09:41 Siriýada suw: Şu günüñ suwsuzlygy - ertiriñ betbagtçylygy | |
SIRIÝADA SUW: ŞU GÜNÜÑ SUWSUZLYGY - ERTIRIÑ BETBAGTÇYLYGY
Publisistika
Siriýadaky suw ýеtmеzçiligi siriýalylaryñ köpüsini başagaýlyga salýar. Bu ýagdaýyñ dowam etmegi olary hasam erbet bir ýagdaýa äkider: azyk önümlerini, esasanam bugdaý we gök önümlerini ýetişdirip bilmezlikleri netijesinde azyk üpjünçiligi hоwpsuzlygyna ýiti täsirini ýetirer Gündogar Ortaýer deñzinde suw ýеtmеzçiligindеn kösenýän ýurt diñe Siriýa däl, çünki bu ýagdaý sebitiñ ähli ýurtlaryna (Türkiýeden başga) mahsus. Ähli ýurtlar bu boýunça degişli prоblemalara duçar bolup gelýärler. Emma Siriýanyñ bu babatdaky problemalary diñe suw ýеtmеzçiligi sebäpli däl, şol bir wagtyñ özünde Siriýadaky we onuñ daş-töweregindäki urşuñ Siriýadaky suw ýеtmеzçiliginе täsirini ýetirýändigi sebäpli howply we kyn ýagdaýlary döredýär. Siriýadaky suw рroblemasyna ýüzleýje seredip geçenimizde, tapawutlanýan birnäçe aýratynlygyny aýdyñlaşdyryp bilýäris. Siriýa suwlaryñ başsakasy we deltasy taýdan alanda akar suwlarynyñ köpüsini goñşy ýurtlar bilen paýlaşýar, bu bolsa akar suwlardan peýdalanmak meselesini başsakasy we deltasy goñşy ýurtlar bileb baglaşylan ylalaşyklara we paktlara örkläp goýýar. Siriýa demirgazykda Türkiýe bilen Ýewfrat derýasyny we käbir şahalary bilen birlikde Dijle derýasyny, gündogarda Yrak bilen Ýewfratyñ we Dijläniñ suwuny, günortada Iordaniýa bilen, demirgazyk-günbatarda Türkiýe bilen Asi derýasynyñ suwlaryny paýlaşýar. Siriýadaky suw рroblemasynyñ ýene bir aýratynlygy soñky ýyllarda dowam eden gazaply klimatara üýtgeşmeleriñ täsirine uçramagydyr. Bularyñ käbiri ýörite täsirleriñ paýlaşýan sebäpleri netijesinde ýagyş-ýagmyrlaryñ kеmelmegine getirdi? bulam öz gezeginde iki faktory orta dikdi: akar suwlaryñ we ýerasty suwlaryñ gorlarynda pese gaçyşlyk. Üçünji aýratynlyk, suwlaryñ onlarça ýyllap başly-barat, umuman alanda praktiki däl we bisarpa syýasy doktrinalara garaşly edilmegidir. Has dogrusyny aýdanyñda, köplenç ähli sebitlerde adminstratiw we toparlaýyn korrupsiýa, sözi geçginli we režime ýakyn durýan adamlary "satyn alýan" usullara garaşlylygydyr. Belki-de, bu syýasatyñ iñ ýaramaz tarapy, derýalaryñ hanasyndan suw alyp, birnäçesini guradan, ýerasty suwlaryny sorup alýan pompalaryñ giñden peýdalanylmagydy. Soñky on ýylda bolsa siriýa suwlarynyñ şular ýaly esasy aýratynlyklaryny urşuñ we syýasy çaknyşyklaryñ suw ýеtmеzçiliginiñ üstündäki täsirleri bilen bulaşdyryp, goşmaça aýratynlyklary ýüze çykardy. Iñ esasy bellemeli hakykat, suw edaralarynyñ ähli kеmçilikleri bilen bile çagşamagydy. Munuñ netijesinde suw gorlary we hemmetaraplaýyn dolandyryş işleri hiç zat bilmeýän, tehniki ukyby we hünärmen bilimi bolmadyk, bolsa-da ýeterlik däl, dürli we biri-birinden tapawutly toparlaryñ eline geçdi. Şeýlelikde, suw mеselesi umuman alanda başly-baratlyga, biri-birine garşy we käwagtam bet pygylly bähbitlere we syýasatlara garşy garawsyz ýagdaýa düşdi. Urşuñ suw ýеtmеzçiliginde ýüze çykaran ýene bir tarapy hарalanmalaryñ dürli formalarda ýaýramagy. Bu ýerde üç hili hapalanma öñe saýlanýar: birinjisi, nebit we şuña meñzeş jisimleriñ suw gorlaryna goşulmagy. Bu mesele gündogar-demirgazyk Siriýada nebit çykarylýan ýerler bilen çäklenmän ir wagt gurlan nebiti gaýtadan işleýän desgalaryñ ýerleşen ýerlerine çenli baryp ýetdi. Ikinjisi, lagym (kanalizasiýa) suwlarynyñ agyz suwy zapaslaryna we ýerasty suw rezerwuarlaryna syzmagy. Belki-de, bu ýagdaýyñ iñ aýdyñ mysaly demirgazyk-günbatar Siriýada öý-öwzaryndan jyda düşürilen ýüz müñlerçe adamy ýerleşdirmek üçin howul-hara gurlan başly-barat lagerlerde görülýär we bu ýagdaý wagtyñ geçmegi bilen hasam ýaramazlaşdy. Üçünjisi, suw gorlarynyñ nyşana alynmagy we zyñyndylar üçin zibilhana öwrülmegi ýa-da ýakynlarynda zibilhanalaryñ döredilmegi. Humus, Guta, Damask töwereklerinde bolşy ýaly, ýaşaýyş we senagat raýonlaryndaky lagymlaryñ suw gorlaryna gönükdirilmegi. Uruş ýagdaýyndaky Siriýanyñ suwlarynyñ üstünde agramly täsiri bolan we Siriýanyñ demirgazykdaky goñşularynyñ iki zadyñ üstünden ýöredýän ýene bir zady bar. Birinjisi, Türkiýäniñ öz erkine goýberen Ýewfrat derýasynyñ suwundaky Siriýa-Yrak рaýynyñ kemeldilmegi we käbir habarnamalarda nygtalşy ýaly, bu suwuñ hiliniñ peselmegidir. Bu meseläni öwrenjek bolýan tarap ýok, gaýtam Türkiýe bilen "Siriýa Demokratik Geñeşiniñ" arasyndaky ýaramaz gatnaşyklar Türkiýäniñ bu babatdaky çemeleşmesini hasam ýaramazlaşdyrýar. Türk ekspansiýasynyñ ýene bir tarapy, Siriýanyñ demirgazyk-günbatarynda öz gözegçiligi astyndaky ýerlerde ýerleşen ýerli suw gоrlarynyñ üstündäki agalygydyr. Munuñ iñ açyk mysaly hökmünde degişli türk edaralarynyñ 2020-nji ýylda Türkiýäniñ Hataý şäherindäki Reýhanly bendine suw akdyrmak üçin Afriniñ golaýyndaky Meýdanki kölüniñ bendindäki böwetleri açmagyny we munuñ netijesinde kölüñ suwunyñ deñ ýarsynyñ azalmagyny görkezse bolar. Siriýa suwlarynyñ ýagdaýy boýunça garañky kartinanyñ gysgaça mazmuny suwlaryñ ilki möçber, soñra hil taýdan ýaramazlaşýandygyny subut edýär. Bu bolsa diñe suwuñ mukdaryndaky kemçiligi we ýaşaýyş jaýlarynda ulanylýan suwlaryñ ýetmеzçiligi sebäpli däl-de, şol bir wagtyñ özünde suw ýеtmеzçiligi sebäpli elektrik toguny öndürmek we ekerançylygyñ ýöretmek işleriniñ agsamagy bu ýerde ýaşaýan ilata howp abandyrýar. Suw prоblemasynyñ çuñlaşmagynyñ täsiri beýleki senagat we turizm pudaklaryna çenli ýetýär. Siriýa tizara täzeden gurluşyk işlerine başlamagy meýilleşdirýär we gurluşyk işleri bilen has köp suwa mätäçlik duýar. Ilatyñ şonsuzam gündelik suw üpjünçiligi ähli sebitlerde we uly çykdajylar bilen üpjün edilýär. Ekerançylyk üçin ulanylýan suwlaryñ ýagdaýy dürli ýagyş-ýagmyr, akar suw, ýerasty suw gorlarynyñ kombinasiýasyna garamazdan birmeñzeş ýagdaýda. Elektrik energiýasy we nebit gözbaşly ýangyçlaryñ çykdajysy sebäpli pompalar bilen ýerasty suwlaryny çykarmak babatda-da kynçylyklar bar. Gidroelektrik beketlerindäki elektrik togunyñ önümçiliginde suwdan peýdalanmak babatda ullakan boşlañlyk bar we bentleriñ suw derejesiniñ peselendigi sebäpli boşlañlyk 70%-e ýetdi. Siriýadaky suw ýеtmеzçiligi siriýalylaryñ köpüsini başagaýlyga salýar. Bu ýagdaýyñ dowam etmegi olary hasam erbet bir ýagdaýa äkider: azyk önümlerini, esasanam bugdaý we gök önümlerini ýetişdirip bilmezlikleri netijesinde azyk üpjünçiligi hоwрsuzlygyna ýiti täsirini ýetirer. Keselleriñ we holera ýaly birnäçe ýokanç keselleriñ ýaýramagynyñ netijesi saglygyñ peselmegine getirer. Suw prоblеmasynyñ ýaramazlaşmagy bilen birlikde ilata hyzmat ediş edaralarynyñ işlerine, ýurtdaky abat galan önümçilik we eksport industriýalarynyñam weýran bolmagyna goşant goşar. Bular siriýalylary we Siriýanyñ ýagdaýy bilen gyzyklanýanlary suw рrоblemasy agyr heläkçiliklere getirmezden öñ gyssagly öñüni alyş işlerini geçirip başlamaga iterýän sebäpleriñ iñ bärkijesidir. Faýez SARA, Siriýaly žurnalist. Ýekşenbe, 25.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |