19:25 Söz aslyna ýet ýagşy... | |
SÖZ ASLYNA ÝET ÝAGŞY...
Türkmen dili
• Mine Galla harmany döwülensoñ, şemally gün ony agaç çarşak bilen atýarlar (sowurýarlar). Şonda däneden saýlanan saman ýeliñ ygyna gidýär. Iri saman golaýa düşýär. Oña haşdyk diýilýär. Iñ uşajyk saman bolsa hol alloworra gidip, çöp-çalamlaryñ düýbüne-de syryp barýar. Ana, şoña mine diýilýär. Kombaýn bilen döwlen däneden saýlanan owunjak saman-sepirlere-de mine diýýärler. Şeýle hem ýüpek gurçuklary pile saranyndan soñ, ony arassalap ýygnamaly bolýar. Şol pileleriñ arasyndan gurçugyñ uşajyk çörlerini, ýaprak galyndylaryny, çöp-çalamlary saýlap almaly. Şoña-da köplenç mine diýiläýýär. • Mä:jum Il içinde owradylyp, garym-gatym edilen zada "mäjum bolup dur" diýilýär. Eýsem "mäjum" sözi nämäni añladýarka? "Mäjum" - dermanyñ ady. Ony ýasamak üçin iri-iri ajy gyzyl burçuñ kyrk sanysynu almaly. Ýuwup, sapagyny aýryp, üç sany sygryñ bir günki süýdüne (jemi alty sagym süýt) atmaly. Üstüne üç kilogram saýlama şahanabat atmaly. Gaýnap-gaýnap tokga tutup ugransoñ düşürmeli. Sowatmaly. Hersi towugyñ ýumurtgasyndan iki esse ululykda tokgalaşdyrmaly. Nähoş şondan az-azdan iýse, derledýär, işdäñi açýar, garasaý, "Der bilen dert çykar" diýleni. Şol süýtden, süýjüden hem ajydan ybarat dermana mäjum diýilýär. • Lä:şeki Sentýabryñ 25-ine gije bilen gündiz deñleşýär. Şondan soñ gündiz gysgalyp, gije uzap ugraýar. Ýylyñ şu döwrüne mizan (deñ) diýilýär. Juda owunjak zatlary-da ýokary anyklykda çekýän terezä mizan terezi, terezilerdäki deñligi kesgitleýän peýkamjyga-da tereziniñ mizany diýilýär. Güýz düşüp, ýerasty suwuñ derejesi ýokary galýar-da, ekin-tikinler täzeden janlanyp başlaýar. Oña "ekinler täzeden çeträpdir" diýýäris. Täzeden çeträn bakja ekinleri ýañadandan düwmek bilen bolýar. Soñky düwen gawun terneleri mizandan soñ, heniz boýy ýetmänkä bişip ýetişýär. Şol bişen ternelere (käbir şiwelerde säpjelere) mizan terne diýilýär. Mizan ternelerinden iriräk, entek uly gawun bolubam ýetişmedik, torlap ugran uşagrak gawunlara bolsa il arasunda läşeki diýilýär. • Gä:p Ýañy guzlan sygryñ gölesi ýa-da ýañy botlan düýäñ köşegi bir sebäp bilen ölse, olaryñ birden süýdüni kesmezligi üçin aldawaç ýasaýarlar. Şol göläniñ ýa-da köşegiñ hamyny soýup, ony bitin çykaryp, arassalap, oña saman dykyp tikýärler. Daşyna-da enesiniñ süýdünden çalýarlar. Şoña gäp diýilýär. Abat, guramadyk deride et bölejigi galyp porsasa, enesi ony öz göleso (köşegi) hasap etmän, oña imrikmäni üçin idenok. Gaýta bedeserlik edip, dälilik hetdine ýetýär. Süýdüni ymykly çekýär. Durdy HAJYMYRAT. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |