08:57 Sowet Soýuzynyñ öndüren dünýäniñ iñ uly uçarynyñ tragiki soñy | |
SOWET SOÝUZYNYÑ PROPOGANDA ÜÇIN ÖNDÜREN DÜNÝÄNIÑ IÑ ULY UÇARYNYÑ TRAGIKI SOÑY
Ylym we tehnologiýa
Žurnalistiñ makalasyna goldanyp öndürilen we içinde çaphana, aşhana, kitaphana bolan "ANT-20" sowet uçarynyñ inisiatoryny "ölüm jezasyna" äkiden tragiki kyssasy 1932-nji ýylda asly ýewreý sowet žurnalisti, ýazyjy Mihail Ýefimowiç Kolsow (Moýseý Ýefimowiç Fridlýand) dünýä derejesinde uçar önümçiligi boýunça Sowet Soýuzynyñ güýjüni we haýbatyny görkezmek üçin ajaýyp pikiri orta atdy. Ol makalalarynyñ birinde sowet ygtyýarlylaryna "dünýäniñ iñ uly uçaryny" öndürmäge çagyrdy. Rus sowet žurnalisti, ýazyjy Mihail Kolsow Bu äpet taslamanyñ inisiatory Kolsowyñ pikiri sowet lideri Iosif Staliniñ göwnüne ýarapdyr. Ol güýçli dwigateller bilen berkidilen we äpet ululykdaky uçar ideýasyny kommunizmiñ propogandasyny etmek üçin gowy gural hasaplap, bu taslamany oñlapdyr. Iosif Stalin Gürrüñi gidýän uçar rasiýany, "Asmanyñ sesi" atly radiony öz içine alýan, sagatda 10 müñ ekzemplýar broşýuramy çap edip bilýän çaphanany we asmana Staliniñ fotosuratlaryny ýaýyp bilýän äpet prožektor enjamy ýaly işlemelidi. Sowet ketdeleri şeýle-de tehniki ady "Tupolew ANT-20" bolan uçara 65 ýaşly rus markist ýazyjysy Maksim Gorkiniñ adyny dakypdyr. Maksim Gorkiý Dünýäniñ iñ uly uçary diýlip mazamlanan "Tupolew ANT 20"-niñ uzynlygy 33 metrden geçipdir. Iki ganatynyñ ujunyñ arasy 63 metrlik uzynlygy nemesleriñ "Dornier DO X" uçaryndanam 15 metr uzyndy. Nemes uçary "Dornier DO X" Agyrlygy 30 tonna barabar äpet uçaryñ 900 at güýjüne eýe sekiz sany "M-34FRN" dwigateli bolupdyr. Bulam onuñ sagatda 220 kilometrdenem ýokardaky tizlikde uçmagyny üpjün edipdir. "ANT-20" howalanjak bolup durka Uçaryñ tehniki aýratynlyklarynyñ birem 100 metrlik meýdana eýe bolup, 48 ýolagçyny göterip bilmegidi. Lýuks uçarda ýatylýan otag, oturgyçlar, stol, tuty dekorasiýaly penjire, kiçeñräk kitaphana we aşhana ýerleşýärdi. • Garaşylmadyk öwrüm Ähli artykmaçlyklaryna garamazdan "ANT-20"-niñ ömri uzaga çekmedi. 1935-nji ýylyñ 18-nji maýynda resmi parad geçip durka bütin ýurdy sarsgyna salan heläkçilik bolup geçdi. Moskwadaky parad geçip durka "ANT-20"-niñ ajaýyplygy we gigantlygy belli bolsun diýip, onuñ bilen bile "R-5", "I-5" söweşjeñ uçarlary-da asmana galdy. Emma turniriñ ortasynda "I-5" söweşjeñ uçarynyñ sürüjisi Nikolaý Blagin fotosuratçylaryñ we gatnaşyjylaryñ ünsüni çekmek üçin manýowr edende "ANT-20"-niñ sag ganatyna baryp uruldy. Deñagramlylygyny ýitiren "ANT-20" 38 ýolagçysydyr 11 ekipažy bilen 15 sekundyñ içinde ýer bagyrtlady. "ANT-20" asmanda Tragiki awariýa ýurdy sarsgyna salypdyr. Muña garamazdan ýan beresi gelmedik sowet ygtyýarlylary başga uly uçary öndürmegi makul bilip, "ANT-20"-niñ kämilleşdirilen wersiýasyny ýasapdyr. Emma bu uçaryñam soñy başkysyna meñzäpdir. Öndürilenden soñ bary-ýogy 272 sagatlyk ýol geçen äpet uçar 1942-nji ýylyñ dekabrynda Özbegistanda ýere gaçyp, 36 ýolagçynyñ ölümine sebäp bolupdyr. "ANT-20" uçary Moskwanyñ üstünde uçuşda • Taslamanyñ awtoryna ölüm jezasy Bu ikinji heläkçiligiñ yzyndan Sowet Soýuzy äpet uçarlary öndürmegi bes edip, "ANT-20" taslamasynyñ soñuna nokat goýupdyr. Taslamanyñ inisiatory bolan žurnalist Mihail Kolsow bolsa, kem-kemden Staliniñ gözünden düşüpdir. Ol Sowet Soýuzyna garşy oýun guramakda aýyplanyp, 1940-njy ýylyñ 2-nji fewralynda ölüm jezasyna höküm edilipdir. Gülbahar IBEŞ. Çarşenbe, 19.02.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||