýada WR boýunça barlagçy Silwiýa Sýueni Pan WR tehnologiýasynyñ giñ gurşawly tebigatyny düşündirdi. Onuñ pikiriçe WR tehnologiýasynyñ edýän zady - adamyñ beýnisine ynandyryjy illýuziýa ýerleşdirmek. Hakyky wagtly ýerleşdirme üç ölçeglu stereo görnüş we giñ synlaýyş ulgamynyñ netijesi hökmünde ulanyjynyñ beýnisi görýän zadynyñ hakykatdygyna ynanmaga başlaýar. Panyñ aýdyşy ýaly: "WR-de emele gelen ýagdaý we wakalar hereketleriñiz we şahsy taýdan siziñ bilen ilteşikli bolsa, şeýle wakalara hamana hakykat ýaly garşylyk berýärsiñiz". Professor Silwiýa Sýueni Pan Şeýle tehnologiýalar ösdügiçe birnäçe kişiniñ adam partnýory ýaly, hatda käbir ýagdaýlarda ondanam artyk kanagatlandyryp biljek jynsy gatnaşyklara şert döreder. Öñümizdäki ýyllarda gürrüñi gidýän tehnologiýalar has sofistik we giñden ýaýran ýagdaýa geldigiçe seksuallygy we partnýoryny doly emeli añly aktýorlardan ýa-da wirtual şertlerden saýlap aljak adamlaryñ sanynyñ artjakdygynyna ynanýarys. Şular ýaly prosesiñ dowamynda bir wagtyñ özünde "wirtual-seksual" diýilýän bu täze jynsy şahsyýetiñ döreýşine-de şaýatlyk ederis. • Seksuallyk we belläp goýmak Wirtual-seksual şahs seks robotlaryny we wirtual-real pornografiýasyny seksual synaglarynyñ bir bölegi hasaplaýan we adam partnýorlary bilen fiziki ýakynlyga mätäçlik duýmaýan kişidir. Marginal (garasöýmez, çetçi) jynsy şahsyýetler muña öñdenem bellengi dur. Wirtual-seksuallaryñam mundan çetde galmajagy eýýämden belli bolýar. Şahsyýet hökmünde wirtual-seksuallyk eýýämhaçandan bäri mediýada we internetde birnäçe teswirçiniñ halamazçylykly garşylyklaryna uçrap gelýär. Geçmişdäki säwliklerden sapak almaly. Jemgyýet geýlere, lezbiýankalara, biseksuallara, panseksuallara, aseksuallara, öz razylygyna bagly ýeke ýanýoldaşly bolmadyk adamlara we BDSM-lara (БДСМ — психосексуальная субкультура, основанная на эротическом обмене властью и иных формах сексуальных отношений, затрагивающих ролевые игры в господство и подчинение -t.b.) gyýa göz bilen garapdy. Soñra wagt geçdigisaýy kem-kemden ähli şular ýaly jynsy identifikasiýalary kabul etmegi öwrendik. Şeýle giñligi wirtual-seksuallara-da görkezmeli. Giñ gurşawly seksual tehnologiýalar ýaýradygyça, olara we ulanyjylaryna açyk pikir bilen çemeleşmeli bolarys. Tehnologiýanyñ ümzüginiñ nirä barýandygyny bilemzok, hökmany suratda ara alyp maslahatlaşmaly howatyrlandyrmalar bar, tehnologiýa bilen dil tapyşmamyz adam partnýorlarymyz bilen öz razylygy boýunça çemeleşmäñiz nähili şekillendirýän bolsa, şolar ýaly. Makalamyz tapmaçanyñ belli bir böleginiñ üstünde durup geçýär: Tehnologiýanyñ seksual şahsyýetiñ kemala gelmegine nähili täsir edýändigi we tehnologik esasly seksual şahsyýete eýe kişileriñ garalanma we otrisatel garaýyşlary bilen nähili garşylaşyp biljekdigi sowaly. Hawa, howplary ýoksuz däl. Ýöne şonsuzam gamçydyr şapbat janyñy awutman duranog-a. Nil MAKARTUR, Manitoba uniwersitetiniñ Hünär we ýerine ýetirmeli etika merkeziniñ direktory. Mark TWIST, Wiskonsin uniwersitetiniñ professory. "The Conversation" žurnaly, 13.03.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |