23:46 Saranyñ jansyzlyk kyssalary | |
SARANYÑ JANSYZLYK KYSSALARY
Taryhy makalalar
Osmanly döwletiniñ jöhidi Sara Aaranson Ýaffa şäheriniñ golaýyndaky Ýitron Ýaakowda ýaşaýardy. Ol agasy Aaron bilen bilelikde 1914-nji ýylda "NILI" atly jöhit jansyzlyk guramasynyñ düýbüni tutdy. Osmanly goşunynyñ Birinji jahan urşunda Palestina frontunda agyr ýeñlişe uçramagynda jöhit jansyzy Sara Aaransonyñ Angliýanyñ hasabyna eden jansyzlygynyñ hyzmaty uly boldy. Ömrüniñ iñ juwan wagtlarynda ünsüni ýaşlyk haýu-höweslerine däl-de, başga zada dikdi. Saçyny keltejik edip kesdi. Iñlis arhiwinde saklanýan suratynyñ aşagyndaky "FO Box 10521-Tallahassee FL-0521" diýen ýazgynyñ üstüne "Rehmann P 156" diýip ýazylgydy. Bu ýazgy aslynda "FO" ady bilen şifrlenen Angliýanyñ Daşary işler ministrliginiñ arhiwindäki kontrrazwedka maglumatlarynyñ saklanýan jiltiniñ içindäki parolynyñ belgisidi. Suratdaky aýalyñ ady-da "SARA AARANSON" diýip ýazylandy. Ol Birinji jahan urşy döwründe Angliýanyñ Palestinada geçiren harby operasiýalarynda möhüm rol oýnan zenan kontrazwedkaçysydyr... Başga söz bilen aýdylanda Angliýanyñ hasabyna işlän "NILI" jöhit jansyzlyk guramasynyñ ýolbaşçysydy. Ol duşman diýip yglan edilen osmanly esgeriniñ tabynlygyndaky Arabystanyñ, Palestinanyñ, Ierusalimiñ, Siriýanyñ çäginde bolup geçýän wakalar boýunça maglumat toplamak bilen meşgullanýardy. "Her adamyn bir hekaýasy bar" diýen jümläni tassyklap, ol baradaky maglumatlar ýakyn wagta çenli gizlenip saklandy. Onuñ maşgalasy 1880-nji ýyllaryñ başynda Rumyniýadan şol wagt Osmanly döwletine garaşly Palestinanyñ Zihron Ýakow diýen ýerine göçdi. Osmanly patyşasy Abdylhamyt II-niñ hernäçe Palestina we Ierusalim sanjaklaryna (prowinsiýalaryna) jöhitleriñ göçüp gelmegini gadagan edendigine garamazdan ol Ýewropanyñ iñ baý jöhit maşgalasy Rotşildiñ maddy goldawlarynyñ saýasynda Palestina ýerleşip bilipdi. Bag-bakjaly we daşdan salnan owadan jaýy bardy. Dogany Aaron bolsa Palestinada ýaşaýan tanymal botanikdi. Dogrusy, botanik sypatyna giren jansyzdy. Ol çöllük ýerlerde, ýa-da dereleriñ arasynda suwly oazislerde ekerançylyk işlerini gurnamak we ösümlikler boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýardy. Osmanly döwletiniñ Birinji jahan urşuna girmegi bilen birlikde şertler birden-bire üýtgeýär. Çanakkale söweşi Osmanly bilen Angliýanyñ arasynda jansyzlaryñ arasynda bolan iñ aldym-berdimli söweşleriñ biridir. Angliýa we oña garaşly "ANZAC" goşun birikmesi Kilidbahir hüjümlerinde üstünlik gazanyp bilmändir. Emma Angliýa hem-de onuñ soýuzdaşy Fransiýa gözlerini Arabystana dikipdirler. Osmanlynyñ gowşak damary şo ýerdedi. Ýerlerdäki arap taýpalarynyñ kethudalary pula satylan messepsiz kişilerdi, olar çemini tapsa Osmanla garşy aýaga galmaga taýýar bolup durdular. Osmanly hernäçe Şamdan Hyjaza (Medinä) çenli demir ýoluny guranam bolsa, asyrlar boýy sebiti dolandyranam bolsa, ýerli halkyñ kethudalary bilen umumy dil tapyşyp bilmändi. Şonuñ üçinem uruş döwründe daşarky goragy üpjün etmek diýseñ kyn düşýärdi. Sebitde Osmanlynyñ logistik, habarlaşma we aragatnaşyk serişdeleri-de çäklidi. Muña garamazdan, hernäçe agyr ýitgiler berilse-de, Hyjaz sebiti we Ierusalim goralýardy. General Jemal Paşanyñ serkerdeligindäki Dördünji Osmanly goşun birikmesi merkezi Şamda ýerleşipdir, olar Ýemenden Sinaý ýarymadasyna we Palestina, Bagdata çenli aralygy esger bilen üpjün edýärdiler. Iñlisleriñ Aziýadan Orta ýer deñizine strategik taýdan hereket ediş merkezi bolan Müsüre we Suweýşe geçiriljek şowly harby operasiýa arkaly duşmany agyr ýagdaýa salmagyñ meýilnamasy düzülýärdi. Osmanlynyñ Suweýş kanalyna geçiren operasiýasy 1915-nji ýylyñ ýanwar aýynda başlaýar, kanalyñ üstünde köpri gurmak we garşy tarapa geçmek synanyşyklary şowsuz tamamlanýar. 1916-njy ýylyñ 24-nji iýulyna çenli Osmanly goşuny Sinaý ýarymadasyny boşadyp, Palestinanyñ günorta künjündäki el-Arişe çekilýär. Çadyr düşelgeler gurulýar, Şamdan we Halapdan dowamly kömek alynýardy. Osmanly goşunynyñ içinde awstriýaly esgerlerem bardy. Möhüm serkerde wezipelerinde bolsa nemeslerem ýer alypdy. 1917-nji ýylda Osmanly goşuny Gaza-Birüssebi liniýasyny saklamaga üns berdi. Iñlisleriñ Gazä tarap süýşmekleriniñ iki gezek öñi alyndy. Duşmana agyr ýitgiler çekdirildi. Şeýle-de bolsa, 1917-nji ýylyñ sentýabr aýynda Gazze kenarlaryna ýakynlaşan iñlis gämileri agyr ýaraglaryñ kömegi bilen fronty eýelemegi başardy. Şol ikiarada garaşylmadyk wakalar bolup geçdi. Iñlis goşunlary Osmanly goşunynyñ gorag halkalarynyñ iñ gowşak ýerlerinden urup, öñe süýşüp başlady. Gaza elden gitdi, yzysüre Birüssebi-de howp astyna girdi. Osmanlynyñ uruş taktikalary şowsuzlyk bilen tamamlanypdy. Gazzeniñ ýakynynda ýerleşen ýewreý posýoloklaryndan göge göterlen kepderilerden bir sanysy atylyp alyndy. Kepderi ýere düşeninde onuñ ganatlarynyñ astyndan şifrli ýazgylaryñ birtopary tapyldy. Osmanlynyñ kontrrazwedka gullugynyñ ("Teşkilatı Mahsusa") jansyzlary ele salnan kepderileriñ uçurlan ýerinde barlaglar geçirýärler we haýran galýarlar. Osmanly goşunynyñ ştabyna ýygy-ýygydan gelip-gidýän we özüni osmanlylaryñ dosty hökmünde tanadan orta ýaşly we görmegeý jöhit zenany Saranyñ tagallasy bilen jansyz kepderiler göge uçurylýardy. Sarany elin tutan osmanly jansyzlary hasam haýran galdylar. Az wagt öñ ol Osmanly goşunynyñ serkerdesi Jemal Paşa bilen ştabda kofe içip içgin-içgin söhbet eden aýaldy. 1917-nji ýylyñ oktýabrynda osmanly jansyzlary Sarany gepletmek üçin ony tussag astyna aldylar. Ondan ýolbaşçylyk edýän guramasyna agza bolup durýanlaryñ adyny anyklamaga çalyşdylar. Onuñ geplemejegi çynydy. Saranyñ edip biljek ýekeje zady bardy: olam syrlaryny aýan etmän ömrüni pida etmek. Onuñ saklanýan hüjresinde birnäçe gezek atylan sapança sesi eşidildi. Jöhit zenany Sara ömrüni bagş eden uruşy üçin etmeli işini edipdi, ol ele salynansoñam syrlaryny aýan etmän, öz ömrüne soñky nokady goýmagy başarypdy. Saranyñ derñew işlerine gatnaşan osmanly jansyzy Jewat Rifat beg gören-eşden zatlarynyñ garşysynda depe saçy bir ýere geldi. Osmanly goşunyny daşardan we içerden hyýanatlar gurşap alypdy. 1917-nji ýylyñ 9-njy ýanwarynda osmanly esgerleri Ierusalim frontuny taşlap, has demirgazyga çekildiler. Iñlis generaly Allenbi 11-nji ýanwarda dabaraly ýagdaýda Ierusalime girdi. Osmanly goşuny Palestina frontunda taryhynyñ iñ agyr ýeñlişini aldy. Diñe Gazze söweşlerinde 25.000 esger wepat boldy. 10.000 esger duşmana ýesir düşdi. General Allenbi goşunynyñ ýeñiş gazanmagy netijesinde 20-den gowrak istrebitel, 20 million ok, 100 top, köp sanly pulomýot ele geçirdi.* Osmanly goşuny ýeñlişe uçranda birikmesini taşlap gaçan esgerleriñ gaçmagyna ýol bermän gozgalañçy arap we beýleki garakçy güýçler tarapyndan köpsanly osmanly esgeri arap çöllerinde, Palestinada, Siriýada wagşylyk bilen duzaga düşürildi we öldürildi. Gazze söweşleriniñ soñunda garşydaş tarap bolan iñlis goşuny nädip Osmanly frontuny şeýle añsatlyk bilen öz meýilnamalaryna görä üýtgedip bilipdi? Ençeme ýyllar geçensoñ iñlis kontrrazwedka gullugynyñ resminamalarynyñ saklanýan "F-0" seriýaly resmi maglumatlar gözden geçirilende ajy hakykatlar orta çykdy. Saranyñ ýolbaşçylygynda işleýän köpsanly zenan jansyz jelepçilik bilen meşgullanmak arkaly iñ gizlin syrlary ele salypdyrlar we general Allenbiniñ ştabyna ýetiripdirler. Bu bolup geçenlere üns berseñ, bir zady aýtman bolmaýar: Sara Osmanly goşun serkerdesi Jemal Paşa bilen onuñ ştabynda ýygy-ýygydan duşuşanda, nähili gatnaşyklarda bolduka we nämeleri ele saldyka?! Gynansak-da, bu bolup geçenler taryh sahypalaryndan gizlin saklanyldy. Osmanly esgerleriniñ ele salan jansyz kepderileriñ ganatlarynyñ astyndan tapylan kagyzlarda gör näçe möhüm maglumatlar duşman eline geçdikä?!.. ____________________________________ * Charles F.Horne, Records of the Great War, Vol.V, National Alumni- 1923. Jezmi ÝURTSEWER, taryhçy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |