...TAL HORADAN BAL DAMAR
Ir döwürlerden bäri adamlar bal öndürýän arylary köpeltmegiň, olary gorap saklamagyň täsin tärlerini öwrenipdirler. Geçmişde adamlar tebigatda bar bolan balarylaryň bal öndürýändigini bilip, olaryň öndürýän balyny gündelik durmuşda iýmit hökmünde ulanypdyrlar. Ol wagtlar adamlar ary balyny almakda örän kynçylyk çekipdirler. Sebäbi erkana uçup ýören meýdan balarylar hemişe adamsyz ýerde erkin ýaşamaga uýgunlaşypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen tebigatda balarylaryň adam bilen sazlaşykly ýaşaýşy kemala gelipdir. Adamlar gadymdan bäribalarylaryň özboluşly ýaşaýşyny öwrenip, ony dürli apatlardan gorap başlapdyrlar.
Taryhy maglumatlara görä, Müsüriň ýaşaýjylarymundan 6000ýylöň öýguşlary bilen bilelikde balarylary hem köpeldipdirler. Balçylyk Nil derýasynyň ýokary aky- mynda has-da ösdürilip, köp mukdarda bal alnypdyr. Taryhy çeşmeleriň ýyl ýazgylary Müsürde balaryçylygyň ösendigini subut
edýär. Biziň eýýamymyzdan ozalky VIII asyrda grekler balarylara üns beripdirler. Bu barada arheologiýa gazuw-agtaryşbar- laglaryň dowamynda balarylaryň palçykdan ýasan öýleriniň ýüze çykarylandygy aýan edýär. Muňa subutnama hökmünde, Kritt adasynda Italiýanyň arheologlar mekdebiniň işgärleri taryhy ýadygärligiň üstüni açanlarynda ol ýerde balarylaryň palçykdan ýasan öýjagazlarynyň üstüni açypdyrlar.
Gadymy wagtlar tebigatda ýaşaýan balarylaryň palçykdan ýasan öýlerini öwrenmek, synlamak örän kyn bolupdyr. Ylym äleminde gadymy balaryçylygy ürç edip öwrenen Gekateý Miletskiý, Anaksogoras, Ksenefont ýaly belli alymlara hem balary maşgalasynyň biologiýasyny ylmy taýdan dogry anyklamak başartmandyr. XIX asyrda dünýä halklarynyň görnükli alymlary tarapyndan balary maşgalasynyň kemsiz öwrenilmegi esasynda düýpli özgerişlerbolup geçýär. Balçylygyň önümi hem-de peýdasy ylmy esasda öwrenilip, ol dünýä ýurtlaryna ýaýrap başlapdyr. Ilki-ilkiler Hindistan, Hytaý, Palestina ýaly ýurtlarda balarylary idetmek başlanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen dünýäniň beýleki ýurtlaryna hem ýaýrapdyr.
Biziň pederlerimiz özleriniň gündelik durmuşynda adam saglygyna ýaramly balarylary idetmegi göwne laýyk görüpdirler. Balaryçylyk bilen meşgullanmak hem-de onuň biziň ýurdumyza haçan we nireden getirilendigi hemmelere gyzyklydyr. Bu barada, N. N Şawrowyň 1911-nji ýylda Sankt-Peterburgda çap edilen «Türküstan ülkesinde we Zakaspi oblastynda balçylyk» atly kitabynda türkmen ülkesine balarynyň iki ýol bilen getirilendigi hakynda ýatlanýar. «Murgapdaky döwlet mülküne balary Kawkazyň ýüpekçilik menzilinden hem-de Ketdegorgandan Pospelowdan alnypdyr. Garrygala (häzirki Magtymguly) etrabyna bolsa Kawkazyň ýüpekçilik menzilindäki balary idedilýän ýerden getirilipdir» diýlip, şol ktapda bellenilýär.
Türkmentopragynda balaryçylykbilen meşgullanyp başlanmagyna 100 ýyldan gowrak wagt geçipdir. 1899-njy ýyldaky «Zakaspi oblastyna syn» neşirinde Garrygala (häzirki Magtymguly) etabynyň merkezine balary maşgalasynyň getirilendigi barada ilkinji gezek maglumat berilýär. Onda şeýle bellenilýär: «Balaryçylygy ösdürmegi höweslendirmek hem-de tejribe geçirmek maksady bilen getirilen balary maşgalasynyň üçüsi birnäçe ýyl mundan öň Garrygala(häzirki Magtymguly) etrabynyň çäklerine getirilýär. Ol ýerde balarylardan 4 kg bal alnypdyr». Wagtyň geçmegi bilen balary maşgalasy türkmen ülkesiniň käbir sebitlerine ýaýrap, olary idetmegiň tejribesi toplanypdyr.
Biziň ýurdumyzagöçüpgelen ruslar öz ýanlary bilen balary maşgalasynyň ikisini getirip,öňkiKomarowa obasynyň çäginde ýerleşipdirler. Olar şol ýerde balçylygyň düýbüni tutupdyrlar. Beýleki balary maşgalasy bolsa Aşgabadyň ýerli muzeýiniň ýanynda ýerleşdirilipdir. 1896-njy ýylda balary maşgalasynyň uly topary Kawkazyň ýüpekçilik menzilinden Baýramalydaky döwlet mülküne getirilipdir. Soňra balaryçylyk işinde degerli görkezijiler gazanylyp, ony Lebap welaýatynyň çäginde ornaşdyrmaga synanyşylypdyr. Amyderýa suw üpjünçilik bölüminiň ýolbaşçysy Kasatkin, harby gullukçy polkownik Werigin hem-de demir ýoluň bagbany Teýfel bu jandarlary idedip, ondan bal ýygnamagy başarypdyrlar. Netijeli ösüşlerden soň biziň ýurdumyzyň oba ýerlerinde hem balaryçylyga has-da uly orun berlipdir. Ýurdumyzyň oba ýerlerinde balaryçylyk 1931-nji ýylda döräp başlapdyr. Şonda balçylarW.W. Budarew, A.N.Witýuk Baýramalydaky balçylyk sowhozynyň düýbüni tutupdyr. Şol ýyllardan bäri balçylyk işi bilen meşgullanyp gelýän adamlaryň sany has-da artypdyr.
Aslynda durmuşda balarylary idetmek möhüm jogapkärçiligi talap edýär. Halk arasynda ömrüni balarylaryna bagyş eden balçy gojalaryň aýdyp beren täsin gürrüňleri bal ýaly süýji. Balçylaryň gürrüňlerine görä, balarylary saklamagyň özüne laýyk iňňän köp zähmeti talap edýändigini aýdýarlar. Balçylar ozaldan bäri bu jandary pirli diýip, ony hemişe gorap eý görüpdirler. Halk arasynda balarynyň pirine Eýýup pygamber diýlipdir. Eýýup pygamber barada il içinde gürrüňçil gojalaryň aňynda saklanyp galan rowaýatlar aýdylyp gelinýär. Bu barada Şa Hataýy şeýle beýan edýär:
Rowaýata görä, Eýýup pygamber Allatagalanyň emri bilen ýalkanandan soň, dury suwly çeşmeden çykyp «Dostumdan ýadygärlik bolsun» diýipdir. Hakyň nazaryndan halatly Eýýup pygamber, iki gurçugy dyzynyň üstüne ýelmeşdiripdirde saýaly daragtyň düýbünde oturypdyr. Eýýup pygamber oturan ýerinde dyzyna ýelmeşdiren iki gurçuga seretse, olaryň ikisi-de ýere düşüpdir. Eýýup pygamber ýere düşen iki gurçugy ýene dyzyna ýelmeşdiripdir. Bu ýagdaý iki gezek gaýtalanypdyr. Eýýup pygamber üçünji gezek emaý bilen iki gurçugy eline alyp, «Sizem menden öz paýyňyzy alyň!» diýip, içini ümledipdir. Şol pursat Eýýup pygamberiň dyzyndan düşen iki gurçuk, biri asal (bal) berdi, birisi — ýüpek diýýär. Ýagny şol iki gurçugyň biri Allatagalanyň emri bilen balara öwrülip, beýlekisi ýüpek gurçugyna öwrülipdir. Şol günden başlap, balara öz rysgyny gülden almagy, ýüpek gurçugyna tut ýapragyndan iýmitlenmegi buýruk berlipdir.
Balçylar uzak aralyga balarylary göçürenlerinde «Eýýup pygamber, sizden medet» diýip, ýagşy arzuwlar aýdyp gije göçüş edipdirler.Olar daň atmazyndan öň ýetmeli menziline ýetip balary gutularyny gündogar tarapa bakdyryp goýar ekenler. Balçylar hemişe göçüş edip baran ýerinde, «Bal bolsun — bol bolsun, çeşmesi şireli bolsun» diýip, ýagşy arzuw aýdylypdyr. Ozallar balçylyk kärinde ýagşy niýet arzuwlar berjaý edilipdir. Dessura görä, balçylar bal möwsümde Eýýup pygamberiň hormatyny sarpalap, ýedi öýe bal paýlapdyrlar. Bal, ýaş oglan-gyzjagazlara ir säher bilen paýladylsa göwne laýyk görlüpdir. Oglan-gyzjagazlar baly ýörite balgolça salyp paýlapdyrlar.Kiçijik çagajyklar ylgaşyp her öýe baranlarynda:
«Kömeç içinde bal gördük,
biz baly size getirdik»
diýip çagajyklar üç gezek öý eýesine ýüzlenipdirler. Öý eýesi oglan-gyzjagalaryň bal golçasyny elinden alyp, ony tämizläp golçanyň içine nogul-nabat atyp:
«Kömeç başy bereket bersin,
çeşmesi şireli bolsun»
diýip, oglan-gyzjagazlaryň göwnüni göterip begendiripdir.
Halk arasynda balarybarada:«Ary bolsun baly bolsun», «Ary bal aljak gülüni biler»,«Aryzäherini datmadyk,balgadyryny bilmez», «Bal gadyryny bakgal biler», «Bal tutan barmagyny ýalar», «Bal şiresi bereket», «Bar ýerinde bal arzan»,«Güli bolsun, baly bolsun», «Gül görküne guwanar, ary şiresine», «Ilini sylan bal iýer» diýen ajaýyp pähimli sözler aýdylyp gelinýär. Asylly käri kemsiz ýöredip gelýän halypa balçylar özlerine şägirt ýetişdirmegi hem oňlapdyrlar. Halypa balçylar özleriniň iş ukybyna görä, öz şägirtlerine balarylary seresaply gorap saklamagyň tertip-düzgünlerini kemsiz öwredipdirler. Tejribeli balçylar hemişe öz şägirtlerine «Işi balarysyndan öwren» diýip düşündiripdirler. Balçylar, esasan, aý-gün hasabyny dogry ýöretmegi hem öwredipdirler. Esasan-da, balçylaryň ýerine ýetirýän işleri, ýyl boýunça dört döwre bölünýändigini tekrarlapdyrlar. Gyşyň aýazly howasynda balarylary ýyly saklamagy hem-de dok iýmlemegi ündäpdirler. Olar özleriniň iş wagtynda balarylary dürli päsgelçiliklerden goramagy hem şägirtlerine maslahat beripdirler. Balçylar bal möwsüminde arylary ynjytmazlygy hem-de oňa garşy goranmazlygy we arassa geýinmegi sargyt edipdirler. Esasan-da, balarylaryň ýanyna barylanda hoşboý ysly müşk- anbar sepinip gelmezligi öwran-öwran ündäpdirler. Olar hemişe şägirtlerine sabyrlylygy ündäp, «Sabyr etseň tal horadan bal damar» diýer ekenler. Iş wagtynda her bir guraly dürs ulanmagy tabşyrypdyrlar. Halypa balçylar iş endikleri bilen öz ýanlarynda terbiýeläp ýetişdiren şägirtlerine şowlulyk arzuw edip, ony özbaşdak balçylyk kärine ugrukdyrypdyrlar.
Durmuşda balarylar bilen bagly käbir täsinlikler adamlaryň ünsüni has-da özüne çekýär. Bu jandarlar zähmetsöýer jandar. Topar bolup ýaşaýan balarylar tebigatda özleriniň iş hereketleri boýunça aňy ösen diýip aýtmaga esas berýär. Arylaryň iş wagtynda ikiýana perwaz urup ýadaman-ýaltanman gidip gelmesi onuň zähmetkeş jandardygyndan habar berýär. Arylaryň täsin iş ýöredişlerinde olaryň hersine mahsus bolan tehniki hem-de lukmançylyk taýýarlygyny hem görmek bolýar. Olar örän tämiz, gurluşyga ökde, beden taýdan gujurly jandar hasaplanýar. «Munuň ýaly işleri işjeňlik bilen nähili başarýarkalar?» diýen sowal öz-özünden döreýär. Balarylar öz maşgalasynda biri-birine berk ysnyşyp ýaşamagy halaýan jandar. Olaryň her biri tebigatyň giňişliginde iş hereketlerini ýalňyşman ýerine ýetirýärler. Esasan-da, ene ary beýleki işçi arylardan has tapawutly bolýar. Onuň göwresi uzyn hem- de ululygy bilen tapawutlanýar. Ene ary iş arylary az bolan ýagdaýynda, ol öz iş arylarynyň arasynda bir aý ýaşap bilipdir. Käbir ene arylaryň uzak ýaşaýanlaryda bolupdyr. Arylar öz maşgalasyna ýat ene ary uçup gelse ony ysyndan tanapdyrlar. Eger-de ýat ýerden gelen ene ary işçi arylar bilen garyşmasa olar ony öz aralaryndan çykarypdyrlar. Şonuň üçin arylar şol maşgalanyň çäginde ene aryny berk gorapdyrlar. Balarylar maşgalasynda işçi arylaryň orny uludyr. Işçi arylar ähli önümi özleri ýygnaýarlar. Olar tebigatdaky ösümlikleriň güllerini tozanlaşdyryp, baly bir ýere jemläp arassa suwdan tämizlenipdir. Işçi arylar hemişe öz maşgalasyny goramaga ukyply bolupdyrlar.
Pederlerimiz ynsan saglygyna ýaramly ary balyny halk lukmançylygynda-da giňden peýdalanypdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda: «Tebigatyň hoşboý ysly melhemlik «Şadyýan ýaprakly Zire» ösümliginiň miwesini gowrup we mäjumlap arybaly bilen garyp peşewdaş kesellerinde» peýdalanylýandygy barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär.
Taryhy maglumatlara görä, gadymy müsürliler baryp 3500 ýyl mundan ozal baly ýara bejermekde ulanypdyrlar. Görnükli grek alymy Gippokrat 2500 ýyl mundan ozal, özüniň «Ýaralar hakynda» atly ylmy eserinde bal bilen bagly peýdaly maglumatlary ýazyp beýan edipdir. Gadymy grekler balarylaryň toplan balyny diňe agza ýakymly iýmit hökmünde peýdalanman, onuň mumuny, ýelimini hem melhemlik üçin lukmançylykda ulanypdyrlar. Ýüzden gowrak ýaşan grek filosofy Demokrit, adam saglygyny gorap saklamagy üçin «Içiňi bal, daşyňy ýag bilen suwamaly» diýipdir. Ibn Sinanyň aýtmagyna görä, «Eger juwanlygyňy saklamak isleseň, hökman bal iý!» diýipdir. Halk lukmançylygynda arynyň peýdaly önümleriniň balynda, mumunda, ýeliminde, ary süýdünde, zäherinde we gül tozgajygynda melhemlik ähmiýetiniň bardygy alymlar tarapyndan aýan edilipdir.
Perman HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty
#"Garagum" žurnalynyň N° 12-2020 sanyndan alyndy
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk