19:13 Eýranyñ Siriýadaky kyn günleri | |
EÝRANYÑ SIRIÝADAKY KYN GÜNLERI
Publisistika
Hafiz Asad bilen ýigrimi ýyllap üstünde işlän we soñra onuñ ogly bilenem dowam etdiren bähbitleridir pozisiýasyny gorap saklamak üçjn nähili ädimleri ädip we näme edip biler? Geçen on ýylyñ dowamynda Siriýada Eýran üçin añsat we şowly günler bolup geçdi. Siriýadaky adamlarynyñ köpüsi resmi statuslary nähili bolanda-da, umuman ýurt boýunça öñleriniñ päsgelçiliksiz we açyk bolmagyna öwrenişdiler. Baran ýerlerinde gapylar olara açykdy, režimiñ gözegçiligi astyndaky ýerlerde ygtyýarlylar harby çini nähili bolanda-da, eýranly myhmanlaryny öñlerine çykyp garşylaýardylar. Myhmanlarynyñ näme isleýänini bilmäge we bular barada pikir alyşmaga haklary ýokdy. Gaýtam tersine, ýeke edip bilýän zatlary - gelen myhmanlara mümkinçilikler döredip bermekdi. Eýranlylaryñ 15 ýyl bäri Siriýa baha bermek üçin ulanýan sözi bilen aýdanda, myhmanlara serhet liniýasyndan añyrdaky eýran welaýatlaryndan birinde gerek zatlaryny edinmek üçin köplenç özlerine ýoldaşlyk etjek işgäre zerurlyk hem duýanokdylar. Eýranyñ gullukçylarynyñ agaýanalyk bilen geçen günleri, etmeli işleri, hereketleri we režimiñ üstündäki täsirleri doly diýen ýaly gutardy we köp adamyñ kesgitli aýdyşy ýaly, gidişi gidiş bolup, ýakyn wagtda-da dolanyp geläýmez. Käbirleri yza dolanyp gelmek üçin uly gudrat görkezmeli boljakdygyny, siriýa meselesi müddetindäki gözýetim göz öñüne tutulanda munuñ kyn boljakdygyny aýdýar. Üýtgeşmäniñ mesaña sebäbi Şamda (Damask) hökümetdäki hökmürowanlygyñ özüni güýç ulanyp agdarma ähtimallygy aradan aýrylandygy üçin Eýrana indi mätäçliginiñ ýokdugyny duýmagydyr. Beýle duýmagynyñ sebäbi bolsa diñe ýaranlarynyñ goldawy däl, garşydaşlarynyñ ony agdarma babatynda gowşak we sowuk-saladyklary, gatnaşyklaryñ gowulaşdyrylmagy maddasy arkaly olar bilen köpugurly oýnap biljekdigi pikirine gelmegidir. Emma bu meselede, belki-de, iñ esasy sebäp oppozisiýanyñ gowşaklygy we marjinallygy olaryñ bir böleginiñ haýsy tarapdan gelende-de çözgüt tapmak üçin edilýän tagallalarda rol almak üçin ýaryşma hakykatydyr. Üýtgeşmäniñ sebäpleriniñ arasynda Eýranyñ duşmanlarynyñ, aýratynam ysraýyllylaryñ we amerikanlaryñ Eýranyñ Siriýadaky işlerine we milisiýa otrýadlaryna garşy garşydaşlygynyñam güýçlenmegi bar. Ysraýyl soñky wagtlarda eýran güýçleriniñ harby bazalaryny we obýektlerini urmakdan, Şamdaky eýran konsullygyny nyşana almak operasiýasynda bolşy ýaly Tähranyñ ýokary düzümli şahsyýetlerini öldürme tapgyryna geçdi. Üýtgeşmäniñ sebäplerinden ýene biri eýranlylaryñ Siriýada aýratynam öz güýçleriniñ, kontrrazwedka gulluklarynyñ we olara garaşly kese ýerli milisiýa otrýadlarynyñ bardygy, emele getiren mezhepçi toparlary, ýerli ýaragly apparatlar bilen bir hatarda edinýän ýeñilligi we artykmaçlygy sebäpli çakdanaşa güýç duýgusyna aldanyp, ego pöwheligini başdan geçirmeleridir. Bularyñ barsy Eýranyñ režime berýän kreditlerini we kömegini azaltma arzuwyny güýçlendirdi. Eýranlylar bularyñ köpüsiniñ režimiñ esasy adamlarynyñ jübüsine gidýändigini bilýär. Eýran ýokarda aýdylanlary bir gyra goýdy-da, režimiñ özüne bermeli 50 milliarddan hem geçip giden bergisini üzmegi talap etdi. Eýranyñ we onuñ syýasy ugurlarynyñ garşysynda duran faktorlardyr kynçylyklaryñ arasynda şu soraglar öñe çykýar: Eýranyñ Siriýadaky geljegi nähili bolarka? Hafiz Asad bilen ýigrimi ýyllap üstünde işlän we soñra onuñ ogly bilenem dowam etdiren bähbitleridir pozisiýasyny gorap saklamak üçjn nähili ädimleri ädip we näme edip biler? Eýran Siriýadaky pozisiýasyny daş üstüne daş dikip güýçlendirdi we şeýtmek bilen Siriýada ýaşaýyş-durmuş ugurlarynyñ köpüsinde täsirli bolan häzirki ýagdaýyna geldi. Emma Eýranyñ Siriýa boýunça meselelerini jogaplamak munuñ öñüsyrasynda Siriýanyñ iñ bärki dili bilen aýdanda "Şaýy ýarymaýy" diýlip atlandyrylan eýran strategisynda basyp alan adatdan daşary ähmiýetini ýatlatmak gerek. Siriýa "Şaýy ýarymaýynyñ" esasy we gerekli bölegini tutýar. Yrak bilen Liwany biri-birine baglaýar, bulam Eýran üçin Siriýanyñ gymmatyny artdyrýar. Bularyñ barsy Tährany gönüden-göni we gyýtaklaýyn ýagdaýda goşulmaga iteren sebäpleriñ arasynda ýer alýar. Şu sebäpler Eýrany şol sanda şulara-da ýöneltdi: Russiýa bilen Yrakdan, Siriýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan soýuzdaş milisiýa otrýadlaryny çagyryp, taraplary siriýa režiminiñ ýanynda söweşmäge we onuñ agdarylmagynyñ öñüni almaga gatnaşdyrmak. Özüniñ başdan geçirýän problemalaryna we sanksiýalaryna garamazdan režime örän uly kömekler we kreditler bermek. Bularyñ barsy işler onuñ haýsydyr biri bilen çaknyşmagyna we söweşe girmegine getiräýende-de, Eýranyñ Siriýadaky işlerinden we täsirinden el çekmeginiñ kyndygyny, hatda mümkin däldigini orta goýýar, çünki onuñ şol ýerdäki barlygy takdyr meselesidir. Eýranyñ Siriýadaky işlerini dowam etdirmeginiñ we ony ähli mümkinçilikleri bilen ösdürmäge synanyşmagynyñ gutulgysyzdygy şuny añladýar: Eýran öz bähbitleri bilen ony gurşap alan, aýratynam öz işleri bilen baglanyşykly täze şertleri we görkezijileri utgaşdyrmak üçin syýasy ugurlarynda, işlerinde, Siriýa we beýlekiler bilen gatnaşyklarynda forma taýdan üýtgeşmeleri girizmäge başlar. Munuñ üçin ha toparlanmalar derejesinde, ha-da şahsyýetler derejesinde işleriniñ möçberi we paýlanşyk kartasy gözden geçiriler. Bularyñ hemmesi has gizlinlik we syr bilen ediler. Öñkülerden has az göze görnerler we ha eýranly bolsun, ha-da soýuzdaş, Siriýa gelýänleriñ sany çäklendiriler, ýerlerini ýerli toparlanmalar we adamlar tutar. Şeýtmekligiñ getirjek goşmaça artykmaçlygy bar. Aýratynam Siriýanyñ gündogarynda, Şamyñ töweregindäki ýerlerde munuñ çykdajysy-da azalýar. Eýran siriýa syýasatynyñ şondan soñky tapgyrynda alyp barýan işleriniñ käbir ýüze çykmalaryny, russiýaly we siriýaly soýuzdaşlary-da bilen birlikde dürli taraplar bilen sürtüşmegini azaltmaga üns berer. Gatnaşyklaryny merkezi we kontrolly ýagdaýda ýöreder, şeýtmek bilen düşünişmezligiñ we garşydaşlygyñ öñüni alar. Duşmanlar we aýratynam ysraýyllylar bilen çaknyşma ähtimallygyny mümkin boldugyndan azaldar, iñ erbedinden gaça durmak üçin ruslaryñ we beýlekileriñ üstünden aragatnaşyk kanallaryny açar. Faýez SARA, Siriýaly žurnalist. Duşenbe, 27.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |