16:22 Sazlaryny pelsepä ýugran | |
SAZLARYNY PELSEPÄ ÝUGRAN
Aýdym-saz sungaty
Çary Nurymow kompozitorçylyk bilimini Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde Türkmenistanyñ halk artisti, professor Aşyr Kulyýewiñ tälim bermeginde aldy. Soñra ol Moskwada Gnesinler adyny göterýän Döwlet sazçylyk-tejribeçilik institutynda professor G.I.Litinskiniñ elinde bilimini kämilleşdirdi. Kompozitoryñ žanr gyzyklanmalary örän giñ, oña ''Epgegiñ tepbedi'', ''Ölmez ýitmez'', ''Köýten nalasy'' baletleri, üç sany simfoniýa, alty sany konsert, gural we wokal sazlary, çagalar üçin eserler girýär. Çary Nurymowyñ döredijiliginde taryhy mowzuk örän ýörgünli. Olar giñden beýan edilip, çuññur mazmuna beselenendir. Munuñ hem sebäbi kompozitoryñ özi milli taryhymyza, beýleki halklaryñ medeniýetidir taryhy bilen gaty içgin gyzyklanan adam bolandygy üçindir. Hut şeýle häsiýetler ony şahsyýet hökmünde diñleýjilere pelsepeçi saz dörediji hökmünde tanatdy. Biz muny onuñ döreden sazlaryny içgin öwrenenimizde has-da aýdyñ duýýarys. Çary Nurymowyñ eserleri öz şahsy durmuşy bilen berk baglanyşykly. Ol ikinji jahan urşy döwründe çagalygyny geçirdi, urşuñ adamlaryñ kalbyna salan bitmez ýaralaryny çaga ýüregi bilen syzdy. Onuñ kakasy Nurym Ýazow hem uruşdan yzyna gaýdyp gelmedik müñlerçe ildeşlerimiziñ birisidi. Çary Nurymowyñ 1972-nji ýylda döreden ''Ses we orkestr üçin poemasynda'' bu ahwal has ýitilik bilen berilýär. Kompozitoryñ ''Aglamaýynmy'' diýen halk heñini bu eserinde jaýdar, täzeçe röwüş bilen ulanyp bilmegi eseriñ ilhalar bolup çykmagyny üpjün edýär. Çary Nurymow uruş ýyllarynda kalbyna dolan ýitgileri beýan etmek maksady bilen, 1984-nji ýylda 2-nji simfoniýasyny döredýär. Bu eser awtoryñ hut öz duýgularyny, başdan geçirmelerini beýan edýänligi üçin düşnükli hem-de juda täsir ediji ýañlanýar. Awtor saz dili bilen urşuñ elhençliklerini hut ýaş çaganyñ garaýyşlarynda, arzuw-hyýallarynda, umytlarynda, täsirli bermegi başarýar. Bu eserde hasratly we gazaply äheñler, mähriban adamlary näbelli uzaklyga alyp gidýän otlynyñ güñleç hem zaryn sesi, janygyp gürleşýän adamlaryñ sesleri, orkestriñ köp sesli owazlary bilen işim-işim bolup çykýar. Gara güýjüñ hökman weýran boljakdygyna ynam, ýeñşe bolan umyt, kesilip-kesilip berilýän içgepletmelerden ybarat owazalar sazy ähli aýdyñlygy bilen ýüze çykarýar. Bularyñ hemmesiniñ birleşip, 2-nji simfoniýanyñ diñleýjä tanyş duýgulary has düşnükli, juda täsirli ýetmegine ýardam berýär. Onuñ hem sebäbi, bu eser kompozitoryñ öz ýürek owazy, kalbynyñ sesi... Çary Nurymowyñ ''Dessan-konserti'', ''Gazallar'', ''Teke nagyşlary'' eserleriniñ atlary hem biziñ milliligimizden habar berip dur. Ol eserlerde milli dessurlar bilen baglanyşykly çuññur pikirleniş, baý pelsepe öz beýanyny tapýar. Ol eserler geçmiş hem geljegiñ arasyndaky köpri bolup hyzmat etmek bilen, däp-dessurlarymyza täze öwüşgin çaýýar. Olaryñ many-mazmunyna, çuñlugyna, beýikligine göz ýetirmäge ýardam berýär. Çary Nurymow milli saz pikirlenişiniñ tebigatyny çuññur duýýar hem-de ony aýratyn beýik derejede beýan edýär. Ol şindi aýatdaka diñe bir öz ilimizde giñden tanalman, dünýäniñ saz muşdakarynyñ hem ünsüni çekmegi başaran ussat kompozitordy. Ol şol wagtky soýuz respublikalaryndan başga-da Angliýa, Norwegiýa, Fransiýa ýaly döwletlerde hem çykyş edip, talapkär tomaşaçylaryñ söýgüsinu gazanypdy. Çary Nurymow diñleýjiler tarapyndan oñat garşylanylan, häzir hem aýdylyp ýörlen ilhalar aýdymlaryñ ㅡ romanslaryñ ençemesini döretdi. Olardan ''Gitdim'', ''Oýanmaz'', ''Aýgözel'', ''Näzlim uz maña'', ''Aşgabat'', ''Ýanyp men ataşlaryña'' ýaly ençeme aýdymlary mysal getirmek bolar. Çary Nurymowyñ durmuş we döredijilik ýoly Çagalar sazçylyk mekdebiniñ okuw meýilnamasynda aýratyn orun eýeleýär. Onuñ ady Nury Halmammedowyñ, Aman Agajykowyñ atlary bilen deñ hatarda tutulýar. D.Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniñ okuw meýilnamasynda bolsa, Çary Nurymowyñ eserleriniñ derñewine örän köp üns berilýär. Onuñ döredijiligi has-da çuññur öwrenilýär. Türkmen Milli Konserwatoriýasynyñ talaplary Çary Nurymowyñ eserlerini konsertlerde ýerine ýetirýärler, ylmy-amaly konferensiýalarda kompozitoryñ eserleriniñ ençemesini mowzuk edinip çykyş edýärler. Saparmyrat Türkmenbaşynyñ aýdym-saz sungatymyz barasynda edýän taýsyz tagallalary netijesinde bu günki gün Çary Nurymowyñ döreden saz eserleri halkymyza elýeterlu boldy. Ol eserler Beýik Serdarymyzyñ täzeden dikelden 72 dürli saz guralymyzyñ birleşmeginde, bitewilikde çalynmagynda, ýañlanmagynda jahana dolýar. Gözel GURBANSÄHEDOWA. # "Diýar" žurnaly, 2013 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |