13:25 Ýyldyza öwrülen gyzjagaz / hekaýa | |
ÝYLDYZA ÖWRÜLEN GYZJAGAZ
Hekaýalar
Saçlary buýra-buýra, kirpijikleri uzynja, garaja gözli, çekgesi pökgüje, akja posalajyk bu gyzjagaz bir ýaşyny dolduranynda edil gurjaga çalym edýärdi. Çaga dogulanynda maşgalada nähili şadyýanlyk döreýän bolsa, bir ýaşanynda ondan hem köpräk guwanýarlar. Çaga hiç zady aňlamasa hem oňa sowgat berýärler, mähirli hoşamaý sözler aýdýarlar, ogşap-ogşap gutlaýarlar. Allatagaladan onuň üçin bagtly ömür dileýärler. Müňlerçe maşgalada şadyýanlygyň ruhy gezýär. Dokuz gatly öýüň ähli maşgalalaryna myhman bolup gelýän bagt, ýedinji gatdaky iki otagly öýde näme üçindir garasyny görkezenokdy. Hatda bir ýyl ozal eýjejik gyzjagaz dünýä inende hem bagt bu öýüň gapysyndan jyklabam seretmändi. Saçlary buýra-buýra, naşyja gyzjagaz bir ýaşan güni maşgalada şadyýan gülküler ýaňlanmady, hiç kim sowgat getirmedi, ogşap-ogşap gutlamady, bagtly ömür dilemedi… Bir eli ýolunan, kirli gurjagyny çekeläp-çekeläp oýnap oturdy. Kirli gurjagyny oýnap ýadan naşyja gyzjagaz stoluň üstüne ýazylan saçaga ýapyşyp dik durdy, ejesi "haýt" diýmäge hem ýetişmedi, çaý doly käsä akja elini sokdy. Çaý döküldi, şol wagtyň özünde akja posalajyk çekgesine ejesiniň gyp-gyzyla boýalan, uzyn-uzyn dyrnakly penjesi uruldy. Akja posalajyk çekgede rehimsiz enäniň barmaklarynyň yzy galdy. Gyzgyn çaýdan eli awuşany üçin agladymy ýa-da eýjejik çekgesine urlan ajy şarpyk üçinmi, ejesi aňlamady. Möňňürip aglaýan çagany südürdedip bir gyra geçireninde kempirden gep eşitdi: –Çagany urma, saçy kesilmiş. – Şu çaganyň derdinden bir ölmedigim galdy. Ýadadym indi, ýetimhana tabşyrjak. Naşyja gyzjagazyň mamasy: – Tabşyrmanjyk geçersiň! Ýetimhana hakyky ýetimler tabşyrylýar. Munuň kakasy bar, ejesi bar– diýdi. – Kakasyna gerek däl-a. – Kakasyna gerek däl bolsa, ejesine gerek. – Maňa-da gerek däl, şul. Şol nejisiň galyndysy üçin men ýaşajyk ömrümi köýdüreýinmi? – Çaga "galyndy" diýme, günä gazanarsyň. Şol nejisi özüň halapdyň. – Şol wagt nejisdigini bilmändim. Muny ýetimhana tabşyryp, özüm Türkiýa ýa bolmasa Russiýa gitjek. – Nirä gitseň gümüňi çek. Ýöne çagany ýetimhana bermersiň. – Ýetimhana tabşyrmasam, sen alyp galjakmy, sen bakjakmyň? Bir ýaşyny dolduran enaýyja-eýjejik balalaryň dogulan günlerini şatlyk-şagalaň bilen baýram edip bellinilýän bir wagtda bagt garasyny görkezmeýän bu maşgalada şeýle goh-galmagal bolup geçipdi. Eliniň awusynamy ýa ejesiniň şarpygynamy aglaýan naşyja gyzjagaz bu gürrüňleri diňläninde hem manysyna düşünmezdi. Bu şirinden şeker akja ýüze şarpyklar degýärdi. Uzyn-uzyn kirpikli gara gözlerden ozalam göz ýaşlar akypdy. Bu iň soňky boldy. Şondan soňra ol ejesini görmedi… Kakasyny ýeke saparam görmändi, ejesi hem ýitirim boldy. Bäş aýlyk wagty emizikden aýrylypdy, emmegi küýsemedi. Ýöne ejesiniň ysyny küýsedi, ejesiniň ýyljajyk, ýumşajyk gujagynda ýatasy geldi. Mamasynyň gujagy hem ýumşakdy, ýylydy ýöne ejesiniň gujagyna meňzedip bilmedi. Südürdetse hem, ursa-da ejesi gowudy… Mamasy götereninde tekjedäki surata ymtylýardy. Suratdaky gyz — onuň ejesi. Bir gün mamasy oňa suraty alyp berdi. Heniz iki ýaşyny hem doldurmadyk çagajyk, suratdaky birehim keşbi zary-zar ogşap başlanynda mamasy çydamady, ilki aglady soňra suraty ene mährine zar çaganyň elinden alyp, ýyrtym-ýyrtym edip böleklere böldi. Şondan soňra biçäre çagajyk ejesini suratda hem görüp bilmedi. Ýöne, şarpyk çalýan ejesini unutmady, düýşlerinde göreninde şatlanyp, mäkäm gujaklaýardy, gana-gana ogşaýardy. Eýjejik çekgesine, arkasyna degen taýaklaryň, çümmüklemeleriň beren azaplaryny unutdy, ýöne ejesiniň gujagynda erkeläp göteren pursatlaryny unutmady. Üç ýaşanynda ejesiniň ýüz keşbini ýatlap bilenokdy, emma ejesiniň ýoklugy ýüregini dilýärdi. "Ejem nirde, haçan gelýär?" diýip mamasyndan kän soraýardy, käte jogap almaýardy, kämahallar "ýakynda geler" diýen ynamsyz sözleri eşidýärdi. Mamasynyň uludan dem almagynyň sebäbini welin aňlap bilenokdy. Günler, hepdeler, aýlar şeýle geçdi, durdy. Bu arada kimdir biri jaň edip: "Gyzyňyz agyr hassalyga ýolukdy, Moskwadaky hassahanada ýatyr, bejergi etmek üçin pul gerek" diýdi. Mamasy jogap bermän, telefony ýerine goýdy. Soňra heýkel deýin gatap galdy. Gije mamasy möňňürip-möňňürip aglap, gyzjagazy oýardy. Gara gözli gyzjagaz gaty gorkdy. Soňra mamasyny gujaklap, bar sesi bilen aglap başlady. Mamasy ony mäkäm gujaklady. Agysy has-da güýjedi, gyzjagazyň posalajyk ýüzi mamasynyň göz ýaşlaryndan öl boldy. Baharyň salkyn günleri geçip, yssy günler başlananynda ýene kimdir biri jaň edip: "Gyzyňyz hassahanada aradan çykdy. Jesedini äkidýäňizmi ýa Moskwada jaýlaýalymy? Bu ýerde jaýlamak üçin gonamçylyga esli töleg tölemeli. Alyp gitseňiz çykdajyňyz azrak bolar. Jesede hiç kim eýe çykmasa, krematoriýada ýakmaklary mümkin", diýdi. Mamasy bu saparam sesini çykarmady. Telefony goýup, bu saparam heýkel kimin gatady. Ejesini küýsäp ýaşaýan çagajyk ýary gije gorkuly düýş görüp wägirip oýandy. Mamasy daş mysaly doňup otyrdy. Olam gorkudan sylkyndy. Çagajygy çaltlyk bilen bagryna basdy, ogşady, uludan dem aldy, aglady… Daňdana çenli agysy diňmedi. Gözýaşlaram gurady. Ertirlik wagty bokurdagyndan ýeke owurt çaýam geçmedi. Balajygyňam işdäsi ýokdy, emma mamasy goýmansoň mesge çalynan bir döwüm çöregi kynlyk bilen iýip, ýarym käse çaý içdi. Gözleri gyzaryp, ýüzi çişen mama, gara gözleri nejat agtarýan agtygynyň elinden tutup çagalar bagyna äkitdi. Çagajyk çagalar bagynyň süýji tagamynam iýmedi, joralary bilen gurjagam oýnamady, tukat halda oturyberdi. Gurjaga meňzeş buýra saçly naşyja gyzy terbiýeçisi hem eý görýärdi. Onuň tukatlygyndan howatyrlanyp: "Dümewlemediňmi balajygym, gyzgynyň ýokmy?" Diýip, maňlaýyny tutdy. Soňra az-kem gujaklap oturdy. Terbiýeçiňem gujagy ýylydy, ýumşajykdy… Ýöne… ejesiniň gujagyna çalym edenokdy… Ikindin ara hemme çagalar uklady, naşyja gyz welin gara gözlerini potaloga dikip gymyldaman ýatdy. Terbiýeçisi iki sapar gelip maňlaýyna elini goýdy, çekgesini mähirli sypady. Ukudan soň, süýji çaý içilensoň, çagalar öýe gaýtmaga taýýarlanýar. Munuň ýaly wagtda terbiýeçi hem alňasaýar: – Diýarahan, bol çalt, ejeň geldi… – Ybraýymjan, çaýy öýüňde içersiň, ejeň geldi… – Rorbiýahan, gurjagyň üstünde urşma, ejeň geldi… Hemmäň ejesi gelip, küýsäp gujaklaýar, erkeläp ogşaýar… Diňe eýjejik gyzyň ejesi gelmeýär… küýsäp gujaklamaýar, erkeläp öpmeýär… Bagyň süýji çaýy içilip, gaýtmaly wagty geleninde gyzyň ýüregi gysýar, uzyn kirpikleriniň goragyndaky gara gözlerine tukatlyk inýär, hatda aglamak hem isleýär… Çagalar bagynda hemmeden ulurak, barçadan kän gürleýän bir gyz bar. Terbiýeçi näme üçindir ony "gaýynene" diýip atlandyrýar, ol gürlese gülýär. Bu gün uklamazlaryndan ozal gyzjagaz surat çekip otyrka "gaýynene" gelip: – Baý-bä, nähili owadan, bu kim?– diýip sorady. "Nähili owadan" diýip berilen baha enaýyja gyz şatlandy. Guwanç bilen: – Ejem– diýdi. – Ejeň nirede? "Gaýynenäň" bu soragyny halamady, uzyn kirpikleri gyrpyldy, jogap bermek islemedi. Kejir "gaýynene," bolsa gidäýmän, ýene sorady: – Ejeňi näme üçin men görmedim, nirede? Gyzjagaz ýüzüni öwrüp, pessaýja ses bilen "ejem uzakda", diýdi uludan dem aldy. "Gaýynene" bu jogapdan kanagatlanmady, gurjaga çalymdaş gyzy ýene soraga tutdy. – Uzakda diýeniň nire bolýar? – Örän-örän uzakda, bärik gelmegi kyn. – Gepiň juda geň, örän-örän uzakda bolsa…– "Gaýynene" az-owlak pikirlenip dowam etdi– Onda ýyldyzdamyka? Iň uzak ýer ýyldyz-a? "Gaýynenäň" bu sözüne gyzjagaz şatlandy, şatlykdan parryldaýan gözleri bilen oňa bakyp: – Hawa, hawa ýyldyzda, örän uzak ýyldyzda– diýip tassyklady-da, bu kejir gyzyň ýene sorag bererinden howatyrlanyp gurjak oýnaýan joralarynyň ýanyna ylgady. Çagalar bagyndan gaýdanynda "mama ýyldyzlar nirede?" diýip sorady. Mamasy onuň soragyna geň galyp: – Ýyldyzlar asmanda– diýdi– Gündiz görünmeýär, garaňky gatlyşansoň seretseň kiçijik çyralara meňzäp ýagty saçyp durýar. – Ýyldyzda adamlar ýaşaýarmy? Bu sorag mamasyny has-da geň galdyrdy. Umytly özüne bakyp duran gara gözlere garap ýylgyrdy: – Bilmedim… belki ýaşaýandyr. Ulalyp, gowy okasaň, alym bolsaň, ýyldyzlara uçup baryp, özüň görersiň. Mamasynyň bu sözi şirin gyzjagazyň, datly arzuwyna ganat bagyşlady: diýmek ýyldyzlar asmanda, ol ýerde adamlar ýaşaýar… ony küýsedýän ejesem şol ýyldyzda… ýyldyzlar garaňkyda görünýär, uçup baryp ejejanyň ýyly gujagyna ýetip bolýar... Mamasyna başga sorag bermedi. Gara gözlerini penjirä dikip garaňky düşerine garaşdy. Bu wagtda… ýedi gatly binadan müňlerçe kilometr uzaklykda, belent binalarynyň üçegine gyzyl ýyldyzlar ornadylan şäheriň porsy ölihanasynda (morg) ýigrimi bäş ýaşlaryndaky, asly Merkezi Aziýaly, at-familýasy näbelli gyzyň jesedini krematoriýa ugratmaga taýýarlanýardylar… Garaňky gatlyşdy. Goňşy binaň penjirelerinde çyralaryň şöhlesi ýapyldady. Mamasy: –Nämä seredip galdyň?– diýdi. Gyzjagaz tolgunyp: – Ana ýyldyzlar göründi!– diýdi. – Bular ýyldyz däl, öýlerdäki çyralar. Ýyldyzlar asmanda bolýar. Bu çyralar söneninde ýyldyzlar görünýär… Mamasy bu gije näme üçindir telewizory açmady. Her mahal uludan dem alyp penjirä bakyp oturdy. Eýjejik gyzjagaz mamasyna umytly bakyp: – Mamajan, ýyldyza bile uçup baraýaly– diýdi. – Wah… hany uçup bilýän bolsam… Mamasy şeýle diýip aglady. Agtygy ýanyna ýakynlaşdy, ony gujaklap uzak aglady... Aglap-aglap ýadansoň, naşyja gyzy krowatyna ýatyrdy. Çyralary söndürüp özem ýatdy. Ejejanyny görmek arzuwyndaky gyzjagaz uklamady. Penjirä bakyp ýatdy. Garşydaky öýüň çyralary yzly-yzyna öçüp başlady. Daşary tümlüge bürenensoň, umytly gyzjagaz ýuwaşlyk bilen ýerinden turup, penjirä ýakynlaşdy. Garşydaky bina gap-gara guta çalym edip dur. Onuň ýokarysynda çalaja şöhle saçýan kiçijik ýyldyzlar görünýär. Gyzjagaz mamasyny oýarmazlyk üçin köneje oturgyjy ýuwaşlyk bilen penjiräniň ýanyna çekdi. Soňra oturgyja, ondan penjiräniň gyrasyna mündi. Indi ýyldyzlar hasda kän göründi. Olaryň içinde biri has ýiti şöhle saçýardy. Ýyldyzlaryň arasynda ejejanynyň ýylgyryp bakýan gözüni hem gördi. – Ejejanym şu ýyldyzlarda, meni küýseýär, menem küýsedim, kän-kän küýsedim… Ejejan uklaýma, derrew uçup barýan… Şu niýet bilen penjiräni açdy. Ýüzüne mylaýym şemal degdi. Ejesiniň ýakymly, ýyly demi degen ýaly duýdy. Ýyldyza bakyp az-kem hereketsiz durdy. Asmanda ýene ejesiniň ýylgyryp duran gözi görünensoň, ýyldyzlara tarap ädim ätdi… Uly adam ýokarky gatdan özüni oklasa, ýere ýetýänçä gorkup jany çykýan eken. Owadan gurjaga çalymdaş gyzjagaz gorkmady, tersine şatlandy: ol ejesiniň ýanyna uçup barýardy... Ejesiniň ýanyna barar, ejesi bilen ýyldyzda ýaşar... Edil şol wagt krematoriýanyň howurly demi ýigrimi bäş ýaşlaryndaky gyzyň jesedini ýakyp küle dönderip bolupdy... Tahyr MÄLIK Terjime eden Saparmyrat GÜRGENÇLI | |
|
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |