21:37 Tahyr Mälik | |
TAHYR MÄLIK (1946-2019)
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Tahyr Mälik (doly ady: Habilow Tahyr Abdulmälikowiç (uzb: Hobilov Tohir Abdumalikovich). Meşhur özbek ýazyjysy, özbek edebi fantastikasynyň esasçylaryndan biri. 1946-nji ýyl 27-nji dekabrda Daşkent şäherinde dogulýar. 1963-nji ýylda Daşkent uniwersitetiniň (häzirki Özbekistan milli uniwersiteti) žurnalistika fakultetiniň gijeki bölüminde okaýar, gündizlerine bolsa gurluşykda zähmet çekýär. 1966-nji ýyldan başlap Özbegistan radiosynda, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda, Özbekistan ýazyjylar birleşiginde, neşirýatlarda işläp başlaýar. Tahyr Mälik 20-den gowurak fantastik, ylmy fantastik, realistik, resminamaly eserleriň awtory, eserleriniň sargydy bir milliondan geçýär. Özbegistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda eserleri iň köp nusgada çap edilýän we kitaplary iň kän satylýan ýazyjydyr. Onuň iň meşhur eseri bäş tomdan ybarat "Iblislik" ("Shaytanat") (19092-2001) romanydyr, eseriň esasynda köp bölümli kinofilm hem surata düşürilýär. • Baýraklary "Özbegistanyň halk ýazyjysy" (2000). Dostluk ordeni. Ýazyjy 2019-nji ýylyň 16-nji maýynda aradan çykýar. © Kitapçylar # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 6 | ||||||
| ||||||